01:59 Türkmen şygryýeti - türkmen ruhy 11: Edebi ugurlaryñ lirikanyñ metodikasy we formasy babatdaky aýratynlyklary -1. | |
Dördünji bölüm
Edebiýaty öwreniş
EDEBI UGURLARYŇ LIRIKANYŇ METODIKASY WE FORMASY BABATDAKY AÝRATYNLYKLARY Poeziýada esasy zatlaryň biri daşky gözellikdir. Elbetde, hakyky gözellik içki hem daşky baglanyşyklaryň dialektikasyndan kemala gelýär. Şunda taýagyň ikinji ujy bolan daşky gözellikleriň jemini alamatlanyrýan zatlar hem birinji derejeli ähmiýete eýedir. Şularyň ylmy taýdan öwrenilmegi poeziýanyň sungat hökmündäki jadylaýjy aýratynlyklaryna içgin akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şygryň daşky gözelligini emele getirmäge gatnaşýan taraplar aşakdakylardyr: munuň özi ritm hem ony emele getirýän ölçegler; munuň özi şahyrana sintaksis; munuň özi sesleriň poetiki eserde oýnaýan roly; iň soňunda bolsa munuň özi kapyýa we onuň şygryň çeperçiligine edýän täsiridir. Poeziýada dürli edebi ugurlaryň özboluşly forma aýratynlyklarynyň bolmagy mümkin. Sebäbi edebi ugur – durmuşa gatnaşygyň, ony suratlandyrmagyň özboluşly prinsipi bolsa, onda onuň, gürrüňsiz, mazmun aýratynlyklary bilen birlikde forma tapyndylary hem bolýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow XX asyr türkmen realistik poeziýasyny mazmun taýdan baýlaşdyrdy. Ol 60-njy ýyllaryň ortalaryndan hakyky kämil poetiki eserleri döredip başlady. Edebiýatçylarymyzyň poeziýanyň taryhy boýunça ýazan işlerinde «altmyşynjy ýyllarda poeziýa abstraktlykdan konkretlige, umumylykdan anyklyga geçip ugrady» diýen pikir aýdylýar. Munuň özi, açyk aýtmaly bolsa, «sözüň hakyky manysyndaky poeziýa şol ýyllar başlady» diýmegi aňladýar. Sebäbi deklaratiwlikden, umumylykdan poeziýa sungaty bolmaýar. Şeýlelikde, poeziýanyň mazmuny anyk häsiýete geçdi. G.Ezizow hem, beýleki şahslar bilen bir hatarda, anyk realistik mazmuny şahyrana eserlere siňdirmegiň hötdesinden geldi. Boş deklaratiw mazmun ete-gana geldi, poetiki hakykat, poetiki barlyk hökmünde özboluşly ýaşaýşa eýe bolup ugrady. Şu ýerde gürrüňi edilýän edebi wakalar hakda şahyryň öz garaýşyny mysal getireýin. «Ellinji ýyllarda birtopar obýektiw sebäplere görä (belki, käbir derejede subýektiw sebäplerem bolandyr) biziň poeziýamyzda filosofik akym, äheň ýok diýen ýalydy. «Biziň deregimize başgalar pikir eder» diýen düşünje şeýle äheňiň ýaýbaňlanyp gidibermegine ýol bermeýärdi. Bu onlarça gezek aýdylan pikiri gaýtalamak bilen başga zat diýjek bolýaryn. Altmyşynjy ýyllaryň poeziýasy şeýle bir filosofiýa baş urdy weli, göwnüňe bolmasa, diňe şu ýol bilen gidilse, Olimpiň depesine çykylaýar diýen düşünjä gelip ýetildi. Emma Olimpe ýetmek üçin Pegas atly at bar. Onuň ganatlary, ten gurluşy şeýlebir näzik weli, şol näziklige daşyndan guwanýan. Näziklik gerek!.. Şeýlelik bilen, ellinji ýyllarda filosofiki akymyň ýoklugyny göz öňüne tutup, altmyşynjy ýyllarda biz ony, mertlerçe boýun alaly, «oýnawaja» dönderdik. Häzirki döwrüň ýaş poeziýasy bilen içgin tanyş adamlar şeýleräk igenýärler: «Iki sany awtoryň goşgusyny okap başlaýan. Olar şeýlebir guraksy, şeýlebir umumy welin, okap bolanyňdan soň uludan demiňi alýaň. Pikir şo durşuna goşgy däl ahyryn. Galyberse-de, ol pikirler maňa öňdenem belli. Şahyryň borjy mälim pikiri täzeçe açmaly! Ýogsa birtopar ýaşlaryň goşgusy bir galamyň ujundan çykan ýaly bolup görünýär»*. Şahyryň uzyn pikirini ýöne ýere dolulygyna getirmedim. Munda onuň edebi prosese zandy şahyr synçylygy oňat görünýär. Ýöne şu ýerde bir zady bellemeli. G. Ezizow edep saklap, pikir umumylygynda diňe ýaşlara igenýär. Dogrusyny aýtsaň, 60-njy ýyllaryň başlaryndaky ýaşuly nesliňem eserlerinde anyk pikirler leýs bolup ýatanokdy. Bu bir. Ikinjidenem, şahyr pikir açmagyň özboluşly serişdeleriniň-de poeziýada ikinji derejeli zat däldigini gaty dogry belleýär. Aslynda-ha anyk pikir bile serişdäniň bitewi bir zatdygyny, mazmun bile formanyň bitewi hadysadygyny aýtmak gerek. Şonuň üçinem mazmun anyklygynyň bar ýerinde hökman täze serişdelerem bolýar. Soňkularyň bar ýerinde, pikir umumy bolup bilmez. Dogrusy, bu meselede «serişde» sözüni ulanmagam gatybir jaýdar däl. Sebäbi, çeper obraz serişde däl, ol estetiki gymmatlygyň hut özi. Ýöne biziň estetiki pikirlenmämizde şeýle endik emele gelipdir, bir-ä hökman «serişde» diýýäris, ikinjidenem, mazmun bile formany aýrybaşgalaşdyryp, ilki birinjiniň, soňam ikinjiniň gürrüňini edýäris. Elbetde, bu, umuman alanyňda, analiziň tertibini aňladýar. Ýöne näme diýseňem, formadyr mazmunyň aýry-aýry gürrüň edilmegi çeper eser, sungat diýilýän hadysanyň bellibir derejede garyp görünmegine, ýöntemleşmegine getirýär. Eger G. Ezizow türkmen poeziýasynyň realistik mazmunyny çuňlaşdyran hem anyklaşdyran bolsa, onda ol logika boýunça poeziýada, gürrüňsiz, forma täzeliklerini-de getiren bolmaly. Bu barada-da öň Ö. Abdyllaýew, S. Myradow, T. Sadykow gürrüň edipdiler. T. Sadykowyň öň ady agzalan işiniň «G. Ezizowyň poeziýasynda çeperçilik gözlegleri» diýen bölüminde obrazly aňladyş serişdeleri we rifma babatynda şahyryň özboluşlylygy giňden açylyp görkezilipdir. Biziň wezipämiz şahyryň eserleriniň anyk realistik mazmunyny ýüze çykarmakda formanyň ähmiýetini yzarlamak. Şunda biz, esasan, şygyrlaryň formasynyň iki elementine – diline hem-de ritmine üns berdik. A. Agabaýew «Ezizowyň emri bilen» diýen kitabynda öz döwründe şahyryň eserleriniň diline, şunuň bilen baglanyşyklylykda onuň rus şahyrlaryndan alan döredijilik täsirlerine nähili garaýyşlaryň bolandygy barada gürrüň berýär. «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» 6-njy tomunyň 1 kitabynda Ezizowyň çeper dilindäki «tagaşyksyzlyk, adaty bolmadyk formada aýdylan pikirler, gowşak kapyýalar, prozalaçlyk» hakynda gürrüň edilýär. Ol ylmy ýygyndyda «türkmen diliniň many aňladyş kadasyna mahsus bolmadyk pikirleriň kynlyk bilen garşy alnandygy» ýatlanylýar. Bu faktlar şahyryň «rus, Ýewropa poeziýasynyň täsirine gereginden artyk düşmegi»* bilen düşündirilýär. G. Ezizowyň rus, Ýewropa poeziýasynyň täsirine düşendigini görmek kyn däl. Ýöne şeýle täsire, biziň pikirimizçe, diňe (!) položitel fakt hökmünde seretmeli. Sebäbi, indi görüp otursak, beýle hadysanyň özi taryhy kanunalaýyklyk bolan eken. Eger Ezizowyň suratlandyrmak islän hem suratlandyran durmuşynyň, reallygynyň özi daşky täsirlere düşen bolsa, has güýçli ykdysady, sosial hem medeni hadysalar türkmen durmuşyna täsir edip, onuň logikasynyň emele gelmegine sebäp bolan bolsa näme? Geçen asyryň 90-njy ýyllaryna çenli türkmen çeperçilik pikirlenmesi, belli bir derejede özboluşlylygyny saklamak bile, rus, Ýewropa estetiki äheňiniň täsirini başdan geçiripdi. Biz ol täsiri türkmen ruhunyň gaýry sferalarynda-da görüp bileris. Şonuň üçinem, Ezizow realist hökmünde, islese-islemese, şol täsirdäki real mazmuny ýüze çykarmalydy. Onsoňam ol juda zehinli şahyr hökmünde diňe milli çeperçilik däpleriň içinde galyp biljek däldi. Ylaýta-da, nusgawyanyň däpleriniň hakyky logikasyna düşünerden onuň daşda bolandygyny (sebäbi nusgawyanyň estetikasyndan onuň filosofiki ulgamsyna düşünmezden, güýçli döredijilikli täsir almagyň mümkin däldigini biz bilýäris), XX asyr türkmen poeziýasynyň bolsa bu meselede juda garyp bolandygyny ýatlasaň, munuň tüýs kanunalaýyklykdygyna göz ýetirmek kyn däl. Şonuň üçinem dil hem forma meselesindäki şol «gürrüňli» wakalar, biziňçe, obýektiw hadysa bolup, ol realistik poeziýanyň ösüşine parallel gidýän subýektiw manyly «hyşy-wyşylardyr». Gurbannazar Ezizowyň täzeçe pikirlenmesini, täzeçe beýan etmesini berk tankytlap, görnükli şahyrlar, tankytçylar – Kerim Gurbannepesow*, Beki Seýtäkow**, Aman Kekilow***, Hanguly Taňryberdiýew**** we başgalar döwürleýin metbugatda, ýygnaklarda, ýazyjylaryň plenumlarynda, gurultaýlarynda çykyş edipdiler. Şeýle görnükli şahslaryň tankydy çykyşlary Gurbannazar Ezizowa, gör, nähili agyr ruhy urgy bolandyr?! 50-nji ýyllaryň, 60-njy ýyllaryň başlarynyň türkmen diliniň, onda-da poeziýa diliniň nähilidigi häzir gowy aňylýar. Eger şahyr täzelikçi bolsa, ol hökman özünden öňki, öz döwründäki adaty formalaryň, many aňladyş kadalaryň çäklerinden çykmaly. Elbetde, ösüşiň logikasy şeýle – munuň özi döwürdeşler, öňki estetiki däplerde terbiýelenenler üçin «ýalňyşlyk» bolup görünýär. A. Agabaýew hem şeýle «ýalňyşlyklaryň» öz döwründe döreden gohy hakynda giňden gürrüň berýär. Olaryň köpüsi şahyryň hamana «rusça» pikirlenýändigine, esasanam, onuň rus şahyrlaryndan «göçürýändigine» degişli. Eger şahyrlara şu prinsipde baha berjek bolsaň, onda Magtymgulynyň goşgularyndanam arapça, ylaýta-da parsça pikirlenmä mysallaryň tapyljakdygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Anyk bir rus şahyryndan göçürilýändigi barada şu terzde gürrüň etmek mümkin: Magtymgulynyň käbir eserlerini Ýunus Emre, Hoja Ahmet Ýasawy, Meşrep diwana bilen deňeşdirip göräýiň! Ýok, edebiýatyň ösüşiniň dialektikasynyň iki tarapy bar – biri täze aňyň barha özboluşlylyga geçmegi, beýlekisi onuň özünden öňküleri «gaýtalap», olary öz hususyýetiniň logikasyna salmagy, boýun egdirmegi. A. Agabaýewiň hetjikleýän pikiriniň başga bir tarapy bar. Özem gaty möhüm, ýöne henize çenli üns berilmän gelinýän, ähli ýazyjy-şahyry berk galypdan çykarman kösän başga bir tarapy bar. 1936-njy ýylda Aşgabatda lingwistik gurultaý bolupdy. Şol gurultaýda bolsa türkmen diliniň ähli kada-kanunlary, normalary kabul edilipdi. Başgaça aýdanyňda, 1936-njy ýylda türkmen dili berk galyba salnypdy. Henize-şu güne çenli, ýok, Gurbannazar Ezizowa çenli şol demir galyba, demir gala dogma hökmünde seredildi. Tankytçylarymyz şol lingwistik gurultaýyň kabul eden kada-kanunyndan çykan ýazyjydyr şahyry türkmen dilini bilmeýän kişi hökmünde aýypladylar. Kimiň kötek iýesi gelýär? Hiç kimiň. Hiç bir ýazyjy, hiç bir şahyr kötek iýmejek bolup, 1936-njy ýylyň lingwistik gurultaýynyň kabul eden kada-kanunlaryndan çykmady. Türkmen diline eldegrilmesiz, üýtgedilmesiz, ösdürilmesiz zat hökmünde garaldy. Obrazly aýdanyňda, türkmen edebi dili 1936-njy ýylyň tutha-tutlugynda «türmä» salyndy. Elbetde, «türkmen dilini ösdürmeli däl» diýen kanun ýokdy. Gaýtam, türkmen edebi dilini ösdürmek, baýlaşdyrmak hakynda kän gürrüň edilýärdi. «Ýazyjylar, şahyrlar dili baýlaşdyryjylar bolmaly» diýen pikir ýörgünli däldi. Oňa derek bir sadaja pikir ýörgünlidi: dili oba adamlary baýlaşdyrmalymyş. Wah, obanyň gerdenine atylan ýük öňem hele-müçek däl. Oba adamlary ýurdam baýlaşdyrmalymyş, dilem. Dogry, rewolýusiýadan öň – döwürleýin metbugatyň, çeper eserleriň, kitaplaryň ýok döwri oba adamlarynyň gerdeninde möhüm bir ýük üýtgewsiz durdy: oba adamlary halkyň asyrlarboýy toplan dana pähim-ündewlerini, rowaýatdyr dessanlaryny, halk döredijiligini saklaýan altyn hazynadylar, janly kitapdylar. Döwür-zaman üýtgemegi, çaphanalarda kitaplaryň çap edilip ugralmagy bilen oba adamlarynyň gerdeninden halk döredijiligini saklamak missiýasy aýryldy. Ýöne muňa bizde düşünilmedi. «Dili obalylar ösdürmeli» diýildi duruldy. Ýazyjy-şahyrlaryň gerdenine düşmeli ýeke ýük bar, ol hem dili, ruhy gatnaşygy baýlaşdyrmak. Ösen ýurtlarda dili ösdürmek wezipesine diňe adamlar däl-de, adamyň ruhyýeti bilen iş salyşýan ýazyjy-şahyrlar hem gatnaşýarlar. Ýazyjy-şahyrlarymyz bolsa, durgunlyk ýyllarynda türkmen diline M. S. Gorbaçýowyň aragy gadagan etmesi bilen baglanyşykly «sersaglyk» diýen sözden başga täze aňlatma girizmediler. Metbugat işgärleriniň arasynda gyzgyn jedel döreden ol sözüň ömri hem jyzlanyňkydan uzak bolmady. «Gurbannazar Ezizow eserlerinde täze aňlatmalary ulanmagyň bolmaýandygyny bilmeýärdi» diýmek sadalyk bolar. Ol her bir täze söz düzümi, aňlatmasy üçin kötek iýjekdigini gaty gowy bilen bolmaly. Pikiriňi täzeçe beýan etmek, edebiýata düýrmegiň bilen berilmek hyjuwy iýjek kötekleriniň yzasyndan rüstem gelen bolmaly. Netijede, G. Ezizow otuz ýyldan gowrak «türmede» saklanan türkmen edebi dilini ilkinji bolup azatlyga çykardy. Şahyryň bu başlangyjyny ilki-ilkiler geňlän hem bolsalar, soň ony goldadylar. Ýetmişinji ýyllarda türkmen diline döredijilikli çemeleşmek etapy başlandy. Bu etapyň başyny ilkinji bolup, gaýtalaýyn, söýgüli şahyrymyz, guwanjymyz Gurbannazar Ezizow başlady. * * * Poeziýanyň diliniň özboluşly çeper formadygyny, munuň many aňlatmakdaky mümkinçilikleriniň çäklendirilendigini, sintaktik ýaýrawynyň çäklidigini, sebäbi şygryň – «dara-direlikdigini» aýtmaly. Şahyr proza diliniň käbir «kadalaryny» özüçe üýtgedip hem bilýär. Gep ýöne bir inwersiýa hakynda gidenok. Eger grammatik kada göz-görtele bozulmaýan bolsa – munuň şeýle bolmagy-da mümkin däl, sebäbi logiki nädürslügiň ýok ýerinde grammatik näsazlyk hem bolmaýar – onda bu ýerde büdür-südürlik hakynda gürrüň bolup bilmez. Şygryň örän gysby mazmuny bar. Şahyr şol mazmuny beýan etmek üçin sözleri çakdanaşa tygşytlamaly, söze gaty gysyk bolmaly bolýar. Ezizow hem şeýdýär, ol şygrynda boş, işsiz ýekeje söz goýanok. Kämahal bolsa adaty gepleşik ýa proza dilindäki sözleri-de aýyrmaly ýerleri bolýar. Meselem: Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan Depämden seredip, goýmaýar meni. Ýa-da: Boşatdym özümi halymsyraýan Erkimiň öňünde çöken duýgudan. Eger şu setirlerdäki pikiri proza bilen ýazmaly bolsa, onda şahyryň özi, ilki bilen, «depämden seredip, erkime goýmaýar meni» ýa-da «erkimiň öňünde dyza çöken duýgudan» diýip ýazardy. Emma ol iki söz bolmanda-da şygryň çeperçiligine zyýan ýetenok, ýagny, şahyr şolarsyz hem öz pikirini gaty düşnükli edip aýdýar – diňe düşünmäge isleg gerek – bu bolsa, Dostoýewskiý aýtmyşlaýyn, çeperçiligiň hakyt özüdir. Käbir okyjynyň: «Türkmen öz Watanyna «men seniň bilen nikaly diýmeýär» diýmegi mümkin. Ýöne türkmene-de özgerip, ösüp durmak bagty berlipdir. Bäş ýüz ýyl öňki türkmeniň diýen zadyny 200 ýyl öňki geplän türkmeniň aýtmadyk bolmagy mümkin, häzirki türkmen hem iki ýüz ýyl mundan öňki türkmeniň pikir galybynda gepläp oturjak bolanok. M. Kaşgary döwrüniň türkmeni erkek towuk, tişi towuk diýipdir, häzirki türkmen horaz hem mäkiýan diýýär. Edil şonuň ýaly, G. Ezizow hem Watanyna «seniň bilen nikaly» diýýän bolsa, munuň şahyryň estetiki dünýäsiniň logikasy üçin asla geňligi ýok, sebäbi ol nika hem söýgini jyns, ten däl-de, ruhy akt hökmünde göz öňüne getirýär. Kim bilýär, onuň realistik manyly zehininiň güýji, gudraty bilen biziň ruhy-estetiki düşünjämiz düýpli özgerer-de, ýokarky aňlatma indi halk dili üçinem bütinleý tebigy zada öwrüler. Sebäbi onuň öz aýdyşy ýaly, «gepe güýmeýänler däl-de, adamlary özgerdýänler şahyr ahyryn». Ezizow bolsa, XX asyr türkmen realistik lirikasynyň dilini kemala getiren şahyr. Eger poeziýanyň mazmuny prozanyň ýa gepleşigiň mazmunyndan düýpgöter tapawutlanýan bolsa – munuň şeýledigine bolsa şek ýok, – onda onuň dili-formasy-da tapawutly, şol mazmuna görä bolmalydyr. Magtymgulynyň durşuna owaz bolup duran setirleri bar: Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy, Seni görenleriň akly çaşasy*. Magtymguly bu ýerde «aşasy, çaşasy» diýen şeýlebir şahyrana sözleri täzeçe ýasapdyr. Halk şu sözleri dolanyşyga girizen bolsa, juda gowy bolardy. Ýöne halk käbir gowy sözem alyberenok, käbir jüpüne düşmedik diýip hasaplan sözüňem dolanyşyga girip gidýär. Halk halk bolýar: oňa «Al!» diýip aldyryp bolmaýar, «Alma!» diýiben aldyrman bolmaýar. * * * G. Ezizow türkmen sowet poeziýasyna ilkinji bolup sonetleri, sonetler çemenini getirdi, rewolýusiýadan soň dörän dörtleme şygyr formasyny žanr derejesine ýetirdi. Ony nusgawylygyň goşugyndan tapawutlylykda hakyky realistik mazmuny açmaga hyzmat etdirdi. Öň poeziýada görülmedik, eşidilmedik duýgularyň nepisligi, gözelligi nepis hem gözel formalaryň ýüze çykmagyna getirdi. On bir boguny döwüp, alty hem bäş bogundan iki setir ýasamak, dördünji setiri jontuk edip goýmak, bir ýa iki sözden ybarat edip, setirleri bölüşdirmek, ýedi, sekiz bogunly setirleri köp ulanmak, ikileme – bularyň bary şahyryň şygrynyň ritm-owaz-melodika özboluşlylygyny alamatlandyrýar. Anyk realistik mazmun forma köpöwüşginliligine, ritm köpowazlylygyna getirýär. Munuň özi şahyryň estetikasynyň has çuňňur hem anyk öwrenilmeli taraplarydyr. Aslynda-da, assonans ýa alliterasiýa diýäýmeseň, türkmen şygrynyň melodikasy öwrenilenok diýen ýalydyr. Ylymda oňat öwrenilen hem takyk göz öňüne getirerlikli problema bolany üçin, şahyrana sintaksisden başlaýalyň. Şahyrana sintaksis poeziýanyň ýönekeý dilden tapawutly bir hadysadygyny açyk görkezýän faktdyr. Şahyrana eserde pikiriň özboluşly guralyşy bar, ýagny onuň özboluşly formasy bolýar. Munuň düýp sebäbi bolsa onuň mazmunynyň özboluşlylygyndan – şahyranalygyndandyr. Şahyrana sintaksise, onuň her elementine – figurasyna Gündogarda sungat diýilmegi ýöne pere däldir. Çünki hut şolaryň üsti bilen liriki, şahyrana mazmun gutarnykly suratda hakyky sungata öwrülýär. Häzire çenli şeýle ähmiýetli sungatyň birnäçe görnüşi bellidir. Şolaryň içinde hadysalarynyň has köp, ulgamtiki ulanylýandygyna garap, haýsylarynyň ileri tutulýandygyna hem anyk çeperçilik situasiýalarda nähili anyk mana eýe bolýandygyna seredip, şu günki poeziýamyzdaky edebi ugruň degişli aýratynlyklaryny kesgitlemek mümkinçiligi bar. Şonuň üçinem şol figuralaryň ulgamtiki duş gelýänlerini anyk mysallar arkaly seredip geçmek gaty zerur wezipedir. Şunda biz, esasan, N. Rejebowyň poeziýasyna ýüzleneris. Sebäbi G. Ezizowyň poeziýasynyň forma aýratynlyklary barada ýeterlik ýazyldy. Stilistik figuralaryň ýa-da sungatyň esasy görnüşleriniň biri inwersiýadyr*. Dogrudanam, şeýle stilistik tär ulanylanda, sözlemiň adaty guralyşy üýtgedilip, sözleriň sözlemdäki adaty orny özgerýär. Türkmen dilinde, adatça, sözlem agzalarynyň ýerleşişi şeýledir: eýe sözlemiň başynda, habar sözlemiň ahyrynda, aýyklaýjy agzalar bolsa degişlilikde eýäniň hem habaryň aralygynda gelýärler. Sungatyň inwersiýa täri ulanylanda şu hili «tebigy» ýerleşiş bozulýar. Islendik sözlem agzasy islendik orunda gelip biler. Näme üçin beýle edilýär? Munuň özi çeper eseriň poetiki sungatyň hadysasy bolmagy üçin edilýär. Inwersiýa ulanylanda, birinjiden, ritm emele gelýär. Bogun sanynyň deň getirilmegi, içki säginmäniň, sezuranyň berjaý edilmegi, isleseň-islemeseň, sözleriň adaty ýerleşiş tertibini üýtgetmegi talap edýär. Şonsuz – inwersiýasyz poeziýa eserini emele getirmek asla mümkin däl. Dogry, gepleşik dilinde-de inwersiýanyň alamatlaryny görüp bolýar. Ýöne bu ýerde onuň manysy bütinleý başgaçadyr. Bu ýerde inwersiýa çeperçilik däl-de, psihologik hadysa bolup durýar, ol gepleşik dilinde öz-özünden bolup geçýär we asla-da sungaty maksatlara hyzmat etmeýär. Sözleriň ulanylyş tertibi meselesinde gepleşik dilindäki hem şahyrana dildäki inwersiýanyň şeýleräk tapawudy bar: gepleşikde esasy nygtalýan söz sözlemiň başynda getirilýär, sözlem hut şonuň bilen başlanýar. Munuň özi gepleşik diliniň kommunikatiw funksiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şahyrana eserde bolsa nygtalýan söz setiriň ahyrynda getirilýär. Şeýdip, poeziýanyň esasy alamatlarynyň biri – kapyýa emele gelýär. Munuň özi şahyrana inwersiýanyň ikinji sebäbidir. Bu hadysa çeper şahyrana sözüň emotiw funksiýasy bilen baglanyşykly diýip bolar. Baýguş ýaly jakyrdady awtomat, Süýndi gyzyl ary ýaly oklary. Mylaýym gelin deý ýeller bada-bat Şahyryň öňüne özün oklady*. Görnüşi ýaly, sözlemiň tertibi adatdakysyndan bütinleý tapawutly. Eger şol tapawudy aradan aýraga-da, adaty tertibe geçseň, onda şygyr öz şygyrlyk häsiýetini ýitirjek, ritmi ýitjek, kapyýa ýok boljak. Şonuň üçinem inwersiýa hadysasynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol şahyryň kalbynyň bellibir şahyrana situasiýa girendigini aňladýar, onuň anyk bir akkorda geçendigini görkezýän hadysadyr. Şahyrana sintaksisiň ýene bir alamaty geçirmedir. Geçirme – şygyrda stintaktik hem ritmiki säginmäniň gabat gelmezligidir. Şunda sözlemiň ahyry setiriň ahyry bilen gabat gelmeýär, şonuň üçinem galan sözleri indiki setire geçirmeli bolýar. «Geçirme» diýen düşünjäniň ýüze çykmagy hem şeýle hadysa bilen baglanyşyklydyr. Geçirme bolmasa, şahyrana eseriň döremegi mümkin däldir, çünki sözler indiki setire geçirilmese, ol şahyrana forma eýe bolup bilmezdi. Şonuň üçinem şahyrana eserde degişli stilistik figura iň ýygy hem köp ulanylýan sungatyň biri bolup durýar, Soňky döwürde poeziýada geçirmäniň ulanylyşy özboluşly hadysa öwrülip barýar. Nusgawyy poeziýada geçirme berk tertip, kada boýunça amala aşyrylýar: her setirde gutarnykly, sintaktik taýdan bitewi bir pikir beýan edilip, indiki setire geçmek täze bir bitewüligiň başlanmagyny aňladýar. Häzirki poeziýamyzda bolsa geçirme gaty çürt-kesik, garaşylmadyk ýagdaýda amal edilýär. Bu ýerde hatda bitewi söz düzüminiň hem döwülip, bölünip, iki setire paýlanylýanyny görüp bolýar. Munuň özi nusgawyy poeziýanyň estetiki kanunlaryna asla sygjak zat däldir: Sensiz ses-selemsiz ýanýan, kalbymda Bahana araýar ýer titremesi. Şahyrlary halamazdym, täleýim Beripdir şahyryň ykbalyn saýlap, Eziz läläm, meniň daşdan göwrämde Urup dur. Ýürege dön-de durşuňa. Bilýän, gaýdyp ýaşyl ösmez, saralyp Kalbymda bireýýäm sowlan baharym. Ýokarky kursiwe üns bereliň. Olar şeýle alanyňda bitewi söz düzümleridir. Şahyr eserine şahyrana forma bermek üçin söz düzümini gap bilinden döwüp, geçirme hadysasyny amal edipdir. Nusgawyy poeziýada şeýle geçirme bolmaýar. Ol ýerde aňsat-aňsat söz düzümi döwülmeýär. Munuň özihäzirki zaman poeziýasynda poetiki mazmunyň has konkretleşendigini görkezýän edebi faktdyr. Logiki taýdan alanyňda, geçirme inwersiýanyň logiki dowamy, onuň has çuňlaşdyrylmasydyr. Çünki, inwersiýa – şahyrana mazmunyň gepleşik, informasion-reprezentatiw akyma sygman, şygyr formasyna geçmegi, geçirme bolsa onuň şygyra-da sygman, setire geçmegidir. Şunda beýleki setirleriň arasyndaky baglanyşyk bilen geçirmäni-döwülmäni özünde saklaýan iki setiriň arasyndaky baglanyşyk asla meňzeş däldir. Beýleki hersi bitewülik bolup durýan setirler has erkin baglanyşyga eýedir. Munuň özi kämahal punktuasion, orfografik taýdan hem aňladylýar: erkin setirleriň arasynda otur, köplenç, nokat goýulýar; geçirmeli setiriň ikinjisi bolsa hatda baş däl-de, setir harpy bilen baglanylýar, iki setiriň arasynda bolsa-da hiç hili punktuasion belgi goýulmaýar. Umuman, poetiki hadysa hökmünde geçirme täze hem möhüm elementleriň biridir, özem ol N. Rejebow ýaly poeziýamyzyň keşigini çekip ýören şahyrlaryň döredijiliginde köp duş gelýär. Şonuň üçinem degişli hadysanyň has içgin hem giňişleýin öwrenilmegi zerur ylmy wezipeleriň biri bolup durýar. Şahyrana sintaksisiň esasy alamatlarynyň ýene biri köpbaglaýjylykdyr. Köpbaglaýjylyk şygryň içki owazyny, akgynlylygyny güýçlendirýär. G. Ezizow bilen Nobatguly Rejebowyň döredijiliginde köpbaglaýjylyk gatybir seýrek duş gelýän hadysa däldir. Muny poeziýanyň umumy ösüşi bilen baglanyşykly hasaplaýaryn. Köpbaglaýjylyk nusgawyy poeziýada köp ulanylmaýar. Ol ýerde onuň ornuny şahyrana intonasiýa tutýar. Häzirki poeziýada bolsa köpbaglaýjylygyň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Poeziýanyň ösüşi nukdaýnazaryndan olaryň has möhümleri hakda durup geçmek maksadalaýyk bolsa gerek. Şahyr Nobatgulynyň döredijiliginde köpbaglaýjylygyň iň köp duş delýäni «hem» baglaýjysy, hatda her goşgusynda azyndan biri gabat gelýär. Munuň özi baglaýjylara känbir orun bermeýän dilimiz we poeziýamyz üçin gaty özboluşly hadysadyr. Şahyryň döredijiligi üçin bolsa munuň özi düýpli hem ulgamtiki zat bolup, döredijilik stilini öwrenmekde oňat badalga bolup bilerdi. Geçmişini unudaýyn munda men Hem saňa bereýin galan ýaşymy. Söýgüsinden geçip, Hem senden geçip. Duýýan indi seň dünýäňde ýatdygym, Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide. Kiçijik guş ganatyny çalt kakýar Hem haýran galmaly: uçýandyr gaty. Hem süpürsin kalbymdaky gubary Hem süpürsin ýüzümdäki gussany. Hem aýlandy ser, Hem aýlandy Ýer. Hem-ä şahyr etjek bolduňyz meni, Hem gorkduňyz meniň şahyr borumdan. Sende hem-ä direlşimi görýärin, Hem elhenç ölümimi görýärin sende. Mysallaryň şeýle göräýmäge, çenden artygrak getirilmegi ýöne ýere däl. Olarda şahyryň degişli baglaýjyny ulanyş aýratynlyklarynyň bary-ha diýmäýin weli, köpüsi jemlenipdir. Şahyr türkmen poeziýasynda adaty bolmadyk baglaýjyny öz döredijiliginiň esasy forma alamatlarynyň biri edip goýdy. Munuň özi onuň poeziýasynyň täze obrazlar, äheňler bilen baglaşmagyna getirdi. Özem şol baglaýjynyň ulanylyşy dürli ýagdaýlarda anyk şahyrana öwüşgine eýe bolýar, «hem» baglaýjysy sintaktik parallelizmde ulanylyp, parallel gelýän sintaktik birlikleriň bir perdeden çykmagyny gazanýar. Haçan-da ol bir gezek ulanylanda, ikinji setiriň başynda gelende, owaz ýaýraw hem pessaý çykýar. Degişli baglaýjy iki gezek gelende, birinji hem ikinji parallellerde gelende, owazyň akymy batlanýar, temp güýçlenýär. Onsoň bu ýerde energiýa has baý, has gujurly şahyrana mazmun beýan edilýär. «Hem-ä – hem (hem-de)» şekilde gelýän parallellik şahryň şol bir predmetiň ýa hadysanyň iki sany möhüm aspektini ýanjap-ýanjap görkezýändiginiň alamatydyr. Munda şahyr kämahal kontrast pikirleri, taraplary beýan etse, kämahal biri-biriniň üstüni ýetirýän, bitewüligiň iki derejesini aňladýan zatlary aýan edýär. Şahyryň iň söýgüli sintaktik emelleriniň biri bolan «hem» baglaýjyly tär köp syrlary özünde saklaýar, şonuň üçinem hususy stil meselesinde ol köp syrlaryň üstüni açyp bilerdi diýip hasaplaýarys. Şeýle özboluşly sintaktik hadysanyň ýene biri «a» baglaýjysydyr. Umuman, gepiň gerdişine görä, şu ýerde bir zady belläp geçmekçi: «hem» we «a» baglaýjylary, biziň pikirimizçe, rus poeziýasynyň täsiriniň netijesidir. Çünki olar türkmen dili üçinem, poeziýasy üçinem adaty mahsuslyklar däldir. Rus dilinde bolsa olar örän tebigy hem kök uran hadysa bolup durýar. Bu pikiri şahyryň tankydy bellik hökmünde däl-de, hakykat hökmünde kabul etmegini isleýärin. Sen meniň ýülügmi sorarsyň, keýgim, A men bally dodagyňdan soraryn. Meniň gursagymda galypdyr meýlim, A sen girewine ömür soradyň. Namysdy sahyry türkmeniň gany, A indi gan akýar, olam ýöne gan. A doktoryň şol ýazyşy ýazyşy. Ýylsaýyn mazary kiçelip barýa, A ýürekde ýara ulalýar barha. Şeýle emeller şahyryň şahyrana dünýäsiniň giňligini, çuňlugyny, dürli öwüşginlere juda baýdygyny görkezýär. Olary ulanmak üçin bolsa içki kanunalaýyklyklaryň birgiden ulgamy gerekdir, onsoň degişli baglaýjylar hem şol içki tundamental ýaşaýşyň, poetiki al-elwanlygyň, şahyrana baýlygyň daşky ýüze çykmalarydyr. Degişli baglaýjy hem täze poetiki hadysa hökmünde hereket, pikir alternatiwasyny görkezýär. Ol içki gapma-garşylygyň, duýgularyň, pikirleriň, köňülleriň, adamlaryň ýaşaýşyna mahsus bolan şol täsin gapma-garşylygyň degişli suratda berilmesi şahyryň dünýäni duýuşynyň, çeper stiliniň özboluşlylygyny alamatlandyrýar. «A» baglaýjysy funksiýasy boýunça inçe öwüşginli gapma-garşylygy, sazlaşyk içindäki gapma-garşylgy ýa-da gapma-garşylyk içindäki sazlaşygy aňladyp bilýär. Şonuň üçinem kämahal ony beýleki ýakyn baglaýjylar bilenem çalşyryp bolar, kämahal bolsa ony asla hiç bir sintaktik ýa intonasion tär bile aňladyp bolmaz. Şol sebäpli ol, diýmek, kä kontekstde otnositel, käbirinde bolsa ol absolýut gymmatlyga geçip gidýär. Ne biperwaý, ne-de pikire çümýän, Ne bir görnüş nazarymy egleýär. Ne sugun, ne belka duşýar keýerip. Ne-hä işin edip bildim şu günüň, Ne-de görüp bildim onuň hezlini. Ne gämä meňzedim, Ne-de bir gaýga. Ne Görogly, ne-de Köse aýňalýar. Ne jan berdiň, ne janymy aldyň sen, Ne gulak salýarsyň meniň arzyma. Ýa ýazdaky ölüm ýatdan çykanok, Ýa ýazda ölüm kän. Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn Ýa-ha söýüp, Ýa-ha porhan mahaly. Adam ogly, ahmal bolsaň, ýa-ha zer, Ýa-da seni zeň iýer. Ýa suwda eräpdir gijäniň Aýy, Ýa şol dury säher eräpdir suwda. Gaýgy alyp gidişi deý ýelkeniň Ýa ýelkeni ýelleriň… Ýokarky baglaýjylaryň çeperçilik funksiýasyna içgin üns bersek, olaryň ählisiniň duýgy hem pikir köpgatlaklylygyny açmaga hyzmat edýändigini göreris. Şahyrana sintaksisiň ýene bir elementi sintaktik parallelizmdir. Sintaktik parallelizm – setirleriň parallelleşmegidir. Şunda setirde beýan edilýän pikir deň, aýakdaş gidýär. Içki-mazmun taýdan pikirler, duýgular, hereketler parallelleşýär. Daşky forma taýdan bolsa sözlemler, setirler deňdeş gidýärler. Alymlaryň barlaglaryna görä, şahyrana sözüň şeýle guralyşy türki söz sungatyna örän gadymdan bäri mahsusdyr. Alym I.W.Steblýowa* özüniň gadymy türki poeziýasyna bagyşlanan işlerinde sintaktik parallelizmiň türki poeziýasy üçin uniwersal sungat usulydygyny subut edýär. Soňra türkmen alymlaryndan A. Bekmyradow şu pikiri ýerlikli hasaplap, oňa subutnama hökmünde köp goşmaça delilleri getiripdir*. Türkmen nusgawy poeziýasynyň esasy formasy bolan goşuk gurluşy boýunça sintaktik parallelizme esaslanýar. Diýmek, degişli sintaktik usul gaty düýpli hadysa bolup, ol şygryň struktura prinsipine öwrülip gidipdir. Ýaprak bagdan gaçmasa, Güýzüň görki näm bolsun?! Otlaň reňki öçmese, Güýzüň görki näm bolsun?! Gün tukat nur seçmese, Ýere duman düşmese, Gazlar aglap geçmese, Güýzüň görki näm bolsun?!* Goşuk formasynda, görnüşi ýaly başky bentde birinji iki setir hem soňky iki setir özara parallel gidýär, galan bentlerde bolsa birinji ikinji setir özara parallellikde, üçünji setir hem dördünji parallellikde gidýär. Häzirkizaman türkmen şygrynyň esasy formasy bolan dörtlemede nusgawyy formanyň az-kem üýtgedilen görnüşidir. Bu ýerde pikir, hereket üçin meýdan has giňelýär. Indi her iki setir özara jübüt-jübütden parallel ýagdaýda bolýarlar. Şonuň üçinem olar öz aralarynda gezekleşip, başaşadan kapyýalaşyp gidýärler. Meniň ülkäm durşy bilen gowaça, Epgegem ýol tapman, sowulyp geçer. Kanalymdan şerbet içe, suw içe Ak altyn sygmadyk penjesin açar. Meniň gyz mahaly habar gatdygym, Gelin bolup, özge kürtäge düşdi. Elmiň tersi bilen zyňan gapjygym, Boş gapjygym bolup ertäme düşdi*. Pikirler, olary özünde saklaýan setirler, ylla halkalar kimin, bir-birine sepleşip barýarlar. Özem parallelizm kanunyna laýyklykda olar jübüt-jübütden sazlaşyp, halkalanyp gidýärler. Munuň özi şahyrana duýgy, gözellik babatda, şygryň owazlylygy babatda gaty uly täsir döredýär. Şygryň umumy owazlylygy bir peselip, bir-de belende galyp, inip-çykyp barýan bulagy, şol bulagyň täsin owazyny ýatladýar. Şol owazyň akymy şeýledir: birinji setir – çykyş, ikinji – iniş, üçünji – çykyş, dördünji bolsa ýene inişdir. Dowamy bar.. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |