06:36 Türkmen şygryýeti - türkmen ruhy -10: Edebi ugurlaryñ obrazlar ulgamynyñ özboluşlylygy -4/ dowamy | |
Nobatguly ak hem ýaşyl reňkleri gowy görýär. Onuň degişli goşgularynda «ak saçly garperiniň» hem «suwperiniň» romantiki obrazy bar. Bu romantiki obraz şahyryň gözellik düşünjesiniň giňelendigini görkezýär. Çünki ol ýöne bir magşuk gyzyň obrazy däl. Degişli çeperçilik hadysasynda, biziň pikirimizçe, XX asyrda rus hem Ýewropa poeziýasynyň täsiri bilen biziň estetiki dünýämizde bolup geçen üýtgeşiklikleriň umumy jemi öz beýanyny tapýar. Ol üýtgeşiklikler iň umumy planda aýdylanda nämelerden ybarat? Ilki bilen – munuň özi tebigaty asly bir stihiýa hökmünde kabul etmekdir. Nobatgulynyň «Garperisi» «Girişi deý buzuň astyna derýaň», «Seniň ýanyňa», «Ak gije», «Gar ýagdy» ýaly içki baglanyşygy hem beýleki goşgularyndan tapawudy bilen özboluşly sikli düzýän goşgulary täsin romantiki dünýäni, söýgi mekanyny şekillendirýär. Bu ýerde, şol tebigatyň süňňünde şahyryň estetiki idealy jemlenýär. Şol goşgularda beýan edilýän duýgulary obrazdan logiki pikirlenmäniň diline geçirip aýdanyňda, gözellik – munuň özi terlik, tebigylyk, el degmediklik, asyllylykdyr.
Edebiýaty öwreniş
Ak gije, Gök säher. Dünýä asuda. Ýapraklaň üstünde köreýär çyglar. Çog kimin iýmişler üflesem ýanjak. Gymyldasaň sähel, Ýöreseň sähel Çal ümsümlik ukusyndan oýanjak… Daşlar ýyldyraşýar çaýyň düýbünde, Hem berýozaň ýapragy deý balyklar. Durun men del nazar düşmedik ýere, Ýaşyl tokaýlara haýran galyplar. Bu goşgularyň öz şahyrana mikroklimaty bar. Bu tebigatyň esasy aýratynlygy – ümsümlik. Ses, owaz ýok, oňa derek goýy, gözüňi gamaşdyryp barýan ýiti reňkler bar: Jowur ak, ýaşyl, al-elwan. Munuň özi söz bile çekilen ajaýyp kartinadyr. Şol kartinalar türkmen peýzaž lirikasyny täze bir basgançaga galdyrýar. Adam aýagy sekmedik ýerler şahyrana kalpda iň arassa, iň tämiz hem asyl duýgulary oýarýar, intimligi oýarýar. Onsoň töwerekdäki berýoza şahyryň gözüne owadan gyz bolup görünýär. Intim duýgulardan soň, hatda erotiki duýgular hem oýanyp başlaýar: Birhili, utanýaň geýimlidigňe, Hem utanýaň çykarmaga geýmiňi… Tebigata ýakynlaşmak tebigy duýgularyň oýanmagyna sebäp bolýar, sözüň položitel manysynda adam kalby ýabanylaşýar. Şeýdip, adam kalbynyň täze gözýetimleri, adamyň içki dünýäsiniň täze alamatlary açylýar. Munuň özi türkmen lirikasynyň adam kalbyny öwrenmekde gazanan üstünlikleriniň biridir. Şahyryň goşgularynda magşugyň saçynyň obrazy-da şol açyşlar bilen baglanyşyklydyr. Çözülen saç – munuň özi aşyk bilen intim ýakynlygyň, «boljak işiň bolanlygynyň» alamaty. Emma çeşmä meňzeýän saç – terligiň hem el degmezligiň esasy hem ilkinji subutnamasydyr. Hawa, şahyryň poeziýasynda suw stihiýasynyň köpmanyly röwüş alşyny görýäris. Suw bilen birlikde ýel, harasat stihiýasynyň hem şahyryň keşpler ulgamynda uly orun tutýandygyny aýtmak gerek. Bu ikisi köplenç biri-biriniň ornuny çalşyryp, obraz manysynda ekiztaýy bolubam gelýärler. Şemalmy bu çolanýan Ýa-da gara saçyňmy?.. Ýelden näzik näzenin, urunma-da gujakda, Hala sarçlygyň bagş et, Hala agla, melegim… Ýel deýin suw bilen ýuwaýyn seniň, Suw deýin ýel bilen ýuwaýyn seniň… Şemal seniň desse saçlaryň kimin Emaý bilen biziň üstümiz ýapýar. Şemalyň (ýeliň), harasadyň poetik manysyna düşünmekde şahyryň «Serwi agajy» atly liriki poemasy uly ähmiýetli bolup biler. Poetiki obrazlara baýlygy taýdan häzirkizaman türkmen poeziýasynda hiç bir poema şu eser bilen deňleşip bilmese gerek! Nobatgulynyň liriki gahrymany ruhuň maksimalisti, şahyryň özi bolsa estetiki maksimalist. Şu manyda-da ol hakyky romantik şahyrdyr. «Serwi agajy» poemasy ilkinji söýgi hakynda. Žanr nukdaýnazaryndan bu eser hakyky liriki poemadyr. Sebäbi onuň şahyrana mazmuny başybitin metaforalarda ýaşaýar, olardan daşarda poetiki mazmuny göz öňüne getirmek mümkin däl. Munuň özi poema babatda pikir ýöretmegi kynlaşdyrýar: metaforalardaky mazmuny logiki pikirlenme diline geçiräýmek aňsat däl, okyjynyň bilýän zatlaryny täsirsiz hem ýuwan gaýtalamagyň geregi ýok. K.Gurbannepesowyň sözleri bilen aýdanyňda, «aňsadyny her kim başarýar, kynyny başarmakda iş bar». Ilki bilen aýtmaly zat: poemada ýel-harasat obrazy liriki gahryman derejesine ýetipdir. Eger şeýle bolmasa, onda eser edil häzirki ýaly täsirli bolmazdy, onuň pafosy hut şol obrazda ýüze çykýar diýip aýdyp bolardy. Şemal-ýel motiwi edebiýat taryhynyň planynda aýdanyňda, biziň nusgawyy poeziýamyzda-da uly orun tutýardy. Hususanam, Magtymgulynyň döredijiliginde ýel baky aýralygyň simwoly, bütindünýä hasratynyň syzylmasy hökmünde getirilýär: Hijran ýeli! Şemal aslynda-da absolýut hereketiň, üznüksiz ýaşaýşyň ýüze çykmasydyr. Şemal diňe hereket edýän mahaly bar, durmak – onuň üçin ýok bolmagy, ölümi aňladýar. Ol hiç zatdan döräp, hiç zada-da öwrülip gidýär diýen täsir döreýär. Türkmen dilinde degişli düşünjäni aňladýan sözleriň şeýleräk semantiki hatary bar: Şemal ýel tüweleý harasat tupan. Elbetde, bu sözler ugurdaşragam bolsa, hersi bir zady aňladýar. Ýöne olaryň bary bat bilen baglanyşyklydyr. «Bat» bilen baglanyşykly bolsa, türkmen dilinde «bat almak», «ýeldirgemek» ýaly aňlatmalar ýörgünlidir. «Serwi agajy» poemasy türkmen diliniň şular bilen baglanyşykly stihiýasyny özünde bilniksizden jemläp bilipdir. Poemanyň poetikasynda reňkler uly rol oýnaýar. Eseriň başynda ýaşyl reňk agdyklyk edýär. Munuň özi ýetginjeklik döwri. Ýaşyl baharda liriki «men» bilen Selbi bakja suw tutup ýörler. Reňkleriň nukdaýnazaryndan dünýä entek ümsüm: munuň özi kalbyň içki joşgunynyň daşa çykmaýanlygyny bildirýär. Dinamiki şekiliň nukdaýnazaryndan dünýä entek üýtgewsiz: munuň özi ýaşlygyň diňe düýş görüp, hereketsiz ýaşaýandygyny aňladýar. Birdenem eseriň süňňünde täze ýaşaýyş başlanýar: Birdenem… Hol gözýetimi garalap, Gara serpigini büräp jahanyň, Gylyç syryp alaman deý harasat Depesinden indi ýaşyl baharyň. Şuww… Şuww… Şuwww… Harasat daşky dünýäniň özgerişini aňladýar. Şonuň bilen ol umumy şahyrana hereketi aňladyjy hökmünde içki özgerişlikleri hem aňladýar. Ol – söýginiň daşky ýüze çykmasy. Nusgawyy poeziýada ol aýralygyň simwolydy. Şeýle çeperçilik transformasiýa bütinleý tebigy hadysadyr. Ýel – abstrakt wagtyň fiziki bedene eýe bolmagydyr. Söýgüdir aýralyk, ömürdir ölüm bolsa şol bir wagtyň iki sany tarapydyr. Akýar sary sil deý çaňjarýan ýeller Ýerden maýsa akýar, Asmandan bulut… Ylgadyň sen goňur ýeli gulaçlap, Ylla boýlap barýan ýaly derýany. Ýeliň reňkine üns beriň. Munuň özi şahyryň simwolika aýratyn ähmiýet berýändiginiň şaýadydyr. Ol reňk ýer titremesiniň öň ýany bolýar diýýärler. Onsoň durmuşyň şeýle ýazylmadyk kanuny boýunça şahyryň başga bir şygrynyň: Meň wysalsyz söýgim ýer titreme deý Bahana araýar petiş gursakda – – diýen setirleri ýada düýşär. Şol reňk: Asmanam, Zeminem, asfaltam, asyl Bu dünýä goňur – – diýen obrazy göz öňüne getirýär. Erige çolaşyp ýazyň şemaly Näler urunýardy boşanjak bolup. Sary sil deý, goňur ýelden soň ýazyň şemalynyň gelmegi poetiki mazmunyň örňeýändigini, konkretleşýändigini aňladýar. «Ýel soňy – ýagyş» diýen söz bar türkmende. Ýeliň getiren ýagşy içki söýginiň gutarnykly suratda daşa çykmagyna sebäp bolýar: Ezlen köýnegi Ýel ýelmäpdir beýgi-pesine synaň. Gördüm. Tümmerip dur enaýy ujy Maňa hem şemala gezelen mämäň… Ter göwüsler maňa özün urdular, Gursagymda goşa döş yzyn goýdy. Baş bermedi dyňzap gelen duýgular Näzijek leblerde diş yzyn goýdy. Ýüregim jigleýär, barýarys uçup, Goja erik edil paraşýut ýaly*. Ahyry söýgi açyk hem aýdyň ýüze çykýar. Şemal – söýginiň hereketi, ýagyş hem ýel – onuň owazy, goja erik – söýginiň şekili bolup göz öňüne gelýär. Poemanyň dowamynda şu hili obrazlar dürli poetiki mazmuna geçip, dürli manylary aňladyp gelýärler. Meselem: Deňziň gaýy, çölüň tüweleýi men. Daşa çykýas, garşylaýar gara ýel Naýynsap ýel – meniň gödek ykbalym. Bu ukusyz gijeleriň içinden, Bikarar gündizleň içinden parran Geçip, erksiz-ygtyýarsyz nirädir, Nirädir bir ýaňa şuwwuldap barýan. Bu mysallarda şemal liriki gahrymanyň öz obrazy bolup gelýär. Boýnuma kerep deý oraşýar şemal. Ýene men obada, Ýene-de şemal *Rejebow N. Diňe söýgi hakda. A., 1992, 144 s. Ýaraty deý hasrat çekýär daşarda. Meni bolsa daşky şemal köredip Kül içinden közüm tapyp otlaýar. Bu ýerde biz şemalyň nusgawyy manyda – aýralyk manysynda gelýändigini görýäris. Şemalyň şeýle düşünilişini, kabul edilişini onuň adam psihikasyna edýän täsiri bilen düşündirip bolsa gerek. Şemalyň owazy adamda hasrat, nostalgiýa duýgusyny döredýär. Öňünden çykan predmetlere süýkelip, şemal gyjagyňky kimin, zaryn owaz çykarýar. Onda derwüş ruhy hem derwüş ykbaly bar. Derwüş ruhy – hasrat, derwüş ykbaly – watansyzlyk. Edil derwüşiňki ýaly, şemalyňam belli menzil-mesgeni ýokdur, onuň bir ýerde aýak çekmesi ýokdur. Şemaly durnukly halda göz öňüne getirip bolmaýar, sebäbi biziň duýgularymyza täsir etse-de, bardygyny, realdygyny bildirse-de, ol predmet däldir. Ol owazpisint, howapisint, nur pisint bir zat. Onsoň şu ýerde şahyryň başga bir goşgusy ýada düşýär: A sen edil sesiň ýaly eýjejik, Howamyň sen, owazmyň sen, nurmuň sen*. Bulaň bary göz bile görüp, el bile tutup bolmaýan materiýa, tas ýarym ideal zatlar. Zatlaryň şeýle tebigaty, energiýanyň şeýle geň-taň görnüşi adamyň psihologiýasyna hem estetiki duýgy-düşünjesine üýtgeşik täsir edipdir. Çünki bu zatlar adamyň gözellik düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Biziň nusgawyy edebiýatymyzda estetiki täsirli şeýle predmetlerden göwheriň, dürüň, laglyň çeper obrazlara öwrülişini görmek bolýar. Nobatgulynyň goşgularynda bolsa bütinleý täze zatlar hem düşünjeler olaryň ornuna gelýär. Olar biziň milli estetiki duýgularymyzy inçeleşdirýär, gözellik üşügimizi kämilleşdirýär. Şahyryň poeziýasyndaky garperisi, suwperisi ýaly romantiki obrazlaryň synasyna, onki süňňüne üns bereliň. Olar ak saçy, ak bedeni tebigy barlykdan mahrum zat bolup göz öňüne gelýär. Onuň keşpler ulgamynyň aýrylmaz elementleri bolup duran gaýry obrazlary-da şol tebigy däl, ruhy nur saçýan obrazlardyr. Diňe asmanda Aý başga bir dünýäň Tylla tüýnügi dek maýyl eýleýär. Akar çaýa suwa düşüp säheriň Elwan öwşünine öwrülen suwdan Içip, gana içip şahyr kalbyňy Taýganyň ter, tämiz säherine ýuwsaň. Hemra bolup elwan daňyň badyna… Jowur ak garlaryň şuglasymy sen, Ýyldyrymdanmy ýa bedeniň seniň? Daňyň suwy berlen kaddy-kamatyň Dur meni wagşy bir güýç bile dartyp. Hem sorardym säher kimin lebleriň. Düşsem suwa düşen ýaly daňdanyň Älemgoşar kibi atan halyna. Bu seleňlik howa däl, ýok, ol şerap, ol heser. Görnüşi ýaly, merjen-laglyň ýerine «elwan daň», «säher lebler», «säheriň elwan öwşünine öwrülen suw», «ýyldyrym beden», «daňyň suwy berlen kaddy-kamat» ýaly poetiki öwrümler gelipdir. Şahyryň döreden täze söz aňlatmalary! Nobatgulynyň döreden täze pikir, düşünje aňlatmalary, sözleri bir ýa iki däl. Olaryň birnäçesi dolanyşyga girip gitdi. Nobatgulynyň döreden söz düzümlerini, aňlatmalaryny aýyl-saýyl etmek hem zerur meseleleriň biri. Hawa, gözellik düşünjesi, estetiki gymmaty babatda nusgawyy obrazlylyga material bolýan predmetleriň häzirki poeziýanyň açyşlaryndaky zatlar bilen deňräk bolmagy mümkin. Emma öňküler, üstesine, adamyň maddy gymmatlyk düşünjesi bilenem baglanyşyklydyr, aýdaly, «elwan daňyň» bolsa sosial däl-de, sap tebigy aýtym (sreda) bilen dahyllygy bar. Şonuň üçinem şu meňzetmeler hem obrazlar ewolýusiýasynda biziň naturamyzyň tebigylaşmasyny, XX asyr türkmeniň ruhunyň tebigatyň törüne geçişini görüp bolýar. Özem tebigy gözellik duýgusy sap ideal gözellik duýgusy bilen sepleşip gidýär: Aýna deý söýgimi, Aý deý söýgimi. Neçüýn kül-pagş etdiň? Sebäbi näme? Hoş gal, ýaşlyk, Hoş gal. Men aýna ýaly, Meň Aý ýaly yşgyň döwügin çöpläp Ýitirlen ýerine doňan gözýaşym Päkize düýşüm hem ýatlama sepläp, Keşbin synlamaga meni ýakanyň, Ýasaryn söýgimiň mozaikasyn. Aý bilen aýna hem özünden nur saçýan, has dogrusy, nury şöhlelendirýän predmetlerdir. Şu jähetde olar «al-ýaşyl gar», «ýyldyrym», «çeşme suwy» ýaly çeperçilik serişdeleri bilen bir hatara girýär. Nur bilen baglanyşykly obrazlar nusgawyy edebiýatda lagl hem göwher sypatynda gelýärdi. Nur saçmak – ýaşaýşyň, diriligiň iň ýokary derejesi, onuň iň aýdyň hem geň galdyryjy ýüze çykmasydyr. Nur – yşkdyr, nur – yşykdyr, onsoňam, munuň üstüne, şahyryň döredijiliginde ýokarky sitatada agzalýan päkize düýşüň hem yşgy, söýgi aňladyp gelýänligini goşalyň. Yşk özboluşly bir ruhy giňişlik hökmünde düýşe meňzedilýär. Düýş nurlar dünýäsi, elwan reňkleriň dünýäsi bolup göz öňüne gelýär. Adamyň ýakymly düýşleri hemişe şonuň ýaly görnüşde hem hilde bolýar. Şonuň bilenem ol yşga, söýgä meňzeýär. Onsoňam düýş bir adamyň dünýäsine degişliligi bilen söýgi ýaly pynhanlyga eýedir: Syryl, dünýäň perdesi, janlan, pynhan erteki. Söýgi – dünýäň ertesi, Biziň weli şu günmüz. Ak gardan ýagtylan bu jümle-jahan Ertekä meňzeýär aslynda, serwim, Gije ýatyr gök tokaýyň astynda. Oýaraýma, ýuwaş! Gireli düýşe. Bozman derýaň erteki deý düýşüni, Ýüzüpjik gideli gaýry kenara. Goýnuma däl, sen düýşüme giripsiň. Düýş – täsin dünýä. Onda predmetler däl, simwollar, sesler däl, owazlar bar. Bu taýda wagt hem giňişlik ölçeglerem başgaça. Şahyryň «Gyzgüzer», «Garperi», «Ak gije», «Kümüş ýaly derýa ýaýylyp ýatyr» ýaly goşgulary hakyt şeýle dünýäni suratlandyrýar. Olar dünýä taýagynyň iki ujunam – sazlaşygy hem stihiýany hem özünde jemleýär. Bu ýerde sazlaşygy – garmoniýany emele getirýän içki stihiýa, şeýle hem stihiýany dürüşdä ýetirmän saklaýan içki sazlaşyk bar. Şolaryň mynasybeti, içki kanunalaýyklary bozulýaram weli, ol dünýä ýykylýar. Şahyr düýşden – söýgi dünýäsinden – huşa, adaty dünýä çykýar: Daşa çykýan Çykýan adaty dünýä. Syrylypdyr gara ýeliň perdesi. Hawa, söýgi – düýş, huş bolsa – aýralyk. Biziň milli nusgawyamyzda, hususan, Magtymgulyda-da ýaşaýyş, dünýä – aýralykdy. Ýöne ol Hudaýdan aýralykdy, kosmiki aýralykdy. Nobatgulynyňky bolsa zemin aýralygydyr. Magtymguly üçin hem dünýä düýşdi, ýöne ol ikisiniň arasynda manydaşlyk mynasybeti bardy. Nobatguly üçin bolsa dünýä hem yşk (düýş) many taýdan gapma-garşy düşünjedir – antonimdir. Bu bir. Ikinjiden bolsa, düýş Magtymguly üçin ideologiki otrisatel mazmunly, Nobatguly üçin bolsa ideologiki položitel mazmunly düşünjedir. Şeýdip Nobatguly biziň kosmiki gabaraly estetiki hyýallarymyzy zemine düşürdi, olary zeminleşdirdi. Munuň özi hut obýektiw häsiýetli ruhy hadysadyr, onsoň bu ýerde utulan ýa utdurylan taraplaryň gürrüňini etmek zerurlygy ýok. Çünki zemin hem kosmos adam ruhunyň aýtymynda deň gymmatlyklardyr. Nobatgulynyň poeziýasyndaky liriki «meniň» milli watançylyk duýgulary güýçlüdir. Şahyryň dünýäsinde türkmeniň taryhy ykballary hakyndaky şahyrana oýlanmalar uly orun tutýar. Onuň «Gurt», «Ýurdum», «Garagum», «Talhatan», «Ýyldyz dagy» ýaly şygyrlary bu meselede öňe tutarlyk eserlerdir. Şahyryň liriki gahrymanynyň milli meseledäki aýratynlyklary hakda nämeler aýdyp bolar? Biziň pikirimizçe, ideýa-tematiki jähetden seredeniňde, degişli goşgularyň esasy üç aýratynlygyny belläp bolar. Birinjiden, türkmen milli ykballary barada şahyrana söhbet açanda, şahyryň oý-pikiri esasan halkynyň geçmişine bakan gidýär. Ikinjiden, türkmen milli tematikasy şahyryň eserlerinde milli predmetleriň — diňe türkmene mahsus detallaryň üsti bilen berilýär. Üçünjiden, türkmeniň şu güni barada gürrüň açýan şygyrlar esasan publisistik äheňe eýedir. Şu üç tematiki ugruň içki birliginden N.Rejebowyň poeziýasynda türkmen sährasynyň hem daglarynyň bitewi obrazy ör-boýuna galýar. Umuman, tematiki hem çeperçilik bitewülik şahyryň tutuş poeziýasyna mahsusdyr. Şular bolsa, öz gezeginde, şahyryň liriki «meniniň» ykbal, şahsyýet bitewüliginden gelip çykýar. Nobatguly islendik meňzeşligi şahyrana meňzetme derejesine göterip bilýär. Eger karta seretseňiz, Türkmenistanyň şekili bagana meňzeýär. Daşary ýurt basybalyjylarynyň oňa biziň ülkämize ýurt hökmünde däl-de, sugry bagana hökmünde seredýändigi hakda şahyr eser döredipdir. Şahyr daşary ýurt basybalyjysynyň pikirine janyny ýakýar, gyýylýar. Ine, şahyryň «Iňlis içalysynyň dokladnoýyndan» atly goşgusy: – Soňsuz talaňlardan, elhenç ejirden Dargan bu ýurt eger karta geçirseň Ak çägede ýazlyp goýlan bagana. Bir sugry bagana türkmeniň ýurdy! Ony ajy derne eýläp saýrylaň Geýäýse Angliýa Missis Angliýa Hem owadan bordy, Hem-de baý bordy… Şahyryň liriki «meniniň» konkret bir temada – Watan temasynda ýüze çykýan aýratynlygy şu bentdäki pikirleniş stildenem görünýär. Ol öz şahsy ykbalyny halkyň ykbalynyň bir bölegi, öz söýgüsini bolsa Watana bolan söýginiň bir bölegi hökmünde duýýar. Watan bilen ykbal birligi, söýgi birligi özüniň ruhy derejesi boýunça liriki gahrymanyň umumymilli sepgitlerine ýetendigini aňladýar. Onuň Watana söýgüsi – munuň özi hut ogullyk söýgüsidir. Şahyryň watan baradaky goşgulary liriki mazmunyň konkretligi, liriki gahrymanyň boş, dabaraly öwgüden gaça durup, öz watanyny sada, belent hem Ýere ýakyn sözler bilen söýýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen sährasynyň taryhy ykbaly hem, onuň tebigaty-da, onuň aýry-aýry predmetleri hem, onda ýaşaýan adamlar hem şahyr üçin deň derejede eziz. Watanyň ykbalyny öz ykbaly diýip duýýan şahyr adamlaryň durmuşyny, ömrüni Watanyň ömri hökmünde kabul edýär. Bu goşgularyň obrazlary, çeperçilik serişdeleri onuň arassa, päk ogullyk söýgüsiniň, melanholiki söýginiň beýany bolup durýar. Ine, onuň «Geçmiş» goşgular toplumyndan «Ýetim» diýen goşgusy: Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar, Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol. Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar, Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol. Ýok, ol aglamaýar, Ýok, ol gülmeýär. Şeýle bir perişan bolsa-da haly. Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar, Kimsi bar gülende buýsanar ýaly?*. Türkmen ýaly beýik halkyň döreden paýhasy uly, şol paýhasy özünde jemleýän nakyllar köp hem çuňňur. Ýöne şolaryň içinde-de has beýik, tapawutlylary, köp pursatlarda akylyňa, ýüregiňe has ýakynlary bar. Şu ýerde ýokarky goşgynyň estetiki-emosional dünýäsini açmakdan ötri nakyllaryň iki sanysyny agzap geçesim gelýär. Birinji: «Ody özüňe bas, ötmese – kesekä». Bu nakylyň paýhasy nämeden ybarat? Bar zady öz synaňda syna, öz süňňüňde ölçe, öz ýüregiňden geçir! Diňe şonda zatlara, olaryň položitel ýa otrisatel manydaky gymmatyna dogry düşünip bilersiň. Ikinjisi: «Eklegeniň gadryny ekläniňde bilersiň, saklaganyň gadryny saklanyňda bilersiň». Bu ähli zadyň ölçeginiň öz şahsy ykbalyň, öz ýüregiň içinden geçip gidýänligi hakynda. Indi bolsa «Ýetime» dolanalyň hem onuň şahyr bile näme dahylynyň bardygy hakda oýlanalyň: Nobatguly üçin kim ol? Dogan-garyndaşmy, ilen-çalanmy? Ýok. Emma goşgynyň obrazlar ulgamyna üns beriň: «gözýaş ýaly naýynjar», «dyrnajygy gopan maýa ýaly». Nähili gamhorluk, mähir duýgularynyň nähili joşguny! Şu ýerdenem onuň atasynyň şum ykbalyna, biwepa pelegiň bimatlap çarhynyň gurbany bolan ýigide doganlyk söýgüsi: «bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol». Ýetimlik – hem maddy, hem ruhy ýekelik, hossarsyzlyk, adamlaryň ählumumy ruhy, mähir baglanyşygyndan üzülip galmak. Munuň özi deňiz harasadynda gämiden gaçan ýaly bir zatdyr. Şahyr ýetimiň şeýle ýowuz ykbalyny soňky setirinde, dünýäň manysyny iki sözde beýan edip bilýär. Şeýle anyk hem kuwwatly obraz ýetimiň halyny öz içinden geçirip bilýän, ýetimiň halyna öz içki betbagtlylygy ýaly awap bilýän şahyr ýüreginden gelip çykýar. Onsoň iki bentlik şygryň özi tutuşlygyna gülmeýän hem aglamaýan ýetimiň halyna aglanylýan agy bolup eşidilýär, ol haýsydyr bir güýjüň ýer astyndaky suwlary çekip, çeşme edip çykaryşy ýaly, seniň – okyjynyň kalbyndaky agy duýgusynam çekip almaga ukyply sözdür. Şahyryň sözi zehinliligi bilen ynandyrýar. Ýürek dogruçyllygyny hem päkligini diňe zehin arkaly ynandyryp bolýar. Ynanýanymyz üçinem şahyryň: Geçmişe seredip belent gerşiňden Agladym men, Utanmadym, agladym – diýýän sözleri gulaga asla suwjuklyk bolup, sentimentallyk bolup eşidilenok. «Ýyldyz dagy» goşgusynyň obrazlar ulgamy özüniň täzeçilligi bilen şahyryň gaýtalanmajak söýgüsiniň beýany bolup durýar. Bu şeýle-de bolmalydyr. Ilki duýgy gelýär, onsoň ol bada-bat obraz bolup, daşa çykýar. Şol duýgunyň asyllylygy hakda biz obrazyň terligi bilen baglanyşyklylykda pikir öwürýäris. Şahyrana sözüň güýçli, täsirli bolmagy üçin nähili köp zatlaryň gerekdigi hakda oýlanýarys. Şahyr özünde geçmişiň, ata-babalaryň ýadyny saklaýar. Şol ýat hem türkmeniň milli ruhunyň ýaşaýşynyň bakylygy, ata-babalaryň hakydasynyň dowamaty bolup güwä geçýär. Ýyldyz dagynyň goýny – ata-babalaryň ruhunyň mekany bolup görünýär: Göreýin men Göroglynyň syratyn, Göreýin men Göroglynyň Gyratyn. Sapar kösäň at çapdyran ýerlerin, Şolaryňam ýüzün sypap geçendir Seniň owaz ýaly dury ýelleriň*. Geçmişe, taryha bolan höwes her bir aňly-düşünjeli adamyň kalbynda ýaşaýar. Her kim ata-babasynyň kim bolandygyny, olaryň nämeler edendigini bilmäge ymtylýar. Şahyr Ýyldyz dagynyň çeper kartinasyny öz zehininiň tebigatyna laýyklykda ussatlyk bilen çekýär. Ýyldyz dagy, görkez maňa ýyldyzyň! Hol, etekde çaýyň akýar bulanyp, Hol etekde – çakyp duran ýyldyrym – Kertden kerte towsup gelýän bulajyk. Şahyryň galamynyň hem zehinynyň emri bilen «ýyldyz dagy» diýen düşünje simwolika öwrülýär. Ýyldyz – belentligiň, ululygyň, howalalygyň alamaty, ol elýetmezlik bolup görünýär. Umuman aýdanyňda-da, asmandaky ýyldyzlar adama hemişe syrly hem gussaly täsir edipdir. Gündizlikde Älem Ýerden hem asmandan ybarat bolup görünýär. Gije Älemiň çäklerini müňlerçe menzil aňryk süýşürýär. Adam Älemiň giňligine, şol giňligi görüp, synlap, özüniň juda kiçiligine akyl ýetirýär. Öz ömrüniň, boýunyň, akylynyň gysgalygyna haýpy gelýär. Nobatgulynyň liriki gahrymany şeýleräk duýgulary Ýyldyz dagynyň öňünde başdan geçirýär. Ol simwolik dag. Simwol hökmünde Ýyldyz dagy türkmeniň geçmişiniň beýikligini görkezýär. Şol beýikligi aňlap durany üçinem liriki gahrymanyň baldyrlary saňňyldaýar. Haçandyr bir wagt möwriti öten ol beýikligi kalba sygdyrardanam ol ejiz. Ol beýiklik diňe «Görogly» eposyny okap aňylmaýar, ol ruhuň entek näbelli haýsydyr bir kanunlary esasynda şahyr bolup doglan kalbyň jümmüşine ata-babalaryň ruhundan gelip goşulýar. Şeýdip ol täzeden jana gelýär. Şahyryň degişli goşgusynda liriki gahrymanyň kalbynyň ýagdaýy her näme-de bolsa howalalydyr. Ol howalalylyk Ýyldyz dagynyň öz howalalygyny ýada salýar. Şonuň üçinem şygyrda diňe howalaly zatlaryň gürrüňi edilýär, olarda diňe howalalygy alamatlandyrýan obrazlar esasy orunda durýar. Şahyryň geçmiş bilen baglanyşykly goşgularynyň bir toparynda howalalylyk esasy zat bolup, konkret halatlarda ol konkret röwüş alýar. Ol şahyryň içki dünýäsiniň owazlaryny oýarýar: Soňra tümlük gapýar seniň owaňy. Gadymy dünýäden ýyldyrym bolup, Gelýär Görogly dek ärleň owazy: «Haw, Togrul beg, sesiň gelýär nireden?» Tüm! Tüm! Tüm! Ýakyp ýüregiň Zulmat gijesi deý bu elhenç tümi Haýsy gerçek aýryp biler aradan. Munda beýan edilýän duýgular taryh, geçmiş bilen galtaşan, islendik adamda oýanýan duýgulardyr. Biziň görýän galalarymyz, göçülen ýurtlar – bular geçmişiň özi däl, geçmişiň kölegesi, yzy, sudury. Geçmiş – eger halk öz geçmişini unutsa, ol bütinleý ýok bolýar. Eger halk taryhy ýadyň tejribelerini toplap, öz geçmişini alamatlandyrýan ikinji bir esasa eýe bolup bilse, onda geçmiş biziň millet hökmündäki kalbymyza hem aňymyza girýär. Ine, hamana, özge bir dünýäden gelýän seslere meňzeş ýokarky duýgularam şahyryň öz içinden – kalbyndan gelýär. Ol liriki gahrymanyň ruhy teşneliginden owaz edýär. Munda atasyny göresi gelýän çagaň hasraty bar. Şahyr tümlügi – nämälimligi ýok etmek isleýär. Ol tümlük guburyň tümlügini ýada salýar. Türkmeniň geçmiş taryhyny tümlükden ýagtylyga, edil fiziki dünýäň reallygy ýaly reallyga öwrüp biljek gerçek aňyň, gerçek hakydanyň zary çekilýär. Hawa, milli ideologiýa jähetden alanyňda, tümlük ýagtylyga öwrülmelidirem, çünki milletiň öz taryhy hakydasyna ymykly dolanyp barmagy taryhy zerurlykdyr. Emma hususy kalbyň planynda tümlügiň başgaçarak manysy bar. Adam endamynyň ýeriň öl gumuna galtaşyp, syzlaýşy ýaly, adam kalby geçmişe galtaşyp, hemişe-de düşnüksiz hem süýjüden hasratly duýgulary başdan geçirýär. Sebäbi ol topragyň özüniňem baky mekanydygyny syzyp dur. Ölüm duýgusy empirikligi bilen tapawutlanýar. Dogrudanam, süýekleriň ertir daşa, endamyň topraga, ruhuň bolsa gaýyba öwrülmelidigini bilip hem duýup durka, kalp köp duýgulary başdan geçirmän bilmez. Muňa energiýanyň saklanmak hem öwrülmek kanunynyň kalbyň tarapyndan syzylmasy diýip bolardy. Ruhy energiýanyň ýüze çykmasy bolan köňül özge bir zada öwrülmek islemeýär. Çünki ol öwrüliş onuň üçin özge bir hala geçmegi – ölümi aňladardy. Nobatgulynyň goşgularynda milli ruh türkmeniň tebigatynyň, milli durmuşyna degişli predmetleriniň aýratynlyklarynda oňat ýüze çykýar. Şahyryň «Takyr» atly şygry onuň öz Watanyna ogullyk söýgüsi hakda gürrüň etmäge köp esaslar berýär. Goşgynyň mazmunynda esasy iki elementi belläp geçmek mümkin. Munda, birinjiden, türkmen tebigatynyň beýanyna uly üns berilýär. Şahyryň şol tebigatyň aýratynlyklaryny suratlandyryş ussatlygy diýseň özboluşly: Ýatyr düňle dünýä, ýel bolaýmasaň Ýokdur barjak ýerňe ýetjek gümanyň. Şeýle şahyrana setirler, türkmen çölüniň içki hasratyny çeperçiligiň ýokary derejesinde beýan edýän setirler goşguda juda köp. Nobatgulynyň öz suratlandyrýan islendik obýektiniň içine girip bilýänligini, onuň mazmunyndaky iň esasy aýratynlyklary bada-bat saýgaryp hem okyja ýetirip bilýänligini gepiň gerdişine aýdyp geçeliň. Munuň özi onuň şahyrlyk-hudožniklik zehininiň juda aňyrdandygyny añladýar. Rus tokaýynyň gözelligi, Badahşanyň täsinligi, Sibiriň äpetligi hem geň-taňlygy onuň goşgularynda çeper kartinadaky ýaly beýan edilýär. Edil şonuň ýaly, türkmen tebigaty-da diňe özüne mahsus reňkler bilen duýgular arkaly beýan edilýär: Ýalap ýaryk-ýaryk dodagyň, sähra Pyşyrdaýar: ýagyşş, ýa-gyşşş, ýagy-şşş. Gulagyňa sähraň pyşyrdysy gelýär, ýok, ol pyşyrdy däl, ol guraklykdan, suwsuzlykdan hem ümsümlikden ýaňa şahyryň gulagynyň şaňlap durmasy. Goşgynyň many düşegindäki ikinji element şahyryň türkmen sährasynyň ykbalyna tolgunmasydyr, onuň halkyna bolan söýgüsidir: Ýagmyr ýagdyr, soltanym, Ýagmyr ýagdyr, soltanym! Yns-jyns bolmasyn heläk, Maňlaýy pes türkmenim Ýagşam almaly diläp, Garam almaly diläp. Tebigatyň şeýle ýowuzlygy, gyňyrlygy, gysyrlygy halkyň maddy ýaşaýşy üçin gymmat düşýär. Şahyr hakyky milli şahyr hökmünde halkynyň paýyna düşen şeýle tebigat gysyrlygy sebäpli janyny ýakýar. Onuň ýokarky sözlerindäki janyýangynlyk hem kinaýa, pelege kitüw şahyrana duýgynyň iň ýokary derejesini aňladýar. Onuň ýaňsysynyň aňyrsynda «illeriňk-ä beýle däl» diýen ýangynlylyk bar. Ine, şahyrana mazmunyň düzümindäki şol kemsinmedir kinaýa-da liriki gahrymanyň şahsyýet hökmünde milli duýgulary, bähbitleri ararlyk hem aňladarlyk derejesine ýetendigini görkezýär. Nobatguly türkmen durmuşyna degişli predmetleriň üsti bilen şol durmuşyň hiç kimiňkä meňzemeýän, tüýs milli mazmunyny şahyrana beýan etmäni başarýan şahyr. Şu jähetden ol sözüň hakyky manysyndaky milli şahyr. Onuň «Garry tut» atly şygry şu pikirimize öňli-soňly tassyklama bolup biler diýen ynanjym bar. Islendik başga bir goşgusyndaky ýaly, bu ýerde-de göçme manylaryň, obrazlaryň, simwollaryň birgiden ulgamyny görýäris. Şol obrazlar özara sepleşip, organiki ýaşaýşa girip, türkmen milli ruhunyň bitewi obrazyny döredýär: Şeýdip, ol garrady, Bedroý garrady. Ne-hä ýaprak çykdy, Ne baldak çykdy. Ahyr bolup diriligiň sarpasy, Bir günem düýbünden saldylar byçgy. Ony kesim-kesim edip guýa atdylar. Içi kyrk gulaçlyk guýyň düýbüne. Şonda kyrk ýyl çöwlük bolup ýatdy ol Ezlip guýyň şor suwuna, lüýgüne. Soň ony gyrdylar, oýdular için, Ýene set-müň derde etdiler duçar. Onsoň neneň tar bolmasyn pileden Onsoň neneň tutdan bolmasyn dutar?*. Simwolyň ýönekeý obrazlylykdan rüstem bir tarapy, üýtgeşik artykmaçlygy bar: ol hem-ä asyl manysynda galýar, hemem şol bir wagtda özge bir zada, has dogrusy, zatlara öwrülip gidýär. Munuň özi okyjynyň duýgular dünýäsiniň metamorfozalaryny köpeldýär, onuň duýgy ýaşaýşyny işjeňleşdirýär, köp täze taraplaryny, duýgy öýüniň täze otaglaryny açýar. Şeýdip ol beýnä lezzet, ýürege şypa berýär. Ýönekeý obrazyň simwola öwrülmegi aňsat iş däl. Onuň üçin eserde ulanylýan, onuň çeperçilik barlygynyň öýjükleri bolup durýan söz düzümleri, jümleler iki manyly bolmaly, çünki, ýaňy aýdyşymyz ýaly, simwolyň özi hem iki manyly söz barlygy. Ine, onsoň frazeologik aňlatmalar bir manysy boýunça birleşip, simwolyň asyl durkuny kemala getirmeli, beýleki göçme many taýdan ikinji bir ulgam giribem, ikinji – simwoliki reallyga binýat bolmaly. Şonuň netijesinde şol bir goşguda asyl manysyndaky tuduň realistik obrazy, tut obrazyndaky türkmen ruhunyň simwoliki obrazy döreýär. Şahyryň özi degişli toplumdan bolan goşgularynyň birinde bu ýerdäki detal derejesindäki obrazy has bitewileşdiribem getirýär. Onuň «Gyjak» atly bir bentlik goşgusy dialog görnüşinde ýazylypdyr. – Gyjak, näme sesiň perişan çykýar? Çydamok jigerim dilýän sese men. – Nädip aglamaýyn, aýylganç ykbal Meň ömrüme byçgy salsa keseden. Onsoň «kesim-kesim edip atmak», «gyrmak», «içiňi oýmak» ýaly söz düzümleri-de özüniň obýektiw manylylygy bilen ýokarky özara baglanyşykly iki ulgama – semantiki hem simwoliki çeperçilik ulgamlaryna girýärler. Ýöne bu-da hemmesi däl. Edil ýokarky jümleler bilen semantiki meňzeş «şonda kyrk ýyl çöwlük bolup ýatdy ol, ezlip guýyň şor suwuna, lüýgüne» diýen setirler şahyryň zehininiň tow bermesi bilen simwolika dalaş edýärler, çünki muňa iki sany esas bar. Birinjiden, bu ýerde «kyrk» sany getirilýär, ol san bolsa är ömrüniň mukdaryny aňlatmak bile simwolika geçişi taýýarlaýar. Ikinjiden, «şor suw», «lüýük» sözleri «şor maňlaý» ýa-da beýik Magtymgulynyň: «Batdy başym, çyka bilmez laýyndan» diýen sözlerini ýadyňa salýar. Hawa, adamyň aňy, şol sanda estetiki aňy ugurdaşlyk hem gapma-garşylyk ýoly bilen ösýär. Elbetde, gürrüňi edilýän jümleler tutuş milli diliň geriminde dolulygyna frazeologik ýaşaýşa geçermi-geçmezmi – pylan zat diýip bolmaz, ol hökmanam däldir, belki. Bu ýerde başga zat – şahyryň öňki frazeologik göçme manylary bir ýere üýşürip, olary simwol ýasamaga taýýar material hökmünde ulanmak bilen çäklenmän, eýsem olara analogiýa edip täze materiallary tapyp bilýänligi täsindir. Soňky bendiň «set-müň derde etdiler duçar» diýen jemlemesi-de olaryň meňzeş analogiýadygyny, ahyrsoňunda şol «dert» düşünjesine baryp girýändigini görkezýär. Hawa, horluk, dert baryny gören ruh dutar bolup eňreýär, dutar bolup iňňildeýär. Ýewropa barlagçylarynyň ýazmagyna görä, türkmen sazy filosofiýasy boýunça melanholiki sazlardyr, olarda esasy zat hasrat hem gussadyr. Bu diňe bir halkyň sosial, maddy güzeranynyň agyrlygy bilen däl-de, esasan onuň ruhunyň dünýä gatnaşygy, dünýä garaýşy, onuň durmuş filosofiýasy bilen baglanyşykly düýpli ruhy hadysadyr. Sazda türkmen halkynyň pelek hem dünýä, ömür hem ölüm, söýgi jem aýralyk baradaky agyr pelsepeleri jemlenendir. Ol sazyň many goýazylygy, agraslygy şondandyr. Çünki Nobatgulynyň tudunyň kyrk ýyllyk süteme çydaman, dutara öwrülişi ýaly, türkmen ruhy hem pelegiň edýän sütemlerine çydaman, söze – poeziýa hem-de owaza – saza öwrülip, özboluşly bir medeniýeti amal edipdir. Ony çeper söz bilen açyp görkezmek üçin bolsa Nobatgulynyňky ýaly ogullyk, watançylyk duýgyň, hem şahyrlyk zehiniň bolmaly. Şahyryň döredijiliginde romantizm, simwolizm, modernizm, sýurrealizm ugurlarynyň däpleriniň organiki utgaşyp gidýändigini umumylaşdyrma hökmünde aýdyp geçmek gerek. Bu edebi ugurlaryň utgaşyp gelmesi ýöne ýere däldir. Çünki olaryň düýp manysynda, obrazlylygyň tebigatynda, obraz dörediş prinsiplerinde, olaryň liriki gahrymanynyň tekstiň ýüzüne çykyşynda gaty köp ýakynlyklar bar. Biz ýokarda romantiki hem simwolistik goşgularyň käbirini mysal aldyk, olar göwrümi taýdan uly däl. Bu, aslynda, şeýle-de bolmaly. «Möý» hem «Ot» ýaly liriki goşgulary biz simwolizmiň we sýurrealizmiň iň gowy nusgalaryndan hasaplaýarys: Gijä çalyp hanjar ýaly alawun, Gylawun barlaýar – Ýanýar gyzyl ot, Ol tümlük bilenem, Sowuk bilenem Bir asman astyna sygşyp bilenok. Agaç bir mahalky howaly çagyn Soňky sapar gaýtalaýar tütünde, Ýanyp jana gelýär gury şahalar, Öli-gözýaş dökýär otsuz çetinde. Ot, Göterlesi gelýär iň soňky gezek, Ýetilmedik belentligne asmanyň. Ot ýanyp dur – göterilýär tüssesi Ot ýanyp dur saçyp gyrmyzy ganyn*. Goşgynyň simwolik manysyna düşünmek üçin okyjy taýýarlykly bolmaly. Aýdaly, onuň aňynda eýýäm oduň ýaşaýşyň simwolydygy hakyndaky pikir ýa şoňa meňzeş bir zat bolmaly. Diňe şeýle halatda ol ýokarky goşgynyň ikinji bir çeperçilik reallygyny göz öňüne getirip biler. Şony göz öňüne getirip bilseň bolsa, saňa bu ýerde kiçi bolmadyk täsin açyşlar garaşýar. Oduň her bir hereketinden bir many çykarylýar. Birinji setirdäki obraza üns berip görüň: oduň dilleri alaw, hanjar bolup hakydaňa gelýär, onsoň onuň başga zada däl-de, hut gijäniň garaňkylygyna çalynýanlygy, gijäniň bolsa otrisatel hatardaky bir gymmatlygy aňladýandygy bada-bat ýaňky kartinany simwola öwrüp goýberýär. Onsoň galan iki setirde gije simwolynyň gapdalyna, sowuklyk simwoly hem goşulyp, olar anyk halatda, aýdaly, ölümi, jansyzlygy simwollaşdyrýarlar. Meselem, mazar ýaly garaňky, sowuk diýilýän obraz biziň aňymyzda hemişe ýaşap ýör. Şygryň galan bentleri-de şahyrana ideýany ýaňky simwoliki belentlikde ahyryna çenli alyp gidýär. Mahal-mahal ol simwoliki mümkinçilikler şol bir predmetden gapma-garşy many almaga çenli baryp ýetýär. Ikinji bendiň soňky iki setirine üns bereliň. Ot soňky setirde eýýäm, birhili, ölümiň esgerine, ýakyjy-ýandyryjy bir zada – simwola öwrülip barýarmy? Gury şahalar ölüme taýyn däldigi üçin, gözýaş dökmäge mejbur bolupdyr. Soňky bentde ýene pikir öňki simwoliki ýoda düşýär. Ot belentlige ymtylýar. Ot öz tüssesini özünden kowýar, ot ýanyp dur – saçyp gyrmyzy ganyn. Soňky obrazy goşgynyň başky iki setirindäkisi bilen deňeşdirip görüň. Nähili gowy! Edil şol bir hereket, birinjiden, dürli iki sany kartinany, empiriki täsirli obrazy berýär, ikinjiden bolsa, dürli iki sany ideoligiki manyny – simwoly döredýär. * * * XX asyr dünýä poeziýasynda uly çeperçilik hadysasy bolan sýurrealizm ugry asyryň başlarynda Fransiýada döreýär. Onuň berk işlenilen, aňly-başly teoretiki düzgünleri** bar. Şol teoretiki düzgünlerden çen tutsaň, sýurrealizmiň örän köp aýratynlyklary bar. Ýöne olaryň içinde iň esasylary aşakdakylardyr: sýurrealistik eser – munuň özi kelläňe gelen pikiri ýa obrazy, ýa-da kartinany bada-bat kagyz ýüzüne geçirmekdir. Şahyr öz eserini shematik pikirleriň kömegi bilen shema öwrüp oturmaly däl, çünki eseriň gymmaty –– onuň terliginde, onda kalbyň joşgunynyň gyzgyny gitmänligindedir. Bu bir. Ikinjiden, sýurrealistik eseriň mazmuny irrasional bolmalydyr. Munuň onda öňden taýýarlykly pähim-paýhasa orun ýoklugyny, onda sap duýgynyň, sap obrazlylygyň bolmalydygyny aňladýar. Gyzyl gülleriň ýa-da gök otlaryň hiç hili rasional paýhasa dahylsyz ösüp oturyşy ýaly, şahyryň duýguly obrazlary-da öz tebigylygyny saklamalydyr. Üçünjiden, sýurrealistik obrazlylyk okyjynyň aňasty impulslaryny oýarmalydyr, onuň pshikasynyň gözbaşlaryna täsir etmelidir. Ol okyjynyň estetiki aňyna edil oduň ýa-da sowugyň adam tenine täsir edişi ýaly täsir etmelidir, onda instiktlere meňzeş duýgulary oýarmalydyr. Şu zatlaryň üstesine sýurrealistik liriki gahrymanyň romantiki pitneçilik häsiýetiniňem adaty zatdygyny goşup goýbereliň. Şonda, Nobatgulynyň döredijiliginde sýurrealistik tendensiýalaryň bütinleý tebigy zatdygy gaty düşnükli bolup galsa gerek. Şahyryň poeziýasynda degişli tendensiýany alamatlandyrýan şygyrlar hem obrazlar gaty bir azam däl, o diýen köpem däl. Bu – möçber ölçegi. Hil taýdan weli olar «Nobatguly» diýilýän edebi hadysanyň düýp manysynda gaty uly rol oýnaýar. Olar şahyryň çylşyrymly şahyrana dünýäsiniň iň bir täsin, özboluşly hem-de onuň poeziýasy hakdaky, asyl tutuş häzirkizaman türkmen poeziýasy hakdaky düşünjeleri bimöçber giňeldýän eserler bolup durýar. Ine, onuň «Towuk» diýen goşgusy: Serediň! Gözi ýok, okdurlyp barýar. Towuk janhowluna gassapdan sypyp Bu dünýäden kellesini agtarýar. Munuň özi hakyky sýurrealistik goşgudyr. Birinjiden, şahyryň kellesine gelen kartinanyň bada-bat kagyz ýüzüne geçirilmesi bolup durýar. Ikinjiden, onuň irrasionalistik mazmuny bar, sebäp onda logiki ideýa getirip boljak pikir ýöretme ýok. Üçünjiden, ol kartina biziň aňasty impulslarymyzy oýarýar. Ýöne sýurrealistik goşgynyň şahyrana manysyna düşünmek aňsat däl. Aňsat dälliginiň sebäbi onda şol manynyň ýoklugyndan ýa simwolistik çylşyrymlylygyndan däl-de, bir pursatlyk, bir salymlyk duýgynyň setirleriň arasynda gizlenip ýatanlygyndan, ony bolsa tüýs kalbyň taýýarlykly, amatly wagty «gapyp» bolýanlygyndandyr. Sýurrealizm – şahyryň subýektiw ideýalar dünýäsiniň täsirinden aman galan «sap» realizmdir, wakany ýa hadysany bolşy-bolşy ýaly şygra öwürmekdir, onsoň şahyrana mazmun şol wakanyň özünde ýaşaýar. Towuk hem ýumurtga obrazy bilen baglanyşykly ýene bir goşgy – «XX asyr»: Ýumurtga – ellips zemin. Ýaryldy-da daşa çykdy guş çaga. Düýşüňde dary gör Göwün ýüwürt-de. Asmanda – däne deý syrly ýyldyzlar, Ganat bolsa bekemändir uçmaga*. Adamzadyň XX asyrda ýeten derejesini, indi ýetmeli derejelerini, ymtylyşlaryny bary-ýogy bäş setirde berip bilen obrazly kartina! Çünki şol bäş setire ýumurtga, jüýje hem däne obrazlary arkaly zemin, adamzat hem ýyldyzlar ýaly kosmiki älem sygyp bilipdir. Sýurrealistik obrazlylygyň täsinligem şonda, ol ideýany gözlänok, ol ilkinji täsir, şahyryň kalbyny sarsdyran obrazy gyzgyny bilen kagyza geçirýär ol öz ideýa gyzgyny bilenem okyjynyň aňyna, has dogrusy, aň astyna barýar. Şeýle ýaşaýyş psihoanalitiki obrazlylyk mynasybetli amal bolýar. Şahyryň «Uky» goşgusyny alyp göreliň: Pallap, Gursagym howadan dolduryp kemsiz, Göýä suwa çümýän guwwaslar ýaly, Uka çümüp gidýän sessiz-selemsiz*. Şeýle obrazlylyk edil fiziki predmet ýaly endamyňa, duýgy organlaryňa täsir edip bilmek güýjüne eýe. Çünki ol edil şol organlaryň informasiýasy esasynda döredilen şygyrdyr. Goşgy beýniniň, ýüregiň deňinden aşak düşüp, duýgy organlarynyň, instinktleriň derejesindäki aňasty, tas fiziologiki syzgylary, dyglamalary, jümşüldileri beýan etmek ukybyna eýe bolýar. Şonuň üçinem munuň özi ýöne bir realizm däl, aşa realizmdir. Aşa realizm adam psihikasyna aşa güýçli, aşa ynjyk täsir edýär. Ol okyjynyň kalbyny ýylan gören ýaly düýrükdirýär, üstesine, sowuk suw guýlan ýaly, onuň endamyny jümşüldedýär. Ine, şahyryň «Rentgen» atly goşgusy: Rentgen suratym synlap Pikire çümdüm. Wagtyň çäginden aňyrda, Ýigrim birinji asyrda Gara gabyrda Agaryp ýatyrdy süňküm… Okyja ölüm duýgusy real predmet kimin gelip gidýär. Endamyň guruşýar. Çünki bir aňyň ýa kalbyň däl, endamyň her bir öýjügi ölümiň barlygyny, boljakdygyny, gutulgysyzdygyny syzyp gidýär. Sýurrealistik söz tas gipnotiki täsir edýär. Öýjüklerden, dokumalardan çykyp, ol täsir, ol ýowuz informasiýa aňa ýetýär. Onsoň wagtyň çäginden aňry, «gara gabyr, ak süňk» ýaly assosiasiýalar döreýär. Özüniň täsiri boýunça şeýle goşgular nusgawyanyň ölüm baradaky melanholik şygyrlaryny ýada salýar.Ýöne bu taýdaky umumylyk diňe täsir derejesine dahyllydyr, galan zatlarda – çeper formada hem obrazlaryň tebigaty meselesinde olaryň hersi biri-birine meňzemeýän aýry-aýry dünýälerdir. Şeýlelikde, çeper suratlandyryş usuly, obrazlaryň çeperçilik, estetiki tebigaty boýunça realizm hem sýurrealizm – ine, XX asyr türkmen poeziýamyzda dörän edebi ugurdyr. Olaryň döreýiş tendensiýalary daşky edebi aragatnaşyklar hem-de şahyrlaryň içki döredijilik-psihologik ösüşiniň logikasy bilen baglanyşyklydyr. Degişli tendensiýalaryň düýp manysyny, konkret ýüze çykmalaryny jikme-jik yzarlamak, olary teoretiki aňyň süzgüjinden geçirmek häzirki zaman türkmen poeziýasynyň has alyslardaky perspektiwalaryny dogry hem doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer. Muny amala aşyrmagyň bolsa örän uly ylmy zerurlygy hem ähmiýeti bar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |