08:59 Türkmen şygryýeti - türkmen ruhy-7: Edebi ugurlaryñ obrazlar ulgamynyñ özboluşlylygy -1. | |
Üçünji bölüm
Edebiýaty öwreniş
▶ EDEBI UGURLARYŇ OBRAZLAR ULGAMYNYŇ ÖZBOLUŞLYLYGY Şygyr söz sungatynyň özboluşly bir görnüşidir. Daşky dünýä barada pikir ýöredilende, dünýä predmetlere hem hadysalara bölünýär. Pikir ýöretmäniň şeýle usuly dünýäniň esasan iki görnüşde – wagt hem giňişlik görnüşinde ýaşaýanlygyndan gelip çykýar. Wagt bilen baglanyşyklylykda hadysa, giňişlik bilen baglanyşyklylykda bolsa predmet ýüze çykýar. Özem ol ikisiniň arasynda metafiziki däl-de, çuňňur dialektiki baglanyşyk bar: wagt predmetlerde ýaşaýar, hadysalar bolsa giňişlikde bolup geçýär. Çeper eseriň düýp tebigaty barasynda pikir ýöredilende, şol umumy filosofiki hakykatdan ugur almaly. Çeper, şol sanda şahyrana eser özbaşdak, bitewi we gutarnykly predmet bolup durýar. Ol daşky dünýäniň fiziki hem biologiki predmetlerinden adam ruhunyň önümidigi bilen tapawutlanýar, şonuň üçin ol ruhy predmetdir. Ruhy predmet bolan çeper eser, islendik başga bir janly zat ýaly, bitewi ulgam bolup durýar. Şol bitewi ulgamynyň iki tarapy – mazmun we görnüş elementleri hem-de onuň düýp özeninde ýatýan ulgam dörediji elementi bolýar. Islendik çeper eseriň ulgam dörediji elementi şahyryň şahsyýetidir: şahyryň şahsyýeti çeper eseriň mazmunynyň hem görnüşiniň esasy çeşmesidir. Biologik gurluşly jandaryň erkek hem aýal jynsynyň ýanaşmagyndan kemala gelşi ýaly, çeper eser şahyryň kalbynyň daşky dünýä bilen täsirleşmeginden döreýär. Durmuşyň şahyr kalbyna atan tohumyndan – pikir ýa duýgy görnüşindäki täsirinden çylşyrymly ruhy-psihiki prosesleriň netijesinde çeper eser dünýä inýär. Şahyr durmuşyň täsirine belli bir görnüşini berýär, onsoň şol görnüş duýgynyň ýa pikiriň ýaşaýyş usulyna öwrülýär. Şahyrana eseriň, ýagny şygryň ýaşaýyş usuly, görnüşi – poeziýa, mazmuny bolsa lirikadyr. «Sungat eseriniň» mazmunynyň esasy elementleri –– onuň temasy we ideýasydyr. Tema degişli eserde suratlandyrylýan we ölçerip-dökülýän durmuş hadysalaryny açyp görkezýär. Ideýa suratlandyrylýan hadysalaryň we durmuş gapma-garşylyklarynyň düýp manysyny, estetiki ideal pozisiýasyndan olaryň emosional-obrazly kesgitlemesini aňladýar, şeýdibem adamy bellibir estetiki, ahlak, syýasy netijelere itekleýär. Sungat eseriniň çeper görnüşi köpgyraňlydyr. Onuň esasy elementlerine sýužet, kompozisiýa, çeper dil, suratlandyrmagyň material serişdeleri (söz, rifma, ses intonasiýasy…) degişlidir*. Şygyrda liriki duýgudan we liriki pikirden emele gelen tema hem ideýa bolýar, şonuň üçinem şygryň mazmuny özüniň düýp manysy hem tebigaty boýunça liriki mazmundyr. Liriki mazmuny emele getirýän duýgy ýa pikir, umumylaşdyryp aýdanyňda – täsir örän intensiw bolýar, wagt taýdan uzaga çekmeýär, göwrüm taýdan kiçi bolýar, şonuň üçinem şeýle intensiw täsir özüne laýyk, özüne kybap işjeň görnüşde – ritmden, rifmadan, setirlerden ybarat poeziýa görnüşinde ýüze çykýar. Poeziýanyň sungatyň dili hökmündäki gudraty onuň iň ujypsyz zady – duýgyny-da ulgamlaşdyryp bilýänliginde ýüze çykýar. Beýik rus şahyry Boris Pasternak: «Poeziýa gök otlaryň arasynda ýaşaýar» diýipdir. Şeýle meňzetmäni biraz üýtgedip, poeziýanyň, has dogrusy, onuň anyk ýaşaýyş usuly bolan «şygryň özi gök ot ýa-da gyzyl gül» diýip, Ahmet Bekmyradow tekrarlamagy gowy görerdi. Gök ot ýa-da gyzyl gül göwrümi boýunça daragtlaryň ondan, ýüzden biri ýalydyr. Emma ol edil şol daragtlar ýaly ýaşaýyş, gözellik ukybyna eýedir, çünki ol daragtyň gül ýa ot ululygynda ýolnup alnan bölegi ýaly, jansyz däl-de, tutuş daragtyň özi ýaly, janlylyk ukybyna eýedir. Ylmy dilde aýdanyňda bolsa, ol edil daragt ýaly bitewi hem gutarnykly, giden bir ulgamdyr. Ýöne başgaça gurnalan, özge logikasy bolan ulgamdyr. Şonuň üçinem biologik gymmat babatynda olaryň ikisi-de des-deňdir. Diýmek, liriki mazmun ritmde, rifmada hem şahyrana setirlerde hasyl bolup bilýär. Epiki mazmun bolsa şol elementleriň içine sygmaýanlygy üçin has giň görnüşi – prozany talap edýär. Epiki mazmun poeziýanyň «derisine» sygmaýar. Şeýlelikde, şygyr mazmun hem görnüş, daşky hem içki elementleriň ulgamy bolup, şol ulgamyň merkezinde şahyryň şahsyýeti, onuň kalbynda dörän liriki heserlenmesi durýar. Liriki heserlenme awtoryň zehininiň tebigatyna laýyklykda, ýuwaş-ýuwaşdan ösüp-özgerip, giden bir ulgama – şygra geçip gidýär. Şahyrana eseriň döreýiş prosesi dogrusynda beýik rus tankytçysy W. G. Belinskiý şeýle pikir ýöredýär: «Enäniň çagany öz göwresinde göterip gezişi ýaly, şahyr öz kalbynda şahyrana pikiriň dänejigini göterip gezýär: döredijilik prosesi çaga dogurmak prosesine meňzeşdir hem-de bu fiziki akt, elbetde, ruhy güzaplardan halas däldir*. Şahyryň şahsyýeti ulgam dörediji faktordyr. Şonuň üçinem şahyryň zehininiň tebigatyna laýyk, özboluşly çeper ulgam kemala gelýär. Hut şonuň üçinem okyjy şygryň özboluşlylygyndan şahyr zehininiň aýratynlygyny aňlaýar. Zehin – özen, şygyr bolsa şol özeniň ýüze çykmasy, reallaşdyrylmagy bolup durýar. Daşky dünýäniň predmetiniň, onuň täsiriniň hem-de olaryň obraza geçişiniň dialektikasy şahryryň zehin aýratynlygynyň nazarýetinden örän wajyp meseledir. Obraz, belli bolşy ýaly, sungatda, şol sanda şygyr sungatynda esasy kategoriýadyr. Şonsuz hiç hili poeziýa ýokdur. Poeziýanyň sungat hökmündäki gymmatyny aňladýan liriki obraz kämillik derejesine ýeten, poeziýada öz şahyrana ýoluny – akymyny, ugruny tapan şahyrda özboluşly dörediliş bilen tapawutlanýar. Munuň özi, döwrümiziň uly şahyrlary G. Ezizowdyr N. Rejebow babatynda-da şeýledir. Olaryň şu meseledäki aratapawudy – özboluşlylygy has uly meselelerdäki originallygynyň başlangyjydyr. Nobatguly Rejebow predmeti ýa hadysany däl-de, olaryň döreden täsirini obraza geçirýär. Şonuň üçinem onuň şygrynda hemişe täsiriň, duýgynyň obrazy esasy orunda durýar. Has dogrusy, onuň döreden şahyrana obrazynyň düzüminde esasy orun duýga, täsire degişlidir. Bu ýerde duýgy predmeti amal edýär. Häzire çenli çeper, şol sanda edebi eserleriň «çeperçilik» diýilýän atributyna kesgitleme bermäge synanyşan adamlaryň köpüsi şowsuzlyga uçrady. Muňa garamazdan, dürli pikirleriň içinde meseläni belli bir derejede aýdyňlaşdyrýan, «çeperçilik» diýilýän hadysanyň, bolmanda, ýekeje pursadyny tutup bilýän, onuň belli bir tarapyny aýdyňlaşdyrýan ideýalar hem bar. Men F. M. Dostoýewskiniň degişli meseledäki garaýşyny göz öňünde tutýaryn. Ol şeýel ýazypdyr: «Sungat eserindäki çeperçilige nädip akyl ýetirilýär? Çeper ideýanyň öz görnüşine kybaplylygyny görmek esasynda akyl ýetirilýär. Has düşnükliräk aýdalyň: aýdaly, romanyň çeperçiligi ýazyjynyň öz pikirini romanyň şahslarynda we obrazlarynda şeýlebir düşnükli beýan etmegindedir, onsoň romany okan okyjy ýazyjynyň pikirine onuň öz eserini döredip oturandaky ýaly şeýle aýdyň düşünmelidir»*. Ýazyjynyň öz genisinden syzdyryp aýdan pikirini has ýönekeý beýan edeniňde: çeperçilik – obrazyň mazmun-forma kybapdaşlygydyr. Çeper mazmunyň çeper ideýa bilen kybapdaşlygyndan çeperçilik emele gelýär. Güýz temasy häzirkizaman türkmen poeziýasynda esasy temalaryň birine öwrüldi. Şahyr Nobatguly Rejebowyň «Güýz» şygry-da tebigatyň bu pasly bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Ine, şygryň iki bendi: Güýzde meni horlamaýar ýekelik, Güýz bilen birlik bar meniň ganymda. Ol oglankam köýen söýgim deý gelip Ses-sedasyz çökýär meniň gaşymda. Güýzüm gider, geler ýene täzeden, Diýmek, geregi ýok gama batmagyň. A men ne ýaşlygy, Ne köýen yşky… Men diňe täzeläp bilýän hasratym*. Goşgynyň pafosy – pynhan, intim hasrat. Onuň liriki mazmunyndaky hasrat birnäçe simwolik obrazlarda – güýzüň hem ýüregiň üsti bilen açylyp görkezilýär. Güýz – magşuk gyz, ýürek – al alma görnüşinde janlandyrylýar. Eserde güýz däl-de, güýzüň şahyryň kalbyna edýän täsiri, güýzüň onuň ýüreginde oýarýan duýgulary esasy zatdyr, liriki mazmuny kesgitleýji elementlerdir. Diýmek, bu ýerde-de biz öňki kanunalaýyklygy görýäris. Hadysa (güýz) duýgular babatda ikinji pozisiýada durýar, duýgular bolsa «magşuk gyz» hem «alma» obrazyna girip, owsun atýarlar, şahyryň kalbyna sygmaýarlar. Güýzüň, has dogrusy, onuň döredýän duýgularynyň degişli obraza girmegi ýöne ýere däl. Güýz – aýralyk pasly. Onsoň şahyr şol möwsümde özüniň söýgi aýralygyny ýatlaýar. Güýz onuň ömründäki aýralygy, hasraty ýatlamaga, kalbyň teýinden hasrat duýgularynyň owsun atyp çykmagyna bahana bolýar. Ýürek awaýar. Näzik hem ter, süýjümtik awaýan ýürek öz hasratyny solgun sähradaky imisalalyga geçirýär, onsoň, olam janlanyp, sessiz aglap başlaýar. Şeýlelikde, şygryň içki pafosyny – söýgi hijrany, üstki mazmunyň – hijranyň güýz bile sepleşip gitmeginden dörän gyz, ýürek hem solgun sähra obrazlary tutýar. Şonuň üçinem «Güýz» sözüň dar manysyndaky liriki goşgudyr. Degişli žanr aýratynlygy romantiki we simwoliki obrazlaryň tebigaty tarapyndan kesgitlenilýär, olar şygryň edebi ugrunam «romantizm» diýip kesgitleýär. Şahyrlyk şahsyýeti poeziýada esasy meseleleriň biridir. Şahyr hökmünde şahsyýet derejesine ýetmek – munuň özi «poeziýada öz edebi ugruňy tapmak, özboluşly kanunalaýyklyklary bolan edebi akymy döredip bilmek» diýmekdir. Degişli problemanyň zerurlygy barasynda meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesow öz wagtynda şeýle ýazyp gidipdir: «Biz ähli poeziýa ýygnanyşyklarymyzda, seminarlarymyzda, plenumlarymyzda, gurultaýlarymyzda Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Italmaz Nuryýewiň, Halyl Kulyýewiň, soňky döwürlerde bolsa Baýram Jütdiýewiň atlaryny köp agzaýarys. Şolaryň atlarynyň köp agzalýanlygy hakynda igenjem eşidýäris. Emma weli şol igençleriň awtorlary bir zady ýatdan çykarýarlar, ýokarda atlary agzalan şahyrlar özleriniň poeziýasynyň diňe bir originallygyndan daşgary-da, her haýsy öz liriki gahrymanynyň häsiýet bitewüligini gazanmagyň ýolunda. Bu bolsa hele-hüle zat däl. Sebäbi liriki gahrymanyň bitewüligini gazanmak üçin, ilki bilen şahyryň şahsyýet bitewüligi gerek»*. Liriki gahrymanyň häsiýet bitewüliginiň şahyryň poeziýada öz ýol-ýodasyny, edebi ugruny tapmak işinde nähili zerurlygynyň bardygy barasynda oýlanyp, meşhur şahyr şeýle ýazýar: «Häsiýet bitewüligi – bu ullakan zat. «Biziň liriki gahrymanlarymyzda näme ýetmezçilik edýär?» diýip sorasalar, men ilki bilen häsiýet bitewüliginiň ýetmeýänligi hakynda aýdardym. Bu, esasanam, biziň ýigrimi bäş-otuz ýaşlylar poeziýamyza degişli. Liriki gahryman hemme zat hakynda (adam, ýer, asman, Watan, uruş, patahatçylyk, dag, gum, baýyr, gül, bilbil…) gürrüň edýär, oýlanmalara gark bolýar, çuňňur manyly sözlerem aýdýar. Ol goşgulary aýry-aýrylykda höwes edip okaýarsyňam. «Gazetde gowy goşgularyň çykypdyr» diýip awtorlaryň ellerinem gysýarsyň, emma awtoryň elli-altmyş goşgusyny ençeme gün iş edinip toplumlaýyn okasaň – onuň gahrymanynyň häsiýetinde dagynyklyk duýulýar, bitewi bir häsiýet bolup, ör-boýuna galyp bilmeýär»*. Liriki gahrymanyň häsiýet bitewüligi şahyryň kämilliginiň ilkinji görkezijisi bolmaly. Awtor öz şahsyýetini lirikasyna näçe doly hem töwerekleýin geçirdigiçe, onuň poeziýasy-da şonça mazmunly, çuňňur hem täsirli bolýar. Munuň özi prozaçynyň durmuşdaky adam häsiýetlerini tipleşdirip, bitewi hem töwerekleýin suratlandyryp bilşi ýalydyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, lirigiň hem prozaçynyň ussatlyk derejesiniň ölçegleri durmuşy adam häsiýetlerinde has aýdyň beýan edip bilşinden gelip çykýar. Liriki gahrymanyň şahyrana şahsyýet («şahyrana şahsyýet» düşünjesini zehinli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow edebiýaty öwreniş ylmynda ilkinji gezek «Lirikada şahyrana şahsyýet» atly monografiýasynda ylmy dolanyşyga girizdi) hökmünde ýüze çykmasy iki faktor bilen: awtoryň şahyrlyk zandynyň barlygy we onuň şol zandy poeziýa geçirmek üçin çekýän güzaply zähmeti bilen baglanyşyklydyr. Awtoryň psihologik ýasawy, onuň şahsyýeti döredijilik adamsynyňky ýaly baý hem çuňňur bolmalydyr, tebigat tarapyndan şahyr dörediji diýip ýaradylan bolmalydyr. Owadan hem hoşboý ysly gülleriň tohumynyň bir başga bolşy ýaly, şahyryň naturasy hili boýunça düýpgöter tapawutly bolmalydyr. «Şeýlelikde, şahyryň döredijilik işiniň gözbaşy onuň şahsyýetinde ýüze çykýan ruhudyr, onuň eserleriniň ruhunyň hem häsiýetiniň ilkinji düşündirişini-de onuň şahsyýetinden gözlemelidir… Birinjiden, öňýeten goşgy ýazýan öz şahsyýetini beýan edýän däldir; ony diňe şahyr bolup doglan beýan edýär; ikinjiden, «öňýeten» däl-de, diňe görnükli şahsyýet öwrenilerine mynasypdyr; üçünjiden, öňýeten adam şahsyýet däldir; gaýta, köp adamlar öz şahsyýetsizligi zerarly, ýaramaz düşürilen surata meňzeýär, munda bolsa, näçe jan etseňem, agajy ot üýşmeginden, aty öýden, töňňäni bolsa adamdan tapawutlandyrmak hyllalladyr» diýip, beýik rus tankytçysy W.Belinskiý degişli netijelere gelýär. Şonuň üçinem liriki gahrymanyň bitewi obrazy, onuň häsiýetiniň, pikirleniş manerasynyň indiwiduallygy ilkinji seljermeli elementlerdir. Likiri «men» hakdaky teoretiki düzgünleri gysgaça beýan etmezden hem degişli şahyrana şahsyýetleriň özboluşlylygyny eserleri üzre ýüze çykarmazdan öňinçä, möhüm bellikleri etmek gerek. Ylymda köplenç liriki gahryman hem liriki «men» absolýut bir zatdyr öýdülýär. Emma ylaýta-da häzir poeziýanyň çeperçilik taýdan çylşyrymly ýaşaýşyny göz öňünde tutanyňda, ol ikisiniň bir zat däldigini, obrazlar ulgamynyň köpdürlüligi hem çylşyrymlylygy babatda, lirikanyň epikadan asla gaýra durmaýandygyny görüp galýarsyň. Lirika dürli obrazlar ulgamyna baý bolup, liriki «men» şol ulgamyň merkezinde duran obrazlaryň diňe biridir, ol liriki obrazlaryň diňe birje tipi ýa-da görnüşidir, liriki gahrymanyň awtorlyk şahsyýeti bilen kybaplaşýan bir görnüşidir. Lirikada, onda-da häzirki zamanyň çeperçilik taýdan ösen, ideýa, psihologik taýdan çylşyrymlaşan lirikasynda, mahal-mahal beýleki edebi kysymlaryň – dramadyr eposyň mümkinçiliklerini özüne siňdirýän lirikada liriki obrazlaryň hil taýdan başga görnüşleri hem bar. Onda liriki «menden» başga liriki «sen» hem, liriki «ol» hem ýaşap ýör. Ýöne eger liriki «men» şahyryň öz şahsyýetiniň çeper obrazy bolsa, onda liriki «sendir» liriki «ol» awtoryň beýleki şahsyýetleriň lirikada, şol lirika mahsus metodlar hem usullar bilen döreden obrazlarydyr. Dogry, adatça «sen» dramada, «ol» eposda hereket edýär. Emma lirikada olar liriki şahs, dörediş stili, metody, obrazlylygyň tipi boýunça hut liriki gahryman, liriki obraz bolup öňe çykýarlar. Şonuň üçinem N.Rejebowyň poeziýasyndaky liriki obrazlaryň ulgamyny degişli suratda ýüze çykarmakçy. Liriki gahrymanlary «men», «sen», «ol» diýip tiplere bölmegiň lirikanyň tebigatyndan gelip çykýan sebäbi bar. Bu ýerde hemme zat şahsyýete dahylly, liriki «men» bolsa bar zady öz subýektiw barlygyna görä, degişlilik kategoriýasyna laýyklykda «maňa», «saňa» we «oňa» bölýär, bar zada şahsy aňynyň möhürini basýar, bar zady hususyýetleşdirýär, şahsyýetleşdirýär. Diýmek, liriki «men» islendik liriki poeziýanyň özeni, ol liriki obrazlar ulgamynda merkezi obraz bolup durýar. Liriki «men» – lirikada şahyryň obrazydyr, awtorlyk aňyny açyp görkezmegiň bir usulydyr. Liriki «men» awtoryň çeper «ekiztaýydyr», ol psihologiki indiwiduallyga, şahsy ykbala eýe bolan şahsyýetdir. Liriki «men» bilen awtoryň arasyndaky mynasybet köplenç edebi-çeper obraz bilen onuň durmuş prototipiniň arasyndaky mynasybet şekilinde göz öňüne getirilýär. Şeýle-de bolsa liriki «men» şu tarapdanam epiki obrazdan düýpli tapawutlanýar. Eger eposyň awtory belli bir gahrymanyň prototipini durmuşdan alaga-da, ony dürli adam häsiýetlerini jemlemek netijesinde tipleşdirýän bolsa, şahyr liriki «mende» esasan öz şahsyýetine mahsus häsiýetleri jemleýär. Epiki awtor gahrymanlaryny obýektiw şahsyýetler hökmünde suratlandyrýar, şahyr bolsa liriki «mende» öz subýektiw dünýäsini çeperçilik taýdan umumylaşdyrýar. Lirikanyň, liriki «meniň» şu hili düýpli aýratynlygy hakynda B.Pasternak W.Maýakowskiý bilen baglanyşyklylykda şeýle ýazýar: «Sungat tragediýa diýip atlandyrylýardy. Ol şeýle-de atlandyrylmalydyr. Tragediýanyň ady «Wladimir Maýakowskidi». Eseriň ady şahyr lirikanyň awtory däl-de, eýsem lirikanyň birinji şahsyň adyndan dünýä ýüzlenýän predmetidir diýen genial sada açyşy özünde gizläp saklaýardy. Eseriň ady döredijiiniň ady däl-de, mazmunyň familiýasy bolup durýardy».* Şeýlelikde, liriki «men» lirikanyň awtory däl-de, onuň predmeti, subýekti däl-de, obýektidir. Şu manyda şahyr ömür özüni paş ediji şahsyýetdir. Şahyrlyk içki duýgularyň içiňe sygman, daşyňa böwsüp çykmagy, ile ýaýylmagydyr. Içki dünýäňde bolup geçýän ruhy-psihologik ahwalatlar goşgy setirlerine öwrülip gidýär. Beýik türkmen şahyry Seýit Nesiminiň sözlerini sadalaşdyryp aýdanyňda, iki dünýä – şahyryň içki dünýäsine hem daşky real dünýä sygmadyk joşgun üçünji bir dünýä – şahyrana eser bolup döreýär. Tebigy hem ruhy-psihologik giňişligiň utgaşygyndan, nikasyndan älemiň üçünji ölçegi – çeper giňişlik kemala gelýär. Şol giňişligiň merkezinde bolsa şahyryň liriki «meni» durýar. Çeper dünýäniň kemala gelmegi, täze eseriň döremegi ylhamyň joşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ylham, ylhamyň joşmagy ylmyň «döredijilik psihologiýasy» diýilýän pudagynyň esasy hem möhüm problemalaryndandyr. Dörediji adamyň ruhy, psihologik dünýäsinde bolup geçýän çylşyrymly hadysany aňladýan bu düşünjä bellibir kesgitleme beräýmek juda kyn. Ýöne şonsuz çeper eseriň döremeýänligi, asyl diňe bir çeper eser däl, adamyň islendik ruhy döredijilik işiniň mümkin däldigi weli aýandyr. Ylhamsyz dörän eser öli doglan jandar mysalydyr. Ruhy dünýäsinde durmuşyň täsiri astynda döräp, topraga düşen tohum kimin wagtyň geçmegi bilen, zerur şertleriň döremegi bilen şineleýän täsirleriň ýok wagty şahyr özüne zor salanda-da, hiç bir zat döredip bilmez. Bellibir kesgitleme bermek kynam bolsa, ylhamyň nämedigini bir sözlemde, garaz, özüçe kesgitläp bilen beýik adamlar sungatyň taryhynda bolupdyr. Şolaryň birem beýik rus şahyry A.S.Puşkindir. Onuň şeýle pikiri bar: «Ylham kalbyň täsirleri janlylygyna kabul etmäge, netijede, düşünjelere derrew akyl ýetirmäge, şeýdibem, olaryň manysyny açyp görkezmäge taýýarlygydyr. Ylham poeziýada-da geometriýadaky ýaly zerurdyr. Tankytçy hyjuwy ylham bile gatyşdyrýar. Däl, asla däl. Hyjuw rahatlygy, gözelligiň hökmany şertini bilmeýär. Hyjuw geldi-geçer, üzlem-saplamdyr, şonuň üçinem hakyky beýik kämilligi amal ederden ejizdir – (munsuz bolsa liriki poeziýa mümkin däldir)… o-da pes derejedäki zatdyr – epos-a beýlede dursun, tragediýa, poema, komediýa, satira barha köp döredijiligi, aňlylygy – tebigatdan genial baş çykarmagy talap edýärler».* Ýazyjy Akmyrat Şirowyň köp tekrarlaýan sözleri ýadymda galypdyr: «Ylham öýkelek magşuk gyzyňa meňzeýär. Wah, öýkelek gyzyň göwnüni tapyp bolýar. Ýöne ylhamyň göwnüni tapmak welin, güzäp. Ylhamyň göwnüni tapyp getireňsoň welin, onuň berýän lezzetini, keýpini öýkelek ýaryň hem, her hili keýpi-sapa hem berip bilmez. Dünýädäki iň süýji lezzet – ylham». Şu ýerde B.Hudaýnazarowyň sözlerini ýatlaýyn: «Sen-men ýok, birden hiňlenip başlan adamy görüpmidiňiz? Şol hiňlenme ýüregiň birhili galkynmasyndan ýaňa ýüze çykýar. Bu – baharda daragtlaryň pyntyk ýaryşy ýaly bir ýagdaý. Ine, şu ýagdaý seniň galama ýapyşmagyňa sebäp bolup biler… Içiňde saklap bolmaýan duýgy bar, ol duýga «ylham» diýilýär. Goşgy – ylhamyň perzendi». Ylhamlanmak – jomart zehiniň, hyjuwlanmak – körzehiniň paýydyr. Ylhamyň netijesi – çeper eseriň pafosydyr, has dogrusy, pafoslylygydyr. Pafos – eseriň diriligidir. Çeper eser biziň duýgularymyza, akylymyza täsir edýär, munuň sebäbi bolsa onda pafosyň, diriligiň barlygydyr. W.G.Belinskiý pafosly eseri nurana ýüze, pafossyzy bolsa öli ýüze meňzedýär. Olaryň daşky tapawudy az, içki taýdan alanyňda bolsa, olar bir-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Aýry-aýry şygyrlaryň öz pafosy bolşy ýaly, tutuş döredijiligiňem özüne häsiýetli pafosy bolýar. Diňe hakyky şahyrlaryň döredijilik pafosy bolýar, çünki iki-ýeke şowly setirler, hatda goşgular zehini gowşaklarda-da bolup biler. Ulgam bolup durýan döredijiligiň pafosy diňe zehinlere mahsus zatdyr. Döredijilik bitewüligi, ulgamlylygy bolsa ilki bilen liriki gahrymanyň häsiýet bitewüliginde ýüze çykýar. Häsiýet bitewüligi esasynda edebiýatçy haýsydyr bir şahyryň döredijilik özboluşlylygy, onuň hususy keşbi, şahyrana ýoly barada gürrüň edip biler. * * * dowamy bar.. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |