00:59 Türkmen şygryýeti - türkmen ruhy -8: Edebi ugurlaryñ obrazlar ulgamynyñ özboluşlylygy -2/ dowamy | |
G. Ezizowyň edebi ugrunyň – şahyrana ýolunyň edebi-taryhy kontekstdäki manysyna düşünmek üçin, onuň döredijiliginiň esasy obrazlar ulgamyna ser salmaly bolsa gerek. Men öz gürrüňimiz wezipeleri, maksady bilen baglanyşyklylykda şahyryň lirikasyndaky güýz motiwini, toprak motiwini we sungat motiwini, olaryň aspektlerini tapawutlandyryp görkezmek isleýärin.
Edebiýaty öwreniş
Güýz – G. Ezizowyň poeziýasy arkaly biziň duýgularymyzyň inçeleşmegi hem tebigylaşmagydyr. Güýz motiwi arkaly G. Ezizow XX asyr türkmen poeziýasyna ölüm duýgusyny getirdi, ondan öň bolsa ölüm poeziýada düşünje hökmünde ýaşaýardy. Aslynda, giňden alanyňda-da, şahyr türkmen şygryny indiwidual kalbyň jümmüşinden çykýan inçe, sosial derdeserlere bulaşmadyk duýgularyň diline öwürdi. G. Ezizowyň poeziýasynyň täsiri bilen «k a l p» sözi türkmen dilinde iň ýörgünli sözleriň, iň manyly düşünjeleriň birine öwrüldi. Kalp – munuň özi sosial däl-de, duýgy indiwidini aňladýardy. Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn, Durnalaryň setirinde okaýan. Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly Çygly ota kükregimi oýkaýan. Bag astynda göge garap ýatyryn, Düşek edip ýaş maýsaly topragy. Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn Men – dünýäniň daragtynyň ýapragy. Unudýan ölümi. Unudýan bada. Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän. Baky tebigatda, Baky dünýäde Özümi gül, toprak maýsadyr öýdýän!* Durna, çygly ot, ýaş maýsa, gök ýuwa, ýaprak, gül… – şahyryň tebigatdaky ählumumy sazlaşygy kalbynda göterip bilýändigini häsiýetlendirýän predmetlerdi. Gurbannazar Ezizow tebigaty bakylyk hökmünde açdy. Onuň liriki gahrymanynyň mysalynda türkmen adamy özüniň geçen asyrlardaky ýaly, Absolýut ruhuň bölegi we Pelegiň gurbany, XX asyryň geçen döwründäki ýaly jemgyýetiň bölegi däl-de, Tebigatyň absolýut täze dünýäni duýşudy. Tebigat Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynda liriki gahryman derejesine ýetdi. Şahyryň şeýle filosofiýasy onuň estetikasyna geçip, özboluşly poetiki tärleri döretdi: Öz guşlary, oty, şemaly bilen Öz ene dilinde gepledi zemin. Ýa-da: Bu ukusyz gijäniň Ýellenipdir gözleri. Dil – zemin, gije – göz ýaly ruhy hem material närseleriň täsin sepleşiginden döreýän obrazlar şahyryň zehininiň ruh bile materianyň garşylykly çäklerini sazlaşyga öwürmegi başarandygyny, ol ikisiniň arasyndaky çägi böwsüp bilendigini görkezýärdi. Adam motiwi-de ýokarky obrazlar bilen baglanyşyklydy. Söýgi, Watan, toprak, ömür, ölüm indiwidiň gündelik reallygyndan daşdaky abstraksiýa bolman, onuň barlygynyň elementleri hökmünde göz öňüne gelýärdi. Adam ömrüniň gymmaty hem lezzeti ähli närseleriň adam üçin ýaşaýanlygynda görünýär. Watan onuň liriki gahrymany üçin ideologiki däl-de, ruhy-ahlak düşünjedir, has dogrusy, duýgudyr. Hawa, ol Watan barada pelsepe otaranok, dabaraly waspnamalar aýdanok, ol Watany, onuň mährini onki süňňi bilen syzýar hem-de şol duýgyny okyja geçirmegi örän gowy başarýar: Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim, Tapanymam seň goýnuňda tapdym men. Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim, Onuň ähli peslik, şatlygy bilen. Ýa-da: Erbet bor bu baglar geçse deňiňden, Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa. Bagy ikiýana bulanda tupan Zerur çygy gül ýüzüňe degmese. Tebigat, adam motiwleri şahyryň döredijiliginde organiki sepleşip, biri-birine ýazyp, biri-birini transformirläp gelýär. G. Ezizow adam duýgusyny tebigatyň fonuna geçirdi, onsoň ynsan duýgularynyň terligi hem tebigy gözelligi açyldy. Ol tebigaty gutarnykly allegoriki adamlaşdyrmady. Ýok, onuň poeziýasyndaky tebigat motiwleri mundan has çuňňur estetiki mana eýedir: ol tebigaty adam barlygynyň substansiýasy hökmünde şahyrana suratlandyrdy. Bu bolsa adam köňlüniň tebigatyna mahsus öň görlüp-eşidilmedik inçe, näzik hakykatlary açdy. Köňlüň hem paýhasyň dialektiki arabaglanyşygy, öz gezeginde, şahyryň esasy döredijilik motiwleriniň çuňňur pelsepä, näzik, hasratly filosofiýa ýugrulmagyna getirdi. G. Ezizowyň poeziýasyndaky üçünji esasy motiw – sungat motiwi şol poeziýanyň ýeten çeperçilik belentligi bilen baglanyşyklydyr. Ol motiw beýik poeziýanyň öz-özüne akyl ýetirmesi, öz ynsanperwerlik, jemgyýetçilik borçlaryny aňlamasy bolup durýardy. XX asyr türkmen poeziýasynda G. Ezizowdan öň sungatyň manysyna, estetiki funksiýalaryna, ähmiýetine şeýle düýpli düşünen şahyr bolmandy. Ol iş ýüzünde poeziýany sungat derejesine ýetirmek bilen, sungaty adam ruhunyň iň esasy, ajaýyp ählumumy ukyplarynyň biri, adam ruhuny kämilleşdiriji, gözelleşdiriji, adam ruhunyň bakylyk ugrundaky iň esasy serişdeleriniň biri hökmünde aňlaýardy. Hawa, G. Ezizow XX asyr türkmen poeziýasynda ilkinji bolup akylly-başly, düşünjelilik bilen şahyrana işlenen sungat filosofiýasyny berdi. Bu sada hakykata akyl ýetirmek üçin «Pikir derýasynda akyl gämisi» poemasyny ýa-da aşakdaky ýaly pelsepä öwrülip giden setirleri ünsli okamak ýeterlikdir: Şahyr däldir ulus-ili güýmänler, Adamlary özgerdýänler şahyrdyr. Gurbannazar Ezizowyň şygyr mekdebiniň şeýle çuňňur estetiki esaslary hem belentlikleri bardy. Onsoň şeýle düýpli ruhy hadysanyň türkmen poeziýasynyň tüýsüni üýtgetmezligi asla mümkin däldi. Deň-duşlary şahyryň mekdebiniň ýazylmadyk düzgünlerini alyp göterdiler, ýaşlar ol mekdebiň okuwçysy boldular, ýaşulular – eger wagtdan yza galmak islemeseler – şol mekdebiň ýazylmadyk kanunlary boýunça döredip başladylar. Gurbannazar Ezizow türkmen poeziýasynda realistik däpleri täze bir derejä galdyrdy. Realizmiň estetikasynyň iň esasy aýratynlygy – durmuşyň iň bir adaty zatlarynda hem hadysalarynda gözelligi hem hakyky ruhy ýaşaýşy görmek, olaryň içki manysyny açyp görkezmek. Dünýäni realistik duýýan liriki gahryman – taryhy durmuşyň jümmüşinde ýaşaýan, ýaşaýşyň anyk kanunalaýyklaryny özüniň hususy ýaşaýşy bilen dialektiki utgaşdyryp, aňladyp bilýän gahryman. G. Ezizowyň realistik gahrymany XX asyryň ortalaryndaky türkmen durmuşynyň obýektiw barlygyny öz hususylygynyň üsti bilen açyp görkezýän gahryman. Şu nukdaýnazardan şahyryň bir goşgusynda lirikasynyň realizmi öz esasy taraplaryny gowy bildirýär: Boldy. Besdir. Hol deräniň göwsünde Özüme ümsümje çadyr guraýyn. Säher-säher agras şemal öwsende Ýadan ýüregimi şoňa gereýin.* «Ümsümje çadyr» – şahyryň poetiki dilinde durmuşyň merkezinden çete çekilmegi, öz hususy durmuşyň iň bir hususy formalaryna geçmegi, obýektiw barlykdan ara üzmegi aňladýan kiçijik obraz bolup durýar. Şäherde ýaşaýan adamlaryň galabasynyň arzuwy şäheriň köçelerindäki maşynlaryň gürrüldilerinden daşlaşyp, ümsüm dynç almak. Şäherlä käte şäherden daşlaşyp dynç almakdan lezzetli zat ýok ýaly bolup görünýär. Oňa esasy ýetmeýän zat – ümsümlik, dynç almak. Howlukmaýyn, Söz bermäýin hiç kime. Öýüm çetde – hiç bir zady bilmäýin. Düme oýlanaýyn, Ýaşaýyn düme Gaty aglamaýyn, Gaty gülmäýin*. Şahyryň estetiki dili kemala gelipdir. Şu şygryň söz düşegini şol özboluşly dünýä görşi alamatlandyrýan aňlatmalar tutýar. Howlukmak, gaty aglamak, gaty gülmek –– munuň özi ýaşaýşyň merkezinde bolmak, taryhy ýaşaýşyň obýektiw formasy bolan halk, il bilen arabaglanyşykda bolmak diýmekdir. Gepiň gerdişine görä aýtsak, «il» motiwi şahyryň realistik poeziýasyndaky esasy motiwleriň biridir. Bu XX asyr poezýamyzyň 50-nji ýyllaryndaky ýa ondan öňki döwürlerindäki real-estetiki mazmuny bolmadyk deklaratiw düşünje däl. G. Ezizowyň poeziýa gelmegi bilen şeýle düşünjeler real gumanistik beden barlygyna eýe boldy, boş shemalar janly ýaşaýşa geçdi. Şu şygryň içki konfliktine syn ediň – konflikt bolsa realistik çeper pikirlenmäniň esasy elementleriniň biridir, sebäbi onda durmuşy realistik suratlandyrmanyň, ösüşde görkezmäniň özeni dialektiki gapma-garşylyk saklanýar – durmuşdan gaçmak meýli bile durmuşyň içine özüňi urmak meýli düzýär. Şygryň baş estetiki aýratynlygy, estetiki gymmaty şol içki konfliktinden, dartgynlykdan gelip çykýar. Ine, liriki gahrymanyň ýaşaýşy, içki dünýäsi: «Arma!» diýýän işe gümra daýhana, Ýyndam otlulara elim bulaýan. Şeýdip ýaşap ýörün Il bilen deň çapyp ýyndam atymy*. G. Ezizowyň realistik obrazy dilinde bu aňlatmalaryň bary onuň durmuşy realistik prinsiplerde suratlandyrýandygynyň alamatydyr. Liriki gahrymanyň ýaşaýyş obrazy awtoryň durmuşa gatnaşyk, estetiki suratlandyryş prinsipine öwrülýär. Dialektiki gapma-garşylygyň ikinji bir tarapy hakynda. Şahyryň gürrüňi edilýän goşgusynda onyň çeperçilik tapyndysy bolan «düme ýaşamak, düme oýlanmak» diýen jümleler bar. Şu ýerde biz çeper sözüň real durmuşyň kanunalaýyklaryny juda gysby, umumylaşdyryjy häsiýetde aňladyp bilşini görýäris. Şeýle ukyp diňe şahyryň ýaşaýşyň düýpli dialektiki ýüze çykmasyny tutup bilen pursatynda kemala gelýär. Türkmenlerde ekerançylygyň iki görnüşi – suwarymly ekerançylyk hem-de düme ekerançylyk bolupdyr. Birinjiden tapawutlylykda ikinji ekerançylykda hasyly uzak idegsiz almak göz öňünde tutulýar. Hasyl üçin üýtgeşik zähmet sarp edilmeýär. Has umumylaşdyryp aýdanyňda, munuň özi az döredijilikli zähmet. Durmuşda döredijiliksizlik – adamyň esasy figura, esasy hereketlendiriji güýç däldigini alamatlandyrýar. Estetiki prinsip hökmünde bolsa realizm ýaşaýşyň ösüş prosesinde adamyň merkezi orna geçmegidir. Adam durmuşyň akymyna gidenok-da, onuň özi şol durmuşy döredýär. Şonuň üçinem dünýä realistik çemeleşişi baş döredijilik prinsipine öwren şahyra «gaçgak» ýaşaýjynyň ruhy hususyýeti, aýdaly, gussa däl-de, «gussajyk» (gussajygmy ulus-ile sözläýin) bolup görünýär, gaçmak pikiri «toprakda nem ýetmez hyýal» bolup görünýär. Şygryň konfliktiniň bir tarapyny tutýan şeýle oýlanylmaýan pelsepe bolsa iň soňunda «misli düýş ýaly çadyr rowaýaty» (!) hökmünde görkezilýär. «Çadyr», «şäher merkezi», «hyýaly rowaýat», «ile haýyr berjek zerur sözleriň yzynda selpemek» – ine, şahyryň inkär-u-ykrar edýän zatlary. Şu inkär-ykrarlyk içre-de şahyryň realistik döredijilik kredosy, onuň hakykata ýanbermez estetiki gatnaşygy gelip çykýar. Bu gatnaşyk, bir söz bilen aýdanyňda, realizmdir. Realizm daşky alamatlara, durmuşda «bar bolan» haýsydyr bir predmete ýa detala syrykdyrylmaly däldir, ol şygryň hem döredijiligiň özeninde ýatýar. Ol şahyr ýüregi bile real barlygyň, Ezizowyň öz dilinde aýdanyňda, realistik nikasyndan kemala gelýär. Durmuşa döredijilikli çemeleşýän, öz barlygyny öz elleri bilen gurýan gahrymanyň obrazy – ine, lirikadaky «realistik obraz» diýip biz şoňa düşünýäris. Şu tarapdan şahyryň «düme ýaşamak» diýen şahyrana jümlesine ýene ünsi çekmek isleýärin. Çünki bu jümle bilen Ezizow türkmeniň XX asyr ýaşaýşynyň esasy taryhy aýratynlyklarynyň birini açdy. XX asyr türkmeniň taryhy – bu indi düme ýaşaýyş däl, bu degişli döwürde milletiň taryhy ýaşaýşynyň täze bir, bütinleý özge bir görnüşe geçendigini, döredijilikli ýaşaýşa geçendigini, onuň bütindünýä taryhynyň akabasyna goşulandygyny görkezýär. Taryhy ýaşaýyş haçan-da, birinjiden, halk döredijilik ukyplaryna eýe bolanda, – çünki şonda ol öz-özüni, taryhyny aňly-başly döretmäge başlaýar – ikinjiden bolsa, ol şol prosesiň merkezine geçip, onuň hereketlendirijisine – dwigateline öwrülen mahalynda emele gelýär. Adamlar gury sanlygyndan ruhy birliklere – şahsyýetlere öwrülýär, şeýdibem, içki logika eýe bolan üznüksiz taryhy ýaşaýyş başlanýar. Diýmek, mysal alnan obrazly pikir ýöretme hususy çeperçilik tapyndynyň çäginden çykyp, hakykaty tipiki açmanyň, hakykata estetiki gatnaşygyň prinsipine öwrülýär. Halkyň anyk taryhy pursatdaky ruhy özboluşlylygyny görkezip bilmek – munuň özi realizmiň «anyk taryhylyk» diýilýän estetiki prinsipidir. Liriki gahrymanyň realistik estetiki özboluşlylygy meselesinde «Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar» diýen şygyr köp syrlaryň üstüni açyp biljek eserdir. Şygyrda şahyryň liriki gahrymanynyň esasy ipostaslary – ruhy ýüzleri aýdyň ýüze çykypdyr. Diňe şu şygryň däl, tutuş döredijiliginiň planynda alanyňda, G. Ezizowyň realistik poeziýasynyň gahrymanynyň üç hili ýüze çykmasy bar: ol – Şahyr, ol – Aşyk; ol –Daýhan. Bu üç gahryman däl. Ýok, munuň özi gahrymanyň durmuşa çemeleşmesiniň üç hili ýüze çykmasy. Daýhan topraga tohum atýan, soň ekini idedip, hasyl alýan adam. Ol dörediji. Edebiýatçy T. Sadykow özüniň «G. Ezizowyň poeziýasynyň çeperçilik ussatlygy» diýen işinde şu şygyr babatda tankytçy S. Myradow bilen jedele girýär hem-de tankytçynyň esere adalatsyz baha berendigini belläp geçýär. Ol şygyrda «özboluşly şahyrana usulyň»* – çeperçilik täriň ulanylandygyny dogry belleýär. Liriki çeperçilik usul, tär – poetikanyň, edebiýat teoriýasynyň kategoriýasy. Men sungatyň umumy teoriýasynyň – estetikanyň pikir ýöretme modeline geçip, şygyrda realizmiň gahryman – obraz döretmek prinsipiniň ulanylandygyny nygtamak isleýärin: Eger daýhan bolsa, toprakdan alyp, Oňa bermeýänme tutýandyr için. Hem onuň bir oňat dilegi bardyr, Topraga bir tohum atarym üçin*. Realistik obrazyň daýhan sypaty bilen baglylykda Ezizowyň poeziýasynda esasy tealistik motiwleriň biri – toprak motiwi kemala gelýär. Toprak – şahyr üçin gaýnap joşýan real durmuş. Eger motiw – şahyrana diliň «sözlemi» bolsa, şol «sözlemiň» düzüminde sansyz «sözler», metafora derejesindäki birgiden obrazlar saklanýar: Ýüzüni öpenim, Tohum sepenim, Bu dünýede ýitirenim, tapanym, Topragym! Gam-gussam seniň adyňda.* Ýa-da: Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim, Tapanymam seň goýnuňda tapdym men. Sen bolansoň dünýä akyl ýetirdim. Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.* Ýa-da: Çaga dogran enä meňzeş bu toprak, Goýýar seň öňüňde baky sowaly: «Meniňki bag döken tohumy tapmak, Aýt, oglum, seniň tohumyň bamy?» Sen, onsoň, pikire çümersiň çuňňur, «Çagam barym» bilen bolmarsyň halas. «Tohum» diýen sözüň manysy çuňdur, Hem belentdir pikir edişiňden has.* Şeýdip, şahyryň estetiki dilini «dörjeläberseň», has ownuk hakykatlar – detallar çykyp otyr. Ol «sözleri», «sözlemleri» ýerli-ýerinde goýanyňda bolsa, şahyryň çeperçilik dünýäsi, onuň estetiki dili kemala gelýär. Ezizowyň dünýäni görşi – hili boýunça realistik. Çünki, şahyr romantikler ýaly, reallygy «ýuwdup», ony kalbynyň obrazyna-da öwrenok, klassistler ýaly, suratlandyrýan zadyny gurak, çäkli ulgamlaryň içine-de salanok. Toprak – obýektiw reallykdyr. Ol şahyryň içine siňenok, ýok, ol şahyryň estetiki idealy: Meňzäsim gelenok öňküligime, Bu topraga bolsa meňzäp bilemok.* Daşky predmetleriň naturalistik beýanynyň realizm bolmaýşy ýaly, şahyryň kalbyndaky obýektiw dünýäniň döredýän täsirleri-de romantizm däldir. Onuň estetiki prinsipleriniň özeninde durmuşyň, adam bile dünýäniň arabaglanyşyklarynyň obýektiw kanunlaryny açmak, olary obýektiw suratlandyrmak maksady ýatýar: Eziz maňa şu topragyň goýnunda Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.* G.Ezizow Rehmet Seýidowyň çeperçilik däplerini dowam etdirdi. R.Seýidow lirikanyň dilini tapdy, G.Ezizow bolsa, türkmen ruhunyň obýektiw reallyklaryny şahyrana dilde suratlandyrmagyň hötdesinden geldi. Şahyryň çeper pikirlenmesiniň taryhylygy — estetikasynyň realizmi toprak bilen baglanyşykly oba motiwinde-de aýdyň görünýär. Ezizow üçin oba türkmen ruhunyň düýni, adamyň çagalygydyr. Oba islendik milletiň çagalygy. Halk obadan çykyp, şähere geçende millete öwrülýär. Şonuň üçinem şahyryň oba bilen baglanyşykly goşgulary çagalygyň nostalgiýasyny özünde saklaýar: Ne kine bar, ne ahmyr bar göwnüňde, Çäjiňi harpykdan saýlap otyrsyň. Ýalňyz galyp garyp ene mysaly Köne degirmeniň aýlap otyrsyň.* Hawa, oba – ýaşaýşyň başlangyjy, ol halkyň enesi. Ezizowyň obasy geçmiş baradaky ýatlamalary özünde jemläp otyr. Şonuň üçinem şahyr özüniň gunduz ýaly duýgularyny oba bilen baglanyşyklylykda açýar. Emma tüýs realist şahyr hökmünde ony, esasan, geçmiş däl-de, şu güni – öz döwri gyzyklandyrýar. Realizmiň taryhylyk prinsipinden seredeniňde bolsa, onuň üçin şu gün – munuň özi türkmen şäheridir. Türkmeniň ruhunyň şäheridir, has dogrusy, türkmen şäheriniň ruhudyr: Bilbil bagy söýýär, bag ýeri söýýär, Men diýjegim weli, ynan, tobam däl. Wah, ýene ýüregim şäher küýseýär – Ýogsa, men ýaşardym eziz obamda.* Realizm hökmünde şahyryň durmuşa gatnaşygy, onuň içki estetiki gymmatlyklaryny şäher has gowy açýar. Emma siz Ezizowyň poeziýasynda romantiklerdäki ýaly dürli motiwleriň arasyndaky inkärlik gatnaşyklaryny görüp bilmersiňiz. Şahyryň dünýäni görkezişinde, onuň liriki gahrymanynyň dünýäni duýşunda esasy zat – munuň özi ählumumy sazlaşyk. Galyberse-de, ol romantiklerden bir özüniň däl, özgeleriň kiçi dünýäsini-de realistik açyşy bilen tapawutlanýar. Şahyryň «Bir gün bag deý ýanyp-köýseň» diýen bir goşgusy bar. Gaty üýtgeşik, gowy goşgy. Ony tutuşlygyna mysal getiresiň gelýär, çünki onuň ýeke setirini hem galdyrara dözer ýaly däl. Ýöne, mümkinçilige görä, goşgynyň soňky iki bendini mysal getirýärin: Goýsaň, Goýsaň, Köp zat goýsaň, Derdiňi enä goýmasaň. Dert alynmaz ýöne ýere, Kim başyn hesrete goşýar? Ýöne mydam enelere, Üleşikde şu paý düşýär.* Enäniň içki dünýäsini, onuň ogla gatnaşygyny, ýagny şu obrazyň realistik manysyny mundan gowy açmak mümkin däl! Munuň üçin ýöne bir ussat şahyr däl, eýsem realist şahyr bolmak gerek. Indi bolsa romantik şahyr N. Rejebowyň «Enem» diýen goşgusynyň jemlemesine üns beriň: Hem haýyşym: säher serilip galan Ogluň oýarmaga geleniňde sen. Dagap ýatan filtrlerin çilimiň Peşeňe meňzedip, haýykma, enem!** Öňki goşgudan nähili uly tapawut bar! Enä bagyşlanan hem bolsa, tutuş goşguda, jemlemede esasy zat – çeper pikirlenişiň merkezinde enäniň däl-de, romantigiň öz içki dünýäsi durýar. «Şäher. Dynç güni. Säher», «Nobatlar», «Kiçijik şäherler», «Sygan aýaly», «Maňa öwran-öwran…», «Mukamlar başy», «Çaga dogrulýan öýüň öňünde oýlanma», «Çişlikçi», «Salam, dostum, mähribanym, Aşgabat!», «Baky hoşlaşyk», «Watana» barýaryn, görýärin kino», «Duralgalar», «Asatur aga» ýaly onlarça şygyrlarynda G. Ezizow XX asyryň türkmen şäheriniň ruhy atmosferasyny, dartgynly şäher ritmini berýär. Dartgynly şäher durmuşynyň içinde biz dürli tipleri – adam häsiýetlerini hem ykballaryny görýäris. Obadan tapawutlylykda şäher durşuna adam eli hem aňy bilen döredilen reallykdyr, ol açyk däl-de, ýapyk reallykdyr. Oba bilen tebigatyň arasynda açyk baglanyşyklar bar, şäher weli tebigatdan üzňe, oňa gatnaşykda ikinji bir reallygy aňladýar. Realistik lirikanyň beýik estetiki gazanany – liriki gahrymanyň çeper aňy görnetin differensirlenip bilýär. Ezizowyň liriki gahrymany şäher durmuşynyň estetiki gözelligini ykrar edýär. Şahyryň estetikasyna görä, anyk durmuş ýöne bir maddy önümçilik däl-de, eýsem adamyň daşky dünýä bilen galtaşýan ýerinde ýüze çykýan many-mazmuny, adamlaryň ruhy dünýäsi. Şahyryň «şäher» durmuşyna degişli goşgularynda özboluşly detallar, daşky elementler, köçeler, jaýlar, her hili adam tipleri, garaz, şäher diýilýän zadyň ähli tarapy oňat suratlandyrylýar. Durmuşa gatnaşyk hökmünde munuň özi realistik poeziýadyr. Çünki, ol iň bir adaty zatlardan, predmetlerden gözellik tapyp bilýär, iň adaty zatlar şahyryň kalbynda ylhamy hem poeziýany oýaryp bilýär. Daşky zatlarda real durmuşyň ählumumy içki baglanyşyklaryny tapýan şahyr üçin durmuşy öwrenmäge başga ýerlere gidip ýörmegiň hiç hili manysy ýok. Şonuň üçinem ol gitmäni ýurtdan kowulmak bilen deň görýär, şonuň üçinem öz wagtynda käbir adamlar şahyryň şäher realizminiň estetiki artykmaçlyklaryna düşünmändirler, tankytlamagy welin oňarypdyrlar. Şahyryň eserlerinde poeziýa, sungat temasy hakynda kän ýazyldy. Olary gaýtalap oturmak maksadym ýok. Ýöne estetiki ösüş nukdaýnazaryndan seredeniňde, şahyrlygyň bu liriki gahryman üçin kär, hünär däl-de, adamyň ruhy döredijilikli ýaşaýşynyň görnüşi hökmündäki manysynyň bardygyny aýdasym gelýär. Sungat – şygyr ýazmak däl, sungat – öz-özüňi kämilleşdirmegiň bir mümkinçiligi. Aslynda-da «sungat» diýmek «döretmek» diýmegi aňladýar ahyryn: Ak kagyz ýüzüni toprak deý sürseň, Soňra tohum sepseň, gögäri ýaly.* Durmuş – sungat, adam – şahyr. Ezizowyň realistik liriki gahrymanynyň obrazynda şeýle pelsepe bar. Durmuşa döredijilikli çemeleşýän adam realistik poeziýanyň gahrymany bolup biler. Ezizow poeziýa hakyndaky düşünjämizi giňeltmek bilen birlikde, durmuşa gatnaşygymyzy özgertdi. Ýaşamak – wagtyňy geçirmek däl, ýaşamak – wagty içki gymmatlygyňy açmagyň, özüňi kämilleşdirmegiň mümkinçiligine öwürmek. Şahyrlyk – şygyr ýazmak däl, ol daşky reallygy ruhuň arkaly kämilleşdirmegiň guraly. Sungatyň köki söýgüdedir. Dünýä aşyk bolmadyk adam – ýaşaýşyň mährini duýmak, oňa maýyl bolmak ukyby berilmedik adam şahyr bolup bilmez. Şeýle ukyplary bar adam goşgy ýazmasa-da şahyr. Ruh ölenok, ol poeziýada, sözde galýar, ýaşaýar. G. Ezizowyň realistik poeziýasynyň pafosy – ÝAŞAÝŞA DÖREDIJILIKLI GATNAŞYK! Söz bilen predmetiň, ruh bilen dünýäniň nikasyny gyýmak hyjuwy! Şahyryň realizmi estetiki prinsip hökmünde onuň söýgi lirikasynda-da oňat ýüze çykypdyr. Liriki gahrymanyň üçünji ýüzi – Aşyklyk şahyryň diňe bir döredijilik tematikasy däl, eýsem onuň estetikasynyň düýp aýratynlyklarynyň birini aňladýar. G. Ezizow nusgawyamyzyň söýgi garaýyşlaryna aňly-düşünjelilik bilen garşy çykdy. Milli nusgawyamyzyň aýal babatda esasan ten söýgüsiniň deregine, ol real ruhuň söýgüsini getirdi. Biziň nusgawy aşygymyz, ylaýta-da Keminäniň, Seýdiniň, Mätäjiniň, Mollanepesiň liriki gahrymanlary aýalyň fiziki hem fiziologik gözelliklerine maýyl bolýardy. Şonuň üçinem olaryň lirikasy magşugyň beden gözelligini wasp edýän obrazlardan püre-pür dolup durandyr. Olarda teniň erotikasy açyk görnüşde ýüze çykýardy. Munuň özi döwrüň estetiki düşünjeleri – duýgulary bilen baglanyşykly hadysadyr. Biziň nusgawy şahyrlarymyzy aýalyň aýal taraplary maýyl edýär. Bu babatda biziň nusgawyy şahyrlarymyzyň arasynda Mämmetweli Kemine aşa hyjuwlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýaryna ýalbarýar, ol haýdan-haý maksadyna ýetesi gelýär. «Daşdan göreniň bir diýmegini, aralarynyň golaý bolmagyny» isleýär, ol ýary bilen bir ýassykda ýatmak isleýär, ýatanda-da ýarynyň mämesini gysymlap ýatmak isleýär. Kemine isleýär! Şol islegini hem ol goşga geçiripdir. XX asyr türkmen ruhunyň başgaçarak estetiki ölçegleri, özge bir ruhy gymmatlyklar ulgamy bar. Elbetde, aýal aýallygyny bes etmedi. Ýöne, şol bir wagtda-da, onuň ruhy özboluşlylygyna berilýän üns has güýçlendi. Aýallaryň emansipasiýasy ugrundaky kommunistik göreş meselä gaty gödek hem ýöntem düşünmegiň netijesidi. Gerekligini – gerek däldigini aýallaryň özünden soraman, olary emansipirlemäge başladylar. Poeziýamyzyň 20–40-njy ýyllardaky taryhynda bu mesele öz ornuny tapdy. Bu, durmuşyň öz tebigy akymyna görä däl-de, durmuşa zor salynmagy bilen bolup geçýän hadysady. Ýöne, şoňa garamazdan, XX asyr türkmen aňy aýala garaýşyny tebigy suratda-da has çuňlaşdyrdy hem giňeltdi. Hut G. Ezizowyň poeziýasynda ideologik ulgama däl-de, janly adam keşbinde aýalyň ruhy obrazy öz beýanyny tapdy. Şahyryň estetikasynda gyz duýdulary kanagatlandyrmagyň serişdesi däl-de, öz ruhy gymmaty hem manysy boýunça bütinleý awtonom şahsyýet hökmünde görünýär. Şahyrda nusgawyadaky ýaly, aýala romantik garaýyş, rysarçylyk garaýyş ýok: Goý nur ýagsyn –– gunça-gülleriň deri, Gün nuruna gark bolsun obalar. Seniň üçin hiç dünýeden geçmerin, Geçsem, söýgimizden geçdigim bolar.* Men saňa Ýer-Gögi peşgeş beremok, Geçdi oňa ynanylýan döwürler.* G. Ezizow üçin söýgi meselesinde esasy zat özüniň magşuk babatdaky duýgulary däl-de, magşugyň ruhy şahsyýeti: Sen erkin bol! Pikriň, duýgyň, ezýetiň, Ýokarda ýyldyzyň, ýerde gözýetim… Sen erkin bol! Bir gün ýaşama şowsuz! (Hudaýam bar bolsa seni ýalkasyn). Ýöne mydam inçe biliňde bolsun Meniň gollarymyň mäkäm halkasy.* G. Ezizow gyz üçin dünýäni gurban etmäge dyzap duran romantik däl. Onuň estetiki pikirlenmesinde magşuk bilen dünýäniň gapma-garşy däl-de, sazlaşykly arabaglanyşygy bar. Ol realist hökmünde gyzy-da, dünýäni-de söýýär. Magşuk gyz ýöne bir awtonom şahsyýet bolman, eýsem aşygyň özüniň ömrüniň manysyny-da ölçäp duran bir ölçege öwrülýär: Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim, Artyk däl ekenim Ýeriň ýüzünde.* Seni söýüp göz ýetirdim bir zada: Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäde.* Şahyryň söýgüsi mistiki yşk hem däl, erotiki hyjuw hem däl. Beýleki tarapdan bolsa, onuň döredijiliginde söýginiň naturalistik beýan edilmesi däl-de, hakyky, ter duýgulary açyp görkezýän hakyky söýgi bar. G. Ezizowyň estetiki-ruhy açyşynyň ýene bir tarapy hakynda. Söýgi –– şahyr üçin gyza bolan gatnaşyk däl-de, tutuş dünýä gatnaşygyň görnüşi hem usuly. Onuň döredijiliginde nusgawyy mistiki yşgyň dünýewileşişini, Zemin söýgüsine öwrülişini, adamlar arasyndaky hakyky mähir gatnaşyklary aňladýan bir gymmatlyga öwrülişini görýäris: Seniň söýgiň äpet daragt deýin Ýüregime kökün çuňňur urupdyr. Birden gama batyp, egilse başyň Kökler ýüregime yza berip dur. Bir gün garylsam-da mele topraga, Sowurman söýgiňi tupana, ýele. Seniň söýgiň hiç guramaz kökleri Ýaýrar bu zemine ýüregim bile.* Söýgi şahyr üçin ölümi ýeňip geçmegiň – durmuşa döredijilikli gatnaşygyň görnüşi bolup durýar. Şeýlelikde, biz G. Ezizowyň döredijilik usulynyň – edebi ugrunyň realizmdigini şahyryň döredijiligindäki käbir motiwleriň üsti bilen subut etmäge synanyşdyk. Elbetde, şahyryň poeziýasynda romantiki ugruň hem ornunyň bardygyny aýtmak gerek. Meselem, şahyr Annaberdi Agabaýew «Ezizowyň emri bilen» diýen kitabynda şahyryň romantizmi barada gürrüň edýär. Emma döredijiliginiň edebiýat taryhyndaky orny hem manysy boýunça Ezizow, esasan, realist şahyrdyr. Nobatguly Gurbannazar Ezizow hakyndaky goşgusynda şeýle ýazýar: Halkyň şahyr bolup çüwäýen bagty, Şahyr bolup çüwen bagty ilimiň, (Şöhratly söz üçin bagyşla, ýöne Sen, nä, şondan pesi diýer ýalymyň) Il-günüň ruhuna – aýdyma sygnyp, Hem sygryp şatlygyň – ahyň şygra sen, Bu gün ajy habar bolup gelşiňe Sen aga-da, Sen ýasa-da sygmadyň… … Güýz deý hasyllydyň, bereketlidiň, Miweli bag kimin egikdi seriň, Başyn ýere urup aglaýar saňa Ýürekden düşünen daragtlaň seniň.* Awtoryň Ezizowy güýz bilen baglanyşyklylykda ýatlamagynyň ýeterlik esaslary bar. Ýokarda görüp geçişimiz ýaly, güýz G. Ezizowyň poeziýasyndaky esasy çeperçilik açyşlaryň biri. Güýz bilen baglanyşyklylykda şahyr wagtyň hem adamyň, ömrüň hem ölümiň, dünýäniň sazlaşygynyň täze çeper-filosofik konsepsiýalaryny berýär. Onsoň güýzde ýogaldy habary gelen Ezizowyň ömri, poeziýasy hem ölümi şahyrana güýzüň reňkini we manysyny özüne siňdiren ýaly bolup görünýär. Nobatgulynyň poeziýasynda hem ussat halypanyň täsirleri esli derejede güýz temasynda oňat bildirýär. G. Ezizowyň güýzünde merkezi obýekt, merkezi obraz daragt, onuň ýapraklary bolsa gerek. Şahyryň poeziýasynda güýz abstraksiýa däl-de, hut şular ýaly aýdyň detallar arkaly ýüze çykýan şahyrana, emosional anyklyk bolup durýar. Daragtyň, onuň ýapragynyň üsti bilen, belli bir çeperçilik kontesktde adam ömrüni simwoliki teswirleýär: Diýdim: «Men bir seniň bagyňda ýaprak… Ýa-da: Sary şemal ony tändirip geçýär, Soňkuja ýapragy – bir pasyl ömri. Ýa-da: Ömür bile ölmüň aralygyny Ölçemeli ýaprak şahada häli. Güýz we ýaprak motiwi köp şahyrlaryň, şol sanda Nobatgulynyň hem poeziýasyna bellibir derejede täsir edipdir. Şahyr güýz hakda şahyrana söhbet açanda bu ajaýyp obraz eýýäm başgaça röwüş, özge poetiki many ýüküni göterýär. Biziň nusgawy şahyrlarymyza öz döwründe daragt, ýaprak hakda joşup goşgy goşmak gülkünç, ýasama görnerdi. Şonuň üçin olar, G. Ezizow ýaly, ýaprak hakda goşgy goşmandyrlar. Ýeri gelende, ýene bir zady nygtaýyn. Häzirkizaman, sowet döwründe rus-sowet şahyrlary ýaprak hakda juda köp goşgy goşdular. Her şahyr öz şahyrlyk ýoluny ýaprakdan başlady diýsegem boljak. Orsyýet durşuna ýapraga öwrüldi. Gurbannazar Ezizowdan soň türkmen şygryýetinde hem «ýaprak» köpelip ugrady. Güýz bilen ýapragyň «bagty açyldy». Olar esasy tema öwrüldiler. Çaganyň ululara meňzemek isleýişleri ýaly, başlangyç şahyrlaryň hem edil G. Ezizow deýin meşhur, söýgüli şahyra öwrülmek isleýişleri ýaly, diňe bir başlangyç şahyrlar däl, ömrüni goşgy ýazyp, adygyp bilmän ýören şahyrlar hem edil gömlüp goýlan humuň üstünden baran dek bolup, ýapraga ýapyşdylar. Ýapyşýanyň ýaprak bolsa, üýtgeşik goşgy döredäýmek aňsat däl! Bu suwa gark bolup barýan kişiniň gapdalyndan akyp barýan sypaljykdan delalat gözleýşine meňzeýär: Birdenem çal güýzüň ilkinji awy, Bir ýaprak şüdügär topraga gaçyp, Uçjak bolýar näler, Höwürtgesinden Sypyp gaýdan guş çaga deý ýaprajyk. Ýa-da: Ýagyş ýagýar, ýapraklar Guş ýaly pasyrdaşýar. Güýzüň söhbetin edip Gam bile pyşyrdaşýar. Ýapragyň iki şahyryň poeziýasyndaky şahyrana manysy, ol arkaly berilýän obrazyň özboluşlylygy barada söz açyp, poeziýamyzyň çeperçilik ösüşine şaýatlyk etse bolardy. Ýöne men «ýaprakly» temany judabir ulaltmaýyn. Ýöne, käbir zatlary gysgaça aýdaýyn. G. Ezizow ýapragy adam ömrüniň simwolikasyna öwürse, Nobatguly ondan ajaýyp şahyrana metafora döredýär. Ol, G. Ezizow ýaly, güýze pelsepe däl-de, şahyranalygy, poetiki owadanlygy siňdirýär. Şeýdibem, ussat halypanyň başlan ýörelgelerini döredijilikli özgerdýär. Gurbannazar Ezizowyň güýzlerinde terne, gawun detallary-da az orny eýelänok. Munuň özi milli şahyryň döredijiliginde bütinleý kanunalaýyk zatdyr. Bakja, biýara hem güýz – türkmen tebigatynyň aýrylmaz bölekleridir. Güýzüň çeperçilik wagt hökmündäki şahyrana manysy-da biziň milli estetiki ýadymyzda şol detallar bilen baglanyşyklydyr: güýz – hasyl döwri. Iki-üç ýüz ýyllyk, belki, ondanam uzak döwürdäki ýaşaýyş ukladymyzy alanyňda, güýz bakja ekinlerinden hasyl alynýan döwürdir. Onsoň terne, gawun ýaly önümler türkmen durmuşynyň tebigy suratda poeziýa geçmesi bolup durýar: Sözler birden ýarylsa Ýürekleriň teýinden Güýzän güýz ternelerniň Täsin ýarylşy ýaly. Ýarylmak – täsin poetiki, filosofiki manyly detal. Munda güýz tebigatynyň janly kartinasy, suraty, güýzüň täsin owazlary bar. Nobatgulynyň şygyrlarynda hem güýzki ýarylyş öz ornuny tapypdyr: Onsoň güýzüň körpesi deý terlenen Duýgulaň owsuny sygmaz kalba teý. Ýürek bolsa heder edip nazardan Ýere gaçyp ýarylan al alma deý Sapagyndan tänip, damaýjak bolýar, Üzülere gelýär. Ýürek awaýar. Solgun sähradaky imi-salalyk Saçlaryn ýolmalap, sessiz aglaýar. Ýarylmak – bişmek, içiňi boşatmak, gabyz eden duýgulardan saplanmak. Munuň özi adam ömrüniň döredijilik manysy hakdaky çuňňur pelsepelere, çuň pikirlere iterýän ajaýyp obrazdyr. Terne, alma – güýzüň hasyly bolsa, ýürek, onuň içinden dömýän duýgular hem sözler – adam ömrüniň hasyly. G. Ezizowyň ternesinden – ýüreginden şahyrana pelsepeler çykýan bolsa, Nobatgulynyňkydan inçeden yzaly duýgular dömýär. Görnüşi ýaly, şol bir kiçijik detal, şahyrana psihikada orun alan predmet bütinleý dürli-dürli assosiasiýalary berýär. Şol dürlülik bolsa şahyrlaryň başga-başga şahyrlyk zandyndan gelip çykýar. Nobatgulynyň G. Ezizowdan täsirlenendigi faktdyr. Ýöne has giň masştabda, has çuňňur ölçeglerde alanyňda, Tebigat motiwleri meselesinde olaryň arasynda Ýer bilen Asman ýaly uzaklyk ýatýar. G. Ezizow – güýzüň filosofy. Nobatguly bolsa ýazyň romantigidir. Bu hakda aşakda giňden gürrüň etmekçi. Häzirlikçe bolsa Ezizowy tebigat sazlaşygynyň maýyl edýändigini, Nobatgulyny bolsa dünýä stihiýasynyň joşdurýandygyny aýtmak bilen çäklenmekçi. Çeper obrazlar ulgamy derejesinde munuň özi Ezizowda – realistik, Nobatguluda bolsa romantiki obrazlary oýarýar. Biziň häzirki ulanýan jümlelerimiz, ruh bilen baglanyşykly barha kadalaşýan söz düzümlerimiz uly ruhy hadysa bolan Ezizowdan gaýdýar. Şahyr güýz bilen baglanyşykly şeýle ýazýar: Öz ähli mazmunym açsadym menem, Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen. Ýa-da: Gögüň sypyrşy deý bulut ýaglygyn Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn. Mazmunyny açmak – munuň özi ählumumy ähmiýete eýe bolan agramly söz düzümidir. Umumy halk düşünjesini, umumy halk dilini giňelden bu düzüm soň has rowaç aldy. Nobatgulynyň döredijiliginde ol sungat motiwi bilen baglanyşyklylykda gelýär: Mazmunyny aýdyp ýetişmen öýdüp, Mydama ömrüme heder syzdym men. Söýlüp-söýüp, Ýigrenilip-ýigrenip Kän okalan kitap kimin tozdum men* Gussa motiwi-de şonuň ýaly: Ezizow şeýle ýazýar: Biz söýüldik, bagtly bolduk şoň üçin, Diňe söýen güýzde gussa düşünýär*. Nobatguly: Gussa – ejizligiň, kalby boşlugyň Nyşany däl. Ol ömüriň talaby. Gussa adamzady mazmuna çagyr Boş şowhun gyrmanka ömür tanapy? Ýöne her şahyryň öz gussasy bar. G. Ezizowyň gussasy – ýetilen wysalyň gussasy, dünýä sazlaşygynyň gözelligini, kalba inçe, näzik täsirini aňlamakdan döreýän şypaly hem süýji gussa. Nobatgulynyňky bolsa ýetilmedik wysallaryň, baky aýralygyň hem Älem hadysasynyň gussasy. Ýok, ol ýöne bir gussa-da däl, ol beýik Pyragynyňka ýakynlaýan kosmiki däli hem ýuwdarha hasratdyr. Mahal-mahal ol hasrat «ýaşanyňa juda degýär bu dünýä» diýen G. Ezizowyň tersine, dünýäni bütinleý inkär etmäge, adam ýaşaýşynyň bimanylygyna hem bimatlaplygyna akyl ýetirmekden ýaňa hopugyp gitmäge çenli baryp ýetýär. Şonuň üçin islendik anyk meselede alanyňda-da, umumy tankydy konsepsiýa şekilinde aýdanyňda-da, çeperçilik hadysasy hökmünde G. Ezizow hem N. Rejebow – iki sany dürli polýusy aňladýar. Hersiniň biri-biriniňkiden düýpli tapawutlanýan öz ýoly, öz ugry bar. Ine, şol tapawut hem şu uly monografiýanyň döremegine sebäp boldy. Meniň gürrüňini edýän bu iki şahyrymyň poeziýasynda röwşen obrazlar ulgamy bar. Olaryň obrazlar ulgamynyň merkezinde liriki «meniň» obrazy durýar. Poeziýa sungatynda obraz, obrazlylygyň hil, düýp aýratynlyklary şygryň tema, stil aýratynlyklaryna baglanyşyklylykda ýüze çykýar. N. Rejebowyň goşgularyny bitewülikde okap, ylmy sinteziň netijelerine geleniňde, liriki «meniň» özboluşlygy hem köp ipostaslygy barada şeýle diýmek mümkin: şahyryň eserleriniň tematiki örüsi giň, ony iň umumy planda raýatlyk, filosofiki, yşky hem peýzaž lirikasyna syrykdyrmak mümkin. Şu hili tema özboluşlylygy obrazlar ulgamynyň derejesinde gaty aýyl-saýyl bolýar: olaryň hersiniň öz liriki gahrymanlary: liriki «meni» we «seni», troplar derejesindäki öz kiçi obrazlar toplumy hem-de özge temalarda aňsat gaýtalanmaýan gaýry stilistik emelleri bar. Döredijiligiň bitewüligi planynda seredeniňde, olaryň içki, döredijilik we indiwidual stiliň birligi bilen şertlendirilýän kanunalaýyklygy bar. Tematiki köpdürlüligi, obraz köpgatlaklygy döredijiligiň içki bitewüligi bilen dialektiki birlikde seljereniňde, şahyryň türkmen poeziýasyny täze derejelere galdyrmakdaky çeperçilik hyzmatlaryny has anygrak göz öňüne getirmek mümkinçiligi açylýar. Şahyryň lirikasynyň islendik görnüşi – peýzaž ýa yşky, filosofiki ýa sosial motiwli lirika tebigat stihiýasyny şeýle çuňňur hem tebigy bolşunda şahyrana dikeldip bilýänligi bilen umumy bitewi döredijilik hasysasy hökmünde göz öňüne gelýär. Umumylaşdyryp aýdanyňda, tebigat stihiýasy XX asyryň hiç bir türkmen şahyrynda Nobatguly Rejebowdaky ýaly şeýle içgin hem yzygider suratlandyrylmandy. Şahyr muny öz şahyrlyk, edebi ykbalyna öwürdi. Şu manyda biz N. Rejebowy hakyky romantik şahyr hasaplaýarys. Çünki stihiýalylyk romantizmiň, onda-da romantiki lirikanyň esasy düýpli alamatlarynyň biridir. Merkezi asyr adamzady adam ruhunyň beýik ýüze çykmasy bolan din arkaly dünýäni, ýaşaýşy özboluşly sazlaşyga öwrüpdi, ol özüni-de, Älemi-de çuňňur matlaba esaslanýan, öňli-soňly sazlaşyk hökmünde göz öňüne getirýärdi. Feodal jemgyýetiň ýuwaş-ýuwaşdan synyp, jemgyýetiň içki hili ýaşaýşynyň buržuaz esaslara geçmegi bilen adamzat ruhy dünýäni stihiýa hökmünde duýup ugrapdy. Şeýdibem, belli bolşy ýaly, romantiki poeziýa dünýä gelipdi: edil N.Rejebowyň poeziýasyndaky şahyrana sitihiýanyň düýp çeşmeleri hem edebi-taryhy konsteksdäki manysy Ýewropa romantizmindäkiden bütinleý tapawutly. Bu taýda, esasan, daşky meňzeşlik hakda gürrüň etmek mümkin, ýogsam-a, şahyryň döwrüniň Ýewropa romantizminiň döreýiş we ösüş zamanynyň arasynda taryhy, sosial, çeperçilik baglanyşyklary, meňzeşlikleri tapmak hem bolar. Ýöne bu edil häzir biziň wezipämize girmeýär. Biz öz gürrüňimiziň predmeti, manysy, ugry düşnükli bolar ýaly, hut «stihiýa» düşünjesini nähili manyda göz öňüne getirýänimiz barada şertleşeliň. Ožegowyň «Rus diliniň sözlüginde» bu söze şeýleräk düşündirişler berilýär: «Stihiýa. 1. Antik filosofiýada: tebigatyň esasy elementleriniň biri (ot, suw, howa, toprak). 2. Öňüni saklap bolmaýan güýç hökmünde ýüze çykýan tebigat hadysasy. 3. Sosial sredada hereket edýän guramaçylyksyz güýç. 4. Göçme. Gurşap alan adaty sreda, ýagdaý». Biziň ulanýan sözümizde – haýsydyr bir şahyryň döredijiliginiň düýpli aýratynlygy manysynda gelende bolsa ol ýönekeý sözden çuňňur, emma anyk manyly kategoriýa geçip gidýär – ýokarky manylaryň ählisiniň diýen ýaly ýokundysy bardyr. Dowamy bar.. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |