22:04 Türkmen şygryýeti - türkmen ruhy -9: Edebi ugurlaryñ obrazlar ulgamynyñ özboluşlylygy -3/ dowamy | |
Anyk N.Rejebowa gelenimizde bolsa onuň poeziýasynda:
Edebiýaty öwreniş
a) tebigat stihiýasynyň; b) sosial stihiýanyň; ç) adam ruhunyň stihiýasynyň; d) adamyň aňasty stihiýalarynyň çeper beýanynyň bardygyny aýtmalydyrys. Degişli elementler şahyryň döredijiliginiň degişli obraz – motiwlerini – gaýtalanyp durýan, kanunalaýyklyga öwrülen, şonuň üçinem onuň edebi ugrunyň özboluşly aýratynlyklaryna öwrülen obraz çeperçilik täzeçilligini özünde saklaýar. Şahyryň soňky çykan kitabynda ýerleşdirilen iki bentlik goşgy degişli temanyň döredijiliginde nähili orun eýeleýändigini onuň özüniňem aňlaýandygyna oňat şaýatlyk edýär: Gyzgyn Garabilde dünýä geldim men. Hatda eşitmändim deňziň adyny. Ykbal, neneň ýerleşdirip bildiň sen Meň kalbyma deňziň harasadyny?! Aýlandym dünýäniň ulus-illerin Hem gygyrdym: «Kimse çeker bu derdi!» Meniň gujagymda sähraly gelin, Gursagymda owsun atýar suwpersi…* Şu kiçijik goşguda şahyryň çeperçilik pikirlenmesine mahsus, käbir aýratynlyklar aýdyň görünýär. Munuň özi, birinjiden, gapma-garşy pikirlenmedir. Üns berip görsek, şygyrda «Gyzgyn Garabil – deňziň harasady», «gujak – gursak», «sähraly gelin – suwpersi», «kalp – dünýä» ýaly antinomik jübütler uly orun tutýar. Şeýle jübütleýin obrazlylygy şahyryň tutuş poeziýasyna mahsus çeperçilik täri diýip görkezmek mümkin. Diňe bu-da däl. Üstesine, bu ýerde şahyr onlarça sana ýetýän şol jübütleriň içindenem döredijilik ýüzüne öwrülen örän üýtgeşik obrazlary – motiwleri getirýär. Olar deňiz hem sähra motiwleridir, harasat stihiýasydyr, sähraly gelin bile suwperiniň obrazlarydyr. Olaryň hersi N.Rejebowyň bitewi lirikasynyň birgiden özboluşly tarapyny, uly şahasyny emele getirýär. Şol taraplara, şahalara geçmezden öň şahyryň döredijiliginiň daşky – sosial-taryhy, jemgyýetçilik-edebi hem içki – ruhy-psihologik çeşmeleri meselesinde möhüm sowallary açjak meselä ünsi jemläliň: dogrudanam, näme üçin şahyryň edebi ykbalynda deňiz hem suwperisi ýaly türkmen tebigy stihiýasyna o diýen mahsus bolmadyk predmetler şeýle uly orun tutduka? Eger deňiz ýakasynda ýaşap hem döredip geçen kişileriň kitabynyň täsiri bolsa-ha, onda Nobatguly Rejebow, ýumşaklyk bilen aýdanyňda, o diýen uly şahyrana hadysa bolmaly däl?! Biziň pikirimizçe, deňziň harasady, onuň obrazy-da şahyrlyk naturanyň ruhy-psihologik ýasawyndan – içden gelip çykan hadysalar. Şahyrlyk – öz içiňi daşyňa çöwürmek. Ýöne içinde entek reňk almadyk molekulalary ýada salýan duýgy-pikirler bar. Ine, olar daşyna çöwrülende, daşky dünýäniň hut özüne, öz tebigatyna hem manylaryna laýyk predmetleriň obrazlaryna eýe bolýarlar. N. Rejebowyň şahyrlyk kalby özüniň tebigaty boýunça hut daşky harasady we deňzi ýada salýan bolmaly, onsoň ol özüne geografik ýakyn özge predmetleri – sähranyň ýa ýene bir zadyň däl-de, özüne ruhy ýakyn degişli zatlaryň obrazynda daşa çykýar oturyberýär. Eýsem-de bolsa, beý diýmek bilen sähranyň şahyryň poeziýasyndaky ornuny kiçeltmek islämok, diňe onuň özge bir ornunyň bardygyny ýaňzytmak, şeýdibem, romantik şahyr hökmünde onuň poeziýasy üçin esasy kanunalaýyklyklaryň ugruny görkezmek isleýärin. Şahyryň eserlerindäki suw stihiýasy deňiz, derýa, çaý, çeşme, ýagyş görnüşlerinde anyk ýüze çykýar. Olaryň içinde has köp göze ilýäni, diňe bir minimal – trop derejesindäki obraz däl, eýsem tema – motiwe, obraz – motiwe öwrülip gidýäni deňizdir. Şahyryň kalbyndaky oý-pikirleriň obrazy bolup hyzmat eden deňiz baryp onuň edebi ykbalynyň başlangyjynda uly orna dalaş edipdir. Şahyryň «Topragyň tagamy» atly ilkinji kitabyna ýerleşdirilen «Balerina» goşgusynyň ideýa-çeperçilik süňňünde geljekki döredijilik sepgitleriň potensiýalary bar eken. Awtoryň pikirleniş stili, eý görýän sözleri obrazlylygyň mahsus görnüşleri, şahyrana gürrüňiň äheňi şeýle hasaplamaga mümkinçilik berýär. Şu ýerde-de biziň gürrüňini edýän obrazymyz eseriň çeperçilik ulgamynda esasy elementleriň biri bolup sataşýar: Sen hyýaldan çykan suwperisi deý Daraklygňa galyp. Galkyp ýeňilden Depesinden garap gelýäň zeminiň Depesinden ýöräp gelýäň köňülleň. Biziň poetiki däplerimiziň çäginde çeperçilik – munuň özi obrazlylykdyr. Çünki türkmen poeziýasynyň okyjysynyň estetiki «iýmitleniş organy» şeýle estetiki hörege öwrenişendir, hut obrazlylyk onuň emosional isleglerini kanagatlandyryp bilýär. Şu manyda degişli şygyr çeperçiligiň naýbaşydyr. Çünki balerina bu ýerde hüýr-periniň, suwperisiniň, aýdymyň, yşgyň obrazy bolup, onuň hereket edýän sahnasy duýgynyň, şahyryň hyýalbent dünýäsiniň obrazyny berýär. Şeýdibem, daşky teatr sahnasynyň reallygy bilen awtoryň içki duýgulary reallygynyň çäkleri ýitýär, şahyr göze görünýän sahnany öz hyýalynyň emosional barlygynyň sahnasyna öwürýär, ajaýyp bitewi romantiki obraz emele gelýär. Bu ýerde bar zat ýaşaýyşda, janly hereketde – duýgular akyp, lummurdap dur, duýgynyň perdesi syrylýar-da, hyýalbent şahyr göwnüniň içinde ganat ýaly gollaryny tolkundyryp, gözellik stihiýasynyň, dünýäniň ruhy-estetiki gymmatynyň simwoly – balerina gelýär. Stihiýa – tebigy güýç joşgunly, akgynly hereketde ýüze çykýar. Eseriň semantikasyna üns beriň: onda şo hili hereketi berýän işlikler esasy orunda durýar, üstesine «duýgy», «jeýhun hyýal» ýaly hereketi aňladýan isimler hem olar bilen organiki sepleşip gidýär. Hawa, suwperisi – şahyrana duýgularyň möwjümden kemala gelen gözellik stihiýasydyr. Suwperisiniň ýaşaýan mekany bolsa – deňiz. Duýgularyň dinamizmini hem köňlüň dramatizmini simwollaşdyrýan deňiz, şahyrana kalbyň çeper giňişligine öwrülýär. Suwperisi Nobatguly Rejebowyň şahyrana idealy bolup göz öňüňe gelýär. Şahyrana idealyňy tapmak, has dogrusy, döretmek, onuň daşynda dürli derejelerdäki, dürli strukturaly obrazlaryň birgiden ulgamyny kemala getirmek – munuň özi şahyrana şahsyýet bolmak, poeziýada öz ýoluňy, hiç kimiňkä meňzemeýän çeperçilik älemiňi döretmekdir. Şol älemiň bolsa öz obrazy – planetalary, öz orbitalary, öz tizlik kanunlary bar. Ol älem – şahyryň şahyrlyk köňlüniň ipostasydyr, peýdasydyr. Türkmen dilinde adamyň içki dünýäsi «köňül», «göwün», «jan», «ýürek» ýaly sözler bilen aňladylýar. Ýöne olaryň hersiniň öz ýerinde many tapawutlary bar, şonuň üçinem olary şol bir semantiki manyly düşünjelerdir öýtmeli däl. Düşünje derejesinde olaryň hersi bir zady aňladyp biler. Nusgawyy poeziýamyzda şol döwrüň duýgy-düşünjesine görä, «köňül» ýa «jan» adamyň mifiki içki taýy, teniň ölmeýän antipody hökmünde getirilipdir. Türkmen aňynyň, psihologiýasynyň ösüp-özgermegi bilen ol sözleriň mistiki öwüşgini ýitip, metafora öwrülip gidipdirler. Şahyr N. Rejebowyň poetiki dilinde ýokarky sinonimleriň içinde «göwün» sözi has köp ulanylýar, ol söz häzirki gepleşik dilinde-de uly aktiwlige eýedir. Şahyryň şol sözi ulanyş gerimi, oňa berýän mazmuny özünde semantiki ewolýusiýanyň düýp manysyny jemleýär. Eger nusgawyy düşünje bolan «köňül» Hudaýdan gaýdýan nur, özüniň döreýşi hem manysy boýunça material dünýäniň antipody bolsa, «göwün» daşky dünýäniň içki barabarlygy, onuň stihiýasyny hem sazlaşygyny şuglalandyrýan aýnasy, onuň minimal birligidir. Köňlüň stihiýasy beýik Magtymguluda güýçlüdir, ýöne ol asly ýat dünýäden baş alyp gaçmagy unaýan, öz aslyna – Hudaýa ymtylýan köňlüň çarp urmasydyr. Nobatgulynyň «göwni» bolsa dünýä bilen arasyndaky çäkleri ýykmaga, onuň bilen goşulyşmaga dyzaýan göwündir. Hut şonuň üçinem şahyryň goşgularynda göwün bilen dünýä (deňiz, derýa) hemişe biri-birine geçip gidýär, olar biri-birini şöhlelendirýän aýnalar bolup göz öňüňe gelýär: Deňiz, däli deňiz, bimöçber deňiz, Maňa bakylykdan urulýar demiň, Sadaplam ýazdyryp, ýakam çäkledim: Gözýetimsiz giňişligiň tolkuny Ýykyp gitdi kalbymdaky çäklerim… Deňziň, däli deňziň, jan giren dag deý Wagşyýana owsun atyşyň, möwjüň Kalbyma sygdyryp haşlap, dem alýan Hem meni gark etdi Bimöçber göwnüm.* Nobatguly deňiz stihiýasynda öz idealyny – suw perisini tapýar, ol deňzi bakylyk hökmünde duýýar, ol deňiz bilen öz kalbynyň asly birligini, many birligini syzýar. Dünýäni nusgawyy duýuş, Magtymguly barada edil tersine aýtmak mümkin. Dünýä – deňiz onuň üçin ötegçiligiň, panylygyň, soňsuzlygyň simwoly; ol adamzadyň ganym duşmany; şol sebäplem «köňül» bile dünýäniň arasynda ägirt uly hem düýpsüz disgarmoniýa bar. Nobatguly bolsa dünýä stihiýasyny öz içki stihiýasy hökmünde kabul edýär. Onuň goşgularynda, obrazlar ulgamynda deňiz adam göwnüniň ýa göwün deňziň obrazy diýmek eseriň obrazlylyk strukturasyny ýoýmak, obrazlaryň mynasybetini ýöntemleşdirmek, birtaraplaýynlyk bolar. Çünki ýokarky tezisleriň ikisem degişli obraz jübütiniň bir tarapyny ikinji plana, ikinji ähmiýete geçirmegi aňladardy. Nobatguluda bolsa olaryň ikisem barabar stihiýalar hökmünde birinji planda durýar. Sitata getirilen şygryň obrazlar dünýäsiniň dykyzlygyna hem köpöwüşginlidigine okyjy haýran galman durup bilmez. Deňziň her bir alamatyndan, ýaşaýşynyň her böleginden, her bir detaldan şahyr obraz ýasap gidip otyr. Deňiz suwundan şor ýazgydyň ysy gelýär, tolkunlar büklüm-büklüm bolup gidýärler, jan giren dag deý deňiz owsun atýar, şahyr bolsa ýakasyny açan deý deňze kalbyny açýar. Şeýle şowly obrazlardan bitewi, uly obraz emele gelip, olam, öz gezeginde, şahyryň degişli goşgularynyň içine elementleriň ulgamyna girişi deý girip gidýär. Nobatgulynyň «Duşuşyk» atly şygry deňziň dürli obrazlara girişi taýdan möhüm goşgudyr. Şahyr deňzi dürli röwüşlerde göz öňüne getirýär, ony dürli zatlara meňzedýär: Deňiz Birzaman hüýlenip söýlen gyz ýaly Meýmiredip, entiredip seriňi Alyp gidýär seni düýşlere çenli. Gaýgy alyp gidişi deý ýelkeniň Ýa ýelkeni ýelleriň Hem ýatladýar ýaşyl ömrüň geçenni* Deňziň kalbyňda oýarýan şu meňzetmeleri tötänlik däl. Erkek kişi üçin gyz – intimlik. Deňiz şahyrda intim duýgulary, nostalgiýany oýarýar. Deňziň kalbyna şeýle täsirini şahyr predmete dahylly gaýyk, ýelken meňzetmeleriniň üsti bilen berýär. Gaýygyň açyk deňizde rahat ýüzüşi ýaşlygyň ýakymly täsirini ýada salyp biler. Ýaşlygyň reňki – ýaşyl bolsa deňziň reňkidir. Şonuň üçinem şahyryň soňky setirdäki obrazy organiki ýaşaýşa eýe bolan obrazdyr: ol hem «juwanlyk, ýaşlyk» düşünjesiniň täzeçe, has şahyrana aýdylyşydyr, hem deňiz obrazynyň täze öwüşginini, nýuansyny açýar. Soňra şol bir predmet başga zatlaryň obrazlaryny berip ugraýar. Ol, bir görseň, garry ataň bolup öwüt-ündew, akyl berýär, bir görseň, körpe ogluň bolup, oýnaşasy gelýär, kä gaçýar, kä kowýar. Şeýle obraz köpdürlüligi deňziň şahyr kalbynda oýarýan analogiýalarynyň tebigatyndan gelip çykýar. Islendik obraz meňzeşlik ýa gapma-garşylyk esasynda döreýär. Şahyr hem ýokarky obrazlara meňzeşligi deňziň özünden tapýar. Deňziň goja meňzemegi hem meňzedilmegi edebiýatda has öňden gelýän çeperçilik däbiniň çygryndaky zat. Şeýle obrazy onuň ululygy, gojalygy hem bimöçberligi, adamyň onuň öňündäki ejizligi, onuň syrlaryna akyl ýetirerden ejizligi puryja beripdir: Sen ahmyr edýärsiň – deňiz haşlaýar, Sen oýlanýaň – deňiz gelýär zybana. Otur onsoň deňziň kenara taşlan Daşynyň üstünde meňzäp sowala*. Soňky iki setir öňki dinamiki obrazlar içinde ýaşan mazmuny şekillendiriş obrazyna geçirýär. Deňiz motiwi şahyryň obrazlar ulgamyny özboluşly baýlaşdyrýar. Deňze dahylly elementler oňa täze-täze obrazlary, estetiki gözelligiň täze gözýetimlerini açmaga mümkinçilik berýär. Şeýdibem, türkmen poeziýasynyň çeperçilik gerimleri giňäp gidýär. «Göwün» goşgusy şeýle obrazlylygyň mysaly bolup durýar: Men göwnümi uly tutdum dünýäde. Men — gaýykdym, Göwnüm – gämiň ýelkeni. Göterlip-göterlip sähelçe ýele, Uçjak bolup barýa, çygryny taşlap. Gaý däl, Ýetirmezden açyk deňize Şemal meniň gaýgym düňderdi başşak. Men göwnümi kiçi tutdum dünýäde. Men — gämidim, Göwnüm – gaýgyň ýelkeni. Biraz galkynsam-da harasat, gaýda Butnadyp bilmedi aram ýel meni. Ne gämä meňzedim, Ne-de bir gaýga. Şeýdip, batyp galdym ilkinji saýda. Şu şygryň çeperçilik ýaşaýşyny amal edýän zatlar nämeler? Munuň, ilki bilen, şahyryň türkmen dilindäki «göwnüni uly, kişi tutmak» diýen frazeologiki aňlatmalary obrazlylyga esas edinip alanlygyndan ybaratdyr. Ýokarky durnukly söz düzümleri adamyň dünýä gatnaşygynda otrisatel ýa položitel taraplaryny aňladýar. Göwnüňi kiçi tutmak – pespäl bolmak, ýuwaş bolmak, köplenç sosial passiwlige ýakyn pozisiýany eýelemek, özüňi görkezmeklikdir. Uly tutmak – özüňi bolşuňdan aşa mahabatlandyrmak, öz mümkinçiligiňden ýokary hyýallardan ýaşamak. Şahyr frazeologiki (göwün) manynyň utgaşygyndan kemala gelen obrazy hasam çuňlaşdyrýar, ondan soň metaforiki obrazy döredýär; gaýyk hem gämi obrazlaryny, ýelken obrazyny ýasap, olary obrazly situasiýa – deňze salyp goýberýär. Munuň özi edebi dili baýlaşdyrmagyň, sözden obrazy döretmegiň, obrazlaryň täze hillerini, struktura taýdan has çylşyrymly görnüşlerini döretmegiň nusgasydyr. Şeýdip obrazlaryň tutuş ulgamy döreýär, ol ulgamda frazeologiýa, metafora, simwol, allegoriýa derejelerindäki obrazlaryň hersiniň öz manysy hem orny, orbitasy hem çeperçiligiň dinamiki ýaşaýşynda öz tizligi bar. Birinji halatdaky göwnüni uly tutan kişi sähelçe ýele göterilip dur, onsoň ýönekeýje şemalam ony başaşak düňderip goýberýär. Ikinji halatda bolsa kynçylykda – harasat-gaýda biraz galkynsa-da, açyk deňze ýetmän batyp galýar. Şygryň şeýleräk filosofiki mazmuny bar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, «filosiki pikir, filosofiki mazmun» ýaly jümleleri biz poeziýa barada köp ulanýarys-da, köplenç olaryň manysyna özümizem üns beremzok. Poeziýanyň filosofiýasy filosofiýanyňkydan näme bilen tapawutlanýar? Eger tapawutlanmaýan bolsa, onda poeziýa «özgäň mülküne aralaşýan-a däldir?» Onsoň bu onuň çeperçilik kuwwatyna, ilkinji nobatda, çeper sungat bolmaly poeziýanyň düýp tebigatyna zeper ýetirýän däldir-dä? Aslynda filosofiki pikir näme? Biziň pikirimizçe, poeziýanyň filosofiki tebigaty boýunça özboluşly ruhy hadysadyr. Ol filosofiýa obrazlarda, şahyrana öwrümlerde ýaşaýar, has dogrusy, biziň okyjy aňymyz şahyrana obrazdan filosofiki umumylaşdyrylan netije alýar. Başga bir jemgyýetçilik aň formasy bolup duran filosofiýa bolsa abstrakt konsepsiýalarda, howaýy, logiki pikirlenmäniň aýlawlarynda ýaşaýar. Onsoň ol duýgudyr, paýhasyň sintezinden obraza geçen şahyrana filosofiýada öz tebigaty boýunça, soňky bolsa ondan estetiki-emosional täsiri boýunça düýpgöter tapawutlanýar. Şol tapawut bolmadyk halatynda şygyr gurak, didaktiki akyl satmalaryň öýjügine öwrülýär, şeýdibem, poeziýa, sungat tebigatyndan mahrum bolýar. Nobatgulynyň poeziýasynda deňiz ikinji plana geçende, başga bir obýektiw simwoliki obrazyny berýär. Deňziň şahyryň obrazlar ulgamyndaky şeýle «ýalpyldysy» seýrek zatdyr. Ol, esasan, şahyryň soňky döredijilik sepgitlerinde – onuň modernistik poeziýa geçen döwürlerinde duş gelýär. Şahyryň «Jemşidiň jamy» kitabynda «Pelegiň oýny» atly çaklaňja goşgy bar: Deňiz tekiz, päki çalybermeli. Deňiz, deňiz – garansaň-da niräňe. Mawy asman belent ýerlerden eli, Ummanam çuň aýagyňy diräre. Çümýär, çykýar… ýüze ýolun duşlaýar. Bildirgiç deý çümüp-çykyp, çeňňege Aw düşenni ol pelege buşlaýar*. Bu ýerde şahyr dünýäni stihiýa däl-de, dürüşde hökmünde duýýar. Deňiz adamzat üçin kosmiki aldajynyň, ýuwdarhanyň simwoly. Şygryň başky setirine üns bereliň. Deňiz tep-tekiz, diýmek, hiç hili şemal, hiç hili hereket, ruhuňy azat edýän, kalbyňy gurplandyrýan hiç hili ýaşaýyş ýok eken. Daş-töweregiň ýöne ýuwdarha suw bolup dur, onsoň şahyr bu ýerde «asman», «zemin» ýaly položitel röwüş berýän obrazlary adamzat alaçsyzlygyny duýarlykly, syzarlykly beýan etmek üçin ulanýar. Kemine aýtmyşlaýyn, «Göge uzatsam, elim göge ýetmeýär…» Hawa, men şu ýerde ýene nusgawyy poeziýadan zemine dahylly položitel ideal berýän obrazy ýada salmak isledim, ýöne Keminäniň äheniňde aýdanyňda, tapabilmedim. Munuň özi tötänlik däl-de, kanunalaýyklykdyr. Estetiki idealyň položitel hataryna «zemin» diňe XX asyrda poeziýamyza girdi. Ondan öň ol «gara ýerdi» – aždarhady, onsoň şahyrlaryň oňa mähri gitmeýärdi, oňa aýaklaryny diremek olaryň asla ýadyna geljek pikir, hyýalyna geljek obraz däldi… Ýöne… Nobatgulynyň stihiýasyna gaýdyp geleliň. Şahyr kalbynyň ýaşaýyş görnüşini, görnüşi ýaly, dymýan, rahat deňze däl-de, däli deňze meňzedýär. Şeýle epitet türkmen estetiki ýörelgeleriniň çygryndan öň – nusgawyy döwürde köňül barada köp ulanylýardy. Özem ol köňlüň stihiýalylygyndan däl-de, onuň «akylsyzlygyndan» ötri, onuň materiýanyň ýollaryna gidýänliginden ötri, ýekirlip dakylan epitetdi. Şu manyda bir çaklamany öňe süresimiz gelýär: «däli» sözi, biziň pikirimizçe, arap dilindäki «dähri» sözünden gelip çykan bolmaly. «Dähri» materialist, «akyly materialistik gysga kişi» diýmekdir. Käbir türkmen dialektlerinde «däliremek» däl-de, «dährilemek» diýlip aýdylmagy hem sözüň arap asly bilen baglanyşykly bolsa gerek… Ýöne Nobatgulynyň beýle ideologiki derdeserler bilen işi ýok, çünki asyl XX asyr türkmen ruhunyň beýle zatlar bilen, umumy kanunalaýyklyk, ruhuň umumy ösüş ugry manysynda aýdanyňda, işi ýok. Ol köňül – deňiz babatdaky däliligi akylsyzlyk däl-de, ruhuň erkin ýüze çykmasy, onuň tebigy, kanuny stihiýasy diýip bilýär. Söýgi lirikasyna degişli goşgularynyň birinde Nobatguly özüni magşuk gyz bile şeýle tanyşdyrýar: Menmi? Men çöllerde gezen tüweleý, Ummanda ugruny ýitiren gämi. Men köşeşip bilmän daşlara urlup Maňlaýny ýardyran deňiziň gomy! Bir söz bilen aýdanyňda, däli, jeýhun köňül söýmäge ukyply hem söýülmäge mynasyp köňül. Söýginiň güýçlüligini, zyýadalygyny şahyr özüniň adaty obrazlarynyň üsti bilen berýär. Diýmek, suw stihiýasy dürli şahyrana kontekslerde dürli many öwüşginlerine eýe bolup biljek eken. Eýse näme? Şol öwüşginler bilenem şahyrana dünýäniň köpowazlylygy, inçeligi emele gelýär ahyryn. Eger içki inçeliklere geçip gitmese, onda Nobatgula garanda has gödegräk, garybrak bir şahyr ýüze çykardy. Nobatgulynyň poeziýasynyň iň artykmaç taraplarynyň biri onuň owaz inçeliklerine, reňk öwüşginlerine, many öwrümlerine baýlygydyr. Şahyryň obraz-motiwlerindäki söz – semantiki birlikleri soňky derejedäki kiçi obrazlara geçende özge bir estetiki barlygyň beýany bolup durýar. Gämi, deňziň gomy – şahyrlyk kalbynyň aşyklyk pursatynyň häsiýetnamasy. Şahyr kalby şeýle hil-hil pursatlara baý. Şol bir söz materialynyň dürli ahwalatlary, duýgulary, täsirleri açmaga hyzmat etdirilmegi tebigaty, barlygy boýunça özboluşly obrazlary döredýär. Şahyrlyk ýolunyň şeýle kiçijik ýodalardan, onuň özboluşlylyynyň bolsa şol kiçijik originallyklardan kemala gelýändigini aýtmak artykmaçlyk etmese gerek: Armanyň näme! Ýar owsuny – sunaminiň tolkuny, Urulýar, zarbyna çaşyrýar beýnim. Ýürek nämä duýýar ölüm howpuny. Öz aýagy bilen Gelipdir leýlim. Asman içre uzan gümmürdi kimin Göwrämi lagşadyp gidýär sunami. Aýagmyň astynda yranýar zemin, Eýesi gelipdir amanat janyň.* Owsun urmak, owsun atmak şahyryň iň söýgüli şahyrana jümleleriniň biri, ol duýgularyň, daşky predmetleriň hereketiniň bimöçber joşgunlylygyny, däliligini, jeýhunylygyny aňladýan jümle. Nusgawyy edebiýatda ol söz «äfsun» görnüşinde gelip, jadylamak manysyny berýär, şol köne many Nobatgulynyň poeziýasynda ýitip gitmän, gaýtam, şahyrana kalbyň däli tebigaty, gudraty bilen hasam güýçlendirilipdir. Gursagymda owsun atýar suwpersi – ýar owsuny – deňziň wagşyýana owsun atyşy – ýaşaýyň iň belent ýüze çykmasy, ýaşaýşa ählumumy söýginiň, dirilige ymtylyşyň, «ölüme garşy pitnäniň» aňladylmasy bolan yşgyň ýokary hetdini görkezýän jümle özüniň dinamizmi bilen tapawutlanýar. Nobatguly türkmen poeziýasynyň erotiki duýgulary beýan etmek däplerine ep-esli täzelikleri girizdi. Biziň nusgawyy poeziýamyzyň «goşa nar», «almaly-nar», «şamar», «mürçe-miýan», «messan basmak» ýaly obrazlar ulgamy wagtyň geçmegi bilen galyba öwrüldi, ol okyjynyň estetiki duýgusyny berçikdirip başlady. Şonuň üçinem XX asyr türkmen poeziýasy ol çeperçilik serişdelerden, umuman, el çekdi. Oňa derek – magşugy, onuň syratyny, kaddy-kamatyny anykdan-anyk suratlandyrmaga derek, ol şahyryň magşuga gatnaşygyny, söýgi duýgusyny başga-başga görnüşlerde ýüze çykarmagy müwessa bildi. Onsoň söýgi lirikasynda iň belent duýgularam adaty, durmuşy detallarda berilmäge başlandy. Magşuk gyzam al-asmandan Ýere düşürildi-de, adaty, ýönekeý gyza öwrüldi oturyberdi. Gyz adaty syna, adaty kaddy-kamata eýe boldy, peri-peýker bolmagyny bes etmeli boldy. Hatda şahyrlar öz magşugynyň peri-peýker däldigini ürç edinip, öwran-öwran gaýtaladylar. Liriki mazmundaky magşuk, söýgi duýgusynyň beýany, aşyklyk tebigaty meselesindäki içki özgerişleri şygryň keşpler ulgamyndaky görnüş babatdaky täzeliklere getirdi. Munuň özi müňýyllyk taryhy bolan liriki poeziýamyzda ägirt uly edebi reformady. Şol özgerişiň düýp manysyna, gerimlerine akyl ýetirmek üçin Nobatgula çenli türkmen poeziýasynyň ägirdi Gurbannazar Ezizowyň poeziýasyna göz aýlamak zerurdyr. Nobatguly weli bütinleý başga öwrüm etdi. Ol öz söýgi lirikasynda ýene söýgi duýgusynyň obýektine – magşuk gyza, dürli çeperçilik serişdeler arkaly, onuň kaddy-kamatynyň, gözelliginiň beýanyna gaýdyp geldi. Özem munuň üçin täze-täze obrazlary, metaforalardyr meňzetmeleri işe girizdi. Iň esasy ýeri – şol obrazlar bir ulanarlyk estetiki pikiriň ösüşi nukdaýnazaryndan ujypsyzlygy, hil ähmiýetiniň kiçiligi, özünde saklaýan mazmun-duýgusynyň telperligi hem ýöntemräkligi zerarly çalt unudarlyk, çeperçilik ömri gysga obrazlar däldi-de, çeperçilik täzelikleriň gaýtalanyp, her gaýtalanmada-da öwüşgin alyp duran, içki organiki ýaşaýşa, kanunalaýyklyga eýe bolan ulgamy alamatlandyrýardy. Munuň filosofiki nukdaýnazardan seredeniňdäki düýpli içki sebäbi bardy: ol biziň millet hökmündäki estetiki aňymyzyň düýpli özgerişligi bilen baglanyşyklydy: XX asyr türkmen poeziýasy Nobatgula çenli söýgini ANYK DUÝGY hökmünde suratlandyrdy. Nobatguly bolsa söýginiň nusgawyamyzdaky ylahy (hudawy) duýgulyk mazmunyny gaýtaryp getirdi. Biz söýginiň iki juwanyň arasyndaky mähir-muhabbetli gatnaşykdygyndan başga-da, onuň adamzat ruhuna mahsus, adamyň dünýä gatnaşygyna häsiýetli uniwersal bir kategoriýadygyny aňladyk. Ýöne şol uniwersal kategoriýa hökmündäki söýginiň nusgawyy derwüşçilikdäki hem Nobatguludaky manysy asla deň däl. Sopularyň, şol sanda Magtymgulynyň niýeti, ümzügi Hudaýa tarapdy, şonuň üçin olar HUDAÝY ADAMLAŞDYRDYLAR. Nobatgulynyň emri bilen häzirki poeziýamyz bolsa umuman adamy däl, diňe GYZY HUDAÝLAŞDYRDY, özüniň gyza bolan ynsanlyk duýgularyny ylahylaşdyrdy. Estetiki pikitrlenmäniň flosofiki-ontologiki esaslary planynda garanyňda, nusgawyanyň hem häzirki poeziýanyň ýagdaýy, ideologik gurby deň däldi: sopuçylyk aňly-başly işlenen birgiden filosofik ulgamdy, Nobatguly bolsa öz şahyrlyk zehininiň belentligine hem halkynyň ruhy taryhy bilen hususy ruhunyň birliginden gözbaş alýan döredijilik intuisiýasyna daýanýardy. Onuň derwüşlik dünýägaraýyş hem dünýäni derwüşçilik duýuş babatda öz nazarýeti bar. Ýöne filosofiki konsepsiýalardan aňly-düşünjeli iýmitlenmek bir başga, öz nukdaýnazaryňy, nazarýetiňi beýan etmek bir başga. Onsoňam filosofiki dünýägaraýyş barada aýdylanda, bu iki tarapyň hersi bir dünýädir: sopularyňky mistiki panteizm, Nobatgulynyňky natural panteizme çalym edýär. Birinjisiniň düýp manysy Hudaýdan başga zat ýokdur, ikinjisiniňki zatlardan başga Hudaý ýokdur diýen tezislere syrygýar. Munuň özi ahyrky netijede gapma-garşylyga baryp ýetjek tapawut ahyryn. Iş ýüzünde munuň şeýle bolýandygyny görmek kynam däl. Şu ýerde ýokarky pikirimi, ýene bir gezek hetjikläp nygtaýanlygym üçin, hormatly okyjy, sen meni bagyşla, men ýokarky pikiri iki maksat üçin, birinjiden, bu pikiriň aýallar bilen baglanyşyklydygy, meniň bolsa indi ençeme ýyllar bäri aýallar barada uly göwrümli roman ýazmak hyjuwy bilen ýaşap ýörendigim üçin, ikinjiden, bu pikiriň türkmen poeziýasynda örän uly hadysadygy, ýöne şeýle hem bolsa, bu hadysa hakda henize-şu güne çenli hiç hili gürrüň edilmändigi üçin nygtamagy ýüregime düwdüm. Meniň diýmekçi bolýan «Mustapam» şeýle: nusgawy şahyrlarymyz – goý, olaryň ýatan ýerleri jennet bolsun! – biziň owadan türkmen gözellerimizi wasp edenlerinde, depelerinden hem beýikde göterip geldiler. Olaryň döredijiliginiň tas hemmesi diýen ýaly türkmen gözeliniň waspydy. Sowet döwründe ata-babalarymyz hakda gürrüň edenimizde, biz olary «köne pikirli, baý-feodal garaýyşly» diýip gönertledik. Biz ata-babalarymyzy «aýal-gyzlara özleri bilen deň hukuk bermändirler» diýip köteklemek kötekledik. Ata-babalarymyz aýal-gyzlara özleri bilen deň hukuk däl, olara has uly hukuk berendiklerini günde-günaşa nusgawylarymyzyň goşgularyny okasagam, aýdymlaryny diňlesegem düşünmedik. Hawa, biz aýal-gyzlary ata-babalarymyzyň beýik hukuk berendiklerine, gözelleri ylahylaşdyrandygyna hakyt düşünmedik. Biz – täze pikirli sowet adamlary, ýazyjy-şahyrlary bolan biz nätdik? Biz «aýal-gyzlara etkek kişiler bilen deň hukuk bermeli» diýdik. Özem ýetmiş ýylyň içinde şu pikirimizi gaýtalama kemini goýmadyk. Ah-ow, biz aýal-gyzlara özümiz bilen, erkek kişiler bilen deň hukuk berip, olary pese düşüren ekenig-ä! Ata-babalarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň ýerde-gökde goýmadyk ylahylaşdyran, Hudaýlaşdyran aýal-gyzlaryny erkek kişileriň derejesine çenli pese düşüren ekenig-ä! Meniň bu sözlerimiň size, hormatly okyjy, ýarym degişme bolup eşidilýändigine men düşünýärin. Ýöne men hakykaty aýdýaryn. Nusgawyy poeziýamyzda «Sagymçy gyz», «Halyçy gyz», «Pagtaçy gyz», «Suwagçy gyz», «Mehanizator gyz» diýen aňlatmalar ýokdur. Nusgawyadaky waspy ýetirilýän gözeller asyl işden belentdäki gyzlar. Sowet döwründe şahyrlar gyzlara ýyldyzlary wada bermeýändikleri bilen öwündiler, olara «sen owadan däl, ýöne sen maňa mynasyp» diýip, has «durmuşy» bolmak islediler. Şeýle goşgularyň G. Ezizowda kändigini başda ýörite belläp hem geçipdim. «Erkek kişiler bilen deň hukuklylyk» diýip, biziň peri-peýkerlere gaýra dur diýdirýän türkmen gelin-gyzlarymyzy özleri bilen deň durup işlemäge, «ak altyn» ýygmaga mejbur etdiler. Aýal-gyzlar biziň mukaddesligimizdir, beýikligimizdir. Aýal-gyzlara ýygýan on bäş tonna «ak altyny» bilen däl-de, ezizligi, mylakatlylygy, owadanlygy, hoşzybanlygy, edaly ýylgyryp bakyşy boýunça baha bermeli. Sowet döwründäki ýetmiş ýyl türkmen gelin-gyzlary üçin deň hukuklylyk, azatlyk bolmady. Şahyr Nobatguly Rejebow türkmen-sowet şahyrlarynyň ýalňyşlygyna düşündi. Ol peri-peýker hasaplanan türkmen gözel gelin-gyzlaryny ilkinji bolup arşa göterdi. Şahyr türkmen aýal-gyzlaryny ýene öňki belentligine göterdi, ol aýal-gyzlary ylahylaşdyrdy, Hudaýlaşdyrdy. Şu hyzmaty üçin türkmen gelin-gyzlary şahyr Nobatguly Rejebowa minnetdar bolmaly. Nobatgulynyň «Meňli» atly şygrynda şeýle setirler bar: Gören aşyk geda boldy, Il-gününden jyda boldy. Magtymguly pida kyldy – Boýlaryňa din-imanym, Allasyn. Elbetde, Magtymgulynyň filosofiýasy hem poeziýasy bilen içgin tanyş adam üçin bu ýerde jedelleşere zat bardygy görnüp dur. Soňky şahyrlaryň söýgi lirikasy iki komponentden durýar: ylahy söýgi hem ynsan söýgüsi. Meňli Magtymguly üçin ikinjä girýär. Diňe indi – XX asyrda estetiki aňyň transformirlenmegi netijesinde, aýdaly, Nobatguly üçin olaryň ikisi hem bir bolup biler. Şol transformasiýa netijesinde häzirki panteistik poeziýada aşakdaky özboluşlylyk ýüze çykýar: birinjiden, ol umuman Adamzady däl-de, özüniň söýgülisi Magşuk gyzy ylahylaşdyrýar, özüniň duýgularyny ylahylaşdyrýar. Ikinjiden, obrazlary üçin materialy adam barlygyndan däl-de, natural barlykdan – tebigatdan alýar. Üçünjiden, ol mistiki heserlenmeleri däl-de, erotiki duýgulary ylahylyk derejesine ýetirýär. Onsoňam abstrakt pelsepelere dümtünmän, hökmürowan hakykata üns beriň: şahyry güýçli edýän onuň filosofiýasynyň güýçlüligi däl-de, onuň şahyrlyk zehini ahyryn, filosofiýa onuň şahyrlyk daragtynyň tohumyny kesgitlänok-da, diňe şol daragta iýmit berýär. Estetiki duýgy-düşünjeleri esasan sosialistik realizm esaslarynda kemala gelen poeziýa üçin magşugy Hudaýa deňemek ýada düşjek zat däldi. XX asyr türkmen poeziýasynda şeýle geň-taňlyk ýadyna düşüp ýören, diňe Nobatguly boldy. Munuň özi tötänlik däldi. Bu ýerde zehiniň jemgyýetçilik kösseklerinden, ruhy galyplarynda garaşsyzlygyndan başga-da paýhasyň hem duýgularyň, onda-da erotiki duýgularyň emansipasiýasy gerekdi. Bu bolsa, görüp otursak, zehinlileriň içinde diňe Nobatgulynyň paýyna düşen zat eken. Şahyryň dürli döwürlerde döreden eserlerinde aşykdyr magşugyň biri-birine gatnaşygy dindar bilen Hudaýyň gatnaşyklary hökmünde görkezilýärdi. Soň ikinji geldi. Aýyldy essim. Dünýäm ters aýlandy. Titredi zemin. Suratyň öňünde mynajat etdim Ölüme buýrulan Hudaýhon kimin. Säme, gamgyn başym, Çal başym, säme, Depäňden saýasyn saldy humaýyň. Indus kibi dyzyňa çök, Elin öp, Garşyňda dur gökden inen Hudaýyň. Şygryň gaty täsin dünýäsi bar. Şol täsinlik inçe duýgulardan hem şahaly pikirlerden durýan şygryň many inçeliginden hem köpowazlylygyndan ybarat. Ýokarky mysallardan biz şahyryň öz söýgüsine mukaddeslik hökmünde garaýandygyny, gyzy Hudaýlaşdyrýandygyny görýäris. Ýöne olaryň hersinde bir anyk obrazly situasiýa bar. Birinjide aýralyk pursaty, söýginiň synyş pursaty, ikinjide bolda duşuşyk pursaty suratlandyrylýar. Şoňa baglylykda-da Hudaýyň – magşuk gyzyň obrazynyň dürli taraplary aýdyňlaşýar. Şahyryň liriki gahrymany bu ýerde aýgytly rol oýnaýar: kimin ýaly meňzetmeler liriki gahrymanyň şahyrdan tapawutlanýandygyny aňladýar. Liriki gahrymanyň şahyrdan tapawudy eseriň çeper dilinde, gör, nähili esaslandyrylýan eken! Ýöne şahyryň gönüden-göni özi bolup, Hudaý bilen ýüzleşýän ýerleri hem bar: Eger Taňry oturan bolsa arşy-aglada Düşegi başga bolsa Alladanam aýypdyr. Ýa-da: Hudaý bolsam ant içýän sakgalymyň agyndan, Asla beýle jenaýat etdirmezdim adymdan. Ýa-da: Seni ýaratmadyk bolsady Taňrym, Ol meň bilen hasaplaşyp bilmezdi. Ahyrky netijede, ulgamlaýyn hadysa hökmünde şahyryň magşugyny ylahylaşdyrmasy gutarnykly bir zat bolup durýar. Häzirki zaman türkmen romantizm ugrunyň şeýle erkin pikirlik, paýhas emansipasiýasyna ýetmegini umumy türkmen ruhunyň möçberindäki hadysa diýip hasaplaýaryn: Sen meniň Hudaýym, pyşyrdyň – dogam, Ýan, ezizim, ýan! Şahyryň eserlerinde magşugyň synalarynyň suratlandyrylyşy täsindir. Şu meselede ol türkmen poeziýasynda täze metaforalar ulgamyny açdy. Magşuk gyzyň biliniň hem saçynyň suratlandyrylyşy örän originallygy hem düýpgöter täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Şahyr şol tapawutlara birden ýetmedi. Onuň ilkinji kitabynda söýgi temasyna degişli goşgularda metafora babatda «Tolkunjyrap ýatyr bir jübüt şamar», «Yşkyň derýasynda gulaçlap ýüzýär» diýen ýaly galyba giren çeperçilik serişdeler ulanylýardy. Soňra duýgular bütin terligine gönümel berlip başlandy. «Saçlaryny ysgap-ysgap guçardym», «Eljirärdi saçyn orap boýnuna» ýaly setirler galyba giren obrazlylykdan ter hem açyk berlen pikir-duýgynyň has täsirlidigini görkezýärdi. Emma çeperçilik ösüşiň iň soňky – üçünji aýlawy, logikanyň «sintez» diýýäni hem bardy. Bu ýerde eýýäm şol ter duýgular edil özleri ýaly ter hem täsin obrazlarda berilýärdi: Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar, Göwherden jyga ol Başa orasaň… Hem çeşme suwuny ýüze sylan dek Ýüze çaýdym tolkun saçlaň tellerin. Eý, sen, çasly çeşme kimin ak saçly Suwperi, men seniň yşgyňda ölýän. Eý, sen, meniň çeşme kimin inçe bil Çeşme deý towlanyp duran dilberim. Garperim, eý, meniň ak saçly serwim. Metafora meňzeşlik esasynda döreýär diýýärler. Gyzyň goýberilen saçynyň çeşmä iki babatda meňzeşligi bar: birinjiden, şekil meňzeşligi, ikinjiden, hereket meňzeşligi. Ýöne reňk meselesinde weli olaryň arasynda meňzeşlik ýok: saç – gara, çeşme – ak. Dowamy bar ... Osman Öde. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |