04:48 Türkmenbaşy döwri -22: Boljak işe çäre ýok | |
22. BOLJAK IŞE ÇÄRE ÝOK
Publisistika
Myrady öýlendirenime ýigrimi dört gün diýlende, kiçi oglum Atamerdanam gyz alyp gaçyp geldi. Atamerdan ol gyz bilen öňräkden bäri halaşýardy. Tirkeşýärdi. Muny gyzyň hossarlaram bilýärdiler. Göräýmäge garşam däl ýalydylar. Emma, Atamerdanyň aýtmagyna görä olar birdenkä gyzlaryny başga birine berermen bolupdyrlar. Şonuň üçinem ol söýgülisini alyp gaçmaly bolupdyr. Ýöne, ol maňa aýtmazdan, öýe getirmezinden öň bir hepde ýaly meniň durmuşa çykan gyzymyň öýünde gelni bilen bolupdyrlar. Ýaşaşypdyr. Nika gyýdyrypdyr. «Gyzymyzy tapyň» diýip, şol döwür gyzyň ata-enesi üstümize kän çöwjediler. Emma biz olaryň niredediklerini hakykatdanam bilmeýärdik. Ýedinji gün diýlende, megerem meniňem käýýärimden çekinen bolsa gerek, onuň gelniniň elinden tutup bir ýerden çykdylar. Biz tutuş maşgalamyz bolup aljyradyk. Sebäbi, ýap-ýaňyja toý edendigimiz üçin ýagdaýymyz pesdi. Elimizde hiç zat ýokdy. Gyzyň ata-enesi bolsa: «Gyzymyzy yzyna beriň, öňümizden geçiň, daşyny dolaň, şondan soň gelinalyjylap alyp gaýdyň» diýýärdiler. Hernäçe düşünişjek bolsagam etmeýärdiler. Diňlemegem islemeýärdiler. Ýagdaýymyzyň pesdigini bilib-ä hasam beter süründiler. Atamerdan bolsa yzyna gaýtaryldygy gyzyň başga birine beriljekdigini aýdyp jibrinýärdi. Muny eşdip gyzyň kakasy şert etdi. Orta saçak goýdy. “Şunça wagtlap bile ýaşaşypdyrlar, nikalaşypdyrlar, mundan soň muny bu oglandan aýryp men näme ony telpegi agana bereýinmi” diýdi. Şondan soň biz onuň bilen ylalaşmaly bolduk. Indi biz pul tapmalydyk. Toýy-ha eýdip-beýdip sowjagymyzy bilýärdik, ýöne, «daşyny dolasaňyz bolýa» diýip öýümiziň ortarasynda «gor-gor» gürläp oturan gudalar şol günüň ertesi elimize içi sanawly bir gulaç kagyz tutdurdylar. Biziň ýagdaýymyzda şol sanawdaky gymmatbahaly harytlaryň ýekejesinem almak mümkin däldi. Şonuň üçinem, özümizi nirä urjagymyzy bilmän iki ýana elewreşdik, onça puly kimden aljagymyzy, nireden tapjagymyzy bilmän ýaýdanyşýardyk, emma hiç hili çykalga tapyp bilmedik. Iş-güýçsiz, gazançsyz oturan adama onça puly hiç kimiň karzyna bermejekdigem görnüp durdy. Kärhanam üçin ulanan wideokameramy satarman bolduk, ýöne, ondan düşen pul galyňa ýa toýuň çykdajysyna-ha däl, hatda toýuň öň ýanyndaky ýönekeňje guda gatnaşyklaryna-da ýetjek däldi. Elbetde, hemişeki ýaly döredijilik bilen gazanç edip bolýan döwri bolanda biz beýle kösenmeli däldik. Emma döwür döredijiligiň daş-töweregini baglapdy, bil oňurgasyny omurupdy. Gazanç edere bolsa iş ýokdy. Edaralara işe girmek kyndy. Çünki, telewideniýe boýunça eden çykyşlarynyň birinde Prezident: «Elliden geçenleri işe almaň, olaryň barysy sowet döwründen armanly adamlar», diýip, edara ýolbaşçylaryna görkezme beripdi. Men bolsam eýýäm elliden geçip, altmyşy ýarpylap ýördüm. Üstesine-de gara sanawdadym. Şonuň üçinem, döwrüň labyry esasan biziň neslimiziň başyndan inipdi. Bize yza gaýdara-ha ýol ýokdy, öňümiz bolsa ýapykdy. Elli, altmyş ýaşyna çenli ömrüni diňe döredijilik bilen geçiren adama ondan soň bazara girmek, söwda-satyga ýüz urmak, daýhançylyga, maldarçylyga, fermerçilige baş goşmak mümkin däldi. Baş goşaýanyňda-da elinde zat ýok adama o zatlar başartmaýardy. Boljak-boljak ýalam bolýardy, ýöne meniň ördekdir-towşanlarymyň bolmaýşy ýaly o-da bolmaýardy. Döwür özüne gabyl adamlary tapýardy. Tapýardam ýüze-de çykarýardy. Öňki döwrüň sekretarlarynyň – Prezident boluşlary ýaly täze döwrüň ähli täzeliklerem öz gönezligini sowet döwründen alyp gaýdýardy. Sowet döwründe partiýa we hökümet işinde, bank we söwda ulgamlarynda, gazançly edaralarda işläp gor ýygnan çemeçil adamlar bazar ykdysadyýetine hem iňňän aňsatlyk bilen uýgunlaşýardylar. Çünki, bazar ykdysadyýetinde bar zady pul çözýär we ýene-de öňki baýlar-a baýaýar, garyplar bolsa barha garyp düşýär. Täze baýlary Nyýazow ilk-ä «Halal türkmen baýlary» diýip atlandyrdy, soňam «haramhorlar» diýip, ýeke-ýejeden türmä dykyp ýa-da hersini öz obalaryna sürgün edip başlady. Döredijilik işgärleriniňem diňe çemeçilleri öz günlerini görüp bilýärdiler. Olar üçin Leninmi ýa Nyýazow, marksizmmi ýa «Ruhnama», dini taglymatmy ýa ateizm parhy ýok, çyrşanjalary çykyp dursa, redaktoryň ýalpyldawuk stolunyň başyndan aýyrmasalar, kürsülerinden, «wolwalaryndan», «mersedeslerinden» düşürmeseler bolany. Mahlasy. Olar üçin: «toý bolsa bolýa, Aýnany kim alsa şol alsyn!» Howwa, ýer-ýurt iş ýagdaýy şeýleräk. Wagt bolsa geçip durdy. Gyz elden gidip barýardy. Atamerdan howsala düşýärdi. Öňde gorp görünýärdi. Biz bolsak näme etjegimizi bilmän aljyraýardyk. Dagy alaç tapylmansoň men diş-dyrnak bolup salan jaýymy satmak üçin oba gitdim. Hyrydar gözledim. Emma jaý diýeniň tokly ýa göle däl, bazara çykaraga-da ur-tut degerine-degmezine sataýar ýaly. Oňa wagt gerek. Gerekli adamy tapmak, söwdalaşmak gerek. Dogry, jaý gerekli adam kändi. Şeýle oturyber ýa mugt alaý, diýseň üstüň gyzyl elem boljakdy. Ýöne, satyn alara halkda pul ýokdy. Pully adamlara bolsa meniňki ýaly jaýlar gerek däldi. Olar hem özleri, hem ogul-gyzlary üçin hatar-hatar edip, köşk ýaly jaýlar saldyrýardylar. Garaz, bäş-üç gün eglendim, oňa-muňa tabşyryşdyrdym, tanyş-bilişlere aýdyşdyrdym, iki elimi burnuma sokubam gaýdyp geldim. Gapydan ýüzümi sallap girenimi görüp öýdäkileriň barysy birden uludan demlerini aldylar-da, özlerini sessiz-üýnsiz ýere goýberdiler. Şondan soň men janhowuljyma iş gözläp başladym. Bu meniň ömrümde ilkinji gezek edara işine durjak bolşumdy. Elbetde, iş tapylaýanda-da aýlyk bilen, onda-da şeýle gysga wagtyň içinde hem galyňa, hem toýuň sowalgasyna ýeter ýaly pul ýygnap bolmajakdygy görnüp durdy. Ýöne, öý şeýle ýagdaýdaka haçan pula ýa haryda öwrüljekdigi näbelli döredijiligiň üstüne kökenek bolup oturmagam gelşiksizdi. Şonuň üçinem, men nähili iş bola-da işlemäge kaýyldym. Azu-köp öýe aýlyk getiribilsem razydym. Ýöne, şol wagt edaralarda-da aýak-aldygyna iş ýerleri gysgaldylýardym işe alynýan adamlaryň ýedi arkasyna çenli barlanýardy, döredijilik işgärlerine bolsa hasam şübheli garalýardy, öňi bilen onuň «garamy», «akmy», haýsy sanawa girýandigini, heýjanelege goşulýandygy ýa goşulmaýandygy göz öňüne tutulýardy. Goşulmaýanlara işe giren edarasyna gara getiribiljek gorkuly adamlar hökmünde garalýardy. Şeýle-de bolsa işiň ugruna çykmak gerekdi. Zerurlyk şony talap edýärdi. Başga ýol ýokdy. ...Her niçik hem bolsa, 2000-nji ýylyň başynda, ýazyjy dostlarymyň biriniň kömegi bilen gurluşyklar üçin çyzgy işlerini ýerine ýetirýän uly bolmadyk bir edara terjimeçi bolup işe girmek başartdy. Terjimeçiligiň häsiýeti barada aýtsam, 1991-nji ýylda çykan Dil kanunyny ýola saljak bolýardylar-da, onuňam ugrukdyryljak bolşy durmuşyň beýleki şahalarynda bolşy ýaly, juda gözgynydy. Ýagny, edaralaryň hat-petek işleri henizem orsça alnyp barylýardy-da, soňundan türkmençä terjime edilip bir bukja salnyp goýulýardy. Şu hem olaryň döwlet diline geçdikleridi, edaralaryny döwlet dilinde dolandyrdyklarydy. Kim-kimi aldaýar, bu aldawdan, kim näme peýda görýär, Hudaý bilsin! Şol boluşlary bilenem edara ýolbaşçylary ähli sözleriň, hatda halkara dil öwrülşigine giren gadymy grek, latyn sözleriniňem türkmençä terjime edilmegini köre-körlük bilen talap edýärdiler. Nämemişin, Prezidentiň görkezmesi şeýlemişin. Şol ähli sözleri türkmençä öwrüň, diýenmişin. Pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen, lingwistik gurultaýdan geçirilip dolanyşyga salmaga girizilmegine hukuk berlen sözlükler welin ýokdy. Her kim, her edara, her sözi özüçe terjime edýärdi. Netijede, ýokarky edaralardan aşaky edaralara, aşaky edaralardan ýokarky edaralara, banklara barýan resmi hat-petekleriň içindäki şol bir sözleriň terjimesi dürli-dürli görnüşlerde barýardylar we şol hatlar bilen iş salyşýan adamlary çaşynyň gözüne sereden ýaly edýärdiler. Türkmençä terjime edilen buýr-bulaşyk sözlemleri ýaňadandan orsça öwrüp okasaň hiç hili many bermeýärdi. Buýrugy «beýikden» alan ketdeleriň welin demleri ýer ýarýardy. Hernäçe gowy söz tapsaňam, öz bilmeýän ýa eşitmedik sözleri bolsa: «Munuň näme? Bu bolanok! Ýok et! Başga söz tap! diýşip, beren kagyzlarymy elleriniň tersi bilen zyňyp goýberýärdiler, üstümize dyzaşýardylar. Sen ýazyjymy, dilçimi, alymmy, özlerine görä bu ugurdan çorbany köpräk sowadanmy, onuň bilen işleri ýok. Olaryň bar bilýän zatlary: özler-a başlyk, senem işgär. Işgärden talap etmeýän, üstüne gygyrmaýan başlykdan bolsa olaryň pikiriçe başlyk bolmaýar. Olar-a talap etmeli, senem ýerine ýetirmeli. Talap edilýän zat ýer sürmekmi, nurbat ýasamakmy, hat-petek düzetmekmi ýa sözlem düzmekmi, oň bilenem olaryň işleri ýok. Sen hökman aýdylany ýerine ýetiräýmeli. Mahlasy, hünärli adamyň gadryny bilmeg-ä beýle-de dursun, gaýtam şolar ýaly adamlardan gaça durýardylar. Mümkin bolsa olary almajak bolýardylar. Olara «ýedi gapydan ýer tapmadyk», döwrüň içine sygmadyk, döwrüň talabyndan gaça durup gyrak-bujakdan iş gözlenýän adamlar hökmünde garaýardylar. Şonuň üçinem, köp edarada dilden, edebiýatdan, terjimeçilikden bütinleý başy çykmaýan ýöne, öz ýanlaryndan bilýändirin öýdýän adamlar işleýärdiler. Olar köplenç pensiýä çykan wraçlardan, harby gullukçylardan ýa-da söwda işgärlerinden we şoňa meňzeşlerden ybaratdylar. Dogry, olar edil işlän pudaklaryna degişli haýsam bolsa bir sözüň düýp manysyna bize görä gowy düşünýärdiler. Düşündiribem bilbärdiler, ýöne, birinjiden-ä terjimäniň gerimi giňdi, dürli pudaklara degişlidi, ikinjidenem, sözleri ýerli ýerinde goýup sözlem düzmek, sözlemleri okar ýaly etmegem gerekdi. Olaryň welin sözlem diýip düzýänleri köplenç birtopar bimany sözleriň bir ýere toplanan görnüşi bolup durýardy. (Abrakadabra). Iň ýamanam şolar ýalynyň birini bölüme müdir edip belleýärdiler, welin, o-da eliňi aýagyňy ed-dil, sim bilen saran ýaly saraňgaty edip goýaýýardy. Edil uly başlyklar ýaly «Eýt, beýt» diýip görtkezme berýärdi, gyssaýardy, haýbat atýardy, iňirdeýärdi, öz erkiňe işlemäge goýmaýardy. Söz bilen işlemekligiň çil çekmek ýa otag otamak ýaly iş däldigini bilmeýärdiler. Bu ýagdaý maňa başda bijaý ýokuş degdi. Her gezek gaharym gelende işden çykyp gitmek üçin «hüwläp» ýerimden galýardym, her gezegem ol ýerde esasy işiň «iş» däl-de, aýlykdygyny, öýe pul eltmelidigimi, toý etmelidigimi ýatlap aşak çökýär oturyberýärdim. Meniň işe giren edaramyň terjimeçiler toparynda bäş adam bardy. Men baranymda olar ikidiler. Ikisem ýaşuly adamlardy. Pensiýädäki wraçlardy. Biri terapewt, beýlekisi seksopatolog. Men baran günüm Uniwersitetiň taryh fakultetini gutaran Gunça atly bir gelin bilen mekdebi ýaňy gutaran, garaýagyz, lopbuş ýüzli burunlak, etli-ganly bir gyz hem işe kabul edildi. Men ony öz ýanymdan «Garagyz» diýip, atlandyrdym. Soň görüp otursam ol gyz terapewt ýaşulynyň, ýagny, biziň müdirimiziň agtygy ekeni. Müdiriň örän daýaw, ýetmişden geçendigine garamazdan ýüzi-gözi bäbegiň budy ýaly tep-terje, egilibräge-de, ýüzüňe dikanlap, gözlerini gypyrjykladyp, haýal hem ýuwaş gepleýän, daşyndan göräýmäge diýseň mylaýym, salyhatly, sypaýy, namazhon, şol sebäpli arakdyr-şerapdanam uzak bolmadyk geçmişde arasyny açan, ol ýerde arak içilýändigi üçin toý üýşmeleňine-de barmaýan adamdy. Seksopatologam şonuň ýaşlarynda, ýöne, oňa görä göwresi kän kiçi. Gürrüňçil. Degişgen. Düşünjeli. Ýaşlykdan dürs terbiýe, ýeterlik ylym alan. Sowatly. Adamkärçilikli. Ýöne, içmäni gowy görýär. Özi hoja adamsy. Belki şonuň üçindir, daşyndan seretseň häzirkizaman araplara ýa-da jöhitlere-de meňzemän duranok. Näme üçindigini bilemok, müdiriň meni turuwbaşdan jyny almady. Uniwersiteti gutaryp gelen Gunçanam halamady. Ýöne, uzak wagtlap syr bildirmedi. Ol biziň hemmämiz bilenem diňe «siz» diýip gürleşýärdi. Hiç haçan gaharlanmaýardy. Beren tabşyrygyny terjime edip eline bereniňden soň welin tektiň ýüzüne seredip oturýardy-da, ýuwaşlyk bilen: «Aý, şu söze degmesene, durubersin-le şol şo durşuna...» diýýärdi. Käwagtam ýüzüňe seredip, gözlerini gypyrjykladyp oturşyna: «Pylan sözi nädip alsak gowy borka», diýip soraýardy. Senem çynydyr öýdüp aňryňda baryny orta dökýärsiň. Ol bolsa henizem ýüzüňden gözüni aýyrman oturşyna kirpiklerini öňküsindenem beter süzgekledip: «Aý, bolýa-laý, gidibersin-laý, şu durşuna», diýýärdi. Yzyndanam birgeňsi ýylgyryp ýa kese, ýa aşak bakýardy welin, ýalpyldap duran possujak ýaňaklaryna al öwüşgin çaýylyp gidýärdi. Onuň şol ýylgyryşynyň manysyny biljek bolup men gaty kän kösendim. Ahyram bildim. Şol ýylgyrmasy arkaly ol özüniň müdirliginden, üç-dört adama sözüni ýöredibilýändiginden, islendik sözi geçirip ýa geçirmän bilýändiginden lezzet alýardy. Dil meselesi boýunça atly bir ýazyjynyň üstünden garap oturandygy üçin öz-özüne guwanýardy. Buýsanýardy. Häli-şindem ýazyjylaryň üstünden düşýärdi, olaryň garşysyna hökman bir kemsidiji söz aýdýardy. Ýazyjylaryň köpüsiniň köp sözleriň manysyny jaň edip özünden soraýandyklaryny öwran-öwran tekrarlaýardy. Öwünýärdi. Bir gün günortanlar, arakesme wagty çaý başynda otyrkak eçilip gürrüň bermegine görä biziň işleýän institutymyzyň direktory onuň gadymdan gelýän gatnaşykly ýeri ekeni. Biziň ýanymyzda özüni diýseň rüstem tutýandygynyň esasy sebäbem ana, şol bolmaly. Direktoryň ýakyn adamsydygynam ol özüniň eldegrilmesizdigini duýdurmak üçin aýdan bolsa gerek. Ýazyjylary seksopatologam gaty bir ykrar edip barmaýardy. Özüniň kimdir biri bilen bilelikde ýazan, är-aýal gatnaşyklaryna degişli, ýukajyk, ylmy-populýar kitapçajygyny ol işe gelen günümiz bize peşgeş beripdi we şonuň bilenem özüni dile ökde adam hökümnde ykrar etdirdim hasap edýärdi. Menden welin kitabym barmy, ýokmy soramaýardam. Beýlekilerem soramaýardylar. Menem aýtjagam bolmaýardym. Seksopatologyň hakykatdanam, degişgenligine, gürrüňçiligine welin söz ýok. Her hili wäşi sözler tapyp bizem gülüşdirýärdi, özi bizdenem beter gülýärdi. Käriniň wraçdygyna garamazdan, ol täze çykan türkmen elipbiýinde, ýagny, latynçada ýazyp bilmeýärdi we krillisa boýunça terjime edýärdi. Men hem latyn, hem krillisa boýunça terjime edýärdim. Gunça umumy işe goşulmaýardy. Müdir oňa haýsam bolsa bir ýumuş buýurýardy, ýöne, nämedigini men şol wagtam bilemokdym, häzirem bilemok. Garagyzy başda pes aýlyk bilen, korrektor edip işe alan hem bolsalar, bir aý geçer-geçmez edara ýolbaşçysynyň ýörite buýrugy bilen korrektorlykdan baş hünärmenlik wezipesine geçirdiler we aýlygynam biziň aýlygymyzyň derejesine çenli galdyryp goýberdiler. Aslynda ol ýerde korrektorlyk iş ýokdy. Redaksiýalardaky ýaly grankalar okalmaýardy, asyl nusga bilen çap edilen tekst deň tutulyp barlanmaýardy. Golýazmalar göni kompýutere gidýärdi we ýalňyşyny düzetmek üçin ýene-de özümize gaýdyp gelýärdi. Diýmek, öňki wezipesem, soňky wezipesem aşak bakyp sesini çykarman dommarylyp oturmakdan, biziň atasy ýok wagty aýdýan sözlerimizi dykgat bilen diňlemekden, soň oňa ýetirmekden, taýýar bolan golýazmalary kompýutere äkitmekden, edilmeli terjimeleri kabinetlerden alyp gelmekden ybaratdy. Müdüriň öz-ä asla iş etmeýärdi. Ol agtygynyň kabinetlerden çöpläp gelen tekstlerini bize paýlaşdyrýardy, terjime edip yzyna tabşyranymyzdan soňam çalak-çulak gözden çegiren bolýardy, «Häý, sizden gulagym dynjak däl-ow», diýýän manyda gabak astyndan hermiziň ýüzümize bir seredip başyny ýaýkap bolýardy we: «Bar, eltip gel», diýip, elindäki kagyzlary lükgeligi bilen agtygynyň eline tutdurýardy. Biziň hemmämiz ilerki diwaryň düýbünde hatara oturýardyk, onuň bolsa ýeke özi biziň gabat garşymyzdaky diwaryň düýbünde, çat maňlaymyzda oturýardy. Gabarylyp oturşyna okuwçylaryna ýumuş buýran, mugallym ýaly herimiziň ýüzümize bir seredýärdi, içini hümledýärdi, käte ýerinden turup, o ýan, bu ýan gezmeleýärdi, käte bolsa daşymyzdan aýlanýardy, iki elinem jübüsine sokup durşuna biziň edip oturan terjimämize ser salýardy. Soňam ýene ýerinde oturýardy-da biz e tiňkesini dikýärdi. Telefonam şonuň stolunda durýardy. Jaň etseňem, saňa jaň gelse-de halamaýardy. Gara kostýumly, gara şlýapaly, gara galstukly, ak köýnekli, gara botinkasy ýalpyldap duran bu daýaw kişi galyň portfelini elinde sallarlap, gapydan eglibräk girende amerikan kinolaryndaky baý bandalaryň ýolbaşçylaryna çalym edýärdi. Şonuň üçinem, seksopatolog ikimiz degşip, öz ýanymyzdan ony «worzakon» diýip atlandyrýardyk. Men işe Berziňňidäki aramgähimden gatnaýardym. Aýalym bolsa ara-çola gudalara gidip-gelip durdy. Şol aralykda gudalarymyz gyzlarynyň göwresinde galan çagany aýyrdypdyrlar, we öňki berjek bolýan ýerlerine çykarmaklygyň kül-külüne aladasyny edip ugrapdyrlar. Oglum gelnini görmäge barsa-da görkezmändirler. Asla gapylaryndanam salmandyrlar. Ýolda-yzda görüşmezleri ýaly gyzlaryny işindenem çykarypdyrlar. Üstesine, zorluk bilen ony Atamerdandan dänmäge-de. «Sen indi meniň yzymdan gelme» diýip, hat ýazmaga mejbur edipdirler. Bu zatlardan men bihabar. Atamerdan meni artykmaç alada goýmazlyk üçin öz derdini özi çekipdir, içine salypdyr, aljyrapdyr, ahyram bolmajagyny bilip, elinden iň eziz zadyny aldyran adam hökmünde agamyň ulanan usuly bilen özüni heläkläpdir. Hemişe edarada garbanaýýardym welin, ýüregim bir zat syzan ýaly şol gün günortan öýe çykdym. Öňüme çaý-nahar alanymdanam hüýt-gara bolup gapydan Maksat girdi. Men geň galdym. Çünki, o-da günortan aňsat öýe gelmeýärdi. Gelere wagtam ýokdy. Ol dik duran ýerinde köwşüni çykardy. Salam-helik welin ýok. Edil agyr tupanyň öňündäki petiş howa deý üstüme abanyp dur. Birdenem ol dyzyna çökdi-de, maňlaýyny ýere goýup jynsyz gygyrdy. – Kaka-a-a!!!... Men zöwwe ýerimden galdym. Nämäniň-nämedigini welin ýüregim syzdy. – Atamerdanmy? – Howwa-a... Beýle ýagdaýy men öň başdan geçirip görmändim. Dogry, ölüm görüpdim. Atamy, enemi, ejemi, doganlarymy, üç aýlyk çagamy ýitirip görüpdim, ýöne, ýaňy bir ýigit çykan, ýaňy bir durmuşyň çetinden girip ugran ýigrimi iki ýaşly çaganyň ölmi adamy bir demde ýere sokaýýar ekeni. Näme etmeli? Nämeden başlamaly? Kime ýüz tutmaly? Iň bärkisi men ine şol zatlaram bilmeýärdim. Çünki, öňki ahwalatlaryň ählisinde öňümde agam durdy. Ýöne, bu gezek men öý eýesidim. Atadym. Maşgalamyň ähli agzalarynyň gözi mendedi. Meniň aljyraýandygymy bilseler olar hasam kyn güne düşjekdiler. Şonuň üçinem men derhal Alladan kuwwat, güýç-gaýrat diledim. Ol maňa medet berdi. Köňlüme giňlik saldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde aýalym işleýärdi. Men öňi bilen şonuň yzyndan gitdim. Ýöne, ýogaldy diýmäge dilim barmady. «Ýaranok» diýdim. Ol ynanady. Münüp baran maşynymyň yzky oturgyjynda, meniň gara plaşyma dolangy zadyň öz mähriban balasy üçin ýap-ýaňy, ýolugra metjitden alnan ak kependiginden welin ol garabagryň entek habary ýokdy. Bu elhenç hadysany şundan artyk jikme-jik beýan etmäge mende häzir gujuram ýok, gaýratam. Ýöne, şojagaz çaganyň öz söýgülisini bu döwürde bireýýäm ýatdan çykarylan, orta asyrlara mahsus bolan mukaddes hem ylahy söýgi bilen söýendigini welin aýdyp biljek. Mahlasy, agamy äkidişi ýaly, onam döwrüň muşakgatlyklary alyp gitdi. Egerde mätäçlik bolmadyk bolsady, eserlerimiz öňküsi ýaly geçip, gonorarlar, aýlyklar tölenip duran bolsady, onda men ur-tut toý tutubilerdim we belki ol tragediýa hem biziň maşgalamyzyň başyndan sowlup geçerdi. Galanam näme Alla işidir. Boljak işe bolsa öňküleriň aýdyşy ýaly çäre ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |