05:03 Türkmenbaşy döwri -26: Dert | |
26. DERT
Publisistika
Bu gezek men Prezident geňeşindäki üç adamdan ybarat terjimeçiler toparynyň ýolbaşçysy, köne tanyşlarymyň biri Serdar Aşyrowa jaý etdim. Ol gowy ýigitdi, gowy terjimeçidi. Dünýäniň düzüw wagtlary ors hem türkmen dillerinde çykýan «Ýaşlyk-Ýunost» žurnaly üçin meniň powestlerimi, hekaýalarymy, makalalarymy kän terjime edipdi. Ýeri gelende aýtsam, Polat Mansurowa okadan kinossenariýamam şoňa terjime etdiripdim. Ol kömek etmäge söz berdi. On-on bäş gün geçip-geçmänkä öýe jaň edip, haýsydyr bir «Maşyngurluşyk» konsernine barmagymy, şolara terjimeçiniň gerekdigini, meniň üçin özüniň kepil geçendigini aýtdy. Bardym. Konserniň başlygy pessejik boýly, çepiksije, giň maňlaýly, gyýagrak gözli, saçy arkan gaňtarylan, çalasyn, geplände dik duran wagtlar-a aýaklarynyň daraklygyna galyp, oturan wagtam boýnuny süýndirip, ýylgyrjyrap, inçemik sesi bilen sypaýy gepleýän, hoşgylaw ýigit ekeni. Gapydan girenimden ol ýalpyldawuk, ullakan stolunyň aňyrsyndan çalasynlyk bilen galdy-da, maňa tarap gybyrdyklap gaýtdy. Içgin salamlaşdy. Elimi goýbermän, gapdalda, gelen-giden üçin ýörite goýlan kiçeňräk stoluň başyna geçirdi. Hal-ahwal soraşdy. Soň işiň ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Men işden basylmaýandygymy, gerek bolsa gijelerine, hatda dynç günlerem gelip işlemäge taýyndygymy aýtdym. Ýöne, mümkin bolsa özbaşyma aýratyn kabinet bermeklerini haýyş etdim. Şeýdibilseňiz iş üçinem bähbitli bolar, men ýeke oturyp işlemäge endik eden adam, diüdim. Şeýle-de wagt babatda gaty bir çarçuwa salmazlyklaryny, giç geldiň, ir gitdiň, diýen ýaly ýowuz edara kadasyny meniň üçin ulanmazlyklaryny soradym. – Bor, bor, arkaýyn boluň, siz döredijilik adamsy, siziň iş usulyňyz şolar ýalyrak, ony men bilýän, Serdar Aşyrowiçem şeý diýdi, sizi kapasada saklap bolmaz, hökman erkinlik dörederis, aýratyn kabinetem bereris, biziň üçin iş ýörese bolýa – diýdi. Şeýdip, 2001-nji ýylyň 1-nji maý güni şol edarada işe başladym. Başlyk ýigidiň sözi iki çykmady. Aýdyşy ýaly ol maňa içi kondisionerli, telefonly aýratyn kabinet berdi. Ähli işgärlerini tämiz we yhlas bilen bezelen, uly bolmadyk mejlishana ýygnap ýeke-ýeke tanyşdyrdy. Boýnuny süýndirip, daraklyklarynyň üstünde «liňk-liňk» edip durşuna: – Ine, bu biziň täze terjimeçimiz, hem ýazyjy, hem hodožnik. Indi biziň terjimeçilik işimizem ýola düşer, bezeg işlerimizem gowulaşar, - diýip, begençli aýtdy. Soň-soňlaram ol häli-şindi kabinetime gelip, halymdan habar aldy durdy. «Näme kemiňiz bolsa aýdaýyň, ýaşuly» diýip, birsyhly gaýtalady ýördi. Menem olardan öz zähmetimi gaýgyrmadym. Gerek bolan wagtlary bezeg işlerine-de kömek berdim. Ol ýerde öňki edaradaky ýaly dowzah azabyny ýada salyp duran agyr iş ýok. Bir özüň arkaýyn ýetişip bolýar. Bir-ä orsça berilýän buýruklary, birem o ýan, bu ýan iberilýän hatlary türkmençä, ondan-mundan gelýän hatlary bolsa bölümlerde işleýän ors diller üçin bolşuna görä, orsça terjime edip beräýmeli. Şeýle-de, baýramçylyklara, galla ýa pagta möwsüminde gazanylýan üstünlikler, garaşsyzlyk döwrüniň şanly senelerine bagyşlanyp Prezidentiň, Ministrleriň, edara ýolbaşçylarynyň adyna içi pöwhe öwgülerden doly gutlaglar ýazmaly. Ýene bir gowy tarapy konsern meniň öýüme golaýdy. Şeýle-de bolsa günortan öýe gaýdamokdym. Şol ýerde çalarak garbanýardym-da, ýene-de işim bilen boluberýärdim. Edara işlerimi bir ýüzli edenimden soň öz işgajazlarymy etmäge-de mümkinçilik döremän duranok. Umuman, ýeke bir başlyk däl, edaranyň işgärleriniň orsy, türkmeni, ermenisi, aýaly-erkegi, ulusy-kiçisi ählisem gowudylar. Salam-heliklidiler. Kimiň doglan güni bolsa, şol gün hälkije mejlishana ýygnanyşyp, gutlaýardylar. Sowgatjagaz berýärdiler. Şol ýylyň 14-nji dekabrynda, elli bäş ýaşym dolanda menem gutladylar we gök, fabrik halysyny sowgat berdiler. Men esasanam, öz degişli bolan bölümimiň müdiri Tirkeş Jumaýew diýen ýigit bilen dostlaşdym. Ol maňa hemişe «Juma aga» diýip ýüzlenýärdi. Ýylgyryp gürleşýärdi. Iş boýunça bir zat aýtjagam bolsa iňňän sypaýyçylyk bilen aýdýardy. Gowy gürrüňdeş, ýürekdeş adamdy. Ýöne, işgärler bölüminiň başlygy, ýüzi-gözi erkek adamyňka meňzäp duran, sowuk, mähirsiz ýaş gelin welin, başlygyň erkinlik berendigine garamazdan, meni hemişe yzarlar ýörerdi. Men umuman, başlygyň beren erkinliginden artykmaç peýdalanjak bolmaýardym, ýöne, megerem, ol erkinlik barada işgärler bölüminiň başlygyna hiç zat aýtmadyk bora çemeli, bäş minut gijä galsamam, üç minut irräk gitsemem ol gelin ýörite ýanyma gelip, igesini süýkär gidýärdi, däliziň ugrunda, köpçüligiň arasynda aýdaýmasam bardy. Käte bolsa edaranyň daşky gapysynyň agzynda iki elinem göwsünde gowşuryp durýardy-da ýüzünden-de bäş beter ýowuz hem sowuk sesi bilen: – Näme gijä galdyň? – diýip, meni edil mekdep okuwçysyny gyssaýan mugallym ýaly sykajaga salýardy. Uzyn burnunyň içine salyp, nämedir bir zatlar barada «hoňňuldaýardy». Bu ýagdaý maňa ýokuş degýärdi. Başlyga baryp aýtmany bolsa özüme uslyp bilmeýärdim. Nä döw çalandygyny bilemok, ýöne bäş-alty aý geçenden soň başlygyň özüniňem maňa bolan garaýşy üýtgäp başlady. Sowady. Meniň haýsy-haýsy ýazyjylar bilen gatnaşýandygym, nämeler ýazýandygym, nämüçin onda-munda çykyş etmeýändigim bilen gyzyklandy. Dogrusy, olar ýaly üýtgeşmelere men öňki, «sokraşeniýä» düşen edaralarymda bolşy ýaly, üç aýdan soň garaşypdym. Ýa «üç harpdan» ybarat edaranyň aňtawçylary haýal-ýagallyk etdiler, meniň nirä işe ýerleşendigimi wagtynda bilibilmediler, ýa-da Prezident geňeşiniň baş terjimeçisiniň kepilligi peýda etdi, garaz, alty aýdan soňam garaýşy üýtgese-de, başlyk «soraşşeniýe» sözüniň üstünden-ä barmady. Ýöne, ýygy-ýygydan oturýan otagymy üýtgedip başlady. Kä o kabinete, kä bu kabinete geçirdi. Kä telefonymy aýyrtdy, kä ýene-de getirdip öňki ýerinde goýdurdy. Iň soňunda-da, soňky geçen kabinetimiň iňňän dardygyna garamazdan, ýanyma ýene bir işgäri getirip oturtdy. Işimi agraýtdy. Wezipeli işgärleriň her biri üçin düzülen düzgünnamalar toplumyny bir ýerden tapyp getirip öňümde goýdy. Çak edişime görä bu onuň üstümi işden gömdügidi, işden basylmakdan ýaňa gaçyp gitmegim üçin çäre gördügidi. Şol zatlar bilen bir hatarda onuň alçaklygam, wäşiligem zym-zyýat boldy. Öýe golaý, hemem işlemek üçin rahatja ýer bolansoň dynç günlerimem edara baryp öz ýazuw-pozuw işlerimi edip gaýdaýmam bardy, ondanam dyndardy. Bir günem ýüzüni duw-ak edip geldi-de: – Ýaşuly, oduh günlerem işgärlerini işledýä, diýip, meni işden kowdurarsyň, beýtme, dynç güni dynjyňy al, gelme bu ýere, - diýdi. Göwnüme bolmasa ol indi meni işe alandygyna ökünýärdi, goýberen ýalňyşy düzedere ýol gözleýärdi, meni gaçyp gitmäge mejbur etmekligiň ýollaryny agtarýardy. Gönümel «git» diýip welin aýdybilenokdy. Ýöne, beýle ýagdaýda meniň özümem barybir işläp biljek däldim. Ýene bir gezek «soraşşeniýaň» düşüp özümi kemsitdiresimem gelenokdy. Ýöne, öňi bilen täze iş ýerini gözlemelidi. Şonuň üçinem, hem-ä aşaklyk bilen iş gözläp başladym, hemem şundan basylyp taşlap gitdi, diýdirmezlik üçin, gije diýmän, gündiz diýmän, düzgünnamalaryň üstünde işlemekligi dowam etdirýärdim.. gyssansam öýe äkidibem işläberdim. Şol agyr düşdümi ýa iş gözlegi başymy agyrtdymy, ýa garaşsyzlyk ýyllarynyň döreden ähli muşakgatlarynyň barysy birigip birden basmarladymy, birdenkä bir derde duçar boldum oturyberdim. *** ...Derdiň alamatlary öňünden duýdurmady diýen ýaly. Dogry, soňky günlerde birhili süňňüm agraýyp, işläp otyrkamam, ýöräp barýarkamam ukym tutup, gözüm ýumulyp ugrady. Aýaklarymyň ysgyny gaçýan ýaly boldy. Gündizlerine gabaklarymyň bürülip durandygyna garamazdan, gijelerine uklap bilmän iki tarapyma agdarylyp geçirýärdim. Şol gije-de tä, daňdana çenli uklap bilmedim. Yzly-yzyna uky derman içdim, o-da täsir etmedi. Ertesi dynç güni bolansoň bazarlap gelmek hyýalym bardy. Birneme daýanmak üçin ir bilen sowuk suwa düşündim-de, ýola çykdym. Duralga baryp oturgyja çökdümem welin uky basdy, gözüm ýumuldy. Bäş sekuntdan artyk irkilen däldirin birden-kä gözümi açdym. Görsem dünýä agdar-düňder. Aýaklarym ýer tutanok. Dilim ysanok. Zoraýakdan galdym. Ent-ment bolup durşuma daş-töweregime göz aýladym, duralgada duranlardan haraý gözledim. Bir zatlar diýjek boldum. Olar bolsa meni içgilidir öýtdülermi, nämemi, gyýa-gyýa bakyşyp gaýra-gaýra çekilişdiler. Daň bilen «doňandygym» üçin näletlän bolsalar gerek, dönüp-dönüp üşerilişdiler, hüňňürdeşdiler. Hälem bolsa bagtyma şol wagt edil asmandan düşen ýaly öňki işlän edaramdan bir zenan maşgala pete-pet gabat geläýdi. Ol meniň ir bilen-ä däl, hiç haçanam içip ýörmeýändigimi, içäýsemem özüme erk edibiljek derejede içýändigimi gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol maňa içgilidir diýip gümanam etmedi-de: – Hi-iýh! Saňa näme boldy? Ýüzüň dagy garaört! Aýak üstünde durubileňok, diliň öwrülenok. Dawlinniň dagy galan bolaýmasyn, – diýdi. Golumdan tutup ýoluň o ýüzüne geçirdi. Maşyn tutdy. mündürdi. Özem mündi. Men zoraýakdan adresimi aýtdym. Şofýoryňam maňa ogryn-dogryn şübheli garaýandygyny bilýän. Işige gelenimizden soň şofýor syçrap çykdy-da, goltugymdan tutup düşürdi. «Dördünji gat bolsa çykybilmersiň agam», diýip söýgetläp ugrady. Men üzül-kesil garşy çykdym. – Gerek däl. Goňşular görseler içgilidir öýderler, özüm çykaryn. Taňyrýalkasyn. Pul çykarjak bolup jübülerimi sermeleýän, emma barmaklarym diýen edenok. Sürüji pula garaşybam durmady. «Sag-aman gutul, agam», diýdi-de, maşynyna girdi. Gelinem meniň basym gutulmagymy arzuwlap hoşlaşdy. Gitdiler. Germewden ýapyşyp, asyl-asyl bolup barşyma süýrene-süýrene, zoraýakdan dördünji gata çykdym. Öýe girdim. Fewral aýy bolansoň gyş eşigindedim. Girişim ýaly şo durşuma özümi diwana okladym. Öýdäkileriň barysy daşyma üýşdi. Eşiklerimi, köwşümi çykardylar. «Tiz kömegi» çagyrdylar. Ýagdaýymyň agyrdygyny diňe şondan soň duýdum. Öz göwrämi nädip göterip gelendigime geň galdym. «Tiz kömek» bilen gelen uzynak, ak ýüzli doktor gelin meniň ýanymda bir sagada golaý oturdy. Yzly-yzyna ukol urdy, derman berdi. Gan basyşymyň pese düşübermeýändigini görüp aljyrajak boldy. Yzly-yzyna «Tiz kömegiň» edarasyna jaň edip, ol ýerdäkiler bilen bir zatlary maslahatlaşdy. Ahyram etmesiz bir işi edýän ýaly ýüzüni ynjyly çytyp: – Daýy, seni äkidäýmesek boljak däl, – diýdi. Men razylaşdym. Zemmere mündürjek boldular, etmedim. Bir golumdan oglum Maksat girdi, beýleki elim bilenem germewden ýapyşyp aşak düşdüm, ýöne, «Tiz kömek» maşynyna girenimden soň welin özümi zemmere goýberdim. Çünki, ysgyn-mydar gidipdi. Diňe arkan düşüp ýatyp bilýärdim. Şol ýatyşyma-da çen bilen maşynyň nirä barýandygyny, haýsy keselhana alyp barýandyklaryny biljek bolýan. Emma bilip bilemok. Ýol uzak görünýär. Hiç gutaranok. Göwnüme maşyn şäherden çykyp, Çoganlamy, nirämi, ümdüzine tutduryp barýan ýaly. Ahyram bir ýere baryp durduk. Bu ýerde welin, meni zemmer bilen bilelikde göterip düşürdiler. Kabulhana eltip, üstüne goňur dermatin çekilen agaç sekiniň üstünde ýatyrdylar. Ýene-de yzly-yzyna ukol urdylar. Öten agşamyň ukusyzlygy, içilen uky dermanlar, edilen ukollaryň barysy birigip hüjüme geçdiler öýdýän, şondan soň meni şeýle bir uky basdy welin ömür ýadymdan çykmaz. Şolar ýalyda uklamak howplumy ýa ölermikän öýdýälermi, şepagatçy uýalar: – Daýy, daýy jan, ýagdaýyň gowumy? Tur, uklama, - diýşip daşymda birsyhly kebelekleşýärler, oýarýarlar. Olaryň zol-zol «daýy, daýy jan» diýip, özelenip duruşlary şol wagt meniň ýadyma «Ynha kakam gaýdyp geler» filmindäki satmana getiren süýdüni ýaraly esgerlere ejesinden ogrynça mugt paýlaýan oba gyzjagazynyň: «Daýylar! Daýylar... Kürüşgäňizi getiriň... süýt geldi...» diýýän sözlerini salýa we özümden biygtyýar, şepagatçy gyzlar bilen bilelikde: «Daýylar, süýt getirdim-m...»diýip, şojagaz gyzjagazyň sözlerini gaýtalaýaryn. O kabinetden bu kabinetemi, ýa haýsydyr bir laborotoriýamy, arasynda zemmerli göterip eýläk-beýläk ekidýänlerini, ýene-de getirip öňki ýerimde ýatyrýanlaryny we ýene-de ukol urup başlaýanlarynam bilýän. Ýene-de irkilýärin. Ýene-de şepagatçy gyzlaryň sesjagazlary gulagyma gelýär. – Daýy-y... daýy ja-an... Ýatmaň... Uklamaň... – Daýy-y... Süýt getirdim-m... – diýip, menem olaryň seslerine ses goşýaryn. Ýene-de göterip ugradylar. Zemmeriň bir ujyny Maksat göterip barýar. Şu wagt şoňa kyn düşýändir, zemmer agyrdyr, diýip oýlanýan. «Düşüriň, men özüm ýörärin, ýagdaýym gowy», diýýän. Emma zemmer togtanok. Şo-ol, gidip barýar, gidip barýar. Ahyram eltip bir jaýa ýerleşdirdiler. Bu ýerde-de meni irkilmäge goýanoklar. Sanjymlarynam bes edenoklar. Her gezek özüme gelenimde Maksat gözüme kaklyşyp gidýär. Men ondan nirededigimizi soraýaryn we agzynyň gymyldysyndan Birinji şäher poliklinikasyndadygymyzy aňýaryn. Haýsy palatadadygymy welin bilemok. Birdenem, hälki zemmeri getirdiler-de, meni ýene-de şoňa ýüklediler. Däliziň ugry bilen hellewledip baryşlaryna ukuly gözlerimi elek-çelek edip daş töweregime seredýärin. Ine-de meni daş alyp çykdylar we ýene-de hälki «Tiz kömegiň» içine dykdylar. Maksadam mündi. Gapdalymy alyp oturan ak ýektaýly ýaş oglandan özümi nirä alyp barýandyklaryny soraýaryn. – Nyýazow adyndaky keselhana. Nerwi bilen bagly bolmagy mümkin diýdiler. Şolara degişli bolsa şol ýere ýerleşdirmeli...» Ýigidiň adaja sesi silterläp barýan «Tiz kömegiň» şakyrdysynyň arasynda ýitip gidýär. Täze baran ýerimizde hem meni zemmer bilen bilelikde göterip düşürdiler we «eksternyý» diýilýän, gje-gündiziň dowamynda işläp duran kabulhana eltdiler. Şonuň bilenem syrkaw hökmünde maňa uzynly günki edilen hezzet-hormarlar tamam boldy. Men ol ýerde eýesiz galdym. Ol kabulhana maňa öňdenem tanyşdy. Ýagny, şondan ýarym ýyl ozal şol ýere, kiçi gyzymy agyr halda, egnime göterip eltipdim. Çünki, öýe çagyran «Tiz kömegimiziň»: Munuňky çerepnoýe dawleniýe, ýaş başy bar, azajyk çydasa gutular gider», diýip ony alman gidipdi. Gyzym bolsa: «Waý, kelleçanagym ýarylyp barýa», diýip, ulyili bilen aglaýardy. Seredip durmak mümkin däldi. Şonuň üçinem men ony kireýine maşyn tutup alyp gidipdim we maşyndan düşenimizden soň keselhana göterip salypdym. Ana, şol gezegem men gyzymy ir ertirden tä, öýlän sagat dörde çenli ýerleşdiribilmändim we ol uzynly gün şol kabulhananyň sekisinde urnup ýatypdy. Men bolsam keselhananyň içinde iki ýana ylgaýardym, elewreýärdim, kä aşak, kä ýokary ylgap tanyş gözleýärdim, wraçlara ýalbarýardym, alynmadyk ýagdaýynda näme etjegimi bilmän aljyraýardym. Newrologiýa bölüminden çagyrylan doktor bolsa biragyz: «Bize degişli däl», diýipdi-de gidiberipdi. Bir aýal wrajyň gyzymyň eline, aýagyna iňňe sünjüp: «Bu näme size konsert görkezip ýör», diýeni henizem ýadymdan çykanok. Bir: «Şular ýaly konsert size-de nesip etsin», diýenimi bilýän, başga näme diýenimi bilemok. Çünki, ol aýal gyzymyň eline, aýagyna dürten hem bolsa, iňňesiniň ujy gelip meniň ýüregime sanjylypdy. Şondan soň men kimdir biriniň maslahaty bilen newrologiýa bölüminiň müdiri Kokanow atly geň familiýaly wrajyň ýanyna ylgadym. O-da şol bir sözi gaýtalady: «Bize degişli däl». Ahyram ol maňa tölegli bölümiň bardygyny, şoňa razy bolsam kabul etjekdiklerini aýtdylar. Men kejikdim. – Bu nähili beýle bolýar? Tölegli bolsa-ha size degişli, tölegsiz bolsa-da size degişli däl? Ýa Prezidentiň adyny göterýän bu keselhanada keseliň görnüşi pul bilen kesgitlenýämi? Müdir gözlerini güldürip egnini ýygyrdy. Başga hiç zat diýenok. Adynyň nämedigini bilemok, ýöne, atasynyň ady Kokanowyň öz adyna meňzeş, ýagny Atabaýewna diýilýän garamtyl buýra saçlary gerdebine düşüp duran bir wraç gelin gapynyň agzynda eginlerini ýaýkyldadyp durşuna: – Aý, entek töleglide-de ýer boljakdygy, bolmajakdygy gümana, - diýip, ýüzüme gyjytly seretdi. Kabulhanada süýnüp ýatan gyzymy göz öňüne getirip, olar bilen jedelleşmäni goýbolsun edýän-de, öň şular ýalyda köp kömek eden, şol keselhananyň hirurgiýa bölümine ýolbaşçylyk edýän tanşymyň ýanyna ylgaýaryn. O-da arzymy aýak üstünden diňleýär-de: – Wah, biziň bölümimize degişli däl ekeni-dä, - diýip, ellerini serýär. – Degişli bolaýanda-da, indi öňküler ýaly alybermek bolanok. Syrkaw bize göni «Tiz kömek» bilen getirilmeli. Ýöne, sen baş wrajyň ýanyna bar-da, ýagdaýlaryňy düşündir, kömek eder, şol aýtsa tölegsiz bölüme-de alarlar. Ondan salgysyny alyp men baş wrajyň kabinetine tarap ylgaýaryn. Baş wrajyň gapysynyň agzynda oturan ak mapraç owadan gelin zülplerini sypalap oturşyna: – Ýaňyja nahara çykdy, indi arakessmeden soň geler, - diýip, perwaýsyz jogap berýär. Arakesme gutarýança ýene-de iki sagat garaşmaly. Gyz bolsa gidip barýar. Gyssanjyma tölegli bölüm üçin pul kabul edýän kassa tarap ylgaaýaryn. «Has-has» edip durşuma jübümden pul çykarýaryn. Kassir gyz bolsa bir paket puly bagryna basyp otagasyndan çykyp barýar. – Kassany gulpladym, agam. – Näçede açýaňyz? – Bu günlükçe boldy. Ertir geliň. Aýam bilen maňlaýyma şarpyldadyp ýelmeýän-de, ýene-de geň familýaly Kokanowyň ýanyna ylgaýaryn. Öňki haýbatymdan nam-nyşan ýok, gaýtam ýalbaryp başlaýaryn. – Gaýrat ediň-de, kabul ediň, kassa ýapyldy. Öýlänem işlemeýän ekenler. Ertir ir bilen töläýin. Kokanowyň garaýagyzdan gelen tegelek ýüzi kokuşyp gitdi. – Ýok, ýok, tölemeseňiz bolmaz. Atasynyň ady Kokanowyň adyna meňzeş gelniň sesi indi äpişgäniň öňünden eşdilýär. – Özüňizden-dä! Hondan bärisi eýläk bir ylgan bolduňyz, beýläk bir ylgan bolduňyz... Ahyry mugyra geljekdigiňiz-ä bellidem welin... Ýene-de kassa tarap ýelýärin. Gum-gukluk. Töwerek-daşyma naýynjar garaýan. Duş gelenden kassir gyzy nireden tapyp boljakdygyny soraýan. Kimdir biri ol gyzyň buhgalteriýada bolaýmagynyň ahmaldygyny gulagyma pyşyrdap diýen ýaly aýdýar. Kä bir gat ýokary galyp, kä iki gat aşak düşüp, jöwlan urup ýörşüme ahyry buhgalteriýany, onuň içki jaýlarynyň birinden kassir gyzy tapýan. – Gaýrat et, jigim! Edil özüň ýaly bir gyz elden gidip barýa. Şoň ykbaly şu wagt saňa bagly. Gyz razylyk bilen başyny atdy-da, sessiz-üýnsiz ýerinden turdy. ... Ine, indem näçe aýdan soň, şol kabulhanada, şol bir tanyş sekiniň üstünde gözlerimi süzüp özüm ýatyryn. Kä ellerini owkalap, kä gollaryny kükreginde gowşuryp «Be-e, nätsekäk janlarym...» diýip, iki baka elewräp ýörenem ýüzi bir tarapy gaňyrçakly gurluşyk paltasy ýaly ýap-ýasy, burunlak, uzyndan gelen agajetli Gazakbaý atly nobatçy wrajam şol öňki ýigit. Ol öňem, bu gezegem öz borjuny berjaý etdi. Ilkinji kömekleri berdi. Newrology çagyrdy. O-da gyzyma diýen şol bir sözlerini öňküsindenem beter sowuklaç gaýtalady. – Bize degişli däl. Şeýdibem çykyp gitdi. Ana, şondan soň-a men ymykly eýesiz galdym. Indi maňa ukol edýänem ýok, uklatmajak bolup jan çekýän şepagatçy uýalaram ýok. Asla halymdan habar alýan ýok. Ýatyryn diň-gögüme garap. Yzyma ugradylaryn öýdüp umyt edýän. Emma hiç hili hereket ýok. Gazakbaýam girip-çykyp, öz işi bilen gümra bolup ýör. Maksadam ýaýdanyp dur. Kimden näme sorajagyny, kime näme diýjegini bilenok. Her eltilen ýerimde gan basyşymy düşürmek üçin beýleki dermanlar bilen bilelikde urulýan peşew sürüji serişdelerden ýaňa buşugasym gelip gasygym ýarylyp barýar. Turaýyn diýsem ysgynym ýok. Aýaklarym diýenimi edenok. Başym aýlanýar. Ýüregim aşak çekip ökjäme degäýjek bolýar. Bir golum bilen Maksadyň egninden aslyşyp, beýleki elimiň aýasyny diwara diräp yraň-daraň hajathana baryp gelýän-de, ýene-de özümi sekiniň üstüne goýberýän. Iki ýana zowzullap ýören Gazakbaý bolsa maňa tarap seretmäge-de utanýar. Näme diýjegini bilmän kösenýär. Şol aralykda-da men oňa tanyşlyk berýän. Gyzymy getirenimdäki kösenşimi gürrüň berýän. Ýadyna düşýänini ýa düşmeýänini soraýan. Göwnüm üçinmi ýa hakykatdanam ýadyna düşýärmi, ol hysyrdanyp ýörşüne: – Hä-ä... Howwa... Ýadyma düşýä, nähili gyzyň gowy bolup gitdimi... – diýip, howlukmaç jogap berýär. – Ol gowy. Ýöne, ine, men erbet. Meni nädýäňiz? Ýa ýatmalymy şeýdip? Ýigit mümkin boldugyndan parahat gürlemäge çalyşýar. – Gördüňiz-ä, bizlik däl diýdiler-ä... – Onda men indi nätmeli? Ol ellerini serýär-de, derrewem endigine görä gollaryny kükregine gowşuryp iki baka gezmeläp başlaýar. Zoraýakdan ýylgyrmaga çalyşýar. – Gaýdybermeli borsuňyz-da. – Şu ýatyşyma nädip gideýin men? Nirä gideýin? Ýigit bir durkuny üýtgetmän eginlerini ýygyrýar. – Bilmedim-dä! Gaharyma öňküdenem beter peltekleýärin. – Süýrenip baryp Prezidentiň köşgüniň öňünde ýatybermesem men-ä başga nirä gitjegimi bilemok. Demim gelip-gidip durka öwül-ýä äkidiň diýibem-ä bilmen çagalaryma. Ol ýene-de egnini gysdy. Men az-kem demimi dürsedim. – Hany, hälki meni şu ýere getirenler? – Gitdiler. – Nirä gitdiler. – Yzlaryna gitdiler. – Almajak bolsaňyz şolara habar ediň, ol ýerde meniň eýýäm ornum bar, ýarym sagada golaý ýatdymam. «Tiz kömegem» ilki şol ýere eltdi. Men şolaryň syrkawy. Ýagdaýy aýdyň, meni ýygnasynlar, bolmasa-da şu gijäni hakykatdanam köşgüň öňünde geçirýän. Iň bolmanda şondan soň-a ýygnarlar-da... Wraç ýigit ýylgyrdy. – Ondan soň başga ýere ýygnaýmasalar. – Menem şony aýtjak bolýanda. Iň bolmanda şolar-a ýygnarlar-da, diýjek bolýan-da... Hassa bolsaň türmede-de ugruňa seredýärler. Edil şeýdip meýdana-ha taşlanoklar. Şondan soň ol ýigit meniň oýun etmeýändigimi aňdy. Gelen ýerime jaň etdi. Hä diýmänem yzymdan geldiler we alyp gitdiler. Soň-soňlar oýlanyp otursam, ölermikän öýdüp, hassahanalaryň hersi öz başlaryndan sowmak üçin meni biri-birlerine tarap gönderip ýörüşleri ekeni. Ol ýerde men on gün ýatdym. Gowy gutuldym. Elim, aýagym ysgynyna geldi, dilim açyldy. Kuwatlandym. Sereden wrajyma sag bol aýdybam çykyp gaýtdym. Şondan soňam on günläp býulletende öýde ýatdym. Ertir işe çykmaly diýen gijäm ýene-de gan basyşym galdy. Huptan wagtlary bolsa gerek, men diwanyň üstünde ýarym oýaly, ýarym ukuly halda ýatyryn, telewizor işläp dur. Maksadam onuň öňünde uklap galypdyr. Ymyzganan bolsam gerek, birden-kä howpurgap oýanypdyryn. Görsem Maksadyň agzy-burny, üsti-başy garagan, bir düýrmek bolup ýatyr. Ýanyna baryp yralaýanymy bilýän, emma ol oýananok. Birdenem özüme gelen ýaly boldum. Görsem, Maksadyň hiç ýerinde ganam ýok, kokam. Keýpine uklap ýatyr. Men ýene-de özüme bir zat bolýanyny aňdym-da, ýerime geçdim. Gözümi ýumanymdanam gözüme giň ekranly, şeýle bir ýiti, gözüň ýagyny alyp barýan dürli reňkli portretler, manzarlar görnüp başlady. Edil kinokadrlaryň çalşyşy ýaly, ýaňky kartinalaram usullyk bilen bir gyra tarap çykyp gidýärler, şol wagtam onuň ornuny huş eýeleýär. Ýagny, özüme gelýärin. Soň ýene-de şol bir ýagdaý yzly-yzyna şeýle bir utgaşýar welin, men onuň haýsynyň düýş, haýsynyň huşdygyny bilip bilemok. Birdenem gygyryp başlapdyryn. Gan basyş öňki gezek aýagyma, dilime uran bolsa, bu gezek beýnä urdy. Şol gün tiz kömekde gelen nobatçy meniň düýn-öňňünlikde ýatyp gaýdan hassahanamyň wraçlarynyň biri ekeni. ol gapydan girenden meni tanady. – Ýeri-ow, bi nä boluş bi, gaýdanyň düýn eýýäm ýene ýaramajak bolýaňmy, - diýip, gapdalymda ornaşdy. Ukol etdi. Birneme özüme gelenimden soňam: – Äkideýin bolmasa? «Krasnyý kreste» ýerleşdireýin. – diýdi. Öňki gören görgülerimi ýatlap men gitmekden boýun gaçyrdym. Öýde ukol etdirerin, diýdim. Şeýdibem galdym. Şol gije meniň şondan iki ýyl öň ýogalanja üçünji oglum Atamerdanyň doglan günüdi. Ýagny, 2002-nji ýylyň 1-nji martydy. Şondan soň ýene-de on gün geçdi. Men birneme daýandym. Ertir işe çykaryn, diýip, ýatan gijämem... ...Şol gijäniň ertesi men öýlänaralar reanimasiýada özüme geldim. Näme bolanyny, nirä gelenimi, nädip getirilenimi bilemok. Özüme gelenimden gözüm Maksada düşdi. Egninde ak köýnek. Egilip, zemmeriň başujym tarapyndaky sapyndan tutjak bolup dur. «Maksat, şu ýerimi Moskwamy?», diýip soranymy bilýän. Onuň näme jogap berenini bilemok. Soň ýene-de özümden gidipdirin. Soň eşidip otursam şol gije sagat birlerde gygyryp öýdäkileri örüzipdirin. Ýogsam ýatanymda özümde hiç hili näsazlyk, ýarawsyzlyk duýamokdym. Çaý içip, çörek iýip, bolanymyzdan soň, telewizora seredip ýatyşyma uklap galypdyryn. Gaflata gidenimi bilibem nägehan kesel üstüme sürnüpdir. Gygyranymy özüm bilemok. Doktor çagyranlarynam, Maksadyň goňşy oglanlar bilen dördünji gatdan zemmerli nädip düşürenlerinem, «Tiz kömege» nädip ýüklänlerinem bilemok. Gabat gelýämi ýa bir alamat bamy, ony men bilemok, ýöne, soň görüp otursam şol gije hem Atamerdanyň ýere duwlanan güni, ýagny, 2002-nji ýylyň 11-nji marty ekeni. Üç gün has howply, ýany öläýmegi mümkin hasap edilýän çuw-ýalaňaç hassalaryň reanimasiýasynda ýatyrdylar. Kä özüme gelýän, kä özümden gidýän. Şol ýerde üç gün ýatanymdan soň ölmezlige birneme umyt bildirýän hassalaryň reanimasiýasyna geçirdiler. Töwerek-daşym özüm ýaly we özümden-de beter, agyr hassalardan doly. Özem näme üçindir aýal-erkek garyşyk. Kim samrap ýatyr, kim sessiz-üýnsiz öz derdini özi çekip ýatyr, kim sesiniň ýetdiginden kimdir birini çagyrýar, garaz, sähel janyň rahat bolsa uwnup-çydap ýatar ýaly däl. Üstesine-de onsuzam täretleri ýatan ýerinde bolan hassalary ýeke-ýekeden, yzly-yzyna klizma edýärler. Ysy aňkap alyp barýar. Ýöne, hyzmat edişleri gowy. Şepagatçy uýalar «iýjekmide-içjekmi» bolşup daşyňda pelesaň urşup ýörler. Iýseň agzyňa tutup berýärler, hoş söz aýdýarlar, ýüzüňi almaýarlar. Ýöne, barybir ol ýerde-de ýeriňden galmak bolanok. Henizem şo-ol, başky çuw ýalaňaçlygyň. Elbetde, üstüň örtülgi. Ol ýere eltilenimden soňam üç günläp kellämi ýassykdan galdyryp bilmedim. Galdyrdygym tutuş göwräm bilen güwläp, aşak gidip barýan ýaly. Dördünji gün diýlende aýak ýoluna özüm gitjek, meniň ýagdaýym gowy diýip, wraç ýigide azar berip ugradym. Men hakykatdanam gowulaşypdym. Emma ol barybir maňa ýerimden galmaga rugsat bermeýärdi. Ahyram ol iňirdime çydaman krowatdan düşürdi-de, elimiň, aýagymyň ysgynyny barlap gördi. Her hili hereketler etdirdi. Oturtdy, turuzdy aýasynyň içine salyp gysdyrdy. Diňe şondan soň: «Hudaýa şükür, paraliçä ýok» – diýdi. Şondan soň ol meni uzaklaşdyrman umumy bölüme geçirdi. Soňky eltilen ýerim şo-ol, gyzymy ýerleşdirmek üçin ylgap ýörkäm gabat gelen geň familiýaly Kokanowyň bölümi bolup çykdy. Diýmek, birinji gezek syrkawlanymda Gazakbaýyň kabulhanasyndan yzyma gaýtarmalaram ters ekeni. Meniň keselim öňem şulara degişli ekeni. Kesel hakykatdan-da nerwi bilen bagly ekeni. Ýöne, nätjek, olaryň şeýdip, ýüzigatylyk bilen gaýtaryp goýberýän hassalary bir men däl ahyry. Kokanow kä gün bir gelip hassalary gözden geçirip gidýärdi. Käbirini «gutuldyň» diýip, çykaryp goýberýärdi, täze gelenlere täze-täze emler salgy berýärdi, käbirlerine bolsa ýene bäş-üç gün ýatmaklygy, gowuja bejergi almaklygy maslahat berýärdi. Ol meni gören dessine tanady. – Howwa-da, döredijilik işgärleri beýni bilen işlemeli bolýalar-da, bulaňky kyn-da şeýdip käte syrkawlaýýalaram-da – diýip, gapdalymda oturşyna zoraýakdan degişen boldy. Zoraýakdanam ýylgyrdy. Ýanymda azajyk saklanybam oňaýsyz halda ur-tut turmak bilen boldy. Şondan soň men ony görmedim. Meni bejerýän wraja Aşyr Çaryýewiç diýýärdiler. Ol uzynrak, ter ýüzli, alçak, çalasyn hereketli galdaw, ýigit. Adamkärçiligem, tebipçiligem gowy. Ýöne, otagyň içi sowuk bolansoň men ol ýerde öňki derdimiň üstüne dümewledimem. Netijede on günläp, günde üç wagtyna artykmaç iňňe iýmeli boldum. Nowakaine derek pensiline başga bir emeli suwuklyk garyp urýandyklary sebäpli sanjymlar iňňän yzalydy we ondan diýseň basylýardym. Asyl-ha ol ýerde maňa şonça günläp şondan başga zat urmadylaram. Ol gezegem gowy gutulyp çykdym. Galan bejergini öz poliklinikaňyza gatnap, maşgala wrajyňyzyň gözegçiliginde dowam etdirersiňiz, diýdiler. Birnäçe gün öýde bolup işe çykdym. Başlygyň ýanyna girdim. – Hä-ä, ýaşuly, geldiňizmi? Sag-aman gutuldyňyzmy? Gözüň aýdyň? Bizdenem näme gerek bolsa aýdyberiň! Kurorda gitjekmi, sanatoriýalaryň birine gitjekmi ýa başga mätäç zadyňyz bamy, aýdyberiň, - diýip, başlyk özüniň şo-ol bir wagtky alçaklygy bilen garşy aldy. Men: – Kurorda beýlekä-de harjy gerek, o-da mende ýok, gowusy ine, indiki aý zähmet rugsady wagtym bolýa, şonda meni rugsada çykaryň-da, yzyma çagyryň, derman alara bäş şaýy peýda bor, - diýdim. – Bor, bor, onda şeýdäýeris. Tomus bäş-üç günlik eýläp-beýläk giderin diýseňem islän wagtyňyz aýdaýyň, goýbereris. Men hoş bolup işe başladym. Ýöne, uzak işlemeli bolmady. Hernäçe hoşamaýsyrasa-da, indi onuň öňküligi ýokdy, gepi-sözi ýürekden däldi, ýüzi könelişip, salam-helikçiliginiň mähri gaçyşypdy. Üstesine, telim ýyl bäri «ýazylýa-ýazylýa» «çykjak-çykjak» diýip halkyň halys gulak etini guradan «Ruhnama» hem çapdan çykypdy-da, ol ähli ýokary okuw jaýlarynda, mekdeplerde, edaralarda, ors diýmän, türkmen diýmän ürç edilip öwrenilýärdi. Biziň başlygymyzyňam men entek syrkawhanada ýatyrkam, şonuň manysyny türkmen dilini bilmeýän işgärlerine düşündirmeklige, ýagny, «Ruhnamadan» şolara okuw geçmeklige borçly edip, meniň adyma nuýruk çykaran ekeni. Menem ondan boýun towladym. Dogry, gönüden-göni: etjek däl, diýmedim, syrkawlygymy bahanaladym, ol kitap meniň aklym çatardan has belentdäki eser, oňa meniň güýjüm ýetmez, diýdim, garaz, etmedim. Şonuň üçin bolsa gerek, tomus çykandan soň başlyk öň söz beren büş-üç günlik rugsadyndanam “putýowkadanam” ýüz dönderdi. Iş ýagdaýynda meniň iň bir erbet görýän pursatym emele geldi. Käbir adamlar şular ýalyda ýolbaşçylar bilen gidişýärler, ýazyşýarlar, ýaka tutuşýarlar, köplenjem ýeňiji bolup çykýarlar. Meniň edil öň ýanymda-da, biziň konsernimize degişli zawodlaryň biriniň inženeri öz başlygy bilen başdepän gidişipdi we ahyrsoňunda özüniňkini dogry etmekligi başarypdy. Men bolsam olar ýaly alagöz bolup işlemekligi öňem halamaýardym, ol wagt-a saglyk ýagdaýym boýunça asylam beýtmek bolmaýardy. Şonuň üçinem arza ýazdym-da, çykdym gaýdyberdim. Ýöne, azajyk howlugypdyryn. Çünki, meniň gaýdanyma bir aý hem geçip-geçmänkä işinden aýrylyp obasyna sürgün edilen öňki minisrtiň guýrugy hökmünde başlygyň özünem işinden pyzyp, uzakdaky etraplaryň birine işe iberdiler. Zähmet depderçämi almaga baranymda işgärler bölüminiň başlygy meni içýakgyç ýylgyrjaklap garşy aldy. Zähmet depderçämi uly höwes bilen öňümde goýdy. – Alyň. Gowy edip doldurandyryn. Onuň böwregi bökýärdi. Içi byjyklaýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |