19:37 Tüweleý / hekaýa | |
TÜWELEÝ
Hekaýalar
Baharyň soňky aýy şemally günler barmak basyp sanardan köp. Bu günem günuzak ýatmadyk tupanly şemal adamlaryň ünsüni çekmedi. Diňe agşama ýakyn barha güýçlenip başlandan soň çyralar söndi. Adamlar öýlerine ýygnandylar. Tüweleýli şemal gijesi bilen obanyň üstünde kyýamat gopdurdy. Baglary şatyrdadyp-gütürdedip, iki ýana bulaýlap, dilsiz-agyzsyz janawarlaryň başyna itiň gara gününi saldy. Asmana gara keçe tutulan ýaly. Hemmeleriň kejebesi daralyp dünýä sygmadylar. Derrewem ýatmak bilen boldular... Şemal bolsa ýatmady. Gijesi bilen güwwüldisi galmady. Daň atdy, jahan ýagtyldy. Adamlar oýanyp başlady. Aslynda hemmesi däl, asyl bu gije ýatman çykanlaram bar eken. Agşamyň öňýany başlanyp, daňa ýakyn diňen tüweleý gaty erbet bolupdyr. Jaýynyň üçegi tutuşlygyna uçup giden Allabaý: - Bu tüweleýiň içi bilen ýene bir gara ýel geldi, ana şol elhenç boldy-diýip, başyny ýaýkady.-Edil güýçli suwyň ýumşak topragy ýalap-ýalap, ýülmäp alyp gidişi ýaly şol ýel şypyry, karnizi dagy bilen gopardy. - Hawa-aýt, jaýyň pürslerini dagam şatyrdadyberdi-diýip, ýene biri gepe goşuldy.-Aý-ý, apat bolup gelipdir, apat bolup. - Beh-h, düýnem gümmezekläp durdy-aý, el bilen aýrylan ýaly edäýipdir-diýip, öýüň eýesi Allabaý agzyny gyşardyp hyrçyny dişledi.-Şu hatarda meniň şypyrymdan belendi ýokdy. Duranlaryň biri duýdansyz gülüp başlady. Gülküsiniň arasyny bölmän, hykgyldap: - Öwez ýetimiň tuwaledi hem tüweleýde uçup gidipdir-diýip, hezil edip garnyny sypalady-Hi-hi-hih... Duranlaryň biri ýyrşaryp: - Içinde özi ýok ekenmi!-diýip, henek eden boldy. - Aý, hawa-da-diýip, orta ýaşdan agan kişi başyny ýaýkady.-Jaýyň şypyry bolmasa, hajathanaň gider, gowşak bolsa teläriň göterler garaz... Üçegini ýel aparan belent jaýy nazarlap gürrüňleşip duranlaryň içinde özüni akyllyrak hasaplaýan Allabaý: - Düzüwli käriň başyny tutman, tapan puluny tygşytlaman, part-şart sowýan Öwez ýetim ýaly nekgendeler hiç wagtam jaýyny şypyrladyp bilmez-diýip, barmagyny çommaltdy.-Şuň ýaly ýel bolanda dagam olaryň tuwaledi uçup gidäýmese ýerden göteriljek zady bolmaz. Gapdalynda duran şepeleri onuň aýdanlaryny sessiz baş ýaýkap makulladylar. * * * Balkan sebitlerine mahsus nagyşlar bilen keşdelenen tahýasyny gyşygyrak geýen Öwez ýetim körpe oglunyň elinden tutup ýola çykdy: - Ýör oglum goňşulara baryp gaýdaly, olaryň şypyryny ýel äkidipdir. Her kimiň başynda bar zat, «Emgek bolup geçsin», «Gorkanyň gut bolsun» diýip aýtmasak goňşy gaty görer. Kijijik ogly kakasynyň elinden tutup barşyna: - Kak-ga, Al-labaý agalar...-diýip çalak-çulak gepleýärdi. Öwez ýetim ýylgyryp: - Ee-ý diýme oglum Alabaý däl-diýip, Öwez ýetim nämüçindir sakawlap goýberdi- Alabaý däl, Allabaý aga diýsene. Nämede dogry geplemeseň hem adam adyny dogry tutawer. * * * Giç agşam işden dolanyp gelen Allabaý howlusyna göz aýlap, tüweleýde uçup giden üçeginden galan-daçan şypyrlaryň ýokdugyny gördi. Gapynyň agzynda üýşüp durdy-la diýip gaşyny çytdy. - Gülsere - diýip aýalyny çagyrdy. Hany bi şypyr bölekleri nirde? - Hä, o neme, goňşymyz Öwez ýetim geldi, onsaň musur bolup ýatmasyn, gerek bolsa äkit diýdim. Ýa saňa gerekmidi?-diýip Gülsere ärine seretdi. Allabaý başgabyny çykaryp, sakar maňlaýyny sypalady-da içeri girmek bilen boldy. * * * Dynç güni biraz gijiräk oýanýan Allabaý daşary çykyp howlusynyň içinde oýan-buýan gezim etdi. Baharyň hoştap howasy onuň janyna ýakýardy. Ol howlynyň içinde aýlanyp ýörşüne birden goňşusynyň mellegine äňedenini duýman galdy. Öwez ýetim şifer böleklerinden çaklaňja edip hajathana gurupdyr. Allabaý tamdyryň gapdalynda duran töňňäniň üstüne özüni goýberip kükregini gysymlady. Ertirik taýýarlap daşary çykan aýaly onuň bolup oturşyny görüp tisginip gitdi: - A-ýu kakasy, saňa näme boldy - diýip, howatyrlandy. - Ýüregiň biynjalyk etdimi ýene? Allabaý ýok diýen manyda başyny ýaýkady-da: - Aý hawa-da, «Dok çaýkanman aç doýmaz» diýlendir-dä bi-diýip, uludan dem aldy.-Ýöne jaýyň gupba ýaly üçegi biriniň hajathanasyna ýarasa birhili boljak eken. * * * Öwez ýetim şifer böleklerinden çaklaňja edip guran hajathanasyna gapdaldan seredip durşuna «Ýene bäş-on bölek şypyr artybam galdy, muny nätsemkäm - diýip içini gepletdi. - Ýa mellegiň daşyna haýat edip aýlaýsammykam. Aý bujagaş galan-gaçan şypyr hiç ýerine hem ýetmeýär. Eýleki goňşynyň şypyram gopan bolanda ýetäýjegem eken». Soňky eden pikirinden elheder alan Öwez ýetim «Toba estapyralla, öz bähbidimize laýyk gelse, her dürli mojuk zatlaram aýdyp goýberäýýäs-aý” diýip, başyny ýaýkap öýüne tarap gaýtdy. Sylapberdi MUHAMOW. Daşoguz. Garagaç obasy. 31.05.2017 ý. | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |