11:17 Urşuñ utan ýeri | |
URŞUÑ UTAN ÝERI
Publisistika
Adam ýitgisiniñ aşa gorkunçdygyna we elhençdigine garamazdan, araplar hemme ýerde mediýa urşunda ilkinji gezek üstün çykýar Fransuz gündogarşynasy Lui Massinýon öñem birnäçe gezek nygtap geçişimiz ýaly yslama çäksiz hormat goýan möhüm günbatarly alymlaryñ biridi. Käbirleri onuñ hakykatdanam musulmandygyny we şu dine uýýandygyny şugadar açyk aýdandan soñ katolik bolup galmagynyñ mümkin däldigini pikir edýärler. Massinýonyñ pozisiýalary (we bitiren işleri) diñe magnawy ähmiýete eýe bolman, eýsem şol bir wagtyñ özünde fransuz ygtyýarlylaryñ we ýewropaly liderleriñ üstündäki täsiri sebäpli syýasy ähmiýete-de eýedi. Bularyñ arasynda iñ esasy öñe çykýany-da Rim papasy Piý XIII-di. Araplar bilen Ysraýylyñ arasynda ilkinji çaknyşyklar başlandan, Massinýon Rim papasynyñ ýanyna gidip, ony Beýtulmukaddesdäki (Ierusalimdäki) yslam we hristian mukaddeslikleri boýunça jarnama bilen çykyş etmäge yrjak boldy. Emma Rim papasy oña "Meniñ sözümi kim diñlär? Araplaram, jöhitlefem sözüme gulak asmaz" diýipdi. Meşhur gündogarşynas dosty bolan Rim papasyna birmahallar Staliniñ ýañsylap aýdan "Watikanyñ näçe sany sowutly batalýony bar?" sözüni ýatlatdy we hakykata arka durmagyñ batalýonlara däl-de, uly wyždanlara mätäçliginiñ bardygyny aýtdy. Lui Massinýon 1909-njy ýylda Kairdäki El-Ezher uniwersitetinde / Fotosurat: Massinýonyñ maşgala kolleksiýasy (Wikipedia) Netanýahunyñ 7-nji oktýabrdan bäri jyzzygyna degen ýeke-täk hadysa Halkara Jeza beriş sudunyñ özüni adamzada garşy jenaýatlardan jogapkärçilige çekme kararyny kabul etmegidi. Halkara Adalat diwanynyñ başlygy Newaf Selamyñam sowutly batalýonlary ýok, ýöne şular ýaly çykgynsyz we masgaraçylykly atomsferada halkara jemgyýetçiligi iñ bolmanda jenaýatkäriñ we jebir çekeniñ kimdigini görkezip biler. Gara güýjüñ eden-etdiligine garşy çykmak kynam bolsa, iñ bolmanda adamzadyñ utanç depderlerine ýazylyp bilner. Adam ýitgisiniñ aşa gorkunçdygyna we elhençdigine garamazdan, araplar hemme ýerde mediýa urşy boýunça ilkinji gezek üstün çykýar. Emma bu uzaga çeken çaknyşykda BMG-nyñ baş sekretaryndan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna we dünýäniñ iñ abraýly ýokary okuw jaýlaryna çdnli ähli halkara guramalaryñ batyrgaýlyk görkezip Palestinany goldandyklaryny görmegiñ özi kiçi-girim zat däl. Elbetde, mundaky paýyñ ep-esli bölegi Netanýahunyñ doganlaryna, şärikdeşlerine we çykanlaryna degişli. Stalin ahyrynda "katoliklige" garşy ýeñiş gazanyp bilmedi. Rim papasy Staliniñ imperiýasyny we goşunlaryny uzak wagtlap basyp alan goñşusy Russiýadan goparyp zyñdy. Polşa häzirki güne çenli Russiýanyñ böwründäki hanjar bolmagyny dowam etdirip gelýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 25.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |