03:06 Uruş we parahatçylyk | |
URUŞ we PARAHATÇYLYK
Publisistika
Her gün görýän bu epizodlarymyzyñ biri-de Netanýahunyñ dowzah oduny sowurýan maşynyny bir sagatlygam bolsa togtatmaga ýaramady Surat: Jeýms Fergýuson / FT Gazada uruşyñ başlanan wagtyndan şu güne çenli bulutly bir ýyl geçdi. Emma şu wagt buludy içinde frontlar Ortaýer deñzinden Gyzyl deñize çenli giñelip, ABŞ we Birleşen Korollyk ýaly uly ýurtlary-da öz içine alyp biljek müñlerçe ölüme we ýaralanmalara getirdi. Ýüz müñlerçe adamy ýerinden gozgady, gurakçylygy we ýokanç keselleri ýaýdy. Haçandygyny anyk bilmeýän senämdäki ilkinji uruşyñ turmagyndan bäri hiç zat üýtgemedi: Bir uçgun uruş oduny tutaşdyryp bilýän ýerinde parahatçylygy üpjün etmek mümkin däl. Adamlary uruşa itermekden añsat zat ýok. Çünki hiç kim olardan bu boýunça näme pikir edýändiklerini soramaýar. Bardy-geldi soranam bolsa, gözlük üçin sorandyr. Üç aýlap Gaza gije-gündiziñ dowamynda 24 sagatlap ýer bilen ýegsan edildi we dünýäniñ tamamy jem bolup bäş günden köp atyşygy bes etdirip bilmedi. Her gün görýän bu epizodlarymyzyñ biri-de Netanýahunyñ dowzah oduny paýradýan maşynyny bir sagatlygam bolsa togtatmaga ýaramady. Uruşlaryñ bolgusyzlygyna düşünmek üçin Tolstoýyñ ölmez-ýitmez epopeýasy "Uruş we parahatçylygy" ýa-da Boris Pasternagyñ ajaýyp eseri "Doktor Žiwagony" okamaly. Munuñ özi uruşlar hakdaky çeper eserleri ilkinji bolup rus ýazyjylarynyñ ýazandygyny añlatmaýar. Uruş hakdaky eserleriñ başyny gresiýaly Gomer "Iliada" poemasy bilen başlapdy we her halkyñ öz gahrymançylygy we ýeñlişleri hakdaky şahyrana beýany bar. Her eseriñ gahrymany, rysary, Antary we Ablasy bar. Emma ähli eserlerde we elegiýalarda beýleki wepat bolanlaryñ atlary agzalmaýar. Ikinji jahan uruşynda 15 million esgeriñ we 40 million raýatyñ ömür tanapy üzüldi. Bu ölüleriñ atlaryndan näçesini ýatdan bilýäris? Ýöne hemmämiz munuñ adamzat taryhyndaky iñ ölümli uruş bolandygyny ýatdan çykaramzok. Ahyrsoñunda-da atom bombasy ýaly bir zat kinofilme öwrülýär, baýrak alýar, kinozallaryñ öñi tomaşaçy nobatyndan dolýar. Elbetde, Oppenhaýmer bilen gülgüne "Barbi" çaga filmleriniñ arasynda üstün çykan köpçülikleýin gyryş ýaragynyñ önümçiligini dowam etmegi makul bilen alymyñ filmi bolýar. Dünýä indi näme ederkä? Netanyahuny köşeşdirmäge synanyşdyrar we şindizden Netanýahu köşeşýänçe-de Gazadan derek galmaz. Üstünde ýaraşyk şertnamasy baglaşylan haraba galar. Şol ikirarada uruşyñ täsirleri Müsüre, Liwana, Suweýş kanalyna, Iordaniýa, Günbatar Şeriýa çenli ýaýrap gidip otyr. Gaza uruşy bize rus uruşynyñ bir pursadam durman dowam edýändigini, Ukraina bilen ýaraşyk şertnamasyny doly diýen ýaly mümkin däldigini ýatdan çykartdy. Ol ýerdäki ýitgileriñ sany Gazadakydan esseme-esse kõp. Şeýle sözbaşyny, ýagny "Uruş we parahatçylyk" adybilen ýene bir romana garaşýarys. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 02.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |