08:28 Was-was adam / satiriki hekaýa | |
WAS-WAS ADAM
Satiriki hekaýalar
Günortanyň tüp yssysynda kondisionerli, salkynjak tamda oýaly-ukuly ýatan Annaguly täsin owaz bilen saýraýan guşuň sesinden lezzet alyp, beýlesine öwrüldi. Ol ses biraz salymdan ýene-de gaýtalandy. Annaguly ýatan ýerinden gözüni süzgekledip, töweregine seretdi. Ol birbada nämäniň nämedigini aňşyryp bilmedi. Guş sesi üçünji gezek eşidilenden soň gargynjyrap ýerinden turdy: - Içigargalmyş bi asyl işigimize oturdylan täze zwonogymyzyň sesi eken-ow. Be, keýwany eýýäm atasy öýünde dolanyp geläýdimikä?! Gapyny açmak üçin Annagulynyň hyýallananam şoldy welin, üýtgeşik bir pikir onuň kellesine geldi. "Her hili zat eşidilýär, how, işigi açanymdan biri kelläme halta geýdiräýse, nätjek? Ýok, men eýle zada ýol bermen. Öňürti zwonoga basanyň kimdigini bilmeli". Ol pişik basyşyny edip, işigiň ýanyna bardy. Gapa ýörite oturdylan gözjagazdan jyklap daşaryk seretdi. “O-ho-how, hernä açmanym gowy bolaýypdyr. Çöregim bitin ekeni. Oňa seredip, eli aýpaltaly bir ýetginjýek murtuna timar berip işigiň agzynda dur. O nejisiň eýmençdigini”. Annagulynyň endamy tikenekläp gitdi: “Zaňňaryň çakgandygyny, elindäki paltany edil top oýnan ýaly oklap-gapýar-aý. Baý-bow, howul bela, howul bela. Bä, allajanlarym, yatanyň üstüne turan gelmesin diýenleri bold-ow. Gör, zaňňaryň günortanyň tüm garaňkysyny saýlap gelşini. Ýaňy açaýan bolsam, sen-men ýok ýelmärdi kelläme paltasy bilen. Hawa, bular ýaly pälazan hiç zatdan gaýtmaz. Ondan-mundan gyrp-çyrp edip ýygnanja pulumyň soňuna sogan ekjek eken-dä zaňňar. Näme, ogrudan ogurlanyň halal diýlenini etjek bolýaňmy. Ýok, men ony saňa ogurlatmak üçin ogurlamok. Samsyk, men ojagaz puluma içi bag-bakjaly howly satyn aljak bolup ýörün. Çaltyrajyk şu mekirden garamy saýlamaly, köp etažly jaýlarda ýaşan özüň bolma. Bir topar ýygyndydan ýygnanan goňşulaň kimdiginem bilip bolanok. Ýogsam, şu salpaýak murtuny “o” harpy ýaly edip mende puluň bardygyny nireden bilsin. Hökman goňşularymyň birinden eşidendir. Äýnegini piserdip, gybyrdyklap ýören Sergezdanam düzüw adam bolmaly däl. Sergezdan. Nejisiň adyny eşidenimde aňrym bärime gelýär. Süýji dillisirän bolup, şondan her zat çykar. Arada iki manat karz dilände “Wah, goňşy jan, kör köpügim ýokdur” diýip zat bermedim welin, indi meni talajak bolýarmykan? Başa barmaz, bitiň edil oda kakylan ýaly bolaýsyn. Gaýratyň bolsa, birini iberýänçäň özüň gelmeli ekeniň. Hawa, ojagaz pulumy siz ýaly nejislere şam edip bilmen. Näme etmeli? Ýa menem et çapýan paltamyzy alyp, ogry bilen başabaş söweşe giräýsemmikäm?” Annaguly sermenip paltalaryny gözledi, tapmady. "O pulluja düwünçegi bir tapylmaz ýaly ýere dykaýyn, birden özümi kaklaýsa-da, ýyrşaryp bir gitmesin şu ýerden". Ol hasanaklap baryp galdyrylan ýüküň arasyna elini sokdy. Düwünçegi alyp ony bagryna basdy, onuň bilen ömürlik hoşlaşýan ýaly, ysgaşdyryp ogşaşdyrdy. "Nirede goýdumkam? Içki tamyň polunyň galyp duran ýeri bardy welin, şoň aşagyna ataýsam nähili bolarka. Wiý, men samsyga seret-le, birden ony aşaky goňşym bilip alaýsa nätjek diýsene. Ýok, başga çykalga tapmaly". Annaguly köp oýlanyp durman, ony derrew byline daňdy. Duşmana abaý-syýasat etmek üçin çirkin gygyrdy: - Hany, maňa şol dulda asylgy duran bäşatary äberiň, edil ýazzy maňlaýyndan ýelmäýin. Annagulynyň elbetde, häzir öýde özünden başga adamam ýokdy, bäşataram. Ol atan okunyň nyşana degenini-degmänini bilmek üçin ýene-de gözjagazdan jyklap gördi. Eli paltaly ýigidiň işigiň agzynda şol gazaryp durşudy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly käte bir zwonogyň duwmesini basýardy. Annaguly gara der bolup töweregine seretdi. Koridorda duran telefona gözi kaklyşanda onuň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Aljyraňňylyk bilen jaň etdi. - Gardaş, dadyma ýetişeweriň, gündiziň günortany eli paltaly bir ýetginjek meni talajak bolýar. Hawa, edil işigimiziň agzynda dur. “Biz barynçak her zat et welin saklajak bol” diýýäňizmi? Bolýa, wiý, ýogsa-da, ýoldaş milisioner, hernä adresimi dogry ýazansyňyz-da, hany okap ber. Dogry, bolýa onda, garaşýan. Derrewjik geljek bolaweriň. Annaguly öň ogryny nädip kowup bolarka diýip aladalanan bolsa, indi ony nädip bir ürküzmän saklap bolargka diýip oýlandy. Işigiň iç ýüzünden şelaýynlyk etdi: - Ogry jan, wiý, neme jan, azajyk garaş. Häzir içigargalmyş gapynyň açaryny tapamok. Hiç ýerik gitme-de, duruber. Onsoň nememi, hemme öý-içerileriňiz saglykmy, bi gezmänejik geläýen ekeniňiz-dä. Tüweleme, oňarypsyňyz, şeýdipjik käte gelip durmaly ahwetin... Annagulynyň içi güldi: “Ýene bir azajyk garaş bakaly, baý, onsoň tomaşa görersiň-ä. Kime ýanaşmalydygyny men saňa mazalyja öwrederin..." Ol şol gürläp durşuna ýaltanman gözjagazdan zol daşaryk seredýärdi. Ine, garaşylan pursat hem ahyry gelip ýetdi. Iki sany milisioner ýaňky ýigidiň ýanyna gelip, onuň elinden paltany aldylar. Olar nämedir bir zatlar hakynda gürleşip gülüşdiler. Az salymdan şol “guşjagazyň” saýraýan sesi ýene-de gaýtalandy. Annaguly keýplije gapyny açdy. Milisioneriň hortaňdan uzynragy Annagulynyň arkasyna kakdy-da: - Sen, inim, bi öz jaýyňyzda ýaşaýanlary bir tanajak bol-how! Näme, ýöne az zat üçin milisiýa jaň edişip dursuňyz. Onsoňam beýle towşan ýürek bolmazlar. Bul-a siziň paltaňyzy getirip beripdir, senem ýöne... – diýip gülümsiredi. Annaguly aljyramady. Ol goňşularyna syr bildirmejek bolup bälçiredi. - Baý, şu goňşularam gaty naýynsab-aý, milisä aýdaýmasaň, alan zatlarynam getirjek gümanlary ýok. Goňşy, murt-zat goýberdipsiň welin, birhili tanamajak bolupdyryn-aý, gutly bolsun! Hany, muny bir nemetmerismi?! Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |