12:41 Ýahýa Kemal Nazym Hikmetiñ ejesine aşykmydy? | |
ÝAHÝA KEMAL NAZYM HIKMETIÑ EJESINE AŞYKMYDY?
Edebi makalalar
Türk dili we edebiýatyndan habarlylaryñ gowy bilýän, ýöne mümkin boldugyndan kän agzalmaýan bir gürrüñ bar: türk edebiýatynyñ görnükli şahyrlaryndan Ýahýa Kemalyñ Nazym Hikmetiñ ejesi Aýşa Jelile hanyma bolan köre-kör söýgüsi. Owaly bilen-ä, şuny diýmegim gerek: meni şu derejelere ýetirmek üçin zähmet çeken professor Muharrem Daýançdyr Mehmet Çelik ýaly mugallymlarym bu yazgyny görseler, maña hökman "käte daña çenli okadan "Öz gök gümmezimiziñ" ("Kendi Gök Kubbemiz") baplaryndan soñ ýazmaga zat tapmadyñmy, köşek?" diýip gatyrganarlar. Doktoranturany okanymda professor Sejatdin Tural bize ýüzlenip "Şahyrlaryñ adamlaryny görkeziñ" diýerdi. Biz yeşil kabanlı, çytyk gaşly kişileri Nazym Hikmetiñ adamlary, sakgally we ýüzi agyr kişileri-de Nazym Hikmetiñ adamlary diýip toparlara bölerdik. Ýüzünde hemişe amanat göterip ýören ýañsyjygy bilen eýelik edýän boşlugyny içiñize artygy bilen dolduryp biljek kişilere-de Orhan Weliniñ adamlary diýerdik. Birem Behçet Nejatigiliñ adamlary bardy. Olary ellerinde marketiñ ýa-da bazaryñ sellofan paketjiklerjni göterip barýarkalar görerdik. Şeýle adamlar aladaly bolansoñ, güzeran gaýgysy bilen çalt-çaltdan ýöreýärdiler. Men özümi dek şu günler Nejatigiliñ adamlaryna ýakyn duýup, Ýahýa Kemalyñ deñsiz-taýsyz hyýaly dünýäsiniñ ýerine şuny saýlap alýaryn. Nazym Hikmet Ran • Nazym Hikmet Ýahýa Kemala duşmanmydy? Köp kişi mundan söz açanda Nazym Hikmetiñ Ýahýa Kemala duşmançylyk besländiginj öñe sürýär. Hatda Mehmet Kaplan Nazymyñ kommunizm ideologiýasyna meýil etmegindäki esasy tutaryklaryñ biri hökmünde onuñ Ýahýa Kemala bolan duşmançylygyny görkezýär. Ýogsam bolmasa, Nazymyñ bir hatynda beýik şahyryñ aradan çykandygy zerarly ýazan şu setirlerini bilmeýän ýok: "Söýgüli aýaljygym. Düýn agşam radiodan eşitdim: Ýahýa Kemal ýogalypdyr. Beýik şahyr. Ol meniñ halypalarymdandy, men ondan kän zat öwrendim. 73 ýaşan eken. Ep-esli wagt gözüme uky gelmedi. Meniñ ýaşlygym Ýahýa Kemal bilen geçdi. Beýik şahyr, ussat. Telegramma ýollaýsam diýdim... Kime? Kemalyñ ölümi üçjn duýýan gynanjymy bildirmek üçin telegramma ýollar ýaly ýerim ýok. Ýagdaý şeýle. Howa şu gün irden açyldy. Güneşli howa. Senorita ýazyp başlajak. Kelläm borram-boş, ýüregim gaýgy-hasratdan püre-pür. Şular ýaly ruhy ahwalda nädip senari ýazjagymy bilemok, ýöne başga alajymam ýok, ýaşamak üçin däl-de, unutmak üçin, gam-gussañ laýyna batyp gitmezlik üçin, erbet-erbet pikirlere yñyp gitmezlik ücin işlemeli. Ine, gülüm, şeýleräk ýagdaý. Geñ görme, sen uzakdaluk, sensizlik, ýat ýurtda mysapyrlyk çekmek, hatda meñki ýaly gardaşyñ öýünde bolanda-da, söýýän we ynanan dünýäñde bolanda-da, öñem ýazyşym ýaly ölümden has ýaman. Ine, şeýle, ömrüm ahyrynda seni söýmek bilen soñlanar. "Rehmet ýollary kesdiniñ" fransuzçasyny aldym. Görüşýänçäk". Nazym Hikmetiñ haty Ýahýa Kemal Nazym Hikmetiñ ýokarky hatynda-da nygtaýşy ýaly, mugallymydy. Nazym şygryýet boýunça ilkinji sapaklaryny Ýahýa Kemaldan alypdy. Şeýle ýörite sapaklaryñ üsti bilen Ýahýa Kemal Nazym Hikmetiñ ejesi Aýşa Jelilä ýakynlaşypdy. Aýdylyşyna görä, görk-görmegi dillere dessan bolan Jelile hanym Ýahýa Kemaly-da jadylap bilipdi. Aýşa Jelile hanym Jelile hanymyñ gözelligini ogly Nazymdan okalyñ: "Adalat, saña ejem hakda aýdyp bereýin. Ejem ýaşlygynda owadan aýaldy. Ogly bolandygy üçin aýdamok, obýektiw göz bilen aýdýaryn, ejemiñ owadanlygy ýakyp-ýandyryp barýan owadanlyk däl, sowuk owadanlykdy. Munda belki gözleriniñ biri-birinden daş bolmagynyñ täsiri bardyr. Galyberse-de, ejemiñ owadanlygy XIX asyryñ owadanlygydyr. Ejemde XIX asyr fransuz buržuaz sulhy agdyklyk edýär. Suratkeşligi-de şeýle. Öýüniñ tutulary we biblolary-da şeýledi. Ýagny, owadanlygynda we sulhunda tekiz we sowuk halkalaryñ göze ilip durandygyna garamazdan, reñk taýdan alanda ajaýyp rokokolyk bar. Pikir edip gör, kakam ejemiñ üstüne ejem bilen deñeşdirip bolmajak dereksiz aýallar bilen gezdi. Ol aýallaryñ köpüsi ýadymda. Bular owadan dälem bolsa, ýeke seredeñde ýakyp-örtäp barýardy. Ejem ýaşlygynda mert aýaldy. Men mertligi biraz şondan öwrendim. Ejem ömrüniñ ahyryna çenli üýtgemän galan dälişge çaga ýaly häsiýeti-de bardy". Ýahýa Kemal Jelile hanymy birinji gezek Çamlyja Bekdaşy dergähinde görüpdi. Şahyryñ Jelile hanyma aşyk bolandygy hakdaky gep-gürrüñler çykan badyna, Nazym Hikmetiñ Ýahýa Kemalyñ paltosyna hat taşlandygy we "Mugallymym bolup giren gapyñyzdan kakam bolup girerin öýtmäñ!" diýendigi rowaýat edilýär. Ýahýa Kemal • Ýahýa Kemal Jelile hanym üçin öz janyna kast etmäge synanyşdymy? Ýahýa Kemalyñ Jelile hanyma bolan söýgüsi üçin öz janyna kast etjek bolandygy hakdaky gürrüñi orta atanam Nazym Hikmetiñ harby uçilişide bile okan kursdaşy Nejip Fazyl Kysakürekdir. Nejip Fazylyñ aýtmagyna görä, Ýahýa Kemal Nazym Hikmetiñ ejesine bolan söýgüsi üçin öz janyna kast etjek bolanmyş. Geliñ, muny özünden okalyñ: "Ol (Ýahýa Kemal) sapaklaryny dynyp, mekdebiñ gaýykhanasynda garaşyp duran jübüt skiffe (gaýyga) böküp, garşydaky Büýükada geçerdi. Nazym Hikmetiñ ejesi Büýükadada bolýardy, halkyñ gürrüñi-dä, Ýahýa Kemal oña aşyk bolanmyş. Birnäçe wagtlap gelmedi. Mekdepde hyşy-wyşy peýda boldy: - Öz janyna kast etjek bolanmyş! Garaşdyk, geldi. Ýüzi-meñzi ýerinde däl... - Näme gerek? - Mümkin bolsa, bir towakgamyz bar. - Näme towakga? - Gynanç beýany... - O nämäñ gynanjy, ependi? - Öz janyña kast etjek bolanmyşyñ diýip eşitdik. Gynanç beýanymyzy kabul ediñ, saglygyñyzy isleýäris, ýoldaş mugallym. Stoluna oturdy, öñüne kagyz-galam aldy we "harby gullukçynyñ at-abraýyna sygyşmaýan" hereketi edendigim üçin meniñ üstümden habarnama ýazdy. - Adyñ näme? - Nejip Fazyl. - Nomeriñiz näçe?" Dogrusyny aýtsak, bular ýaly gep-gybat Nejip Fazyldan garaşylmajak zatlar däl. Nazym Hikmet boýunça iş geçiren Mehmet Fuat (Nazym Hikmetiñ öweý ogly) hem bu hadysany bolşundan bäşbeter çişirip berýär. Hatda ol Nazymyñ Ýahýa Kemala haýbat atandygyny-da öñe sürýär: "Harby uçilişede taryh mugallymy hem-de öýlerine gelip-gidýän maşgala dosty bolan meşhur şahyra Nazym Hikmetiñ hormaty çäksizdi, oña ýazýan zatlaryny görkezip, tankydy belliklerini alardy. Aslynda Ýahýa Kemal Jelile hanymy söýýärdi. Ilki-ilkiler göze görnüp durmaýan bu söýgi Jelile hanym ärinden aýrylyşansoñ hasam tutaşdy. Ýahýa Kemalyñ käbir şygyrlaryna ylham beren bu uly söýgi 1916-njy ýyldan 1919-njy ýyla çenli dowam edipdi. Şahyr söýgüsine jogap bolmandygy üçinem awy içip özüni öldürjek bolandygy hakda myş-myşlar bardy. Şahyryñ "Wysal", "Telakki", "Erenköýe bahar geldi", "Köne hat" ýaly goşgularyny Jelile hanyma bagyşlap ýazandygy mälim. Gep-gybatlary eşidende gahary gelen Nazymyñ özünu urmak üçin özüni gözläp ýörendigini eşden Ýahýa Kemal aýdylyşyna görä öýüni çalşanmtş we täze göçüp baran salgysyny-da esli wagtlap iñ ýakyn dostlaryndan gizläpdir". Dogrusy, bulam boş gürrüñ. Ýahýa Kemal soñ-soñlar Jelile hanyma bolan söýgüsini şu sözler bilen beýan edipdir: "1916-njy ýyldan 1919-njy ýyla çenli bir aýala däliräpler aşyk boldum. Ol aýal tomsuna adada bolardy. Menem şol ýerdedim. Däli-diwana bolupdym. Güýzde Nyşantaşyndaky öýüne serenjam bermek üçin Stambula inerdi. 1916-njy ýylyñ güýzünde ýene Stambula inýärdi. Men añrybaş derejede ejir çekýärdim. Gaýyk ugranda elýaglyk bulamalar, aglamalar... Ol gidýänçä ada dos-doludy... Giden badyna-da meniñ gözüme gugaryp galan ýaly bolýardy... Aýşa Jelile hanym Ýahýa Kemalyñ ýakyn dosty Wala Nureddin şahyryñ ömrüniñ ahyryna çenli öýlenmändigini-de şoña baglanyşdyrýar: "Jelile hanym bilen Nazymdan söz açylanda, Ýahýa Kemal gürrüñi başga ýana sowardy, soraglara jogap bermezdi. Şuny-da aýdaýyn; Jelile hanym ikinji gezek äre çykypdyr, emma Ýahýa Kemal ömrüniñ ahyryna çenli öýlenmändir. Nazymyñ dilinden Ýahýa Kemalyñ adyny birnäçe gezek eşdenem bolsam, ejesi hakda ýeke gezegem dil ýarmandy. Emma bir wakany biziñ öýmüzde-de gürrüñ bereni gowy ýadyma düşýär". Welhasylkelam, edebiýat sapagyna girenimizde gürrüñini etmekden keýp alýan myş-myşlarymyzyñ başyny Ýahýa Kemalyñ Nazym Hikmetiñ ejesine bolan söýgüsi çekýärdi. Bu mesele boýunça Nejip Fazyldan başlap Mehmey Kaplana çenli gaty köp adam gürrüñ edenem bolsa, hersi özüçe üstüne bir zatlar goşup ýazypdyrlar. Hatda Nazym şahyryñ kommunistligini-de şuña baglanyşdyrýan telli-pelli edebiýatçysumaklarymyz bar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 08.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||