20:11 Ýalňyşyň muzdy | |
Sen gör kim bendeden galan nyşan bolmaly. Kim, nä wagt, nä hyýal bilen ekipdir seni, ony bilýän ýok. Täk özüň düňle çöl içinde – sap – sary dünýäde ýaşyl öwsüp otyrsyň, toraňňy.
Hekaýalar
Sen bir görseňä ummanda ýiten sal ýaly... Ejiz. Bir görseňem soňsuz tümlügiň içinde ýylpyldaýan ot – yşyk ýaly. Çopan – çoluklaryň öňden gekýän ýörelgesi seni aman saklapdyr. Häzirem şeýle, guýudan çeken suwuňy, şehit ölüp barýanam bolsaň, ilki bilen şu toraňňynyň düýbüne guýmaly. Çol hiç haçan eýesiz galmaz, senem suwsyz ölmersiň.Adamlar bilen ýaşar ýörersiň, şoňa ynan. Sen bar, elbetde, şonuň üçindir, çölüstanyň içindäki bu guýa adamlar “Umytly” diýip, at goýupdyrlar. Adynyň gowudygyny. Babyr bilekleriniň üstünde kellesini goýup, dynç alyp ýatan Basaryň şu günä bir hili keýpi ýok. Gözlerem gan guýma gyzarypdyr. Ol bökjekläp gelen baýlygy ak guza hyňrandy. “Ýeri, seňki näme diýsene...” Zatdan habarsyz guzujyk has – da gudurady. Süsmäge meýil edip, bälçiredi. Ýaş köpek dişlerini gyjyrdadyp kükrän wagty... Nädip beýle bolanyny Basaryň özem, Hojaly aga – da, çoluk Mälikberdi – de aňşyryp ýetişmedi. Guzusyny tikelär öşýdendir – dä, daýaw çal goýun bat bilen geldi – de Basaryň tumşugyna jalkyldadaýdy . Basaram salymyny bermän goýun janaweriň gulagyndan şapba tutdy – da ýere pylçady. Almaz ýaly dişlerini geçiribem birki sapar siltedi, soňam aklyna aýlanyp yza çekildi. “Haýt peläket! Basar! Goýber! Gaýt!” Çopan bilen çoluk ýerli – ýerden gygyrdy – la welin ... Eýýäm giç ahyryn. Basar derrew aýrylmadymy näme. Honha, gan öýlen gözlerini gyzardyp “Dogry – da walla ...” diýýän ýaly çabalanyp ýatan goýna baka gyýa – gyýa bakyp, hüňňürdäp – çyňsap aýlanyp ýör. - Aý, zalym ogly. Bu nätdigiň boldy – a. Aý, işigaýdan, itden bolan it ogly diýsänim. Aý, ajaly gelen haram... Mälikberdi! - Näme, Hojaly aga? - Bar goşany getir bakaly. Munuň... Ýaşuly gaharyna bäs gelebilmän erbet sögündi – de elindäki egri taýagyny Basara bakan dazyrdatdy. It ýapyryldy welin, taýak bir garyş çemesi üstaşyr geçdi – de, içiň ýansyn diýýän ýaly, garşydaky wehim tapyp, örüşip üşerilişip duran goýunlaryň biriniň maňlaýyna gütüläp degdi. Süri güsürre serpikdi. - Tiz gel, how,gazyp almaýan bolsaň... - Ynha bardym. Gygyrybermesene... Tüpeňden ne peýda, ok goşda ahyryn. - O nähili ok goşda! - Özüň dört – bäş sany seçmeli peşeň alaý diýmediňmi . Hatary goşda goý diýip... Guýma peşeňler – ä hatarda bolmaly. - Wah! Şuş – şumat bagryny garaldaýjakdym welin, bolmady – ow. Mälikberdi Hojaly aga belet bolansoň ony ugruna kowdy.Goý sögünip içini sowatsyn. Gaty gahary gelse elini – aýagyny ýitiräýýär. - Bi, päliazan bize wepa bermez – ow ... - Wepasy gerek däl. Ynha, goşa bir baraly bakaly. Häk, azgyn diýsänim... Bir agzy degse boldugydyr. Indi munuň möjekden tapawudy ýok . Dowary eşege ýükläli, Mälikberdi jan. Aýagam – a döwlen ýaly. Mal bolarmyka indi mundan...häk, eýesiz galan! Senimi... Basar ýüzüni sallap gaçarak gezip ýör. Gojanyň köşeşmändigini aňýar – ow, zaňňar. Sürini dola goşa tarap. Gün ýaşmanka ýetjek bolaly. Onuň bilenem bellisini etmesek bolmaz. Itiň päli azsa, onuň haýrynadan geçilýändir. Be – e – eý.! Mundan beýle zat çykar öýdemokdym – aý. Gün ýaşar çagy “Umutly” guýusynyň töwregini örüden gelen goýunlaryň dynuwsyz mälemeleri, körpeçlerdäki guzujyklaryň nagma ýaly sazlaşykly owazy lerzana getirdi. Garama – gara gaýdan Basar hol uzakda bärik nazaryny dikip otyr. Garry çopanam köşeşerli däl. Ýüzünden – gözünden gar ýagyp dur. Işler az – kem böwşeňleşensoň Hojaly aga Mälikberdini ýanyna çagyrdy. Çoluk onuň kyn ýumuş buýurmak isleýändigini aňdy. Ýok. Hojaly aganyň Basara öz eli galmaz. Ony nägünlük bilen ulaltdy. Ýumak ýaly togarlanyp ýörkä çöregi süýde dograp bererdi. “Iti güjüklikde, çagany kiçijiklikde” diýlenidir diýip, päki bilen gulaklaryny, guýrugyny özi kesdi. Kiçijikkä kesseň bir awunarda dynar. Soň ýadyndan çykarar. Ulalandan soň kesseň bolanok. Gorkak bolar. Awunjagyny bilse, gaçar ýa – da çyňsar durar. Oňňaly itdenem it bormy. Basary gör! Ýolbars ýaly bolupdyr. Özem penjesi alty barmakly – altyaýak diýilýän seýrak tohumdan. Neneň edip oka dözjekkä? Haý, bagty ýatan, Basar... Goja niýetini şoňa düwen bolsa gutardygyň. Nä hudaý urdy seni, öz malyňa ýapyşar ýaly diýsene. “Öldürmäli” diýip, ýalbaraýsam näderkä? Aý ýok. Gaýta, gahary geler. Çölde çopanyň öz kada kanuny bar – da. Haý, maňlaýygara... - Sen nät diýsene, Mälikberdi. Ynha, şu ýüpi al – da ýal beren wagtyň ýaňkyny daň. Honha, döwme goşanyň iki gözünem dolduryp goýdum. Gaýraky uly alaňdan aşyr - da, mäňläýyndän otla. Me... - Neme, Hojaly aga... Çoluk näme diýjegini bilmän sakyndy. Ýaşulynyň gözlerinden pikirini okap oturmaly. Ol gözler “Gaýrat et. Men dözemok. Sen düşünýäň ahyryn” diýip dur. Mälikberdi şonda – da sypjak bolup gördi: - Gönümden gelsem... - Hawwa, gömdejik gaýdaý. Bar, Mälikberdi jan, bar. … Agyr süri, Basaryň taýy Agdar, ala ganjyk Garagöz, garry çopan hemem guýynyň başyndaky ýeke toraňňy belent alaňa dyrmaşyp barýan egni tüpeňli şilliň uzyn Mälikberdiniň, onuň yzyndaky boýny ýüpli idilip barylýan ýaş köpegiň yzyndan garap galdy... Olar ýuwaş – ýuwaşdan alaňdan aşyp, gözden ýitdiler. Ol ýüpi elinden goýberdi – de egnindäki goşany alyp, iki gulagyny gaýtardy. Basar özüniň ölüm jezasyna höküm edilendigini bilýän ýaly gabat garşyda doňdurylan ýaly bolup dur. Ätiýaçlyk nurbatyny süýşürmekçi bolan wagty Mälikberdiniň ýüzünden garynja ýöreýän ýäly boldy. Ol sakgal basan ýüzüni sypalady – da uludan bir dem aldy. “Hoş onda, Basarym”! Ol owadan, gyzyl ala köpegiň gözlerine seretdi. “Atjakmy?” “Dagy näme”. Mälikberdi öz – özi bilenmi ýa – da Basar bilenmi, gürleşmäge başlady. “Munuň ýaly ýalňyşsaň adamlar bagyşlanog – a, Basarym”. “Sen nä, ýalňyşmadyňmy? Ýa eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? Arak içip, bede – berrew oglanlar bilen meň çekip gelip, şol gije öýňüzdäkileri gyran – jyran etmediňmi? Däliremediňmi” Ejeň aglap ýalbardy, şonda – da sen kakaňa el gaýtarjak bolduň. “Şol gyzy almasam özümi öldirin” diýip, bokurdagyňa bat berip, masgara bolmadyňmy? Türkmeniň ogly atasynyň ýanynda şeýle sözleri diline alarmy?...” “Hawa, menem erbet ýalňyşdym. Şonuň üçinem çöle gaýtdym. Oba, öýe, hemem şonuň didaryna zar bolup gezeýin diýip gaýtdym. Özüň bilýäň, mal yzynda gezip ýörenime iki ýyldanam köp wagt geçdi. Oba baramok. Çöle öwrenişip barýan”. “Seni atmadylar ahyryn. Ýa sen öz – özüňi atmadyň –a namys edip...” “Onda okuň birini saňa, beýlekisinem özüme goýbereýinmi?” “...Özüň bil” Çoluk düýnki ýagynyň yzgaryna az – kem gaýmaklap – goýalan çägäniň üstünde oturdy – da çilim otlandy... “Nädeli diýsene, senem gowusy başyňy al – da git. Gaç. Üstaşyr ataryn”. “Ýok. Men ony edip biljek däl. Sen gowusy özüňi horlama – da aýdylany bilen boluber. Ynha men...” ... Alaňdan egni tüpeňli adam aşak indi. Onuň yzynda iti – de ýüpüni süýräp gelýär. Mälikberdi dymyp garap duran çopanyň ýany – na geldi – de goşany oňa uzatdy. Jübüsinden haýallyk bilen çykaran iki peşeňini – de onuň garalyp giden jaýryk – jaýryk aýasyna goýdy. Ol ýüzüni aşak salyp gidibermekçi bolanda, garry çopan ony saklady. - Dur entäk... Äkit – de muny ýerinde goý. Şu günden şeýlägem Basara ýal berme. Üç gün aç sakla, nädýä göreli. Goýna ýapyşsa... Tüpeň el ýüzünde bolsun. - Bolýa, Hojaly aga. Ýapyşsa özüm gaýgyrman ataryn. Arkaýyn bolaý, Basar beýtmez. Ýalňyşyp samsyklyk etdi – dä. Soňunam görüberýäs. Agşamam örüzip şu golaý – goltumda aýlamaly borus mallary. - - Bolýa, Hojaly aga, şeýdeli. ...Basar ýallanmak niýeti bilen gelende Mälikberdi ony kowup goýberdi. Namysjaň zaňňaryň şol öýkeleýşi. Soň gaýdyp gelmedi, töwerekde ýüzüni sallap gezmeledi ýördi. Çolugam “It öýkelär, eýesi duýmaz” etdi. Dagy nätjek. Iki gün geçenden soň ol halys tapdan düşäýdi gerek,sürä eýermän yzyna gaýtdy. Ol indi goşda, toraňňynyň düýbünde bagryny ýere berip ýatyr. Sen özüň gaharjaň. Mähir – mylakat, hoş söz küýseýänsiň. Ol belli, emma sowlup barýan baharyň myýmyk ýelinden başga saňa mähir berjek ýok... Nätjek, gedemlik ynsana – haýwana azar ýamanyny berip ýör – dä. Indi gözüňi süzde ýatyber, Basar. Kim bilýär, başyňa düşen bu söwdanyň soňy näme bilen gutarjak. Toraňňyny umyt diýip bildiňmi ýa ýoldaş küýsediňmi? Onuň ýanyndan turup gidiberesiň – ä gelenok. Ýatyber...Ýatyber... ...Toraňňy owaz edýän ýäly – la. Diňle, Basar. Bu owaz – heň kimden galan saz, bu sözler – kimden galan söz. Belli däl. Ýöne ol toraňňynyň synasyndan syzyp dur... Başy – aýagy, many – magnasy ýok ýaly, şonda – da süňňüňi söküp – eredip, ýere siňdirip barýar... ...Aý dogar keşman – keşman Gün dogar oňa duşman – Başym alyp giderin Ne dost biler, ne duşman Basaryň ýumlan gözlerinden ýaş syrygyp başlady... Akmaýa düzde galdy – Ýüki Töwrizde galdy. Oglany sil apardy Armany gyzda galdy... ... Zaryň – zaryň... Jaň sesi barha ýakynlaşyp ony humarly meýmiremeden açdy. Aýdym aýdýan çoluk eken. “Basarym, alyp çykdyň – ow, nesip bolsa agşamara bir döwüm çörek bererin. Kem – kemden öwrenişdirerin” diýip, Mälikberdiniň içinden begenip ýörmesi puç boldy otyryberdi. - Ýatyrmy? Ýatybersin bakaly... Bu gije ýene bir synagdan geçirmesek bolmaz – diýip, Hojaly aga ýeňsesini tüňňertdi. Mälikberdi tas “Ojanaweri şo gün atan bolsam gowy boljak eken “ diýipdi. Zordan saklanaýdy. “Aý zyýany ýok, Basar. Gaýrat et. Hojaly aganyňam seni öldüräýesi gelenok.Nätjek, ýalňyşsaň jezaňy çekmeli bolýa. Ynha, men... Aý, meniňki hasap däl. Men öz jezamy özüm berip ýörün. Indi tä ýüregim saplanyp, göwnüme gar ýagýança çölde bolaryn. Eýýäm yzymdan iki sapar habar geldi. “Oba gelsin” diýýärler. Men entäk – entäkler oba barman. “Çölde mal yzynda ýedi ýyl gezseň Hydyr ata duş gelermişin” diýýärler. Meniň Hydyr ata duşmak niýetim ýok. Öz – özüme duşsam, kimdigime mazaly göz ýetirsem bolany. Şondan bärde men oba gara salmaryn.Olam bagyşlasa garaşaar. “Garaşmasa – da...” Gyzyl – elwan bolup gün ýaşandan soň garry çopanyň nä küýe köňül berendigi äşgär boldy. - Mälikberdi jan, maşal goýunlaryň birini tutda getir bakaly şu ýere. “Näme etjek bolýarka?!” Çoluk göwünli – göwünsiz ýerinden galan Basara nazar aýlady – da ýylgyndan aýlanan agyla girdi. Derrew kellesi gyzyl – ala owadan ak goýunyň yzky aýagyndan tutdy – da ýanbaşyna alyp gaýtdy. “Garry melgun ýene – de bir hokga çykarjak bolýandyr, Basar. Näme oýny bolsa görmeli bolarsyň...” - Getir bärik, getir...Bar indi itiňem alyp gaýt. “Ýör hany, Basar. Hiç zat edesi ýok – la .” Basar öýkelän boýnyýogyn oglan ýaly bolup çolugyň yzyna düşüp gaýtdy. - Tut itiňi. Häzir, ine, muny şeýdeli... - Goýun bilen itiň kellesini deňje saklap, goşalap daňdylar. Itiň gölerip ölmejegi belli, şonda – da ikisine – de gondybagy saldylar. - Ine, indi ikisini şeýdip goýaýmaly. Basar açdyr. Eger nebsine buýrup bilmese, iýjek bolar, agyz urmaga hyýallanar. Ýogsamam şeýdip ýanyny alyp, sesini çykarman ýatar. Aç itiň beýnisine goýnuň ysy mäkäm ornar. Galan ömrüne şu ysy unutmaz ýaly bolar. Kakam pahyr bir gezek şeý diýdi. Ýadyma düşäýdi... daňa çenli pälini bozman ýatsa bolany. Bä – äý, Bä – ä. - Howwa, inim . Ýa şu ýa – da... ikiň biridir. Başga ýol ýokdur. *** Ýyldyzly ummanyň gözýetmez çuňluklaryna nazar salyp ýatan Mälikberdi ýene hyýalynda Basar bilen söhbete başlady. “Gördüňmi nä güne düşdüň. Adam diýilýände oýun köpdür. Seniň şu zatlary göre – bile ýene – de adam diýip ölüp – öçüp barşyňa men – ä düşünýän däldirin. Başyňy alyp gidiberäýjek ýaly. Kowsalaram, ursalaram, öldürjek bolsalaram gidesiň gelenok. Dursuň. Itden özge şeýle eýesine yssy haýwan barmyka – aý. Ýalňyşanyň üçin seniňem özüňi horlap ýörendigiňi men bilýän. Ýöne hany oňa ynanjak adam barmy, Basar. Şu gije bir gaýrat et bakaly”. Birden onuň endamy jümşüldäp gitdi. Göwnüne gelen pikirden heder etmänem boljak däl. “Basaryň ölmegi ýa – da diri galmagy seniňem belliňi eder. Seniňem sowalyň çözüler... Eger it namartlap goýna agyz ursa, ölmeli bolar. Şeýtse, senem ömürboýy çölde galmaly bolarsyň. Ilden yrakda, çöl – beýewanda gezibermeli bolarsyň. Seniňem artyk gaýratyň ýokdur... Şeýle bormuka? Aý, Basarym mertdir, merdanadyr”. Ol ýatan ýerinden başyny göterdi – de ho – ol çetde gabarylyp ýatan goşa göwräni synlady. “Aý, Mälikberdi. Oglan başyňa döneýin, Mälikberdi. Seniň göwnüňe getirip ýören zadyňy. Sen indi şeýle yrymçy bolup ýörmüň.” Barybir ol ýaňky pikirinden el çekip bilmedi. Kän towlandy.Ahyrsoňy belli bir pikire geldi. “Gel – aýt, şeýle bolýan bolsa bolsunla. Çöl bilen – ä öwrenişdim. Hemişelik galmaly bolsa – da men – ä taýyn. Nä ýüzüme oba baraýyn... Maňa garaşýandygam belli däl – ä...” Onuň birden toraňňa gözi düşdi. Aý yşygyna ýekeje özi bir gyrada surat ýaly bolup dur.. Ýeke özi. Ýeke daragtdan gaýdýan göze görünmeýän bir güýç ony öz erkine goýmady.” “Şol ýer synlap ýatmaga – da amatly ýaly. Gije uzyn. Toraňňy ýoldaş bolar...” Ol ýatan ýerinden ýuwaşlyk bilen turdy – da paty – putysyny alyp toraňňynyň düýbüne geçdi. Sag egnine gyşaran çolugyň göwni az – kem rahatlyk tapan ýaly bolady. Soňam goýna çatylgy Basary synlap ýatyşyna süýji uka batdy... Daň atyp – atmanka ol Hojaly aganyň “Haýt – how!” diýen sesine tisginip oýandy... ... Basar gojanyň yzyna düşüp selkildäp ýör. *** Gum içinde, uzkda, gaty uzakda “Umytly” diýen bir mähriban atly guýy bar. Ahmet Halmyrat | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |