15:36 Ýaranjañlygy halamok / satiriki hekaýa | |
ÝARANJAÑLYGY HALAMOK
Satiriki hekaýalar
Ol biziñ redaksiýamyza girdi. Redaksiýada dokuz bolup işleýärdik. Ony meniñ birinji gezek görşümdi. Gapydan girenem şoldy welin, ýoldaşlarymyñ barysy gürre ördüler. Ýöne men onuñ kimdigini bilmänimden soñ turjagam bolmadym, edil şol wagtam kärdeşlerimiñ biri böwrüme symsyklady. - Tur, Jazym-beý... - diýdi. "Jazym-beý" sözüni eşidenimden zañña ýerimden galdym: bu adamyñ 30 milliondanam gowrak puly bar, üstesine-de biziñ hojaýynymyz. Ol ardynjyrady-da: - Oturyñ - diýdi. Hemmämiz oturdyk. Diñe Şewki aýak üstünde durdy. Jazym-beýiñ gahary gelen bolmaga çemeli. Ol azm bilen: - Beýdip sömelip durmak gaty bir hökmanam däl. Men ýaranjañlygy halamok - diýdi. - Lepbeý, ependim, lepbeý... Özüñiz gowy bilýäñiz... Häzir oturaryn, ependim, häzir - diýip, Şewki ýetişibildiginden samyrdaýardy, ýöne özi welin dik durdy. - Siziñ alyjenabyñyz, dogr aýdýarsyñyz, häzir, ependim... Dik dursa-da ýene ýagşy, bu bolsa elini döşüne goýup, bükülip dur... Şewki - redaksiýamyzyñ müdiri. Bary düşnükli ahyry. Hojaýynymyz Jazym-beý gaty baý adam, şonuñ üçinem özüne ýaranjañlyk edileniji halanok. Hudaýym, onuñ ömri uzak bolsun! Hojaýynyñ öñünde igli ýüplük ýaly bolup duran Şewkä gözümi aýyrman seredip durun. Ol bolsa hiç zada düşünmän, şol bir diýenini toty ýaly gaýtalap dur: - Hawa, ependim. Her kim öz işi bilen bolmaly... Jazym-beýiñ gahary gelip: - Oturyñ! - diýip gygyrdy. Şewki: - Bagyşlañ, häzir oturýan - diýip, bir zatlar-bir zatlar samrady, ýöne özi welin oturmady. Heý beýle-de bir masgaraçylyk bolarmy! Ýüzüne bakyp: "Ýaranjañlygy halamok" diýselerem, boýnuny sallap, ýedi bükülip: "Lepbeý, ependim, özüñiz gowy bilýänsiñiz, ependim" diýip, şol bir diýen sözlerini gaýtalap dur. Ýanynda duran bolsam, ýakasyndan tutaga-da: - Eý samsyk, hany, bol otur!.. - diýerdim. Jazym-beý titräp başlady: - Çöksene-how, inim! Şunuñ ýaly zatlary ýigrenýän. Otur-da işiñ bilen bol ahyryn. - Bagyşlañ, ependim, bolýa. Özüñiz gowy bilýänsiñiz - diýip, Şewki bükülip durşuna jogap berdi. Jazym-beý gaýtjak boldumy ýa-da bir zatlar sorajak boldumy, onçasyny bilmedim, ýöne Şewki-beýiñ beýdip durşuna bagry ýandy. Jazym-beý halys basylyp: - Otursañyzlañ, dostum, haýyş edýärin, oturaýsañyzlañ, beýdip azara galmañ - diýip, özelenip haýyş etdi. Şewki welin butnanogam: -Wiý, aýdýanyñyz näme, ependim, azary bormy! Heý-de sizi äsgermezlik edip bolarmy... Size hormat-hatyra... Bu gezek Jazym-beý saklanyp bilmän, ha-ha-haýlap güldi. Şeýle bir güldi welin, çendenaşa gaharynyñ gelendigi äşgär bildirip durdy. - Siziñ adyñyz Şewki-beými, dogrumy? - diýip, ol sypaýyçylyk etjek bolup jan etdi. - Hawa, ependim. Edil özi, Şewki men. - Şewki-beý, bilýäñmi näme, şuña meñzeş zatlaram, şunuñ ýaly sözlerem men halamok... Şewki welin hiç per berenok: - Aýdýanyñyz näme, ependim, hetdim bolmaz!.. Bu zatlary görüp, arkaýyn oturmak mümkin däldi, şonuñ üçinem oña bir-iki şarpyk çalaga-da, ýakasyndan tutup oturdasym gelýärdi. Şewkiniñ zabun ýaranjañlygyny işdeş ýoldaşlarymdan eşidipdim, ýöne beýle-beýle edäýer öýdüp kelläme-de gelmeýärdi. Sebäbi bu ýerde işleýänime öñli-soñly bir aý çemesi wagt bolupdy. Bu döwrüñ içinde adam tanap bolýarmy näme. - Otursana, dostum, otur. - Azara-da galmañ, ependim. Siz barkañyz, hetdim bolmaz oturmaga, iñ gowusy dik duraýyn. Şeýdip dursam, hezil edýän, janym aram tapýar... Şeýle bir ýalbarýar welin, aglaýjak-aglaýjak bolýar. Jazym-beýiñ ahyry sabyr käsesi doldy. Şewkini oturdyp bilmejegine bütinleý gözi ýetensoñ, ondan ýüzüni sowdy-da, bize ýüzlendi: - Düşüniñ: men ýaranjañlygy halamok! Heý şu ýerde düşünmez ýaly zat barmy? Içerik giremde, hiç biriñiz ýeriñizden turaýmañ. Işiñiz bilenjik boluberiñ. Bolýarmy? Gepleşdikmi? Ol şeýle diýip, gapa tarap ýöneldi. Ýöne Şewki welin henizem şol samrap durdy: - Hawa, ependim, hak aýdýañyz, dogry aýdýañyz. Hakyt şeýle-de bolmaly... Günorta arakesmede işdeş ýoldaşym Kerime: Beýle-de bir ýaranjañ bor ekeni, ömrümde beýle näkes görmändim - diýdim. - Dogrudyr. Ýöne, halypa jan, beýle ýaranjañlyk modadan gaçdy. Muña biler bolsañ, gündogar ýaranjañlygy diýilýär, düşündiñmi?! - Öz-ä bir ýaranjañlyk bolar, onuñam onsoñ gündogary, günbatary bolarmy? - Ýo-ýok! Beý diýme. Entek Günbatar ýaranjañlygyny sen bileñok. Gündogar ýaranjañlygyndan şindi oba göçdi. Düşün, häzir gündogar ýaranjañlygy modada däl. Her niçik-de bolsa, hemmeler özüne ýallaklananyny kem görmeýär, dogrumy? Ynha, seni alyp göreli. Işe ýap-ýañy geldiñ, şonuñ üçinem köp zatdan başyñ çykmaýar. Gördüñmi, ýañy Jazym-beý zol-zol: "Ýaranjañlygy halamok, beýtmäñ!" diýip ýalbardy. Eşitdiñ gerek. Ýöne ol birden, bilip bolmaz, günbatar ýaranjañynyñ eline düşäýse näderdi, hä! Ras adam baýadymy, onuñ ýanynda hökman bir ýaranjañ bolaýmaly. Düşdüñmi... Wah, Jazym-beý pahyra ýüregim awaýar. Onuñ dünýäde ýok zady ýok, eli uzadan ýerine ýetýär: millionlaram, mülkem, gözel binalaram, adyny tutan maşynyñam, gül ýaly aýallaram, näz-kereşmeli oýnaşlaram - ähli zat onda bar. Ýöne şonda-da ol betbagt adam. Sebäbimi? Sebäbi ýanynda ýaranjañy ýok, ýaranjañy. Onuñ "Ýaranjañlygy halamok" diýdigi "Göwnüne laýyk ýaranjañ tapamok" diýdigi. O görgülä şonuñ üçinem nebsim agyrýar... Amerikan millionerleriniñ sekretarlarynyñ esasy wezipesi näme? Ýaranjañlyk! Ýöne günbatar ýaranjañlygy... - Kerim, görýän welin, bu ylymdan seniñ gowuja başyñ çykýar öýdýän - diýdim. - Hawa, ylymynam bilýän, pelsepesinem. Ynha görersiñ, bir işler bolar. Şu gürrüñden soñ, sähel salymdan Kerimiñ diýenleri bolup başlady. Meniñ aýlygym 250 lirdi. Üç aý menden öñ işe girenem bolsa Kerimiñ alýany hem şonçady. Ikimiziñ şo gürrüñimizden soñ bir hepde geçenden onuñ aýlygy birden 300 lir boldy. Işgärleriñ içinde iki-üç ýyl işläp 150 lir alýanlaram bardy. Şonuñ üçin olar kemsinip, hüñürdeşip ugradylar. Aý, hüñürdeseler hüñürdäp geçsinler. Şol iki arada, Kerimiñ aýlygy edil müdirimiz Şewkiñki ýalt 400 lir boldy. Bahymam Kerimiñ aýlygy 500 lire ýetdi, ony biziñ müdirimiz edip bellediler. Şewkini hem onuñ orunbasary etdiler. Kerim edara hepdede iki gezek gelýärdi. Ýöne ol bu wezipede-de kän eglenmedi. Onu 750 lir aýlykly başga işe geçirdiler. Kerimiñ aýlygy näçe ýokary galdygyça, aramyzdan şonça daşlaşýardy. Öñki ýoldaşlary indi oña Kerim-beý diýip ýüzlenýärdiler. Öñ Kerimiñ başlygy bolan Şewkimiz, indi ony görenden lañña galyp, "gadyrly beýependi", "siziñ alyjenabyñyz" diýip tagzym edýärdi. Az salym geçenden soñ, Kerimiñ Jazym-beý bilen Ýewropa gezelenje gidenligi baradaky myş-myş gulagymyza degdi. Gaýdyp gelenden soñ onuñ 2000 lir alyp başlandygyny eşitdik. Bujagazam entek hiç. Soñ ol aýda 5000 lir aldy. Ýöne onuñ näme edip, näme goýýanyny hiç kim bilmeýärdi. Ol Jazym-beýiñ sekretary, kömekçisi, orunbasary hökmünde hasapda durýardy. Jazym-beý ýok mahaly onuñ ähli işini şol alyp barýardy. Tersine, Kerim ýok mahalam onuñ işini Jazym-beý alyp barýardy. Ýöne, dogrusy, Kerimde ne zehin, ne-de başarnyk bardy. "A" harpyndan şermende diýilýändi. Şonuñ üçinem onuñ beýle çalt ösüşine hemmeler haýrandy. Onuñ Günbatar ýaranjañlygynyñ arkasyndan ýokary galýandygyny diñe men bilýärdim. Günbatar ýaranjañlygynyñ nämeleri öz içine alýandygyna soñ-soñ düşünip galdym. Jazym-beýiñ bäş-alty sany kärhanasy bardy. Biziñki şolaryñ iñ könesidi. Günlerde bir gün edaramyzyñ ýigrimi ýyllyk ýubileýiniñ bellenjekdigini aýtdylar. Her kime onsoñ aýlygyna görä pul baýragyny berdiler. Mundan başga şol dabara mynasybetli 80 adamlyk banket gurmagy karar etdiler. Ana, şol banketde Kerimiñ günbatar ýaranjañlygyny nähili ussatlarça ulanyp bilýändigine göz ýetirdim. Jazym-beý stoluñ ýeñsesinde parahat otyrdy, Kerimem ýanyndady. Menem Kerimiñ çepinden dördülenji bolup otyrdym. Bar ünsüm, höwesim Kerime gönükdirilipdi. Ýekeje sözünem, ýekeje hereketinem sypdyramokdym. Ynha onsoñ Jazym-beý rýumkany göterip, gönderjek bolýar, ýöne Kerim şapba onuñ elinden tutýar-da, gara çyny bilen: - Ýok, bolmaz, ependim, beýtmegin, zyýanlydygyny özüñizem bilýäñiz. Men muña ýol berip bilmen - diýýär. Jazym-beý hem: - Bilýän, bilýän, ýöne şujagaz rýumkajygy içäýeýin-le! - diýip ýalbarýar. - Bolanok diýdimmi, bolanok. Ýogsa-da nätseñiz şeýdiñ... Isleseñiz içäýiñ... Soñky günde aýtmady, diýmedi diýmeseñiz bolýa. Ýüregiñiziñ agyrýanyny özüñiz aýtdyñyz-a. Şundan soñ Jazym-beý ýañky galdyran rýumkasyny ýerindejik goýaýdy. Soñra Jazym-beý eýlesine-beýlesine garanjaklap: - Bir hili, içeri petiş ýaly, äpişgeler açylaýsa nähili bolarka... - diýdi. Ol ýene bir zatlar diýjek boldy, dodagyny çömmeltdi. Ýöne oña gündogar ýaranjañy Şewki maý bermedi. Ol böküp ýerinden turdy-da, ofisiantlardanam öñürdip: "Bagyşlañ ependim, häzir, özümjik açaryn" diýip, äpişgä tarap ylgady. Şol iki arada-da Kerimiñ: - Duruñ hany! Açmak hökman däl! - diýen azmly sesi ýañlandy. Soñ hem ol Jazym-beýe garap: - Näme iş edýäniñizi bilýäñizmi? Edil walla çaga ýaly... Häzir siz derläp otyrsyñyz-a. Şonuñ üçinem men beýle zada ýol bermen! - diýdi. - Ýok, men derlämog-a - diýip, Jazym-beý oña ýalbarýardy, Kerime gep düşündirjek bolýardy. - O nähili "derläñzok!" Hamala men siziñ derläniñizi, derlemäniñizi bilmeýän ýaly. Onda-da nähili gowy der akýar. Jazym-beý özüne suw guýýar. Kerimem edil şoña garaşyp duran ýaly. - O-o-how! Nädýäñiz-aýt? Nä, dälirediñizmi? - diýip, ör-gökden gelýär. - A näme? Suwam içmäýinmi? - Toba, toba, toba essapyrylla, siz nähili adam? Heýem size men çig suw içirerinmi? Eger şeýle suw içesiñiz gelýän bolsa, näme üçin menden sorañzok? Garson, derrew limonad getir! Jazym-beý näme etjek bolsa-da, Kerim kes-kelläm rugsat berenok. Ol hem Kerimiñ diýeninden çykanok. Wagtal-wagtal neresse çaga ýaly boýurganýardam: - Birje rýumkajyk içäýeýin-le. Hiç zadam bolmaz! Bolýa diýäýsene! - diýýär. Emma Kerim döş gerip garşy çykýar: - Aýtdym, gutardy, bolmaz diýip aýtdym-a... Siz asla öz jan-saglygyñyz barada pikir edeñzok. Bu bolmaz. Sakasy-saglyk, şuña düşüniñ. Edil şu iki arada-da Kerim öz aýdýan zatlarynyñ hemmesini bütinleý tersine edip ugraýar. Hut ýap-ýañyja äpişgeleri açmagy gadagan eden adam, indi uly il derländen soñ Jazym-beýe ýüzlenip: - Näme, agasy, yssylajak bolýañmy? Jaýyñ içi petişmi? - diýýär. Ol hem mölerip: - Aý, ýok, o diýen petişem däl. Boljak - diýýär. - Ýok, agasy, dymyk. Saña dymyk bolýanyny özüm gowy bilýän! Açyñ äpişgeleri! Gündogar ýaranjañymyz elindäki wilkasyny, pyçagyny taşlap: "Häzir ependim" diýip äpişgä tarap ylgady. - Duruñ! Ýaranjañlygy halamok diýip sizd indi men näçe gezek aýtmaly? Aýryl! Degme garson açsyn. - Lepbeý ependim. Oturjak ependim. Gaharyñyz gelmese bolýar... Jazym-beý Kerime ýüzlenýär: - Birje çilimjik çekäýeýin?! - Birini çekäýiñ. Ikinjiji welin çekdirmen. Eýýäm bir günüñ içinde şu dördünji çilimiñiz bolýa. Men hiç kime-de, hiç zada-da üns bermän, diñe şolary synlap otyryn. - Banketde goñur kostýum geýmeli däl diýip size näçe gezek aýtmaly. Üstesine-dd sport kostýumyñyzy. Aýdyp-aýdyp dilim-ä gurady... Hiç zadyñ lezzetini bileñzok. Birje minudam ýeke özüñizi goýup gitmeli däl, hökman bir etmesiz zat edýäñiz... Jazym-beýe seretdim. Ullakan adam, millioner, ýöne günbatar ýaranjañlygyny suw ýaly eline alan Kerimiñ ýanynda welin ol edil çaga ýaly wüjürdäpjik otyr: - Wah, ýatdan çykaraýypdyryn... Kerim oturan ýerinden: - Siz ony tanañzok. Öwlüýä kessin, çaga-da bir, sizem - bir! - diýýär. Gündogar ýaranjañy Şewki närazyçylyk bildirjek boldy: - Aýdýanyñyz näme, ependim, heýem beýle sözler diýip bormy? Şol wagtam Jazym-beý onuñ sözüni böldi: - Gap sesiñi... Toba essapyrylla, beýle-de bir ýaranjañ bor ekeni! Dogry aýdýa, çagadan gowy ýerim ýok. Eger Kerim bolmadyk bolsa, bireýýäm kesellärdimem, ölerdimem. Kerim sag bolsun! Kerim goşar sagadyna seretdi. - O-how, wagtam bolupdyr. Siz, indi düşegiñize girmeli. Turuñ! Jazym-beý: - Ýene birazajyk oturaýaly - diýip ýalbarýar. - Bolmaz, bolmaz. Eýýäm sagat onuñ ýary. Öýe barýançagam on bolar. Ýok, bolmaz! Öñem kän oturdyk. Ylaýyk onda biz ýataýmaly! Hany, turuñ bakaly! Kerim ýüzüniñ ugruna elini rýumka uzatdy. Menem hasyr-husur onuñ eline ýapyşdym. - Bolmaz. Näme edýäniñi bilýäñizmi? - diýip, yzly-yzyna suñşuryp ugradym. - Alla kessin! Häliden bäri synlap otyryn. Şu göni bäşinji rýumkañyz. Heý, beýle-dd bir zat bormy? Saglygyñyz hakynda pikir ediñ. Saglyk beglikdir. Hany rýumkany ýerinde goýuñ. Men muña asla ýol bermen. Siziñ jan saglygyñyz meniñ üçin hemme zatdan gymmat! Kerim rejäñ geñ däldigini bilip, maña ýalbaryp ugrady: - Şuny içenim bilen näme bolýar? Şujagazam içeýin, soñ bes edäýerin. - Ýeri, bolýa, şu gezeklikçe içseñ iç welin, indikide beýtmegin. Halaman, saglygyña zyýany bar. Şuny bilip goý. Kerim elini egnime goýdy, meni gyra çekip: - Berekella! Göwnüm ýetdi. Gündogar ýaranjañlygy bilen günbatar ýaranjañlygynyñ tapawudyny sähel salymda öwrendiñ, tüweleme. Biz entek-entegem Günbatardan kän gowy zatlary öwrenip bileris. Ýöne edil häzir ýaranjañlygy oñaramzok. Wiý, ýogsamam aýlygyñ näçe? - Iki ýüz elli. - Sana bäş ýüz belleýärin. Ertirden başlabam Şewkiniñ ýerini alýañ, olam seniñ orinbasaryñ bolar. Şewki eýýäm Jazym-beýe gapyny açyp berip, oña bir zatlar diýýärdi: - Ylaýym ömrüñiz uzak, janyñyz sag bolsun, her haçan bagt hemrañyz bolsun! Şu oturşyga gelmek bilen begenjimize begenç goşduñyz. Ruhumyz täzelendi. Eglenere wagt ýokdy. Men Şewkiniñ al-petinden aldym: - Güm bol, ýaranjañ deýýus! - diýip, bogazyma sygdygymdan gygyrdym. - Desmalçylygam oñarañok, şonam uly ile masgara etdiñ! Ýok bol! Gözüme görünme!.. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||