20:45 Ýatdan çykan ýagşylyk / hekaýa | |
ÝATDAN ÇYKAN ÝAGŞYLYK
Hekaýalar
Nazym otagynda ýeke. Ýok, ýeke däl, problemasy pul bilen ikiçäk. Karz soramaly. Gowy pikir. Düşeginiň üstünde ýatan telefony ertirden bäri nämüçindir dymýar. Ol birki dostuna jaň aýlady. Olaryň müň zadyň başyny agyrdyp durşundan karz bermejegi belli. Goýaly bu gürrüňi. barybir möhümiň bitjek däl. Hersi bir zat diýip agzynda aş gatyklaýar, emma: «Bolýa, geliber dost, karz bereýin» diýeni ýok. Ol ýeňsesini gaşap durşuna: «Blýa-a, bu nähili agyr gün boldy-aý-diýip uludan dem aldy. -Ýöne ýyldyza ýörän ýaly bolaýdyk-aý». Soňra ýazuw stoluna geçip oturdy-da kompýuterini açyp, gyssanmaç ýazmaga başlady: «- Puluň bar wagty seni köpler tanar, puluň ýok wagty sen köpleri tanarsyň, ýegen». (Türk filminden). - Pul ýaly biwepa dost ýokdur, keýp etmäge gitmeli bolsa, birinji puluň ýola düşer, öýe gaýtmaly bolanda weli ýokdur. (Bir tanyş bankçymyň köp gaýtalaýan gepi). - Altyn ýükli eşek islendik şäheri basyp alyp biler. (grek aforizmi). - Ber parany-öldür pukarany. (Halk aýtgysy). - Ýüz şähri gyzyldan dolduran Karun, Gözi gumdan doldy puldan doýmady. (Magtymguly Pyragy). - Synalyp görlen fakt: adam hemişe elindäki pullaryň täzesini aýryp goýup, köneleri bilen hasaplaşýar. (psihologyň ýutub kanalyndan). - Öňem biri «Gül ýaly dostum bardy, karz berdim dostumdanam aýryldym, pulumdanam» diýipdir. (bir ýerden-ä eşidipdim). - Puluňy hiç kime karz, kitabyňy okamaga berme, aýalyňy başga biri bilen ýoldaş edip ýola goýberme. Ýogsa puluňy bölek-bölek edip, kitabyň könelşen halda yzyna alarsyň, aýalyň hem ahlagy üýtgän ýagdaýda dolanar. (hindi pähimi). Nazym her wagt bir ýerden okan pikir-aforizmleriniň ýadynda galanyny gyssanman ýazýar. Kompýuteriň klawişlerini şarkyldadyp urup, gaharyndan sowaşýan ýaly. Diňe klawişleriň şarkyldysy otagyň ümsümligini bozýar. Şol arada kellede şunça zady bilýän bolsada, hiç birini durmuşda ulanmandygy hakynda oýlar köwsarlaýar. Soňra «Şu wagt biri gelip, pul hakda ylmy iş ýazyp berseň, şunça pul bereýin diýip teklip edäýse dagy, ikirjiňlenmän razy bolardym» diýip, arzuwçyllyk bilen göwün ýüwürtdi. Bir mahal kakasy bendäniň «Ýigidi üç zat maýrar, ýalan töhmet, agyr zähmet hemem alnan karz ýa-da göterimine alnan pulmyka» anyk ýadyna düşenok, garaz şol sözler hakda öz wagtynda oýlanmandygyna ahmyr ýüregini gemirýär. Tamakin nazary otagyň dört diwarynda aýlanýar. «Nämedir bir zat satmaly,pula öwürmeli» diýip otyrka el telefonyna sms geldi. «Nazym dost, SOS! -ýetiş dost. Gyssagly iki ýüz manat zerur bolup galdy». Sms Ahmetden gelipdir. Edil sen ýetmän durduň şumat diýip, Nazym başyny ýaýkady. «Özüm bir teňňe pul tapman, gör kimlere ýüzümi saraldyp, dileg salyp otyryn. Ýöne Ahmede pul tapyp bermesem bolmaýar, sebäbi men ondan bassyr üç gezek dagy karz alyp durupdym, özem az-owlak zat däl. Bir gara bir gara -bermedigiň ýüzigara. Beh-h, nämetmeli? Pygamberimiz bir hadysynda gaharyň gelende ýatmaly diýip aýdypdyr diýýärler. Çynmyka? Problemalar üstüňden düşmän durka aýagyňy uzadyp ýatyp bolarmyka»?! Ol näme etjegini bilmän, kompýuterini ayp, ýene bir zatlar çyrşasy geldi. Bokurdagyna dolan alaçsyzlykdan dörän gahary ýatyp ýeňip bolmajagy belli. Oňa derek bir zatlar başarmaly. Emma kelläňe bir zat gelse diý. Kakam pahyr ynsan balasy tä ölýänçä iki zady unutmaly däl: Allanyň barlygyny, hem iru-giç ajalyň geljegini ýatdan çykarmaň diýýärdi bende. Jaň sesi. Ol el telefonuna seretdi. «Ahmet. Sms-ne jogap ýazmanymdan soň indi jaň aýlap dur». Nazym gelen jaňy kesip, derrew: «Haçana gerek, dost jan?-diýip sms ýazdy.-Bäri gaýdan wagtyň habar et, pul tapyp goýýan». Yzyna sms geldi «Häzir ýola düşýän, gardaşym! Maňa gyssagly gerek. Sagja bol, senden tamam hem şeýledir». Ahmetden gelen sms-i okap ol maňlaýyna ýumruk çaldy. «Blä-ä, gel diýip ýazdyň, indi puly nirden almaly? Kimden almaly, men heniz ony oýlap tapamog-a». Ol ýerinden turup, otagyň içinde iki baka aýlandy. Bir bulgura suw guýup başyna çekdi. Penjiräniň öňüne baryp daşary äňetdi. Ikinji gatyň deňine ýetýän belent bagyň jaýyň penjiresinden giräýjek bolup duran şahalaryny synlady. Aşakky gatda Gözel daýzanyň dükany bar. Gözel daýza diýende çilim ýadyna düşýän Nazym, bar zadyy unudyp, telefonyna el uzatdy. - Salawmaleýkim Gözel ejeke! - Äleýk, oglum, gurgunja gezip ýörmüň. - Gowy hudaýa şükür, Gözel ejeke sizde çilim barmyka? - Bar, oglum, çilim-ä bar weli...- Gözel daýza sözüni soňlaman sägindi. Nazym oňa üns bermän: - Men häzir aşak düşsem... Gözel daýza: - Nazymmyrat oglum-diýip, onuň sözüni böldi.- Sen çilim çekmäňi goýup ýördüň-ä? Nazym: - Aý Gözel ejeke, şumat çilim çekmesem bolman dur- diýdi. Gözel daýza ähmiýetli bir zat aýtjak bolanda orta ýaşly aýallaryň leksikonynda ýok sözleri ulanyp gepleýärdi: - Ana, şu gepiň wapşe gelşenok saňa, han ogul. Problema döredip duran mesele näme? Nazym näme diýjegini bilmän şu wagt edil duran otagynyň aşagynda oturan aýaly göz öňüne getirdi. Köneje kürsüsiniň gyrasynda oturyp telefony hem gulagyna däl-de mikrofon tutan ýaly agzyna tutup gepleýändir. Gözel daýza ýene sözüni gaýtalady: - Aý oglan, problemaň näme seniň? - Pul gerek Gözel ejeke! Hemişelik problema pul? Gözel daýza «baý-boww» diýip, ýerinden turup, öňündäki çotuň düwmelerini kakyp goýberendir diýip Nazym ony gözöňüne getirdi. Aňrydan aýak sesleri eşidildi. Nazym gapysyny açanda elindäki telefonyň ýüzüne garap, basgançak bilen ýokary galyp gelýän Gözel daýzany gördi: - Meseläň mesele däl. Sen prosta duýdurmaly, ýagdaýy aýtmaly. Ýagdaý-bugdaý diýmeli.- Gözel daýza soňky sözlerini telefona däl-de gapyny açyp özüne garap duran Nazyma aýtdy.-Näçe manat gerek saňa? - Maňa däl, dostuma gerek, karz sorap dur, özem kän gezek işimi bitirip, karz-kowal gerek bolsa-da gaýgyrman berýän ýekeje dostum bu gün karz soraýa. Gözel daýza gözlerini süzüp arkaýyn gürledi: - Bolupdyr-da, senden karz soraýan bolsalar, senem karz al-da berip goýber. Ynha menem saňa karzymy berýän. Nazym gözlerini ýumup bir zatlary ýadyna saljak boldy: - Düşünmedim Gözel ejeke? Meniň size karz-kowal berenim hi-iç ýadyma düşenok. Gözel daýza giň maňlaýyna düşüp duran ak saçlaryny ýokary sylyp, uludan demini aldy: - Seniň ýadyňa düşmese-de, men unudamok, oglum. Bir wagtlar sen puly haltalap göterýän wagtyň maňa uly ýardam edipdiň. Nazym birden içine dolan ahmyrdan başyny ýaýkap ýylgyrdy: - Baý-boww, Gözel ejeke, o döwürler pul kepekdi, tozadyp ýörerdik. Kime näme berýänimi näbileýin. Ýöne walla size bir zat berenim, has dogrusy menden pul-peçek soranyňyz hiç huşumda däl. Gözel daýza: - Kime näme bereniňi bilýänem dälsiň, ýöne kime bermelidigini bilýärdiň-diýdi.- Şol wagt men gaty mätäçdim. Çagalar ýaşdy, dädeleri hem zonada. Öýüň keşigi bir özümiň gerdenime düşüpdi. Ýadyňa düşýärmi, o wagt magazinim dagam ýokdy, gyşda-ýazda daşarda «Algida» diýen ýazgyly gyzyl saýawanyň aşagynda maýda-çüýde satjak bolup azara galar oturardym Nazym maňlaýyny owkalady: - Hawa, şol döwürler biraz kynçylyk bolupdy öýdýän. Geçdigi bolsun! Gözel daýza: - Sen o mahal dostjagazlary kö-öp ýigitdiň, bahyllyklaryndan başyňy iýip bilmänsoňlar, ýalmap-ýalmap aşyňy iýip gitýän ýalýagy ýaranlaryň bäşläp-onlap yzyňda ýörerdi. Seniňem her günüň toý-baýram, meýlis, waglama gözüňe döneýin-diýip başyny ýaýkap, ajy ýylgyrdy. - Bir gün agşama ýakyn nirden bilemok bir ýerden keýplije halda dolandyň. Menem hemişeki ýaly podýeziň öňünde köneje saýawanymyň astynda odur-budurymy öňüme alyp otyryn. Senem ýaňky aýdyşym ýaly keýplije geldiň, bir guty çilim aldyň, bir dänesini otlap durşuňa hal-ýagdaýymy sorap, söwdanyň gidişi bilen gyzyklandyň. Menem söwda gowy boljak weli, biraz golum ýuwka, ötäýjek harytlary almaga wagtynda pul ýetişdirip bilemok, ballym diýdim. Satýan zatlarymyň aglabasy karzyna. Senem edil garşymda biraz wagt agaç ýuwudan ýaly bolup durduň-da, kisäňe eliňi sokup bir penje pul çykaryp uzatdyň. Çekip duran çilimiňi pitikläp goýberip «Şuny al Gözel ejeke» diýdiň. Onsaň bir zatlary ýadyňa saljak bolup irkiljiräp durşuňa «Dädem maňa şu gün ynsan durmuşynda hiç wagt ýadyňdan çykarmaly däl iki sany zat bardyr hem ýene derrew ýadyňdan çykarmaly iki sany zat bardyr diýip tabşyrdy» diýip bir zat gürrüň berjek bolduň-da, soňam sözüňi soňlaman ýokary çykyp gitdiň. Menem dädeň pakyryň saňa aýdyp giden wesýetini eşdip bilmän galdym. Zato senden göwnüm bitdi, oglum. Gözel daýza Nazym bilen gürrüňini gutardym edenden soň aşak düşüp gaýtdy. Podeýezden çykan badyna pete-pet gelen gözi gara äýnekli ýigidi tanan ýaly: - Gyýw, dur hany ballym, sen Ahmet dälmi - diýdi. Aňk-taňk bolan ýigit: - Hawa. Ahmet men, siz nirden bildiňiz - diýip, onuň ýüzüne çiňerilip bakdy. - Nazymyň ýanyna geldiň dälmi? Ahmet gözlerini mölerdip, çalaja owurdyny dişledi-de: - Hawa, ol öýündemi?- diýip sowal berdi. Gözel daýza başyny ýaýkady: -Ýok ballym, Nazym bir ýere howlukmaç ýöremeli boldy. Saňa bermeli zady hem maňa goýup gitdi. Näçedi seniň soranyň! Ahmet karz soran pulunyň sanyny unudan ýaly sakawlady: - Iki. Iki ýüz, hawwa iki ýüz manat sorapdym. Gözel daýza: - Ine, iki ýüz manadyň- diýip, aýdan puluny uzadyp durşuna maňlaýna düşüp duran ak saçlaryny sylyp, mekir ýylgyrdy. - Men ýene bir bara Ahmetdigiňi anyklaýaýyn diýdim. Bolmasa soň bir iş bolsa, Alynyň aryny Ahmetden alyp bolmaz-a. Ýokardan Gözel daýza bilen dosty Ahmedi synlap duran Nazym dädesi pahyryň tabşyran sözlerini hakydasyna getirdi. «Özüňe edilen ýamanlygy hem-de özüň birine eden ýagşylygyňy derrew ýadyňdan çykar, oglum». 27.02.2021 ý. Daşoguz-Garagaç oba. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||