23:02 Ýazyjynyñ Erem bagy - 6 / dowamy | |
ÝAZYJYNYÑ EREM BAGY
Edebiýaty öwreniş
▶ 6: Häzirki zamanyň yşky dessany Akmyrat Şiriň «Merýem hem Baky» powesti özüniň çeper pikirleniş stili, kompozision gurluşynyň käbir elementleri hem lirizme ýykgyn edýänligi bilen biziň köne dessanlarymyzy ýada salýar. Powestiň birinji hekaýatyndan dessanlara mahsus romantizmiň owazlary gelip ugraýar. Originalda bu hekaýat «Grýozy» diýlip atlandyrylanam bolsa, terjimeçi «Togapgähim» diýip terjime edipdir. Çeper eserde adyň, sözbaşynyň aýgytlaýjy ähmiýeti bar, çünki at mazmuny bir jümlä ýa söze jemlemek bilen okyjyny awtoryň nygtamak islän ugruna bada-bat alyp gidýär, adyň daşynda galýan zatlar, nygtalmadyk pursatlar ikinji, üçünji… orunlarda saklanyp galýarlar. Şonuň üçinem terjimede adyň üýtgemegi şol agyrlyk merkeziniň, özeniň üýtgeýändigini, diýmek, okyjy bilen eseriň özara täsiriniň üýtgeýändigini aňladýar. Grýoza – adamyň oýalyk bile ukynyň arasynda görýän hyýallary, özem geçmiş ýa geljek bile baglanyşykly romantiki hekaýalarydyr. Şeýdip, uzyn sözlemde düşündiräýmeseň, bu düşünjäniň türkmençe taýyn ekwiwalenti ýok. Şonuň üçin terjimeçide kösenip oturman, hekaýanyň atlandyrylyşyna başga tarapdan baraýypdyr. At üýtgeýär, okyjynyň esere ýönelýän ugry-da üýtgeýär. Birinji hekaýat dürli reňklere, nurlara çaýylan romantiki hyýallardan ybarat. «Tot weçer byl snežnyý, belyý. No mne on zapomnilsýa alym. Purpurnyýe otbleski wrezalis w pamýat». «Ona byla çista i besplotna». Şeýle şahyrana romantiki setirler poeziýanyň göterip biljek inçeligini özünde saklaýar. Olary doly manysynda türkmençe bermek üçin prozaçynyň kanagaty hem zähmetsöýerligi, şahyryň duýgy inçeligi, tankytçynyň her bir sözi ähli ýiti gussasy bilen ýüreginiň içinden geçirip bilmek ukyby gerek. Özbaşyna gowy hekaýat bolup duran bu bölümi duýgy inçeligini hem al-elwanlygyny ýoýmazdan okyja ýetirip bilşi boýunça özüm-ä Nobatguly Rejebiň söýgi goşgulary bilen bir hatarda goýardym. Akmyradyň şahyr ýürekli prozaçydygyna, inçe stilistdigine şu hekaýaty okap, ýene bir gezek göz ýetirdim. Duýgy inçeligi oglanlyk ýyllarynyň ýatlamalary arkaly hasam ýiteldilýär. Edil powestiň şu ýerinde – eseriň başynda-da söýgi meselesinde biziň milli aňymyzyň özboluşly pozisiýasyny aňlap bolýar: söýgi diýip biz aýralyga düşünýäris. Biziň yşky dessanlarymyzyň bary aýralyk hakyndaky dessanlardyr. Çünki söýgini, bir-birege ymtylyşy aralyk, aradaşlyk döredýär. Tapyşyk, wysal – söýginiň ajal habarydyr. Awtorda täsin romantiki täsirleri, obrazlary oýaranam oglanlyk bile arada ýatan wagt daşlygydyr. Söýgi duýgusyny başdan geçirmek üçin daşlaşmak gerek. Aýralygyň ajysy aşyklar üçin wysalyň süýjüsinden lezzetli bolsa gerek. Hiç zada mätäç bolmazlyk tekepbir dokmädelikdir, tekepbir dokmädelik bolsa del duýgulara hem pikirlere gysyr bolýar. Tekkereýiň bir pikiri ýadyma düşýär. «Dokuzy düzüwlik, bol-telkilik talantyňy gemirýär, zaýalaýar, ýaýal edýär. Mätäçlik pikiriňi, talantyňy işjeň edýär. Men şu günki ýeten derejäm üçin MÄTÄÇLIGE minnetdar». Ömrüň manysy-da ýaşaýyş prosesiniň özündedir, ol proses gutaransoň, ömrüň eýesi üçin many-da ýitýär. Söýgi, yşk meselesinde şu hili çemeleşiş, meseläniň şeýle teswiri «Merýem we Baky» powestiniň poetikasynyň, gahrymanlarynyň hereketleriniň birnäçe aýratynlyklaryna dogry düşünmäge açar berýär. Ilki bilen, eseriň poetikasy babatda. Powestiň bütin dowamynda awtor kursiw bilen prozaiki goşgulary berýär. Olaryň temasy, mazmuny nämeden ybarat hem şeýle strukturanyň, poetiki aýratynlygynyň ýüze çykmagyny näme bilen düşündirmeli? Meniň pikirimçe, bu düýpli edebi hadysa bolup, onuň birnäçe sebäpleri bar. Ol sebäpler awtoryň edebi aňynyň çäklerindäki faktorlara-da, aňasty edebi-psihologik proseslere-de syrygyp biler. Ilki bilen, şu çeperçilik hadysasynda edebi hakydanyň işleýiş kanunlaryny görýäris. Romantiki äheňli yşky eser ýazmagy meýil eden türkmen ýazyjysy şol romantikanyň beýany bolan dessanlaryň täsirinden aňsat-aňsat çykybilmez. Dessanlar bolsa, romantiki hem elegiki şygyrlar bile kyssanyň utgaşygyndan ybarat. Diýmek, bu ýerde-de yşky dessanyň hakyda kanunlary öz hökmüni ýöredýär. Ikinjiden, Akmyradyň çeper aňynyň strukturasynyň ikigatlaklylygy «Merýem we Baky» powestinde romantizm – durmuşylyk görnüşinde gelýär. Şeýdibem, kursiw bilen ýazylan bölekler peýda bolýar. Onsoň, üçünjiden, aňyň şeýle içki ikigatlaklylygy powestiň žanr strukturasyna täsir edýär. Akmyrat durmuş materialy bilen çeperçilik usullaryny soňuna çenli doly birikdirmegi, olary biri-biriniň içinde eretmegi halanok. Ol hemişe-de bu ikisini biri-biriniň gapdalynda goýýar, durmuşdan alan epizodlaryny aýratyn göwre – hekaýat edýär, onuň öňünden şol hekaýatdaky durmuş wakasynyň romantiki ýa filosofiki manysyny kabul etmäge okyjyny taýýarlaýar. Dördünjiden, gündeliklerini okanyňda, Akmyradyň iň söýgüli žanrlarynyň biriniň kyssa bile ýazylan goşgulardygyny bilip galýarsyň. Powestiň süňňüne girizilende, kyssa bilen ýazylan goşgular özbaşdak žanrlygyny ýitirip, powest žanrynyň bir elementine öwrülýär. Aýratyn kursiw bilen berilse-de, ol powestiň beýleki süňňi bölekleri bilen suwa atylan ýag ýaly sepleşmän duranok-da, wakalara utgaşyp gidýär, olaryň bar manysyny, filosofiki hem liriki jemlenmesini özünde saklaýan özene öwrülýär. Şonuň üçinem olaryň aýrylmagy eseri guraksy bir zada öwrüp goýardy. Edebi hakydanyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, şuny aýtmak bolar: dessanlaryň şygyr böleginde gahrymanlaryň içki dünýäsi duýgulary monologik hem dialogik formularda beýan edilýär. «Merýem we Baky» powestiniň kyssa bilen ýazylan şygyrlarynda bolsa diňe monologik oýlanmalar berlipdir. Awtor, has dogrusy, gahryman öz söýgüsine gaýybana ýüzlenýär, şol ýüzlenme-de ikitaraplaýyn – dialogik däl-de, birtaraplaýyn – monologik häsiýete eýedir. Akmyrat Şiriň öz powestinde berýän söýgi filosofiýasynyň aýratynlygy nämeden ybarat? Biz başky sowalymyza gaýdyp gelmeli bolýarys. Her näme diýseňem, bu ýerde teniň tene däl-de, ruhuň ruha, ruhuň gözellige bolan söýgüsi beýan edilýär. Söýgi çuňňur ruhy, hatda ylahy mana eýe. Hut ruhuň ruha bolan söýgüsini göz öňünde tutýany üçinem, Bakynyň öz söýgülisi Merýeme bolan gatnaşygyndaky daşgynlary hem gaýtgynlary – yşgyň güýjemesini hem sowaşmasyny dogry düşündirip bolardy. Baky, dogrusy, Merýemiň özüne däl-de, öz kalbynda döredilen Merýem obrazyna ymtylýar. Ten söýgüsi, ruhuň söýgüsi biri-birine nälaýyk zatlar hökmünde powestiň dowamynda içki taýdan deňeşdirilip gidilýär. Söýginiň birinji pes görnüşine Bakynyň Şirin bilen gatnaşyklary mysal hökmünde getirilýär. Merýem Bakynyň ruhy idealy, ol ýönekeý bir gyz däl. Merýemiň gözelligi Bakyda söýgi duýgularyny oýarýar, ýöne onuň özi Baky üçin söýginiň özi däl. Merýem – sebäp, netije bolsa Bakynyň ruhy söýgi duýgusy arkaly, ýaşaýşyň gözelligine hem manysyna akyl ýetirmegi. Söýginiň döremegine gyz sebäp bolýar, ýöne ol ruhy hadysa gaty uly zat bolup, onuň bar manysy gyz bilen çäklenip ýa gyzyň şahsyýetine syrygyp bilmez. Söýgi duýgusy soňabaka ömrüň hem ölümiň manysy diýen uly filosofiki problema sapylyp gidýär. Hut şonuň üçinem, Bakynyň Merýem bilen duşuşyklarynda öwlüýä, mazar motiwi göze dürtgüç orny eýeleýär. Söýgi iki jynsyň arasyndaky däl-de, iki dünýäniň araçäklerindäki ruhy hadysadyr. Powestiň dowamynda Bakynyň Merýeme gatnaşygy birnäçe gezek üýtgeýär. Ol birnäçe gezek Merýemden sowaşýar. Bakynyň ýetginjeklik egoizminiň munuň ýeke-täk sebäbi däldigini aýtmak gerek. Baky Merýeme ýakynlaşdygyça şol bada-da, ondan sowaşýar. Ýakynlaşdygyça diýen söze – onuň adaty, zemin gyzydygyny duýup ugradygy manysynda diýip düşünmeli. Baka bolsa asmanyň gyzy – ruhy ideal, gözellik idealy gerek. Ýigrimi ikinji hekaýatda-da ol Merýemiň ideal zat däldigine anyk göz ýetirýär, şol ýerde-de obrazyň synmagy bolup geçýär. Aslynda ideal diýilýän zady söýgi duýgusynyň özi, onuň maksimalizm häsiýeti döredýär. Adatylykdan kanagat hem karar tapmaýan köňül delligi, üýtgeşikligi, syrlylygy küýseýär, şeýdibem, söýgi döreýär. Paskalyň «Adam fiziki adamy däl-de, adamyň aýratynlygyny söýýär. Adamyň söýgülisinden tapan şol aýratynlygy adatylyga öwrülen müddeti hem söýgi gutarýar» diýen filosofik pikiri meni köp wagt bäri gyzyklandyrýar, oýlandyrýar. Ýigit iň bir adaty gyzda gözellik idealyny görýär, oňa aşyk bolýar. Şonuň üçinem halk arasynda «Leýlä Mejnunyň gözi bilen seret» diýen pähim döräpdir. Mejnun öz gözi bilen däl-de, illeriň gözi bilen seredip ugranda, Leýliden sowaşyp başlaýar. Ýadyňyzda bolsa, biziň Leýli bilen Mejnun hakyndaky köne dessanlarymyzda-da şeýle duýgy gaýtgynlary suratlandyrylýar. Hiç bir zat bir duran ýerinde durmaýar. Şol sebäpden söýgi daşgynynyň – gaýtgynynyň bu duýgy üçin tebigy hal bolmagy-da mümkin. Emma ruhy söýgi babatda beýle düşündiriş göz-görtele bärden gaýdýar. Ruhy söýginiň ýaşaýşynyň öz berk logikasy bar. Ol logikanyň şeýle kanunalaýyklygy bar: ten tene ýakynlaşsa, ruhy gaýtgyn bolýar, daşlaşsa-da ruhuň joşguny artýar. Akmyradyň ruhy söýgi filosofiýasyna dogry düşünmek hem ony bütin çuňňurlygynda düşündirmek üçin eseriň iň bir ownuk taraplaryny-da gözden salman, powesti çynlakaý okamaly. Ylaýta-da, powestiň kursiw bile berlen kyssa bile ýazylan şygyr bölegine aşa ünsli bolmaly. Bölekleri aňlaman, bitewüligiň manysyna düşünmek mümkin däl. * * * Alla tarapyn talantly kişileriň her birinde kimem bolsaň hökman özüne bendi edýän bir tarapy bolýar. Syrdam, uzyndan görmegeý, gözleri başga bir dünýäniň syry bilen balkyldap duran Akmyrat üýtgeşik keramaty bar adama meňzeýärdi: – Leningradda, Moskwada wokzallaryň töwereginden geçenimde adatça şonuň ýaly ýere üýşýän keýpihonlar menden neşe sorap, bizar edýärler – diýip, ol köp aýdýardy. Soň görüp otursam, şeýle bir wakany öz gündeligine hem bellän eken. Akmyradyň heserli, syrly, nämälim dünýäden habarly üsti dumanly şar gara gözleri bardy. Onuň gözlerine dikan seredeniňde talantdan ýaňa joşup duran, ümürsin, duman basan dere ýaly, jülge ýaly kalby görnüp durdy. Onuň bir arzuwy amal bolman, özi bilen gitmeli boldy… – Ene, ene-atanyň perzendiniň alnynda ýedi parzy bolýandyr, siz şolaryň birini bitirmediňiz – diýip, Akmyradyň ejesine ýüzleneni ýadymda. Ejesi onuň diýýän zadynyň manysyna düşünmedi, ony duýan Akmyrat: – Siz meni öýlendirmediňiz. Türkmen gyzyna… Akmyradyň ejesi gözüň dokunýan, ene mähri ýüz-gözünden seçelenip duran, diýseň nurana aýal bolup, ol garranrak Merýem enä çalymdaşdy. Hesel eje-de, Şir aga-da Akmyradyň şanyna gurulýan oturyşyklarda Akmyradyň gaşyna geçip, oglunyň didaryndan ganyp galjak bolýan ýaly oturardylar. Şir aga geplemän, özüne guýlanyny içer, Hesel eje bolsa ara böwşeňlik düşdügi bereketli saçakdan oglunyň, myhmanlaryň öňüne ony-muny süýşürip, zol iýdirjekden. Akmyradyň ejesi ýylgyrdy: – Wah, oglum, seniň mekdebi gutaryp gidişiň gidişiň boldy… Pylanynyň gyzy diýip saýla, saçagymy göterip, gudaçylyga barmak meniň bilen… Wah, ýöne ol bagt maňa ýetdirmedi-dä… – Eje, men öz saýlajagymy saýladym, ýöne seniň saýlajagyň meni gyzyklandyrýar… Akmyrat keýpi göterilýän, mes bolan çaglarynda türkmen gyzyna öýlenmändigine ahmyr ederdi. Ýok, ol maşgalasyna öýlenenine puşman däldi, ýöne ol türkmen gyzlarynda haýsydyr bir syrlylyk bardyr diýip çaklaýardy. Bir gezek gijä çenli oturdyk. Men iki-üç gezek turjak boldum, ol syýnymdan ýapyşyp, oturtjak bolýar. Men giç bolanyny, aýalymyň ýoluma göz dikip oturandygyny, mundan gijä galsam, daňdana çenli iňirdejekdigini aýdanymda, ol hamana men bir juda geň habar aýdan ýaly, haýranlar galyp, agzyny öweltdi oturdy: – Näme, siziň aýallaryňyz hem iňirdeýärmi? – Aýal halkyny allatagala gapyrgadan däl-de, igeden ýasapdyr. Olaryň wezipesi, käri, işi, höwesi, borjy iňirdemek – diýdim. Akmyrat ynanmady, oýun edýändir, öýüne gaýtmak üçin bahanadyr diýen netijä geldi, çünki bir sözlem bilen onuň onlarça ýyl türkmen zenany hakynda beýnisinde, kalbynda kemala gelen obrazy ýykmak däl, asyl-ha şek ýetirmek mümkin däldi. Ol türkmen zenany keramatdan, edep-ekramdan, haýsydyr bir syrly gudratdan ýasalandyr diýip çaklaýardy. Onuň kalbynda on bäş-on alty ýaşly ýetginjegiň höwes edýän, söýýän, düýşünde görýän gyzynyň obrazy – türkmen gyzynyň obrazy bolup galypdyr. Akmyrat her bir türkmen gyzynda keramatly gyzyň jadyly, gudratly keşbi bardyr diýip ynanýardyr. Türkmen adamsyna bolsa ol on bäş ýyllyk aýraçylygyň aňyrsyndan seredýärdi. Meger, şondandyr, onuň türkmen durmuşyna degişli kyssalary ýetginjeklik, çagalyk ýyllary bilen bagly wakalardy, soňkulary bolsa başga dünýä, başga ýurt, başga adamlar hakdaky kyssalardy. Akmyrady daşyndan tanap, onuň eserlerine aşyk bolup ýören gyzy bir meýlise çagyrdyk. Meýlisiň maksadyny Akmyrat hem bilýär, gyz hem… Olar aşaklyk bilen biri-birini synlaýar. Hullasy, gije bir çene ýetibereninde, Akmyrat gyz bilen ikiçäk galdy. Öwrenişsinler, gürleşsinler, özleri ýakynlaşar diýen niýet bilen gijäniň taksileriniň gutarýan çagy olary ugratdyk. Ertesi Akmyratdan bolan-goýan işleri, nädendigini soraşdyrdyk. Görüp otursak, ol gyzy öýlerine ugradypdyr. Şoňa begenip, gije ýatmandyram. Akmyrat: – Ol türkmen gyzy ahyryn, ol perişde ahyryn – diýdi. Men mydama özüme, türkmen adamyna, türkmen halkyna Akmyradyň uzak aýraçylykdan soňky garaýşynyň, türkmen maşgalasyna Akmyradyň keramatly garaýşynyň ýetmeýändigine gynanýaryn. Meniň kalbyma Akmyrat ýetmeýär. * * * Men tötänden Artýur Rembonyň proza eserleriniň üstünden bardym, oňa deňiç ony diňe şahyrdyr öýder ýörerdim. Goşgularyny-da okamandym. Rembonyň «Zahyrlyk», «Bir tomus Dowzah içinde» atly kyssasy hem sýužetli, hem sýužetsiz özboluşly şahyrana, psihologiki çylşyrymly eser eken. Bu eserler maňa Akmyrat Şiriň gysga hekaýajyklardan ybarat eserlerini, gündeligini ýatlatdy. Akmyrat özünde haýsydyr bir tebigy güýç bardygyna ynanýardy, ynandyrýardy. Artýur Rembo hem özüni öňdengörüji – weli edip ýetişdirmek üçin golunda baryny edýär. Rembo buržuaz Fransiýanyň ykdysady, syýasy, medeni krizisiň lüýgüne batan döwründe döredijilik belentligine ýetýär. Geň galmaly ýeri, onuň döredijilik apogeýine ýeten döwri on bäş – ýigrimi ýaş arasynda. Parižden alys welaýatda doglan, halys yzagalak meşşan terbiýesini alan Rembo şol terbiýeden birnäçe gezek gaçmaga synanýar. Onuň ýaşaýan welaýaty köne dünýä. Meşşançylyk, buržuaz edim-gylymlary, gaýnaýan durmuşdan alysdalyk, köne galyp ýaş şahyry gowrup gysýar. Parižde bolsa durmuş deňiz ýaly möwç alýar. Kommunarlar köne dünýäniň garşysyna ýarag alyp göreşe başlaýarlar. Berk düzgün-nyzamly durmuşdan bizar Rembo tutuş Fransiýany meşşan Fransiýa hökmünde göz öňüne getirip, täze Fransiýa ugrundaky göreşe goşulýar. Ol romantik, ol göçgünli, ol özünden ozalky meşşan edebiýaty inkär edip, hakyky edebiýatyň döremegini isleýär. Emma kommunarlar ýeňilýär. Rembonyň ähli ynamy synyp, mundan buýana ýarag däl-de, edebiýat bilen köne dünýäniň garşysyna göreşmeli diýen karara gelýär. Şahyr öňdengörüji bolmaly! Ol kommunarlar ýaly ýalňyşman, halka dogry, ýagty ýoly görkezmeli! Şahyr Parižde Pol Werlen bilen tanyşýar, dostlaşýar, urşubam ýetişýär. Serhoş Werlen Rembony atýar. Iki sany ajaýyp şahyr bir Pariže sygmaýar. Werlen türmä düşýär. Rembo-da basym gutulýar. Şahyr öz maksadyna ýetmek üçin edebiýatda serdamyň (swerhçelowek) döremeginiň aladasyny edipdir. Ýöne ol beýik nemes filosofy Nisşe bilen bir hatarda bolupdyr diýen edebiýat öwrenijiler ýalňyşýarlar. Seradam problemasyny ilkinji bolup Nisşe işleýär. Onuň «Zarduşt şeýle diýýär» atly traktatyny okan adamlar seradam hakynda köp zady bilýändirler. Akmyrat hem öz döredijiligi bilen Adamyň adamdan beýgelip, Hudaýa golaýlaşmagy üçin tagalla edýär. Ol sergezdan Rembo ýaly ülkesini terk edip, ýat illerde sergezdanlyk çekýär, durmuşyň agyr muşakgatlaryny görýär. Iň agyr, iň kyn, iň hapa işlerde işläp, Russiýany terslin-oňlyn torç edýär. Biz bu zatlary ýatlap, Akmyrady Rembo bilen deňeşdirmek pikirinden daşda. Akmyrady hem, Rembony hem sergezdançylyga sezewar eden – talant! Gynançly ýeri, Akmyrat rus dilinde ýazdy. Ol ýüregi bilen, emer-damary bilen, tutuş ruhy bilen türkmen halkyny söýendigine, alys ýurtlara gidip, türkmen topragyna söýgüsini aýralyk terezisinde çekendigine garamazdan, onuň eserleri göze görünmeýän serhetden aňyrda ýatyr. Rembo Fransiýany terk edip, Afrika ýurtlarynda işli-işsiz ejir çekýär. Açlygyň, garyplygyň, durmuşyň nämeligini öz gözi bilen görýär, emma aýdyň ideýalaryny durmuşa geçirmek oňa başartmaýar. Dürli keseller ony ýykýar, ilki bir aýagyny kesýär, soňam ötüşdirilen kesel ony düşege kemsiz baglaýar. Ol ýurdundan alysda otuz ýedi ýaşynda ýalňyz ölýär. Kimdir biri onuň jesediniň başujunda «1891-nji ýylyň 10-njy noýabrynda lomaý söwda edýän söwdagär Rembo 37 ýaşynda öldi» diýip ýazýar. Haýran galmaly ýeri, öljek pursaty beýik şahyr, başga dinli Rembo «Allah keremdir» diýip jan berýär. Sokratyň, Wolteriň halatly, ýoldaşly adamlar bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Men Magtymgulynyň hem halatly bolandygyna ynanýaryn. Onuň şygyrlary şahyr ýazardan has beýik. Akmyrat hormatly adamlar barada, uçýan tarelkalar, adamlaryň öz perişdeleri bilen gürleşip bilmelidigi barada gepleşigi gowy görerdi. Özem bu ugurdan ol gaty kän kitap okapdy. Bir gezek ol maňa okamak üçin Igor Sarýowiň kitabyny berdi. Ol kitapda ýazyjy hem publisist, ufolog Igor Sarýow şeýle täsin wakany gürrüň berýär. Polýak ekstrasensleriniň, adatdan daşary güýji bar bolan adamlaryň bir topary moskwaly kärdeşleri bilen pikir alyşmaga gelýär. Ýazyjy Igor Sarýow ufologiýa ylmy bilen gaty gyzyklansa-da, oňa köre-kör ynanýanlardan däl, ol skeptik. Şonda polýak alymlary onuň skeptikligini bilip: – Sen öz ussadyň bilen duşuşmak isleýärmiň? – diýip soraýarlar (Ylmy dilde halata, ýoldaşa ussat diýilýär). Ýazyjy höwes bilen duşuşjakdygyny aýdýar. Polýak alymynyň biri ony kresloda oturdýar, gözüni ýumduryp, parahat ýagdaýa gelmegini haýyş edýär. Kalby aram tapýança, ol rahatlanýar. Alym oňa gür tokaýy göz öňüne getir diýýär. Ol göz öňüne getirýär. Oňa tokaýyň içi bilen towlanyp barýan akja adany göz öňüne getir diýýär, ol göz öňüne getirýär. Oňa öňüňde bir jaý bar, görýärmiň diýýär. Dogrudanam, ýazyjy şol jaýy görýär. Alym oňa şol jaýa girmegi teklip edýär. Şu ýerde ýazyjy Sarýow «meni gipnozladylar» diýip oýlanýar, dessine-de öz pikirine garşy çykýar, sebäbi ol gipnozlanan bolsa, gipnozlanany hakynda pikir hem edip bilmeli däl. Polýak alymynyň talaby bilen ol jaýy açýar, girýär. Oňa jaýyň içinde ýene bir gapy bardyr diýýärler. Ýazyjy jaýda gapynyň ýokdugyny aýdýaram weli, jaýyň içinden ýeňiljek duman göterilip, ikinji gapy görünäýýär. – Şol gapyny aç, ussadyňy çagyr, ýöne gorkma, ussadyň adam bolup çykmagam ahmal, it, pişik, gaýry jandar bolup çykmagam ahmal, sen ondan nämäni bilesiň gelse sora, ol saňa jogap berer. Hala geljegiňi sora, hala başga zady – diýýär. Ýazyjynyň ussady ak saçly, gök gözli, ýüzünde kinaýa oýnap duran epeý adam bolup çykýar. Ol ussadyna birnäçe sorag berýär, ussady hem oňa jogap berýär. Ýazyjy Igor Sarýow öz geljeginden bir topar zatlary yssadyndan sorap bilýär. Soňundan ol redaksiýada öz dostlarynyň bir topary bilen şeýle eksperimenti geçirip görýär. Rembo öňdengörüjilige ýoly kalbynyň çuňlugyna aralaşyp gözledi. Akmyrat özünde uly gudratyň bardygyny bilýärdi, ýöne onuň gudraty üçin Mugallym derkardy. Mugallymlar bolsa Hindistanyň jümmüşinde hem gadymy kitaplaryň sahypasynda ýaşaýar. Akmyrada Hindistana gitmek başartmady. Men Akmyrady keramatly, gudratly diýip ulaltjak bolamok. Biziň her birimiz taňrynyň bendesi, taňrynyň ogly. Ata öz ogluny bu dünýä ýalňyz goýberen däldir. Belki, biziň her birimizde halat bardyr, ýöne, heý, birimiz özümiziň kalbymyzyň çuňlugyna çümüp, taňrynyň beren gudratyny agtaryp gördükmi? Adam pakyr bütin ömrüne pul, baýlyk agtarýar, gaty uly baýlygyň özündedigine bolsa ynanmaýar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||