23:03 Ýeñilsin, enşalla! | |
ÝEÑILSIN, ENŞALLA!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, Tramp diýilýän adam ýurduny garpyz kimin darka ikä böldi, her bir meselede gowur döretdi. Öñräk bir gezek biziñ dünýä liderimiz hormatly prezidentimize-de pitjiñ atyjylykly hat ýollapdy. Ol muny şeýdende birjigem utanmandy! Dünýä liderimize “Akmak bolma” ýaly sözler bilen diýjegini diýdi, süründi, haýbat atdy, kemsitdi. Biz ol haty bireýýäm unutdyk, emma, geliñ, görüñ, agzalan hat hem Türkiýäniñ, hem ABŞ-nyñ döwlet arhiwlerine girdi. Biz hernäçe ýatdan çykarsagam, ol hat arhiwlerdäki ýerini müdimilik gorar. Hormatly prezidentimiziñ bu barada näme edendigini sorar bolsañyz, ol hakykatdanam beýik adam. ABŞ bu haty "birtaraply" mälim edende, gynandy, emma hiç zat etmedi, jogap bermäge-de gyssanmady! Şeýtmek bilen biziñ gözümizde ýene bir gez beýgeldi! Adyna Tramp diýilýän bu berebekgeý şindi ýurdunda ikinji gezek prezidentlige saýlanjak bolup jan edýär… Garşa aglamjyraýar, netije nähili bolup gutarsa-da, Ýokary suda ýüz tutjagyny aýdýar. Gardaşym, sen bu işi Stambul munisipialetiniñ başlyklygyna geçirilýän saýlawlar ýalydyr öýtdüñmi! Bir seretdiñ, köwüş bahaly syýasy güýjüñden peýdalanyp garşylyk bildir, Ýokary sudy başagaý et-de dur. “Garşy tarap gözboýagçylyk etdi” diýip saýlawy goýbolsun etdirmäge, ýeñlişiñi örtmäge çytraş… Adam diýende bir utanç bolar, Tramp... Sen özüñi kimdir öýdýäñ? Ýa bu haty ýazdyrañka serhoşmudyñ? Ýogsa-da eden epeý dünýä liderimizi Ugandanyñ prezidentidir öýtdüñmi? Sen bir zady unutma, 83 million ildeşimiz bilen birlikde külli yslam äleminiñ goldawy we doga-dilegleri şonuñ bilendir! Ol bir ýumruguny urdumy, ses getirer, bütin dünýäni titreder! Şindi Alladan dilegim, enşalla, hormatly dünýä liderimize gönderen bihaýa hatyñ aşagynda galaýasyñ-da, hak ýerini tapsyn! Amin, amin! Trampyñ pitjiñ atyjylykly hatynyñ doly teksti we terjimesi şeýle: “Hormatly Prezident! Gel, bir gowy ylalaşyk baglaşjak bolalyñ. Siz müñlerçe adamyñ öldürilmeginiñ sebäpkäri bolasyñyz gelýän däldir, menem türk ykdysadyýetini ýok etjek bolup durmaýyn, ýöne men muny edeýin diýsem, hiç hili kynçylygy ýok. Etjeklerimiñ iñ kiçijik mysalyny ruhany Bransonyñ üstünde turan düşünişmezlikde-de size mazaly görkezipdim. Siziñ meseleleriñizi çözjek bolup köp jan edýärin. Dünýäni lapykeçlige uçratmañ. Gowy ylalaşyk baglaşyp bilersiñiz. General Mazlum (Şahin Jilo atly PKK-li terrorçy -t.b.) siziñ bilen gepleşik geçirmek isleýär, ol geçmişde etmedik birnäçe eglişiklerini etmäge razy. Onuñ täzelikde gelip gowşan we maña ýüzlenip ýazab hatyny öz hatymyñ gapdalyna goşup, Size ugradýaryn. Eger muny dogry we adamkärçilikli şekilde edibilseñiz, taryh size gülüp bakar. Eger ýakymsyz wakalar gopsa, sizi hemişelik şeýtan hökmünde görerler. Gödek adam boljak bolmañ. Akmak bolmañ. Men siziñ bilen ýene habarlaşaryn. Hormatlamak bilen Donald Tramp. Goly.” Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.11.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |