05:32 Ýeňiş | |
Gaýra - demirgazyk tarapa ýol külterläp barýan synasy sagdyn, göm – gök “Gaz – 53” Garagum derýasynyň köprüsiniň deňesine ýetdi – de gyra çykyp saklandy. Ilki bolup ulagdan düşen sürüji Hangeldi aga gapysyny şarkyldadyp ýapyp, elindäki bäş litrlik plastik depbäni hellewledip, kenary ýaşyl gamyşly kanalyň güzerine baka ýöneldi. Oňa çenli Meretgeldi maldogtaram kabinadan daşaryk çykdy – da ýer ölçeýän ýaly eýläk – beýläk ädimläp başlady. Bilini ýazmakçy bolup gerinjiredi. Daryşganlyk bolmasyn diýip ulagyň çelegine münüp gaýdan ýaş ýigide gözi düşenden bile gaýdandyklary ýañy ýadyna düşen ýaly geñirgendi:
Hekaýalar
- Oh – how! Röwşen bek, gelýäňmi sag – aman?! - Gelýändirin, Meretgeldi aga. Özüñiz nähili ýadaňyzok dälmi?! - Aý, ýok – la. Biziňki günde – günaşa şu ýol ahyryn. - Ýene näçeräk ýöremeli, Meretgeldi aga? - Ýenemi?! Aý, ýene şunçarak ýöresek, bardygymyz. Meretgeldi aga suw almaga giden köne ýoldaşyndan biynjalyk bolýan ýaly kanala tarap üns bilen garady... - Hany, ýañky ýekegözli ýekegapandan bir habar alaly, kanala daga gaçyp bize iş bolaýmasyn... Ýokardan görünýändir –ä ?! - Gelýär, Meretgeldi aga. Hon – ha .. – diýip, Röwşen dähedem – dessem bolup gelýän Hangeldi aga tarap barmagyny uzatdy. Meretgeldi aga köne dostunyñ çetine degmese, oňup bilmeýänlerdendi. Hangeldi aga – da onuň çyn gatyşykly oýunlaryna öwrenişip gidipdir. Näme diýse –de göwnüne alanok. Giňlige salyp, gülümsiräp ýeňäýýär.Degişgen adam –da.Meretgeldi onuň golaýlap gelýändigini görse – de görmediksiräp: - Ýekegöz!!! Niredesiň, how?! –diýip,gygyrdy. - Näme ýüregiňi eliňe alýaň, ynha, bardym. Eşitmeýändir öýtme, gulagym sendedir, Gotur diýsänim... Hakykatdanam, Hangeldi aganyñ bir gözi şikeslidi. . Baryndan beteri, hemişe diýen ýaly kellesinden çykarman geýýän çöwürme telpeginiň erňegindäki goňras burma tüýlerem onuň salpy murtuna meňzeş gelip, ony ertekilerdäki birgeñsi adamlara kybapdaş edip goýýardy. Ony görseň, bu adam bilen hökman degşip – gülşüp ýörmelidir diýdirýärdi. Meretgeldi maldogtaram ýaňky aýdanyny az görýän ýaly onuň alkymyna süýşüp: - Gamyş görseň sümüläýýäň – aý ... Ýylyň doňuzmy ýa seniň? – diýdi – de egnini silkip, şyg – şyg gülmäge başlady. - Sen Gotur, görýän welin, maňa süýkenip durmasaň oňjak däl – ow. Ynha, düýegaryma bararys welin, ortarada ýörite “goturagajy” dikilgi durandyr. Gijigiñ bar bolsa, sen şoňa süýken. Men seniň “goturagajyň” däl – ä... - Baý – bow, işimiz gaýtdy, sen bir başlan bolsaň, alyp ýatarsyň indi. Hany ýöräli. Gepi köpeltmäli – diýip, Meretgeldi aga gaşlaryny çytdy. - Ýöresek ýöräbermeli... – diýip, Hangeldi aga ýylgyrjyrap, şu gezek bu dili duzly dostundan üstün gelendirin öýdüp, rulyň başyna geçdi. Öýkeleden bolaýmaýyn diýip, öz ýanyndan az – kem howatyram etdi. Ýöne i maldogtar bu gepi ýöne goýjaklardan däldi. Ol hökman ýene bir gep tapaýmalydy. Nädersiň “GAZ – 53” gumak ýola düşüp batlanyp başlady welin, ol Hangeldi aganyň ýüzüne seredip gülmäge başlady. Nämüçindir ulag çaýkanyp silkelendigiçe onuň gülküsi güýjeýärdi. Hangeldi aga mahal – mahal ýeke gözüni petredip , ýüzüne seredýärdi – de onuñ bolşundan many añjak bolup ýylgyrýardy. Ýöne bu şeýtana sapak bereniň ýene näme hokga tapjak bolýandygyny aňşyryp bilenokdy. - Ýene näme boldy – ow? Näme diýjek bolýaň? Meret maldogtar şyg – şyglap gülmesini barha beterleşdirýärdi. - Aýt – da, Gotur! Näme beýle böwregiň bökýär! - Aý, aý...Aýdaýynmy?! - Aýt – da, aýtjak bolsaň... - Aý, Ýekegöz, öldürdiň – ä meni. Sen diňe öz oturan tarapyňa, görýän tarapyňa seredip gelýäň– ä. Men gapdala – da käte bir seret ahyryn, çukur sanamadan öldüm-ä...Hah-hah-aý ... ...Iki dostuň gülküsi “GAZ – 53” – iň sesini basyp Garagumyň giň sähralyklaryna ýaýrap gidýärdi. Çelegiň üstünde kabinanyň arkasyndaky germew tagtalardan iki eli bilen mäkäm ýäpyşyp gelýän Röwşenem ýaşulularyň gülküsine ýylgyryp, gyzgylt pürleri şapak ýaly ýylgynly sähralygyň güýz görkünde durmuşyň gözelligini duýup, ilkinji sapar çöle, mal üstüne işe çykan gününiň şowly başlanýandygyna begenýärdi. **** Gök „GAZ -53“- iñ gelip saklanan ýeri - Hekimberdi Hajynyň mülki kiçeňräk bir oba ýaly bolup gidipdir. Ekin aýagynda paýaw suwy bilen oňňut edýän bu hojalygyň kiçeňräk içi ördekli – gazly köli –de bar eken –ä. Töwregine gara söwüt ekilipdir. Ynha, ady belli daýhan adam salkyn saýada tagta sekiniň üstünde çaý içip otyr. Aýdyşlaryna görä onuñ iki ogly maşgalasy bilen şu ýerde bolmaly. Mal – gara, ekin – dikin bilen ber – başagaý bolup, bular negada bolaýmasa oba – da kän gelenoklar. Elbetde, haýyrly myhmanlary Hekimberdi aga höwesli garşy aldy. - “Ýagşy myhman aş üstüne” diýipdirler. Geliň – de geçiň, hany... Sag – aman geldiňizmi? Meretgeldi, bu ýigit kim bolýar? Öz – ä bir tanyş ýüz. Tanat, hany – diýip, ol Röwşeniñ ýüzüne çiññerildi. - Çepbelerden. Hally çepbäniň agtygy. Ady Röwşen. - Hally çepbäniñ agtygy diýsene. Boldy, boldy... Annamradyñ oglumy ýa...? - Howwa, men Annamyradyñ ogly – diýip, Röwşen ýaşulynyñ sözüni tassyklady. - Hä – ä. Annamyradyň ogly diýsene. Annamyrat jan – a ýigidiň gülüdir. Şeýle ýuwaş – ýumşak, ýuwanyň seçegi ýalydyr. Aý, tüweleme, tüweleme. - Röwşeniñem Annamyratdan üýtgeşik ýeri ýok. Döwletli ýeriň çagasy – da . Instituty bitirip geldi. Bizde işe başlanyna baş – üç gün bolsa bolandyr – diýip, Meretgeldi aga Röwşeniň tarypyny ýetirdi. Röwşeniň utanjyndan ýüzi gyzaryp gitdi. Ol saçak başyna geçen ýaşulularyň ýanynda oturmaga ýaýdanyp, ellerini owkalap, hyzmat etmäge taýýardygyny duýduryp: - Siz oturyň, men oglanlara kömekleşeýin – diýdi. Hekimberdi Hajy örän sypaýy adamdy. Ol derrew Röwşeniň golundan tutyp, tagta sekiniň üstünden ýer görkezdi. - Geç, oglum. Hiç çekinme. Oglanlar bar – a. Özleri bir zat eder... *** Çaý – nahardan soň işe başladylar. Röwşen esbaplary, dermanlary derrew taýyn etdi. Ilki bilen – ä mal ýatagy hlorly suw pürküp dermanladylar. Soňundanam ördek – gazlary, towuklary, jüýjehorazlary ýeke – ýekeden tutyp sanjym etdiler. Elleri ak rezin ellikli, agzy – burny tozandan goraýan süzgüçli ýaş ýigidiň çalasyn hem ynamly hereketleri töwerekdäkileriň göwnüne ýaraýardy. Ylaýta – da Meretgeldi aga özüne şeýle gaýratly, düşbi hem sypaýy kömekçiniň duşandygyna iki bolup bilmeýärdi. - Aý, sag bol, köşek. Ömrüň uzak bolsun. Bar bilýänjämi öwrederin saňa... Töňňäniň üstünde çilim çekip, bulary synlap oturan Hangeldi aga oňa igesini sürtüp galdy: - Senden näme öwrensin. Gaýtam sen öwrenmeli mundan . Senem öz wagtynda şunuň işleýşi ýaly eliňe ellik, agzyňa torba geýip işlän bolsaň Gotur adyny almazdyň... - Hany, öz işiň bilen bolsana. Ýa menden bir gep eşitjek bolýarmyň?! - Aý, ýok. Gepiňem gerek däl, gürrüňiñem. Ýöne görmedik bolsaň, hälki aýdanymy görkezeýin diýip geldim ýanyňa. - Nämäni görkezjekdiň? - Hon – ha, “goturagajy” diýilýän şol bolmaly... ...Dogrudanam, agylyň ortasynda dikilen ýogyn agaja ýaňy dermanlanan düýe boýnuny sürtüp, garzynyp durdy. . . *** Işi dyndym edenlerinden soň, ýaşulular ýene çaý başyna jemlendiler. Röwşenem iş esbaplary, däri – dermanlary ýygnaşdyryp, “GAZ – 53“ -iň çeleginiň bir burçuna basyp goýdy – da töwerek – daşa gezelenç etmäge çykdy. Ol ilki kölüň gyrasyna bardy. Ördek jüýjeleriniň topbak sürüsi suw ýüzünde şeýle täsin öwrümler bilen aýlanýardylar... Hindiguşlar, depesi jygaly üýtgeşik towuklar... Asla, bu ýeri guşbazary ýaly. “Tilki, şagal bu demir tordan geçip bilýän däldir – dä. Ahmal ýerini tapsalar –a hezil bermezler” – diýip, Röwşen eýläk – beýläk gezim etdi. Guşlaryň töwerek – daşy dogrudanam gaýymdy. Onsoňam, hon -ha iki sany daýaw alabaý kölegede ýatyr -a. Olaryň adam bilen işi ýok. Ýöne mal – gara kast etjek wagşy haýwanyň bu jelegaýlara gelmäge hetdi ýokdur. Ol ýaşulularyň ýanyna dolanmak isledi. Ýene – de “Olaryň gürrüňine goşulmaýyn. Çaý içip bolsunlar. Turarlar welin, menem bärden bararyn” – diýen pikire geldi – de gezelenjini dowam etdirdi. ... Birýan çetinden gädilip alnan bede küdesiniň ýanyna baranda ol içi ak ýumurtgalardan doly ullakan bir höwürtgä gözi düşdi. Ol höwürtgäni üns bilen synlamaga başlady. Ak ýumurtgalaryň arasynda menek – menek çal daşa meňzeş ýumurtgalaram bardy. “Sülgüniň ýümurtgasy bolaýmasyn...Öz – ä üýtgeşik eken. Iki – üç sanysyny öýdäki towuklaryň ýa hindiguşlaryň biri kürk bolsa, aşagyna oklasam. Owadan – owadan jüýjeler çykardy...” Ol bu üýtgeşik ýumurtgalardan üç sanysyny penjeginiň sag tarapdaky kisesine emaýbilen ýerleşdirdi: “Meretgeldi aga görkezeýin köpügörendir. Nämäniň ýumurtgasydygyny derrew aýdar. Üstümden gülmejeg – ä belli...” Ol şu pikirlere gümra bolup, ýumşak çägeli kiçeňräk alaňyň üstüne çykdy. Alaňyň aňyrsy tekiz takyrlykdy. Gum içindäki bular ýaly takyrlyga ala diýilýärdi. Alanyň aňyrsy ýene gum. Ojarly, sazakly, gandym, çerkezli gum... Röwşen üçin bu ýerler syrly bir dünýä ýalydy. Bu düzlügiň jümmüşinde gadymy dünýäniň taryhy wakalryny görüp boljak ýalydy. Ol ilkinji gezek görýän ymgyr çölüni ine – gana synlamak üçin ýumşak guma ýaplandy. Şol barmana ol özüniň sag böwründe nämedir bir zadyň gütürdändigini aňşyrdy. Onuň essi aýylyp, endamyna sowuk der iýndi. Hamala sag tarap gapyrgalary gütürdäp döwlen ýaly ol sag böwrüni tutyp, usullyk bilen ýerinden turdy. Bu garaşylmadyk waka – ýol diýilýäniň, çöl diýilýäniň hikmetli bir synagydy... Bu synagdan nädip hem bolsa çykmalydy... “Ýaşulylara bolşy – bolşy ýaly aýdaýsammykam? Ýa birhili bolarmyka?!‘‘ Şol barmana Meretgeldi aga ony ýanyna çagyrdy: - Röwşen, gel, hany. Garañka galman öýe barjak bolalyñ. Oňa çenli “Gaz – 53“ – em tarlap başlady. Röwşen nätjegini bilmän aljyrady. Hoşlaşmakçy bolup gelen Hekimberdi aga oña iki elini uzatdy: - Sag –aman baryñ, oglum. Eneň – ataňa, kakaňa salam aýt. - Sag boluñ,Hekimberdi aga... Röwşen towsup diýen ýaly ýokaryk çykdy. - Sür, Hangeldi aga. *** Onuň penjeginiň sag böwri öl -myžžykdy. Ol endamyna awuly bir erginiň aralaşmagyny islemeýän ýaly iki barmagy bilen penjeginiň öl tarapynyň ýokary ýanyndan çümmükläp tutyp, köýnegine galtaşdyrman saklaýardy... “Sen nädip ýörsüň, eý! Sen nire, bu boluş nire?! Ýok. Ýok. Bu meniň edeýin diýip eden zadym däl ahyryn. Özüň bilýäň – ä ...“ *** “Gaz – 53” Garagum derýasynyň köprüsine ýetip gelýärdi. Ol özüniñ bu bolup barşyny ýigrenýärdi. Birden ol aýgytly pikire geldi. Derýa golaýlaşdygy saýy bu pikir ony ýagtylyga çykarjak halasgär ýaly golaýlaşýardy. Ol täze penjegini egninden sypyrdy – da topbalady. Ulag köpriniň üstüne münüp ýöräp başlanyndan ol penjegini bar güýji bilen derýa tarap zyñyp goýberdi.Ol hem egninden, hem kalbyndan agyr bir ýüküñ aýrylandygyny duýdy... Gara penjek suwuň ýüzünde ýuwaş - ýuwaşdan açylmaga başlady. Iki goly ýaýylan penjek nähilidir bir gara guşuň maslygy ýaly bolup, az salym akyp gitdi – de suwa çümdi... Röwşen ýumruklary mäkäm düwlen iki elini boks ýaryşynda ýeňiş gazanan güýçli pälwan ýaly uly şatlyk bilen ýokaryk galdyrdy – da batly gygyrdy: ”Erkek!!!” Ol ýapyşyp duran tagtasyny ýumruklaýardy... Güýzüň ilkiagşamky sowuk şemaly kümüşreňk neşterlerini onuň endamyna sanjýardy. Ol neşterler hamala näsagyň tenine çümdürilýän altyn iňňeler ýaly onuň janyna şepagatly bir gyzgynlyk getirýärdi... Bu bir ýeňişdi. Örän uly ýeňişdi. Ýöne bu ýeňiş bilen ony özünden başga hiç kim gutlap bilmeýärdi...Öz-özüñi ýeñmek diýilýän zatdan añyrda öz-özüñi bagyşlamak diýilýän başga bir gowy zadyñ bardygyna ol şu wagt añ ýetiripdi. *** - Ýokarda bir güpürdi barmy?! - Ýaş oglanlardyr. Aýdym aýdýandyr ýa tans edýändir...Ýoluña seretsene, ýoluña... | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |