19:57 Ylmy açyş / satiriki hekaýa | |
YLMY AÇYŞ
Satiriki hekaýalar
Ýok, men ata-babalarymyzyñ asyrlar boýy sünnäläp döreden dana sözlerine dil ýetirjek bolamok. Ýöne ylmy nukdaýnazardan seredeniñde welin, olaryñ käbirine kak-sök etmelimikän öýdýän. Ynha, seredip görüñ, eýsem "Alym bolmak añsat, adam bolmak kyn" diýen nakyl dogrumy?! Elbetde, ýok. Munuñ özi alymlara pitjiñ atmakdan başga hiç zat däl, has dogrusy olary äsgermezlik. Bilýänsiñiz, häzir ýeriñ ýüzünde bäş milliard adam ýaşaýar, gynansagam olaryñ hemmesi alym däl. Näme üçin? Onuñ üçibi düşnükli, alym bolmaklyk adam bolmaklykdanam kyn. Gaty kyn. Hawwa, men howaýy gürrüñ etmäni halamok. ...Kandidatlyk dissertasiýasynyñ temasyny tassyklatjak bolubam, baý-baý görgi baryny gördüm-ow. Bilmersiñ nämesindendigini, ýapyşan temañ eýeli bolaýýar, iñ bärkisi şu elipbiýiñ harplarynam paýlaşyp gutarypdyrlar, ynsapsyzlar. Her hal irginsiz gözlegler, ukusyz geçirilen gijeler özüniñ oñat netijesini berdi. Bolsa-da ahyry amatlyja tema tapyldy. Geçiñ öñ aýagy ýaly bolup biri ara düşäýmänkä ur-tut ony tassyklatdym. "Düýş hakynda gipoteza we onuñ kino sungatyndan prinsipial tapawudy", ine, akgañlañ alym bolmaklyk üçin alan temasy-ha şeýle. Nähili görýäñiz?! Kärdeşlerimiñ-ä oña pisindi oturdy. Öwnüp aýtdygym däl, ep-eslijäni emlänem boldy, temany sat diýip. Razylaşmadym. "Janymy al, temama degme" diýip aýdyma zowladyberdim. Dagy näme, nä günlük bilen tapdym men ony. Hawa, ylmy ýolbaşçym bilen añsatjak düşünişdim, has dogrusy jynymyz jyñkyryşdy. Ol maña gymmatly maslahatlar berdi, menem iña gymmatly sowg... Aý, bolýa-la, eden zadyñy diliñe alyp oturmaklyk gowy däl. Ahyrynda arkalaşykly işleşsek bolýa-la. Tema alyp aýagymy uzyn salandyr öýtmäñ, gaýtam ähli hysyrdy şondan soñ başlandy, görgi baryny gördim. Şäher kitaphanalarynyñ töri öýüme öwrüldi, zygyr-zygyr gatnadym. Stoluñ başynda elim ruçkaly uklap galan pursatlarymam boldy. Tom-tom kitaplardan göçürip alan zatlarymyñ agramy, lap edip aýtdygym däl, ýüz kiledenem geçdi. Ylmyñ öz hupbatly talaplary bar, ony diñe gerdeninde çeken biler. Ýazýan temañ boýunça illeriñ näme diýendigini ilik-düwme öwrenmeli, onsoñ o barada öz sözüñi aýtmaly, onuñ dogrulygyna güwä geçýän delilleri tapmaly, seljermeli. Aý, garaz, aýdýan-a, görgüsi kän. Düýşüñ gelip çykyşy we onuñ şu güni hem-de gelejegi baradaky ýazanlarymyñ özi hem galyñ bir kitap boldy, ony çykartjak bolup ýörün. Öz adymyñ öñünden ýolbaşçylaryñkyny goýdum, şeýtseñ çalt çykar diýdiler. Ilem bilmän zat aýdasy ýok. Men şu günler artdyrylan güýç bilen işläp temamyñ soñky bölegine degişli materiallary öwrenýärin. Täsin zatlar köp. Düýşüñ kino sungatyndan prinsipial tapawudy barada gürrüñ edilende ilki bilen bellemeli zatlar bar. Mysal gerekmi saña?! Diñle. Bir çeper filmiñ ekrana çykmagy üçin bilýäñizmi, döwletiñ näçe ýüz müñ manat puly harç edilýär. Onlap-onlap adamlar bolsa onuñ ugrunda ser-sepil. Dünýäñ çykdajysy edilenden soñ ol eser şowluja çykaýs-a ne ýagşy, o-da gümana. Emma düýş üçin gara köpügem çykanok, hiç hili serişde gerek däl, mugt. Kino tomaşa etmek üçin käbir oba klublarynda puluñy töländen soñam guma bulaşyp oturmaly, oturgyç ýok, bolanam döwük-ýenjik. Düýşi welin, ýelek düşekçäniñ üstünde görüp ýatmaly, kinoteatrlardaky ýaly gykylyk-sykylygam ýok, hezil. Hiç kim saña zelel berenok. Düýşüñ başga-da amatly taraplary köp. Ýok, hemme kişi diýip biljek däl, käbir adamlar kino görmek üçin gündiz işden gaçyp gidýärler, iş wagtyny bisarpa tutýarlar. Wagtyñ bolsa gyzyldan gymmatlydygyny subut etdiler. Onsoñam tutuş ýurdumyz boýunça alanyñda her minutda dünýäniñ zady öndürulýär how! Emma düýş görmek üçin işden gaçyp ýörmek hökman däl, ony işde-de, hatda ýygnakda otyrkañam görüp bolýar, ol her kimiñ öz başarnygyna bagly. Düýş üçin awtorlara hiç hili senariler zakaz edilmeýär, oña režissýordyr aktýoram gerek däl. Umuman kino bilen deñeşdireniñde düýş durşuna düşewünt. Dünýä belli ylmy açyşlaryñ käbiriniñ diñe düýşde bolýandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Çynyñy etseñ düýşde öñünden boljak zatlaram bilip bolýar, ýöne ony ýormany başarmaly. Ýeri gelende aýtsak düýş ýorup bilýänleriñ sany gitdigiçe azalýar. Şonuñ üçin şeýle adamlary taýýarlaýan ýörite kurslar açylsa has oñat bolardy. Bu elbetde, meniñ pikirim. Jedelleşip bilersiñiz, men göreşe taýýar. Bolmanda-da ylymda şaglap ýatan şa ýoluñ ýokdugyny bilýän. Hakykatyñ hatyrasy üçin düýşüñ ýetmezçiligi barada-da kelam agyz aýtmak gerek. Kinony isledigiçe gaýtalap görüp bolýar, emma düýş welin beýle däl. Belki onuñ bir täsinligi hem şondadyr?! Biljek däl, ony entek öwrenmeli, subut etmek üçin köp çorba sowatmaly. Ine, ylmy açyş etmekligiñ, ýagny alym bolmaklygyñ nähili hupbatly zatdygyna indi özüñiz göz ýetiren bolsañyz gerek. Bolany şo. Dur, dur! Kimdir biriniñ sesi gulagyma gelýän ýaly bolýar. - Siziń nakyllar baradaky eden teklibiñiziñ hem uly bir açyş ahwetin. Süýregiñ bolsa diñe şoña-da alymlyk derejesini berip bilýäler. Hawwa, alym bolmaklyk üçin süýreg gerek, süýreg... Be, görýän welin, şunuñ özem bir ylmy açyş ýaly-la. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |