17:36 Ýoldaş / hekaýa | |
ÝOLDAŞ
Hekaýalar
-Gelliňmi?! Sesini çykarmady. Geçdi-de, oturdy. Başujunda. Gündeki ornunda. Dem salym näme etjegini bilmeýän dek, oýurgandy. Soň, maňlaýyna nähilidir bir guşuňmy, kebelegiňmi akjymak sudury çitilen kepkasyny, ýüzüne kölege bolup duran uzyn gaşyndan tutup çykardy. Dyzyna geýdirdi. Tanyş keşp. Tanyş gaş. Düşnüksiz bakyş. Pugta gysylan, reňksiz dodaklar. Burun. Duluk... ...Ýatan, ýatan ýerinden sojady. Oturana tarap iň bärkisi gözüniň gyýtagynam aýlamady. Kirli ýassykdaky mejalsyz başyna zordan erk edip, penjirä gaňryldy. Bulutlaşyk. Heniz iňrik garalmagyna birneme wagt baram bolsa, daşary ýakymsyz, alasarmyk alagaraňky bolup görünýär. Halanok. Şuň ýaly howany, gün ýaşar uçurlaryny... Öňem halamaýardy. Ind-ä asylam. Sebäbi dünýäň şu bolşunda, göwnüne bolmasa, birhili iki jahan owarralygy duwlanýan ýaly duýulýar. Ne garaňky, ne ýagty. Ne eýläk, ne beýläk. Asmanyň muň ýaly gümürtik, çytykmeňizliginde, ol özüne, edil, behişde barýan ýeke-täk ýoldaky, teýi Jähennemli mähnet girdabyň üstünden dartylan as-Sirata el-Mustakimde leňňer atyp duran ýaly bolup görünýär... ...“Çagalar nirdekä? Bi, nä, gelene-gidene göz-gulak bolmyýamyka olar?! Her niçigem bolsa, myman, myman bolar-da. Oňa çaý-suw hödür etmelidir-ä!” diýip ol, tukat oýlandy. Içeriň alagaraňkylygynda kimdir birini saýgarjak bolýan dek, ragbaty ýetdiginden kellesini gowuşgynsyz gymyldadyp, töweregine göz aýlady. Içerde, ýanyndaky ikisinden özge diri jan bar-a meňzemeýär. Gum-guklyk. Diňe aşhana tarapdan köne buzdanyň wagtal-wagtal arasy kesilýän “hüňňüldisi” eşidilýär. Goşa penjiräň beýlekisiniň tutusy syrylmadyk. Diwara ýakyn düşekde özi ýatyr. Güýzüň ikinji aýy bolandygy üçin öý ýyly. Emma onda-da, galyň, tüýjümek ýorgança bilen örtülen aýaklary üşeýär. Bäh! Täsin. Gasygy bilen bilinden ýokarys-a-ha, tä kükregine çenli derden ýaňa bugaryp dur. Şo taýy bilen deň derejede basyrylgy aýagam buz ýaly... ...“Gün ýaşmanka mal-gara ot-iým dökmäge çykannyrlar-ow! Öýdäkem gelinlerdir-agtyklaň yzynna jöw-jöwdür-dä!”. Öýde gara ýoklugyndan olaň nirä gidenini çaklap, ol ýene-de hyýgyldap, çökgün döşüni demden doldurdy. Bir wagtyň özünde, hem-ä öz bolup ýatyşyna ýüksündi. Hemem çagalarynyň özüni şu halynda-da ýeke goýup çykyp gidendiklerine, deramatsyz tirpildeýän ýüreginde ynjy döredi. “Äý, hawa-da! Bulaňkam düşnükli. Bir ýyl bäri şo ýatan ýeri. Uly-kiçi meýdanam aşagynda. Onnoň irýändirler-dä. Irmän nirä gidersiň? Olaň ýerine özüň bolsaňam, birmahal bizar bolardyň. Henizem, dözenoklar. Gaharlarynam, peteň bolannyklarynam bukjak bolan bolýalar...”. Ol pessejik otda gaýnadylýan bulamak deýin, kellesinde öz-özünden lasyrdamaga başlan bu pikirleri edesi gelmedi. Sebäbi, beletdi. Şu bolup ýatyşyna, ýene-de şuň ýaly oý-pikirlerem huwwalap başlaýsa, onda bolanja takatam tepbet boljak. Onsoň, bü tükeniksiz ýata bimarlyga çydap bilseň çyda bakaly! Hernäçe erkiňi demre dönderip, dişiňi gysaňda-da, nädäýersiň, ýöne, gursagyňda dyňzap duran çabalanmaly çarbaýlyk dişleňňi kül-uşak edip, wägirip daşyňa dyzaberse... Ol bolanja erkini asgynlatmazlyk üçin, beýnisine dömen lapykeç pikirlerden ünsüni sowmaga gyssandy. -Çagalaram häzir geler,-diýip özüne göwünlik berdimi ýa-da gapdalyndaka aýtdymy, eşidiler-eşidilmez hümürdedi:-“Taýak gelýänçä”...üh-he, üh-he...“ýumruk” di:pdirler. Edil çaý-a dä. Ýöne, hanha eliňi uzatsaň sagyňdaky termizze gyzgynjak gaýnag suw-a ba:dyr. Üh-he, üh-he...käsede durannyr ýanynna... Gapdalyndaky gymyldamady. Onuň jyňkyny çykarman oturmagy, birhili edepsizlige çalym edip başlady. Emma, ýatan, öwrenişikli bolandanmy nämemi, oň bolşuna üýtgeşik ähmiýet bermedi. Şol ýatyşyny üýtgetmän, bulançak nazaryny alnyna dikip, ysgynsyz-endigan hümürdemegini dowam etdi. -Eger özüň içmejek bolsaň, onna maňa birki owurtlyk gu:p be:! Birtüýslek, bogazym gurajak bolýa...üh-he, üh-he... Oturan sesini çykarman aýdylanyny etdi. Hamy sary kagyza dönen, gury çöp pisint elini titredip, ýatan, oň uzadan ýartydanam gowuz käsesini aldy. “Hyk-çoklap”, başyny çalaja göterdi-de, dökän-saçan etmezlik üçin, howlukman içdi. Boşadansoň, kellesini şalkyldadyp, arkan goýberdi-de, käsäni yzyna uzatdy. Şojagaz hereketem eňkini agdyran mysaly, demini dürseýäne çalymdaş, gabagyny sallap, gymyldaman, birsellem ýatdy. Birhaýukdan soň, gözüni açman seslendi: -Näme täzelik?! Oturan geplemedi. Ýöne, ýatan, görmese-de oň: “Men näbileýin-aý? Şü bolşuňa, täzeligi başyňa ýapjakmy?!” diýýän terzde kibtini gysýandygyny çaklady. -Seňkem dogry...-diýip, ýatan, oturanyň diýmedik sözlerini tassyklady-da, ýene-de dymdy. Emma, beýdip uzak ýatyp bilmedi. Gepläsi gelmese-de, özüne zor salyp diýen ýaly dillendi. Özem agzyny açanyndan, soňky bäş-alty aý bäri tutuş süňňüni doldurýan tukatlyk bilen birlikde, näme üçindir, hut şu mahal, şu sedasyz oturana, aýalyndan, çagalaryndan, agtyklaryndan eşiden ol-bi gürrüňlerini aýdasy gelýändigini, onuň bilen haýsam bolsa bolgusyz bir zatlar hakda hümürdeşip, iç döküşesiniň gelýändigini duýdy. -Gennejeň bir gepinne, o neme pahyram-a nemedäýpdir diýdi weli,-diýip ol, oňa garşy öwrülmän, hamana öz-özi bilenmi ýa-da alnyny alyp duran boşluk bilenmi gepleşýän dek, çat maňlaýyna seredip ýatyşyna hümürdedi:-eşitdiňmi?! Oturandan ses çykmady. Ýatan, ýene-de onuň egnini gysýandygyny çaklady. -Äý hawa-da! Bi ötüki: “Hemme kişiň ýazgydynda ba zat! Ondan aýrylyp nirä gitjek?” diýýäniňem dogry. Ýöne, şonna-da, o benne bileje oýnan nemämizdi-dä. Birhili gynanaýdym... Oturan ýene-de ne-hä “ýok” diýdi, ne-de “hawa”. Ýatan bolsa, göýä oň “hä-hawasyna” mätäjem däl ýaly, ýadasa arasynda az-kem dymyp, dynjyny alyp, bir gürrüňden başga gürrüňe böküp, özbaşyna hümürdedi ýatdy. -Eşitdiňmi, o neme-de naýynsap, “Dinden çyksaňam nyrhdan bir çykma” diýlenini undup, gapysyndaky baka duran öküzini soýanda etini ýoňsuz hasapdan bahalaýypmyş. Äý hawa-da, şü öňküleň: “tohum yzarlaýa” gepem, keýpine emele gelen dä bolsa gerek. Sewäp diýseň, meň ýadyma düşüşine görä, oň atasam şoň ýaly gazanjagyny bilse garynnaşyny saýgarmaz adamdy. Senem-ä ony tanamaly özi... Ýatan, ýatan ýerinden söhbetdeşine seretmän oňa lak atýar. Ondan ses çykanogam welin, muny piňine-de alman, oňa ýüzlenmesini ýanjabam durman, ýaňky aýdyp oturany bilen düýbünden baglanyşygy bolmadyk täze gürrüňiň bujagyny gädýär: -Bi, ortanjymyň ortanjysy bar-a! Bilýänsiň-laý, hol dört-bäş ýyllykda, pökgi oýnamaga gidip, täzeje tigrini ogurladyp gelen, erni suwly! Ana şo, biler bolsaň, ýaman gowy surat çekip başlapmyş. Dogrusy, men-ä bü soňky başagaýlyklar bilen birki öwran oň “çekdi” diýilýän zatlaryny getirip görkezenem bolsalar, o ýaşuzyn bo:muş ýeksurunyň, nämäni çekip, nämänäm çekmäni oňaryp-oňarmaýanna biljekgä. Ýöne, “gargaň gaz balasy” diýleni. Bü öýdäki bilen o lellimiň ejesi-kakas-a-ha, şo hakda söz açyldygy, heýjanelek bolmadan ýaňa duran ýerlerinne buşugyberjek boluşýalar. Onnoň menem bütüki, şo öňki nemeligimi edip: “Goýuňsana-aýt! Meň bilşimç-ä ýedi pyşdymyzza tam heklemek üçin bolaýmasa, galan zaman elinde çotga tutup bileni ýokdur!” diýip, olaň badyny almaýyn diýýän. Äý onnoňam, özüň bilýäň, bi jahanna näler bolmaz. Kim bilýä, belki meň o nalajedeýinimem ady dünýä jar bir zat bolup ýetişäýmegem ähtimal, hä?! Ýekedyz oturan geplemän, sähelçe oýkanjyramak bilen çäklenýär. Bozdumanyň toýnak gyzdysyna meňzeşlikde, nädip beýle bolanyny özem aňman dili bat alyp ugran ýatan bolsa, özüne jogap berilmeýänine dynnymça-da üns bermeýär. Ýene-de gepiniň ugruny üýtgedýär: -Bü, bütüki nemänem eşidensiň-le, senem-ä eşitmeli özi... ...Şol gözüni ýumjukladyp ýatyşyna ol ýene-de bir zatlar aýdyp berýär-de, soň ýene-de gürrüňi başga tarapa towusdyrýar. Soň ýene-de... Garaz, ol ýanyndaka birtopar ugurly-utgasyz zatlary esli wagtlap gürrüň berdi. Belki öz-özünden göwni açylyp, ýadanyny-surnuganyny aňşyrman entegem kän gepiň başyny agyrtmagam ahmaldy. Işlerini dynyp, aýaguçdan dolanyp gelýän aýalydyr-agtyklarynyň gowurdysy onuňam, oturanyňam gulagyna ildi-de, olaň arasyndaky söhbeti bozdy. Oturan kepkasyny dyzyndan aýryp, ýaşyna gelişmeýän ýeňillik bilen dikeldi. Ýatana: “Bolýa. Hoş onda. Sag-aman gutul!” diýýän terzde, bildirer-bildirmez baş atdy. Soňam kellesine kepkasyny geýdi-de, gapa ýöneldi. Oň yzyndan garap ýatan, birdenkä ondan näme üçin gelendigini juda anyklasynyň gelýändigini syzdy. Emma: “Nämüçin gelliň-how? Aýtmadyň-a?!” diýmek isläp agzyny açanda, özem aň salman, düýpgöter başga zat geplänini duýman galdy: -Gelip dur. Görşüp duraly, hernä... | |
|
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||