19:03 Yslamyñ arheologiki gazuwy | |
YSLAMYÑ ARHEOLOGIKI GAZUWY
Publisistika
Häzirkizaman tehnologiki ösüşler arheologiýa ylmy boýunça rewolýusion açyşlara sebäp boldy. Meselem, yslamyñ hakyky dörän ýeriniñ Mekgemi ýa-da Petradygy edil häzir jedelli gürrüñe öwrüldi. Galyberse-de, yslam ynanjyndaky Kybla, Hyra dagy, haj zyýaratynda musulmanlaryñ ýedi gezek gidip-gelýän Safa-Merwe depeleriiñem jedeli edilýär! Muny Saud Arabystanynra yslamyñ irki döwürleri boýunça ençeme ýyl bäri ylmy-barlag işlerini geçirip gelýän kanadaly Den Gibson ýaly alymlar önr sürýär... Hakykatyñ başga hili bolup çykmagy progressiw yslama çigit ýaly-da zeper ýetirip bilmez. Düýp mesele bärde: Döremegi bilen diñe musulmanlary däl, dünýäni düýbünden üýtgeden yslamyñ öñünde eýýäm müñ ýyla golaý wagt bäri ýeke-täk we iñ uly päsgelçilik bar: hurafalar (dinde soñ çykan, ýagny dine soñ girizilen nädogry edim-gylymlar). Täze çykan "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresi" (“Tağut/ Kutsal Aldanışın Soyağacı”) kitabym aýratynam biziñ ýurtlarymyzda hakykydyr öýdülýän hurafalaryñ düýbüni açyp görkezmäge bagyşlandy. Beýtmegimiñ sebäbi: ýurdumyzyñ syýasy-ykdysady, medeni yzagalaklygynyñ sebäpleriniñ üstünde kelle döwmek, çekişme döretmek. Ýogsam bolmasa, gözümize dürtülip duran boş ynançlar örän berklik bilen dowam edip dur. Jahylyýet (nadanlyk) adamy eksplutatirleýän syýasy häkimiýetleriñ esasy iýmiti bolup gelýär... * * * “Ma” - hytaý musulmanlarynda köp gabat gelýän “Muhammet” ady bilen bir manyny añladýar. Hytaý taryhynyñ iñ uly admirallaryndan Çžen Heniñ (1371-1433) hakyky ady Ma Hedi we onuñ kakasy buharaly musulmanlardandy. Hytaý taryhyna seredeniñizde, fanatizm derejesinde konserwatiwleşen konfusiçilik taglymatyna garşy haýsy döwür göreşilende, ýurduñ ösendigini, öñe gidendigini görersiñiz. Mysal üçin: Progressiw pikirleri Min dinastiýasynyñ düýbüni tutujy Çžu Di ýurduñ paýtagtyny diñe Beijing (Pekin) edeni ýa-da diñe 22 müñ maddalyk ensiklopediýa çykarany bilen oñmady, uly işleri bitirdi. Bulardan biri ýüzlerçe gämileriñ ýasaljak gämi ussahanalaryny gurup, admiral Çžen Heniñ serkerdeliginde açyk deñizlere uly ýörişleri geçirtdi. Progressiw pikirli Çžu Di ýaşlygynda ýüregagyrydan ölensoñ, konfusiçi fanatlar häkimiýete ele saldy. Deñiz ýörişleri bes edildi, geografiki kartalar ýakyldy, harby-deñiz güýçleri ýatyryldy, açyk deñizlere çykmak gadagan edildi. Ýewropa senagat rewolýusiýasy bilen dünýä arenasyna çykýan mahaly Hytaýyñ yza tesişlik döwri başlady. Bu ýagdaý tä konfusiçi konserwatizmine garşy çykan respublikaçy Sun Ýatsene we sosialist Mao Szeduna çenli dowam etdi... Mesele Konfusiniñ taglymatynda däldi: onuñ düşündirilişindedi! Ölenleriñ sanynyñ ýigrimi milliona ýetendigi çak edilýän Hytaýdaky Taýping tolgunyşygy-da Konfusiniñ tradision konserwatizmine garşy gozgalañdy... Çžen He * * * Hytaý häzirki wagt nädip dünýä läheñi bolup bildi? Ýaponiýanyñ geçen ýoly şundan üýtgeşikdir öýdýärsiñizmi? Ýagdaý şeýle bolýan bolsa... Biz nämücin (aýratynam soñly iki asyrda) yzygiderli ykdysady krizisleri başdan geçirýäris? Hawa, "Tagut" kitabym şu soraga jogap bermek üçin ýazyldy. Gyzykly mysal bereýin: General Pak Çon Hi (1917-1979) 1961-nji ýylyñ 16-njy maýynda Günorta Koreýada döwlet agdarylyşygyny geçirip, häkimiýeti ele saldy. Harby diktator hem bolsa, ol häzirki koreý taryhynyñ iñ esasy liderleriniñ biri hasaplanýar. Çünki: Koreý urşunyñ yzyndan "Han derýasy mugjyzasy" ady berlen ykdysady ösüş bilen ýurduny dünýä läheñleriniñ hataryna goşdy. "Samsung", "Hyundai", "LG", "Kia" ýaly onlarça markany döretdi. (Sowet Soýuzynyñ bäşýyllyk meýilnamalaryny model hökmünde ulanan Pak Çon Hi 1962-nji ýylda Ulsan şäherini "ýörite industrial ösüşiñ oblasty" yglan edip, birinji bäşýyllyk meýilnamasynyñ başyny başlady). Türkiýede hem harbylar 1960-njy ýylyñ 27-nji maýynda şoña meñzeş sebäpleri tutaryk edip häkimiýete el urdy. Döwlet Meýilnamalaşdyryş edarasy we ş.m. işler güýje girizildi. Netije? Häzir näçinji gezek ykdysady krizisden çykmagyñ reseptini ara alyp maslahatlaşýarys? Çünki hurafalardan asgyn gelýäris. Mehmet Şimşekdir Ýusuf Tekin ýalylar boldugyça "tagut düzgüninden" çykmak mümkin däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |