00:41 Ýüzük kampaniýasy | |
ÝÜZÜK KAMPANIÝASY
Publisistika
1960-njy ýylyñ awgust aýy. Moskwa... Žurnalistler Ömer Sami Joşar, Orhan Karaweli bilen edebiýat taryhçysy Fahir Iz dagy türk edebiýaty boýunça geçirilýän konferensiýa gatnaşmak üçin bu şäherdedi... Sürgündäki Nazym Hikmet syrkawdy. Ýöne ol ýarawsyzdygyna garamazdan Türkiýeden gelen myhmanlary görmek üçin şygryýet duşuşygyna gitdi we bir goşgusyny dünýäniñ çar künjünde bolşy ýaly ýene-de türkçe okady... Türkiýeli myhmanlary bilen gürrüñdeş bolanda, Nazym Hikmetiñ ünsüni myhmanlarynyñ barmagy çekdi! Hiç biriniñ barmagyda nika ýüzüginiñ ýokdugyny görende: “Eýgilikmi, indi Türkiýämde ýüzük dakylanokmy?” diýip sorady. Gürrüñ berdiler: "- 27-nji maýdaky harby döwlet agdarlyşygyndan soñ 1960-njy ýylyñ 8-nji iýunynda "Gazna kömek we puluñ gymmatyny artdyrmak üçin" Stambulyñ 1-nji tankçylar batalýonynyñ ofiserleri we olaryñ aýallary "Ýüzük bagyşlama" kampaniýasyny başlatdy. Ildeşlerimiz döwlet býužetine gatanç üçin haýyr-sahawat mobilizasiýasyna gatnaşdy. Bizem ýüzüginizj bagyş etdik…” Nazym Hikmet şondan bir ýyl öñ Wera Tulýakowa bilen nikalaşypdy. Şahyr barmagyndaky nika ýüzügini çykaryp, Fahir Ize uzatdy. Fahir Iz gümrükden geçende ýüzüksiz geçendiklerini, yzyna gaýdanda ýüzükli geçip bilmejekdiklerini aýtdy… Muny näme sebäpli ýazandygymy aýtjak, ilki käbir maglumatlary dykgatyñyza ýetirmesem bolmaz: • DÜÝNI BILMEK Kaime - ilkinji osmanly banknoty, kagyz puly. Osmanly 1840-njy ýylda kaimäni çykaryp, başyna "bela" satyn aldy, ol häzir başymyzdan geçirýänlerimiziñ birmeñzeşini düýn başyndan geçirdi! Turuwbaşdan berilen prosent jedelli boldy. Inflýasiýa, nyrhlaryñ ýokarlanmagy ýaly kaimäniñ sebäp bolan detallaryna girjegem däl... Prosent belasyndan gutulmak üçin kaimäni hereketden aýyrmak meselesi orta atyldy. Soltan Abdylmejit emeldarlaryny ýanyna çagyrdy. Sadrazam (baş wezir), şeýhulyslam (baş müfti), nazyrlar (wezirler) mejbury kömek (iane-i umumiýýe) çykarylmagyna karar berdi. Ianäniñ toplanmagyna ilkinji bolup Stambuldaky döwlet işgärlerinden başlandy. Ianeler peýderpeý gazna geldigisaýy, kaime dolanşykdan çekilip ýakyldy. Bu proses 1862-nji ýyla çenli dowam etdi. Ýagny, döwletiñ ýalñyş ykdysady maksatnamasynyñ zyýany işgärlere doldurdyldy. Munuñ bilenem gutaranok. Soltan Abdylezize garşy döwlet agdarlyşygy boldy. Myrat V aklyndan azaşdy. Abdylhamyt II häkimiýet başyna geldi. Osmanly agyr ykdysady krizisden çykjak bolup, 1876-njy ýylda ikinji gezek kaime çykarmaga başlady. Bu gezek banknotdan jogapkär edara iñlis-fransuz şärikdeşligindäki "Osmanly" bankydy. Üç million liralyk kaime emissiýasyna karar berildi. Az wagtda limit 16 milliona ýetdi. Bu ykdysady maksatnama-da ýöremedi. Kaime bahanasy bilen meýletin kömek puly toplandy: İane-i harbiýe… Munuñ bilenem gutarmady. Osmanly birmeñzeş we nagt zerurlyklary üçin üçünji kaime dolanşygyny Birinji jahan urşy ýyllarynda durmuşa geçirdi. Yzyndan yene halkyñ üstüne gidildi - iane-i jihadiýe ady bilen mejbury kömek puly toplandy... Mus-musuñ mustapasyna geleliñ: • BAŞ-BAŞDAKLYK ETMEZDEN Okuw programmalarynda osmanlynyñ çöküşi diñe uruşlar bilen baglanyşdyrylyp, gürrüñ berilýär. Ykdysady taryhçylyk okuw maksatnamalarynda ýok. Ykdysady taryh boýunça çeşmelerem ýok diýerlik derejede az ýurdumyzda... Şol sebäpli hem kaimäniñ ýykgynçylykly zarbasy hemişe ünsden düşürildi. Ýogsam bolmasa, osmanlynyñ çöküş sebäbiniñ başyny şu ykdysady maksatnama çekýär-ä! Kaimäniñ döreden boşlugy iñ agyr ýitgilerden biridi, halkyñ döwlete bolan ynamynyñ ýok bolmagydy. Kemalist respublikanyñ ilkinji göreş ugurlaryndan biri-de, doly garaşsyz ykdysadyýeti kemala getirip, halkyñ döwlete bolan ynamyny gazanmakdy. Muña mysal hökmünde 1927-nji ýylda kaimäniñ dolanşykdan galdyrylmagyny görkezip bolar. Sürgündäki Nazym Hikmetiñ döwlete kömek bolsun diýip, ýüzügini berjek bolmagynyñ çuññur manysy ýokmy? Bu sowaly bermegimiñ sebäbi bar: Erdoganyñ-AKP-nyñ ykdysady syýasatynyñ jedeli edilsin, elbetde. Garşylyklaýyn pikir baýlyk ahwetin! Ýöne käbirleriniñ isleýäni şumatky häkimiýetde oturanlar gitse bolýar, döwlet çökse çökübersin! Serediñ: Ykdysady maksatnamasy oñmadyk her bir hökümet uzaga gitmeýär. Galyberse-de, häkimiýetler geldi-geçer zat, hemişelik durjak zat - halk... Bir döwleti gurmak üçin müñ ýyl gerek, ýykmak üçin bir sagat ýeterlik. Erdogan gitsin diýip döwleti çökertjek bolmañ! Bu gök asmanyñ üstümize saýa salyp duran gümmezi çökse, hemmämiz aşagynda galarys. Hiç kimiñ aýlygynyñ, girdeýjisiniñ kesilmezligi ýa-da iñ bolmanda ýüzügini bagyş etmezligi we ş.m-ler üçin özümizi salyhatly, sowukganly alyp barmaga borçludyrys. Sosyal mediýada ýazuw-pozuw edip, döwlete we ýurda bolan ynamy ýok etmäliñ. Siziñki dogry hem bolsa, ykdysadyýeti dowamly ýamanlamagyñ, her ädimini ýañsylamagyñ, jemgyýetde ynamsyzlyk döretmegiñ kime peýdasy bar? Munuñ sebäbi günümüzde syýasatyñ gönüden-göni garpyşma gurşawynda bolmagydyr... Diñe öz sferasynyñ hakly tarapyndan ýöredilen ýüzleý çekişmeler adamy we jemgyýeti gödekleşdirýär. Ýogsa-da, baş-başdaklyk etmezden gürläp, ýazyp bolanokmy? Dostoýewskiý şeýle ýazypdy: "Sowukganlylyk täsirini ýitirende şeýtan kömege geler". Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |