20:32 Ýylgyryň, gadyrdanlar! | |
ÝYLGYRYŇ, GADYRDANLAR!
Edebi makalalar
Harby kasam aýdyp gulluk eden bolsaňyz, bilýänsiňizle. Harby gullukda tälim berlende degişmä salnyp “Hekgeriň”, “Salparyň” diýen ýaly buýruklar ulanylýar. Elbetde, buýruk özüňden uly çinli adam tarapyndan berilýän bolsa, harby gullukçy buýrugy hökmany ýerine ýetiräýmelidir. Eger ýerine ýetirmeseň ýa wagtlaýyn tussaghana dykarlar, ýa-da hassahana. Elbetde, men siziň hiç biriňiziň şu iki öýe “del myhman” bolup düşmegiňizi islämok. Şeýle hem men size buýruk bermezden, gaharlanmazdan ýumşaklyk bilen “Ýylgyryň gadyrdanlar!” diýip ýüzlenýärin. Näme üçin diýýäňizmi? Onuň iki sebäbi bar. Birinji sebäbi ol saglygyň üçin peýdaly. Onuň üçin şu kitap üçin pul tölemezden degişmeleri okamaly. Ikinji sebäbini soň aýdaýyn. Ýöne şu bölüme şeýle at goýjagymy eşiden tanyşlarymyň biri “Ýylgyrman, gülseň bolanokmy?” diýip sorady. Elbetde bolýar. Ýylgyrsaň-a planym dolýar, gülseňem borçnamam. Şonda hem “öwgi” atly höweslendiriji sowgat hökman däl. Ikinji sebäp ýa-da bölümiň birinji degişmesi: Şägirt ýadaw halda oturan halypa ýazyja uly göwrümli golýazmasyny gowşuryp, okap öz pikirini aýtmagy haýyş edipdir. Halypa ýazyjy oňa: “Inim, sen gowusy maňa iň gyzykly ýerini görkezsene” diýipdir. Şägirt haýallyk bilen golýazmany agtaryp başlapdyr, halypa ýazyjy bolsa garaşypdyr. Şonda şägirt oňa “iň gyzykly ýeri” diýip golýazmanyň ahyryndaky adyny, familiýasyny görkezipdir. Menem size şu bölümiň iň gyzykly ýerini mälim edýänim üçin ýylgyryň, gadyrdanlar! Amanberdi ALLABERDIÝEW, Gyzylarbat etrabynyň Çukur obasynyň Türkmenistanyň gahrymany Täçmämmet Nyýazmämmedow adyndaky 4-nji orta mekdebiniň matematika, fizika, informatika mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |