ZERMAMA
(powestiñ dowamy)
Öz gykylygyna özi oýandy...
Asyl bu bolýan zatlar düýşi bolsa nätjek! Düýşünde beýle gorkunç wakalara duş gelmeginiñ sebäbine hiç ol düşünip bilenok. Nähili gorkunç bolsa-da, ölüb-ä gidäýenok. Ogluna derek özüni öldürse bolmyýamy, şol duşmanlar uruşda... Meýdi ýanan Soltan Sanjar diýsänim. Doga byjlygy, bulawaç dili duz iýen ojagyna gan çaýkadýan peläketler-ä, gezişip-ýaýkanyşyp ýörler. Meniñ oglumam...
Maýsa mama bu deñsizlige çydam edip bilmän, elindäki daşyny berk gysyp, dişini döwere gezek getirdi. Hawa, ol diñe şony başarýardy. Birem garaşmany. Haýsam bolsa, bir mahal şu ýedi ýoluñ çatrygyndan Soltan geçer diýip garaşmany bilýär. Ýöne, näme üçindir Soltan soñky döwürlerde howpy duýan ýaly, bu ýerlere gara beriberenok. Ýogsam, günde-de geçýädi-le welin...
- Garry mama, salowmaleýkim!
- Aleýkum es-salam, goç ýigit! Nirli borsuñ? Kimiñ kowmundan? - diýip, Maýsa mama ýüzüni sallap, keýpsiz halda ýolda ötüp barýan kişä jogap gaýtardy. - Näme beýle keýpiñ ýok? Men seni nirede gördümkäm, janlarym?
- Siz meni gören dälsiñiz, garry mama. Birine meñzedýän bolmagyñyz mümkin. Men Sarahsly, Muhammet Atsyz. Şol Soltan Sanjaryñ binasyny berkarar eden ussa. Keýpimiñ ýoklugynyñ sebäbem, garry mama, Soltan-a, şertim şahyma edäýdi. "Bu pelit, burnundan saryýag guýsalar-da, hiç hökümdara şuñ ýaly kuýaşly kümmeti salyp beräýmesin, galan ömrüñde. Şoñ üçinem, sepini bildirmän, ýüzüñe ýylgyrşyma, şuñ ýoguna ýanaýyn-la" diýip, patyşañ pygly peslige geläýipdir. Onsoñ meni sahawatly Enwerim gaçyryp goýberdi. Ine-de gelşim.
- Şeý diýsene. Indi, asyl, ýüzüñem nirede görenim ýadyma düşdi. Ýap-ýañyja düýşüme-de giren ekeniñ. "Şanamany" ýazan meşhur Maksudynyñ şägirdi, seni gaçyryp goýberen Enwerem ýanyma gelip gitdi... Hawa... Bä, bi bolýan zatlara bir seret-le! "Ýagşylyga-ýamanlyk" bolaýşyny... Señki dogrudyr. Ondan çykaýjagy hem şoldur. Maña bolsa "Soltan Sanjar kesbini kärä, kärini hünärä, hünärini senete, senetini sungata, sungatyny ganatlanma, onda-da goşa ganatlanma ýetirýän kämil kişilere görülmedik gadyr goýýar" diýdiler. Şonda ynanmadym, ynanmaýşym ýalagam boldy. Gadyr goýýanlygy çyny bolsa seni, çyn ussany ýoklajak bolmazdy. Ýogsa-da, "Işini uçursyz jäht tutup, äwip-alñasaman, ýañylyp-ýazman, sowukganlylyk bilen jylawyny deñläp, desgany gurýamyş" diýip gulagyma degdi. Näme işiñde bir harsallyk goýberäýdiñmi?
- Wah, aýtdym-a ýañy...
- Huşum barmy meñ, huşum gutarypdyr-a, köşek. Sen soragymy geñ görme meniñ.
- Harsal işe baş goşýanlardan däl, men. "Bula-bula, ber gula" edäýsem ynsabym oturtmaz. Diklän binañ asyrlary arka atyşyna, jaýrylyp-sarsman, ýanberip-ýarsman, gorlup ersmän, gaýta gitdigiçe görklenip, adyñy arşa götetmese, sendenem bir ussa bormy? O zatlara gaýratyñ kemter kaksa "Men ussa" diýip, petekäñi gaýşardyp, ili ultratma! Ho, itgyranyñ çölündenem kyrk menzil añyrda eşegiñi otar. Wah, men ähli etmeli işleri etdim-le. Saljak binam uzagyndan çökmän, leññerlenip gyşarman, bir sydryny saklar ýaly çuññur çukur gazdyryp, onuñ düýbüdir gyralaryny kerpije ömrülla çig düşnügini geçirmez ýaly, ýörite garyndy bilenm sünnäläp suwadym. Yzgar gelende-de zeper ýetmez ýaly, eneke guýularyny gazdyrdym. Garaz, "Işiñi ýamana sap, ýagşy çyksa alnyñdan" diýen ýörelgä eýerdim. Ýöne "Ýörän aýaga ýörme çolaşar" diýenleri boldy. Ymarat iki adam boýy galanda, käbir kespi kümürsik kezzaplar "Bu bina oñ çaky däldir" diýip, töhmet guşuny uçuryp goýbermezlermi. Menem bardym, halypamyñ ýanyna. Şeýle, şeýle diýip... Ol bolsa "Olar señ o binañy edil ylahydan guýlan ýaly edip bitirjegiñi añyp, içini tütedip, ýatyp bilenoklar. Göwnüm ýetip, pata berendirin saña" diýýär. Gaýtmazmyñ onsoñ "Hä, hawwa" berilmänsoñ, ýüzüme urlan ýaly bolup. Gelip ýañadan hyjuw bilen işe başladym. Ýene-de şol bahyl kezzaplar, meniñ şan-şöhratyma göriplik edip, Soltan Sanjaryñ gulagyny kamata getirýärler. "Eý" diýdi, "Beý" diýdi diýip. Olam näme çig süýt emen-dä. Ahyry ýüregi ýüregi ýel alyşyna, sal-sal eşikli, tanalmaýyn diýip, gaýdýar binanyñ ýanyna. Gelip görse, men eýýäm işiñ üstünde. Şonda ol meniñ gözüme güýdüşip kümmete girýär. Myññyldyly basgançaklara basyp ýokarygam çykýar. Birhaýukdan soñ içerde bir alas-gopaslygyñ bardygyny añyp çalganaklap barsam, ýurt hökümdary diwardaky ýarty kerpiçden ýazylmaga az galan gerjeşikli barmaklary bilen ýapyşypdyr-da, asyl-asyl bolup dur. Ýüzi dagam gök dalak. Men oña kömek edip aşak düşürdim, huşuna getirip suw berdim. Ol bolsa:
- Sag bol, ussam! Ussañ eýle-beýle, ogry-jümri diýip üstüñden dikme kemini goýmansoñlar, çal beýnilik edip, barlamaga geldim welin, o zatlañ bary gyrra ýalan ekeni. Ýarty kerpijiñe çyrşan laýyñ meñ göwrämi göterdi, ölümdenem gutardy. Soñam özüñ ýetişdiñ. Hydyr ata ýaly. Galan görjek günüm senden. Indi tagy-tarhan işläber, saña zowal bolmaz - diýdi. Ol binanyñ iñ soñkuja kerpijini goýanymdan soñ bolsa, şertim şahyma edip, meni ýoklamagyñ kül-külüne düşüpdir.
- Häýt, Tañry ýalkamadyk diýsäni. Gör-ä, onuñ edýänini. Menem elim daşly bu ýerde ýönelige oturamok ahyryn. Ýogsam indi halys egbarladymam. Düýe sagyp, keçe edýän ellerim özüme ýük, aslyşyp, onsuzam gysyk egnimi gysýa. Ýokary göterjek bolsam, göwräme agram düşýäni bildiripjik dur. Gözlerimiñ şöhlesi gaçypdyr. Bütin ömrüme aýakgap görmedik aýaklarymyñ hamy süñkümiñ daşyna iki gaýra ýetjek, gasyn-gasyn. Adam garrasa ýaraşyksyz bolýar ekeni. Şonda-da Tañryñ beren gününi ýaşap geçmeli-dä. Yzyndanam ölmeli. Indi maña bi zatlar düşnükli. Maña düşnüksiz başga bir zat bar, olam, ýañy gül kinin açylyp ugran oglumyñ ömrüniñ Soltan Sanjar sebäpli kertilmegi. Soltan ony gorap bilmedi... Hol "Ömrümde adam ogly bilen urşamak, galan ömrüme-de beýtme niýetim ýok, kimiñ gany gaýnaýan bolsa gitsinem urşawersinem" diýip çöl-beýewanda gaçyp-tezip ýörenler-ä ýaşaşyp ýörler. Meñ oglumam ölüp gitdi. Burnum ýere ýetenem bolsa, onun aryny Soltandan alyp bilmesem, gözümi açyp şu dünýäden giderin.
- Bu işde Alla size kuwwat bersin, garry mama.
- Goh-galmagal, bela-beter sowulýança, meniñ tünegimde boluber, oglum. Yns-jyns tapmaz ýaly ederin, seni.
- Hyzmatyñyz üçin Tañryýalkasyn, garry mama. Men gitmesem boljak däl. Han-ha, biri ýetip gelýär. Sag boluñ!
- Saglykda görüşeli. Meniñ tünegim islän wagtyñ açykdyr, guzym. Gelip durgun.
- Bolýar - diýip, Muhammet Ibn Atsyz as Sarahs dor atyna atlanyp, ýyldyrym süýnen ýaly gaýyp boldy.
"Eh, dünýe, dünýe" diýip, Maýsa mama Atsyzyñ yzyndan garap durşuna samrady: "Atam pahyr ony görse onluk gepläp, muny görse munluk gepläp, gabadyna getirdigem, dürt-dürt edişine, adamlaryñ arasyna alamöý giren ýaly etmegi başarýan, şeýdip märeke bozuşyna-da, suwdan gury çykýan mylaýym bimaza "Alaşeýtan" diýerdi. Sen, şol alaşeýtanlardan, eý, Tañry gargan Soltan Sanjar. Bi, ýagşylyga ýamanlyk etmäñ, näme señ? Edil adamyñ jany ýaly, gara ýer kysmy kiçi göwünli ussa seniñ adyñy asyrlara alyp gitjek bina gurany üçin berýän Tañryýalkasynyñmy şol? Sen... Sen... Dur bakaly, men seniñ çüýrük beýniñi şu elimdäki daşym bilen owradaryn. Ony men başarmasamam, gudraty güýçli Tañry bardyr. Ol ýokardan ähli zady görüp durandyr. Senem hasap okamaly bolarsyñ, öz wagtyñ gelende. Señem dokuzyñ düzüw bolaryndan bolmajak pursatlaryñ daşda däldir. Wah, gümbaşlyga salyp, hoşuña gelmeýän, içi güjükli ýakaşaksyz, kölegeli gürrüñi gulagymyñ guk ýanyndan geçirmän". "Depegenden daşrak" bolup gezseñ boljagam welin... Adamyñ ýüregi daşdan däl-dä...
(Dowamy bar)...
Amanmuhammet NEPES
Mistika we fantastika