“ALO, SAG-AMAN ÖRDÜŇIZMI?”
Wagt gijäniň ýaryndan ötende telefonyň jyňňyrdysyna tisginip oýandym. Bir topar ýazgylara güýmenip giç ýatypdym. Gözlerimi açalak-ýumalak edip, telefonyň trubkasyna elimi ýetirdim.
- Alo, salam, dost jan! Sag-aman ördüňizmi? Bu men, Örebaý! – diýip, aragatnaşygyň beýleki tarapyndaky adam özüni tanatdy.
Ol demirýol kärhanasynda işleýän tanşym Akmyrat aganyň uly ogludy. Bir şäherde ýaşaýan bolsak-da, ýaşulynyň ol ogly bilen öň tanyşlygymyz ýokdy. Arada bir toýda otyrkak saçak başynda tanşyp, söhbet edipdik. Dädesi ýaly agras, saýhally gürlemeýänini eýýýäm şonda aňypdym welin, toýçulykda kän aýp-syn edilýärmi? Gaýtam ýüregimiz gowy ýumşan bolarly, telefon belgilerimizi alşyp, gujaklaşyp diýen ýaly hoşlaşypdyk. Näbileýin edil beýledigini...
- Gijäniň bir wagty nämäniň “sag-aman ördüňizmisi”, dogan? – diýip, onuň sowalyna sowal bilen jogap berdim.
– Elbetde uklap ýatyryn, ýarygijede çigit çigitlemejegim belli dälmi?
Al petinden aldymmykam diýsem, ol gaýtam:
- Dost jan, göwnüme bolmasa gatyrganýaň öýdýän? Ukyňdan oýaryp, bimaza eden bolsam, bagyşlarsyň, goýaýyň trubkany – diýip, ýazykly halyna men bigünäni aýplap, götinogry edip barýardy. Soň ýaňsyly maslahat berdi-de, äwmän gürrüňini dowam etdi.
– Aý, gündiz köpräk ýataýypdyryn, indi halys ukym gelenok. Dost-ýarlaryňa jaň edip, hal-ahwallaryny soramagyň aýby ýokdur ahyryn! Dogry dälmi?
Onuň häzir gerinjiräp, uzyn-uzyn pallaýandygy bellidi:
- Sag bol, gadyrdan, edil wagtynda jaň etdiň – diýip, ganym dyňzap depäme ursa-da, syr bildirmezlige çalyşdym.
– Indi näme gürrüňiň bolsa aýdyber. A olar ýakymly hüwdi bolup gulagyma hoş ýakýar, keýpimi göterýär.
Täze tanşymyň telefon arkaly näçe wagt gürrüň berenini bilemok. Ýöne säher çagy süýji ukudan birkemsiz ganyp, ruhubelent halda oýandym.
Şahymerdan SARYOGLY.
|