09:08

Ata-babalarymyzyñ paýhaslaryndan

ATA-BABALARYMYZYÑ PAÝHASLARYNDAN
 
- Awçy ýaragsyz, ekin bagbansyz bolmaz.
- Bir elde bäş barmak bar, ýöne olaryň her biriniň wezipesi bar.
- Taý atyň yzyndan ýörär.
- Ýagyşda bürgüt jüýjesini, aýazda özüni gorar.
- Ýaramaz howa gowy howa öwrülip biler, erbet kişi oňat adama öwrülmez.
- Pis adamyň ýakymly sözi bolmaz.
- Süýt soramaga gelen tabagyny gizlemez..
- Şu günki ýumutga, ertirki jüýjeden gowudyr.
- Ogrynyň haltasy deşikdir.
- It doýan ýerini,ynsan doglan ýerini unutmaz.
- Toprak gurply bolsa, daýhan baý bolar.
- Il bolan ýerinde batyr tapylar.
- Watan-altyn sallançak mysalydyr.
- Bir adamy ýeňip bolar, halky ýeňip bolmaz.
- Möjegiň çalyndan, namardyň alyndan gork.
- Ynsanyň şamçygagy goşa dideleridir.
- Baýlygyny ýitiren garyp däl ynsabyny ýitiren gedaýdyr.
- Goňşynyň dogandan ýakyn bolýan wagty hem bolýar.
- Ene-atanyň gadyry perzendiň ýetişende bilinýär.
- Dost-dogan gadyry ýalňyz galanyňda duýulýar.
- Orta ýaşda aýalyň ölmesin, orta ýolda arabaň döwülmesin.
- Ogly atasyny, gyzy ejesine hemişe meňzäp duranok.
- Ýykylmadyk at, ýalňyşmadyk adam bolmaýar.
- Söz daşy döwmesede, daş kelläni döwermiş.
- Dowar bakmadyk goýun-geçiniň gadryn näbilsin!
- Itiň samsygy ýer gazar, zenanyň akmagy gep gözlär.
- Gahrymanyň gelip çykyşyna däl-de, bitiren işine baha berilýär.
- Süri malyň bolandan her obada dostuň bolsun.
- Dost ýüzüňe, duşman aýagyňa sereder.
- Ganyň ysyn garga biler, ýoluň ugrun ýorga.
- Ynsanyň görküne däl-de, paýhasyna baha berilýär.
- Manyly söz baýlykdan gymmatdyr.
- Gadymy söz—halkyň gaznasy.
- Ýagy söz tagamly aşdyr.
- Bergili däl-de, hassalan öler.
- Myhman bolsaň diliňi sakla, ynsan bolsaň diniňi.
- Erbet adamdan ýagşy söze garaşma.
- Ýamany görmedik ýagşynyň gardyn nä bilsin!.
- Daň atmasa gün çykmaz.
- Ýagyş topragyň bagtydyr.
- Gurduň gurugyny kesselerde möjekligine galýandyr.
- Gün alysda ýerleşýän bolsa-da zemini ýyladýar.
- Yrsgal-nesipden:” Nirä barýarsyň?”-- diýip soranlarynda?—“Agzybirligiň bar ýerine!” diýenmiş.
- Garrygyzyň hem bagtly bolmagy mümkindir.
- Ýazda ýylandan gorkan, güýzde ýüpden gorkarmyş.
- Ir ýörän geçen ýoluna begenermiş
- Garrylyk kesel bolsa-da onuň bagtly pursatlary bolýar.

Toplan: Şahymerdan SARY OGLY.
Категория: Sözler | Просмотров: 529 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]