14:55

Aýazbabanyñ täsin sowgady / hekaýa

AÝAZBABANYŇ  TÄSIN SOWGADY
        
Ulularyň dogruçyllygyna çagalar şübhesiz garaýarlar. Ýöne beren wadaňy unutsaň sapýürek, ynanjaň çagalaryň kalby gyýylyp, ony uzak wagtlap unutmaýarlar.
Täze ýylyň öňüsyrasydy. Gyş paslynuň aýazly sowugy duýulýan bolsa-da heniz ýere gar düşmändi. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň arzuwlaryny  poçta bukjasyna salyp Aýazbaba iberýän möwsümi dowam edýärdi. Heniz gögele çagalaryň arasynda  bu bir ýörgünli kada öwrüldi. Ynha bu gün birinji synpda okaýan agtygym Myratjyk:     
- Geçen ýyl dostum Perman  welosiped edinmegi arzuw edýändigini hat üsti bilen Aýazbaba ideripdir welin ol hem oňa täzeje welosiped  sowgat iberäýipdir. Ynha men hem şeýle arzuw bilen oňa hat ýazsam ony poçta arkaly iberip bilermiň? - diýende,  agtygymyň göwnüni ýykmadym.      
Täze ýyla sähelçe gün galypdy. Agtygym bolsa Aýazbabadan geljek sowgada sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Her gün irden howlynyň içindäki bukyja ýerlere aýlanyp çykardy. Onuň pikirine görä Aýazbaba sowgadyny şol ýerde goýýarmyş.        
Agtygymyň çyndan hem sowgada garaşýandygyny bilemsoň birbada gyýylsamda, basym onuň çäresini  tapdym.
Dynç güni bolansoň Myratjyk  adatdakylaryndan giç oýandy. Men bir bahana arap ony saraýa ibermek isleýärdim.  Düýn ol mekdebe gidende oňa laýyk welosipedi dükandan satyn alyp, şol ýerde gizläp goýdym.        
Saraýa giren Myratjyk ol ýerden zymdyrylyp çykanda elinde Aýazbabanyň iberen haty bardy. Soň saraýa täzeden giren agtygym welosipediniň jaňyny kakýardy.
- Ata, ene, kaka, eje görsenäň muny, Aýazbaba meniň arzuwymy kabul edip, täzeje welosiped iberäýipdir-diýende, onuň şatlygyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi.       
Gelnim, oglum, keýwanym sowgady kimiň  satyn alandygyndan habarly bolsalar-da syr bildirenokdylar. Aýazbabadan  welosiped sowgat alan agtygym häzir özüni dünýäde iň bagtly çaga hasaplaýardy.  
Biz Myrady gutlap, täzeje welosipedine  toý  ýaglygyny dakdyk. Indi topar bolup howluda welosipedli her dürli aýlawlary edip ýören agtygyma guwanç bilen seredýärdik.  

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 412 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]