06:40 Bahar görnüşi | |
BAHAR GÖRNÜŞI
Ýaz ysynyň ýaýran gündizlerinden Hem gijelerinden beleňlän dünýä, Çasly gülküleriň, ýylgyryşlaryň Salkyn saýasynda seleňlän dünýä Gözüne güýdüşip gussadyr gamyň, Janly-jemändäni gujaklap otyr. Ol pursat berenok hasrata, kinä, Kalplary bilniksiz gyjyklap otyr Hem göterip otyr göwni asmana. Bu mahal her ynsan, bar ynsan — şahyr! Menem, senem, olam ylham deňzinde, Gulaçlap-gulaçlap ýüzüp ýörüs biz. Serimizi dumanladyp yşk bilen, Gözümizi bagtdan süzüp ýörüs biz. Gezip ýörüs lezzet alyp barlykdan, Dünýäň bahar hakda sazyn diňleýäs, Ýagýas bagtyýarlyk ýagmyry bolup, Diňmeýäs! 2014 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |