BONJOUR!
Şu gezegem onuň saçlary goňurdy. Elini galdyranda bilegindäki dürli reňkli owadan daşly bilezigiň gözelligi içiňi gysdyrmaýar. Belki şaňňyrdysam bardyr, ýöne, öwrenşilen sesden ýadalansoň, ony agzamagy başga bir güne goýdum. Gözleriniň we gaşlarynyň reňklerini we olaryň sazlaşygyny ortalarda suratlandyrmagym ahmal. Pöwrize reňkli ulag ol gyssanmaç eli görenden howlukmaç sägindi. Aýnäzik örän rahat:
– Pariže, Inconnu köçäniň ugrundaky Aucun jaýyna gitmeli. Soň ýene-de aýlanmaly ýerlerim bar.
– Özüňiz tapýaňyz dälmi?
– Bize salgy bererler! Her gitjek ýer üçinem dört-dörtden goşýan.
Sürüji begençli:
– Mün!
Şol wagt gyzyl ýandy, sägindiler. Aýnäzik ugrukdyrdy:
– Göni gidiberiň!
Bu giňräk çatrykdan göni geçdiler. Ýoluň gyrasynda sakgaly agaran gür gara saçly nurana ýaşuly dur. Elinde bolsa “Saga” diýen ýazgyly çelgi bar. Sürüji saga sowuldy. Biraz ugranlarynda başy mawy ýalykly bir daýza ýylgyryp, eli çelgili çykdy: “On üç metrden çepe, soň saga!”
Sürüji öwrüldi. Ýagyş çisňäp başlandan Pariže gelendikleri bildirdi. Ine, meşhur Eýfel, Arko. Bir köçäniň başynda “Inconnu” ýazylgy. Ulag çala ezildem welin, hapalanmady. Romantik şäheriň poetik köçeleriniň içinde azaşasyň gelse-de, häzir “Aucun” öýüni tapmaly. Sürüji bir saga, bir çepe bakyp ýetişýänçä göni seredip oturan Aýnäzik:
– Geldik, isleseň senem geläý! – diýdi.
– Elbetde, Pariže ilkinji gezek gelşim meň!
Gyz bir jaýyň howlusynyň demir gapysyny jygyldadyp açmady. Mylaýym açdygy, ses ýitirim bolan ýaly. Howludan görünmeýän öýe girdiler. Göýä öňem gelip görene meňzeýär Aýnäzik. Sürüji oglanyň gözleri bolsa töwereginde. Iki gatsyz jaýyň birinjisinde bir goja:
– Bonjour! Hoş geldiňiz, çaýyňyz sowamanka içiň, Aýnäzik seňkini hemişeki ýaly lawanda ýapraklary bilen ýandagyň gülleri garyşylan demledim. Daýanjyň bulguryna süýtli gara guýdum.
Bilşiňiz ýaly, Daýanç geňlemedi. Onuň diňe gyrada oturyp bulara tomaşa edesi geldi. Şol goja – men.
– Gerekli bukjany taýynladym. Ynha, şu gutujykda elinjek dur. Isleseň, şu wagt açyp gör, isleseň, doly taýýar bolýança garaş.
– Men soňuna garaşaýaýyn!
– Bolýa, ol iň gowusy! Ilki bilen jadyly sözi aýtmagy unudaýma onda! – diýip ýylgyrdym. Yzyndanam ýuwaşça ýerimden turup perdäni açdym. Bul diňe gepiň gerdişi bilen hereketiň dowamy. Jadyly sözüň nämedigini bilesiňiz gelýändir. Ony Näzigiň gulagyna pyşyrdadym-da, olary ugratmak üçin gapa ýöneldim. Yzyndanam hiç zat diýmän, ýylgyrdym-da, çaýym bilen boldum.
Öýden çykanlarynda ulagyň reňki açyk ýaşyldy. Ikinji ýere gitmeli. Yzda elindäki göýä piliň süňkünden ýasalan demir gutujygyny gujaklap oturan Aýnäzigiň gözleri gülende nur saçýar. Köçäniň soňunda bir gara gözli, gyzylymtyk saçly zenanyň elindäki çelgide “Saga” diýip durdy. Ýöne sagda ýol ýok bolsa-da, Daýanç öwrüldi. Ol ýerde oglan-uşaklar gygyrşyp, oýun oýnap ýördüler. Arasyndan biri bulary görüp, barmagyny çommaldyp ylgap geldi-de, oglanyň eline bir bölek kagyz tutdurdy. Kagyzy bilelikde okadylar: “Togsan ýedi metrden çepe”.
Rimde garaňky düşüpdir. Kollizeýiň yşyklary aýnasyz penjirelerden saçylyp dur. Daýanç yzyna öwrülip, gara gaşly Aýnäzige ýüzlendi:
– Haýsy köçä?
– Desiderio.
– Bolýa, ýetip barýa-as, ana, ýetdik.
– “Cuore” ýazgyny görseň saklan.
Kaşaň edip gurlan ýeke gatly jaý. Howlusyz, gapysyny ýene Aýnäzik açdy. Muzeý ýaly öý. Olary mawy köýnekli zenan garşy aldy.
– Benvenuto!
– Hoş gördük! Ine-de, gutujyk.
Ol zenan – men. Ikisine mürehet etdim:
– Siz kofýaňyzy içýänçäňiz menem gutujyga göz aýlaýyn!
Ol ikisi geçip oturdylar. Menem oňa çenli guta bir zatlar goýuşdyrdym. Bukjany açdym-da, siziň soragly nazarlaryňyzyň astynda bir zatlar çyrşadym. Näzigiň kellesini dyrmalaýan bir soragyna jogap berdim:
– Şonda içýän çaýyňam, okaýan kitabyňam, eşikleriň reňkem, adamlaryň psihologiýasam seni ýadatmaz. Ýüregiň uly, pikirleriň giň bolsun! Galanyň alajy tapylar.
– Islän wagtym geläýinmi öýňüze?
– Elbetde, men hemişe şu ýerde. Gezelenç etmäge gitsemem, geljek wagtyň hemişe öýde tapylaryn! – diýip, gutujygy eline tutduryp, yzlaryndan elimi galgadym.
Näzik kellesini yza öwürdi, menem barmagym bilen bir şekiljik çyzdym. Olam düşündi, menem. Bu şekil täzelän jadyly sözümdi. Ýa-da üýtgedenim diýmän, üstüni ýetirenim diýäýin.
Daýanjyň toprak reňkli ulagyna geçdiler. Aýnäzigiň elinde başdaky guty bilen ýene-de bir kiçijik gutujyk bardy. Ol diňe seretmek bilen oňdy. Azajyk ýöränlerinde kafe çykdy. Her stolda ikiden üçden adam otyr. Ýedi-sekiz stol bar öýdýän. Ulagy görenlerinden hemmesi ellerini çepe tarap uzatdylar. Daýanç çepe öwürdi. Bir köprüjik çykdy, ady Leabhar. Depesinde-de ýazgy dur: “Dublinde hoş gördük! Köprüden geçdikleri ýaş jübüt ellerindäki çelgileri güjeňleşip çykdy: “Dogry gelýäňiz! Ýetdiňiz! Howa bolsa ikindiniň salkyny”.
– Menem giräýjek!
– Giriber, elbetde! Ýaňy beýlekilere arkaýyn girdiňem ahyry!
Ýene özbaşyna bir öý. Melewşe geýnen Aýnäzik bilen ýaşytdaşa meňzeýän iki sany gyz. Ekiz-ä däl. Sebäbi bular – men!
– Failte roimh chach! Size täze öwrenen kokteýlimizden taýynlap goýduk – diýdim.
Ynha, bu gutujygam size! – Näzik gutyny uzatdy.
– Göreli, bukjany nämä öwürdilerkä!
Şu gezek meňem ünsümi çekdi – diýdi Daýanç.
– Geň, ýol boýy sesiňi çykarman gelýärdiň – diýişdim. Olam çala utandy. Ýerimizden turdum. Eýleki otaga geçdim-de, etmeli işimizi edip bukjany ýapdym. Daýanç bilen Näzik bolsa daşaryk seredip oturan ekenler.
– Beýle gaharjaň bolmasana, Näzik, sen diňe ýöre, dogry ýöre! Ýoluň özi elter! – diýdim. Şeýdibem, bu ikisini ýola saldym.
Daýanç mämişi reňkli ulagyny otlanda, Näzige jadyly sözi ýatladyp, elimiz bilen bäşlik ýasadym. Ýylgyrdy. Bulara seretseň, hezil edinip ýörler. Ýöne, ine, Stambulyň agşamy hiç neneň däl eken. Ý.D.Degil mähellesindäki “Haýyr” diýen öýde Daýanç bilen Aýnäzige garaşyp, ullakan maşgala stoluň başynda şamlyklaryny ellemän oturan ekenler. Iki sany oturgyjy boş goýupdyrlar. Maşgala agzalarynyň sany iki eliň barmaklaryny geçibem baranok. Olar – men.
– Merhabalar! Buyrun! Hany, sowatmaly, soň çaý başynda gürrüň ederis! – diýdim.
Işdäňiz açyk bolsun!
– Sag bol Näzik, sag bol, Daýanç! Myhman başlar!
Çaý başynda gutujyga ser saldym. Üýşüp bir zady aýyrdym, bir zady goşdum. Kiçijik gutujyga-da nazarymyzy aýladym. Asmanda ilkinji ýyldyzlar görnüp başladam welin, myhmanlary eglendirmän daşaryk çykdym. Howluda bir aýdyma hiňlendim. Şol wagt deňziň ýakymly ysly şemaly öwsüp, Näzigiň saçyny sypap, bir zatlar pyşyrdan ýaly boldy. Dogry bildiňiz – jadyly sözi.
– Nireden başlamalydygyny bilýäňmi, Näzik?! – diýdim.
– Başyndan!
– Başynyň nirededigini tapmasaň, seň başlajak ýeriň şol bolar!
Daýanç krem reňkli ulagyny düdüldedip sürdi. Menem yzlaryndan gülümsäp seretdim.
Bir ugra ýola düşdüler. Çelgi görkezýän ýok. Garaňky düşdi. Daýanjyň ýüreginiň gürsüldilerine alada goşuldy. Aýnäzik bolsa ulagdan kellesini çykaryp, Ýeriň ähli şatlygyny bir ýerde jemlän ýaly gygyrýar. Yzyndanam näzik gutujygy sypady-da, gözlerini gyrpyp, ýylgyrdy. Henize çenli eşidilmedik ýakymly owaz we bark urýan üýtgeşik ys bilen kümüş gutujyk açyldy. Ony daşaryk oklap goýberdi. Içinden bolsa ýyldyz ýagyşlary daş-töwerege paýrady. Daýanç aňk bolup, bu görnüşe tomaşa edip oturşyna, ulagyny sürmegi unutdy. Aýnäzik gapyny begençli açdy-da, asman giňişligine özüni oklap, ýyldyzlary gar kimin seçeläp başlady. Howada duran ulag, tans edýän ýaly, o ýan-bu ýan aýlanyp dur. Soňam Aýnäzik elini ýyldyzlardan doldurdy-da, göge sepip goýberdi. Asmanda bir ýazgy döredi: Hoş geldiňiz!
Ýere düşdüler. Aradan kän wagt geçmedigem bolsa, kän gezek gaýta-gaýta dadyp göresiň gelýän süýji wakalar geçdi.
– Meni alan ýeriňde düşüräý, Daýanç!
– Elbetde!
Doýgun gök reňkli ulag saklandy. Aýnäzik elindäki eýleki kiçi gutujygy oňa uzatdy-da, ulagdan düşdi.
– Bu seniň gutujygyňdy!
– A jadyly söz muňa-da gerekmi?
Özüň islendik sözi diý-de, açaý!
Gutujyga äň edip durşuna Aýnäzigiň eýýämhaçan gidip ýetişenini görmedi. Yzyna seretdi, hamala ol ýok ýaly. Göni öýüne sürdi. Gapyny derrew açyp, içerik, öz otagyna kürsäp girdi. Gutujygy söz diýip açdy. Içinden Daýanjyň ýol haky dürli hili bolup çykdy. Uly myhman otagda bir kiçeňräk galmagalam eşidildi. Entäk muňa haýran galyp ýetişmedik Daýanç ylgap, şo jaýa ylgady. Aňyrda tanyş adamlar dur, bir goja, zenan, gyzlar, soňam ullakan maşgala, ýagny, men! Hemmämiz jemlenip:
– Hoş geldiň, Daýanç! – diýdim.
19.03.2018
Seýran OTUZOW