19:53

Göwün / hekaýa

GÖWÜN

Wokzaldaky gazet satylýan kioskdan özümiň goşgular toplumym çykan täze gazetden birini aldym-da, oturmak üçin amatly ýeriň gözlegine çykdym. Elimdäki täze gazetiň özüneçekiji ýakymly ysy bardy. Goşgularymyň birinji gezek çap edilmegi bolmasa-da, ýolugra gyzyklanma bilen gazede seredip başladym. Bulary ýaşlar gazedine eltenimi ýatlaýan.
…Goşgulary okap oturan bölüm müdiri başyny galdyrýar:
– Soňky döwür gamgyn ýazyp başladyň!..
Ýaşynyň uludygyna garamazdan, biz ýaşlar bilen deň-duş ýaly gürleşýänligine, degişýänligine arkalanyp, ýylgyran bolýan:
– Özüňiz aýdýadyňyz-a, goşgy ýazaňyzda kelläňdäki zady däl-de, ýüregiňdäki zady ýazmaly diýip…
– Onda seň ýüregiňi bejermeli bolupdyr…
Gülümsireýän:
– Wagt bejerer, men heniz hiç ýerik gyssanamok…
– Hym, onuňam dogry, wagtyň eline düşen özüň bolma, hasam – adam bolup… Näme bolsa-da, bulary goýup git. Ulanjak bolup göreris…
Ine-de, gazetiň bir sahypasynyň dörtden birinde «ulanylan» goşgular.
…Büdredim. Gazetden başymy galdyrsam, ýekeje özi skameýkada oturan gyza gözüm düşdi. Daşyndan görnüşüne görä, meniň bilen deň-duşrak – ýigrimi-ýigrimi bäş ýaş töweregi bolmaly. Egnindäki haýsydyr bir gülüň uşajyk ýapragy bilen bezelen gyzyl köýnegi endamyna syrlaşyp dur. Bir örülüp goýberilen saçlaryny çep egniniň üstünden goýberipdir. Perişan halda oturşy kimdir biri tarapyndan terk edilen, indi hem nirä gitjegini bilmeýän ynsany ýatladýardy. 
Töwerekdäki az sanly boşlaňrak ýeriň biri bolansoň, dyz epmek üçin men onuň ýanyna ýöneldim. Ýakynlaşdygym saýy, el telefonyndaky mylaýymlyk bilen eşidilýän, maňa örän tanyş bolan aýdymyň gussasyny ýüreginde saklaýan ýaly, wokzaldaky gaýda-gaýmalaşyga üns bermän, gözlerini bir nokada dikip, nämedir bir zady nazary bilen sorup aljaga meňzeýärdi. 
Onuň ýanynda sägindim:
– Salam, oturmak mümkinmi?..
Ol ýuwaşlyk bilen aýdym aýdyp duran telefonyny öz ýanyna çekdi. Şunça märekäniň içinden çykyp, özüne söz gatan nätanyş hakda döräp biläýjek geňirgenmäniň tersine, biparh nazar bilen seretdi, ýöne soragymy jogapsyz galdyrmady:
– Elbetde, oturyň.
Men uly goştorbamy skameýka ýaplap goýdum. Elimdäki ýantorbamy hem gapdalymda goýdum-da, tanyşlyk üçin söz gatdym:
– Meniň adym Gurban Saryýew, özümem şu ýerli. Aşgabatdan.
Ol ýüzüme birgeňsi ýylgyryp seretdi.
– Tüweleme, siz edil kinolardaky ýaly tanyşýaňyz… Men bolsa Selbi, familýam Orazjumaýewa. Murgapdan – diýip, dogumlylykda hiç kimden pesde däldirin diýen äheňde jogap berdi.
Şol pursat gyzyň eline dakynan alajasyna gözüm düşüp, ýüregim jigläp gitdi. Aljyradym. Eýýäm näçe wagt bäri unutmaga çalyşýan geçmişim aňymda, kino lentasy ýaly, pursatma-pursat geçip, şu güne geldi.
…Jeren hem edil şuňa meňzeş alaja dakynýardy. Ak gar ýaly bileklerini bezeýän alaja, her gezek ellerinden tutan çagym galtaşardym. Hamala şol alaja maňa içgin ýakynlygyň soňky serhedi ýaly görnüp, şondan ýokaryk geçmegiň näzik duýgulary harladygym boljakdygyny ýatladýan ýalydy. Jereniň şol alajasyny wasp edip goşgy ýazyp beremde, «Alajany ören gyzdan öň, alajany wasp edýäň-le sen, şahyr» diýip, çaga ýaly öýkeläni ýadymda. Şonda men ähli goşgularymy diňe özüň hakda ahyryn diýip ezizlämde bolsa, mähirli ýylgyrypdy. Men şo ýylgyryşdan ömürlik mahrum boljagyma şol wagtam ynanamokdym, häzirem. Ol gözleriň meni aldap biljekdigini aklyma-da sygdyryp bilemokdym. Emma bir-biregiň göwnüne degmegiň akyla sygmajak zatdygyndan başlanan duýgularyň käbir ýagdaýlara döz gelmänligi üçin gözümiziň alnynda ähli zat gutardy. Edil bir pursatlyk owadan düýş ýaly, hemme zat geçip gitdi. Ol günler nähili ezizdi, ýakymlydy. Geçen günleriň ýakymyndan tesseli gözläp, adama ýatlamlarda ýaşap ýören pursatlary bilen göwnüni aldamak galan bolsa, etjek alajy ýok ekeni. Indi Jerenem ýok, şadyýan goşgy hem ýok. Soňky döwür gussaly goşgular ýazýanymyň sebäbi hem şoldy ahyryn. Sebäbi goşgy ýazmak isläp, eline galam alan islendik adam hergiz ýüregindäkini ýazýar. Bolmanda, özüm-ä şeýle. Goý, şahyrlar biziň ýazýanlarymyz özümiz hakda däl diýibersinler, barybir her bir sözüň aňyrsynda şahyr ýüreginiň urgusy tirpildäp durandyr.
– …Örän gowy, Selbi, sizem bir ýerik barýaňyzmy?! – Men derhal öz sowalyma özüm jogap berýän. – Weh, meň soragym nähili diýsene, wokzala munça goş bilen gelen adam, bolmanam, ýa bir ýerik barýandyr, ýa-da bir ýerden gelýändir – Şeýle bolmagynyň mümkin däldigini bolup oturşyndan aňsamam, Selbiň ýüzüne ýylgyryp seretdim. – Ýa-da kimdir birine garaşýandyr.
– Ýok-la, hiç kime-de garaşamok… Otla garaşýan…
«Dünýäm, senden göwnüm galdy, bilýämiň?..»
Telefondaky şol bir aýdymy gaýtalanyp duran bagşynyň sesindäki gussa edil gyzyň ýüzüne geçen ýaly. Dünýäden öýkelän adam deýin, ähli zady owwarama edip, indem hut dünýäň özündenem biparh görünýän nazaryndaky ünjüsi, göýä, meniňki bilen kybapdaşa meňzeýärdi. Adam hergiz özüne bolan ýakynlygy duýmaga golaý bolýar. Özüne zor salyp gingöwrümli boljak bolsa-da, onuň nämedir bir zatdan ejir çekýändigini bilýän. Az wagtlyk çaknyşyp giden gözler özündäki ýylgyryşlaryň ýalandygyny gizläp bilenoklar. Gözler hemişe-de ýalan sözlemekden ejiz gelýär. Mende, nämüçindir, onuň gussasyny bölüşmek islegi duýuldy. Bir zatlar diýip, göwnüni açasym geldi. Dymyp oturmazlyk üçin aramyzdaky dymyşlygy bozmaga amatly bahana bolup duran telefona ümläp, sowal berýän:
– Bu aýdymy haladyňyzmy?..
Selbi aýdymyň sesini peseltdi.
– Hawwa, gowy aýdym, edil ýüregiňe baraýjak sözler bilen ýazylypdyr… Aýdymçam gowy aýdýar. Goh-galmagaldan ýaňa kelläm agyryp gitdi. Howlugyp, biraz iriräk geläýipdirin. Şonuň üçin aýdym diňlän bolup otyryn. Şu aýdymy şeýle bir gowy görýän. Içim gyssan wagty diňlesem, gussam ýeňlän ýaly bolýar… Ýa-da öçüreýinmi?!
– Ýok, öçürmäň, goý, aýtsyn. Gaýtam menem şu aýdymy gowy görýän, edil siz ýaly.
Ýurda belli ussat bagşyň ýerine ýetirenligi üçinmi, bu aýdym soňky günler, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda meşhur bolupdy.
– Men goşgy okamany, aýdym diňlemäni gowy görýän. Bu aýdymyň goşgusyny bolsa bir gezek diňlänimde ýat tutdym. Meniň aýdasym gelen zatlarym aýdylypdyr. 
– Hawwa, şahyrlaram şu adamlaryň bir bölejigi…
– «Owaz» radioda ilkinji gezek diňlänimd-ä tas aglapdymam. Birhili, ruhuma golaý bolup göründi. 
Selbi bilen sözümiz alşyp gitdi. Aýdym, goşgy hakynda başlan gürrüňimiz çygyryny derrew giňeltdi. Ol özüniň ýokary okuw jaýynda okaýandygyny, dynç alyşa çykandygyny, häzir hem öýlerine barýandygyny aýdýar. Köpden bäri öýlerinde bolmandygy üçin (elbetde, tutuş bir ýyl az däl ahyryn diýip ýylgyrdy) kakasyny, ejesini, esasan hem kiçi jigisini beter küýseýändigini, göresiniň gelýändigini süýji ýylgyryp ýatlaýar. Kakasynyň özüne «Nurly Günjagazym» diýýänliginem aýtdy. Şol pursat onuň gözlerindäki uçgun, heniz dünýä bilen eziz bir baglanşygyň barlygyny aňladýan ýaly, ýyldyrap, tutuş meňzine çaýylyp gitdi. Hawa, haçan-da saňa garaşylýan wagty öýüňe gitmekden gowy duýgy ýok ahyryn. Onda-da köpden bäri bolan aýraçylykdan soň. 
Men näme sebäpden şeýle edýänligimem bilmän, söz arasynda, ondan näme üçin şeýle owadan gyzyň beýle gussaly halda oturanlygyny soranymda bolsa, edil sähelje wagt mundan öňem umyt uçgunlaryna beslenen gözler ýene öňki ýagdaýyna dolandy. Kemsidilen ynsanyň perişan garaýşyna öwrüldi. Ýüzüne kölege indi. Maňa eýýäm tanyş bolan gussaly ahmyryň keşbinde ýere bakdy-da, «Kemal…» diýdi, soňam göýä ýalňyş zat aýdan ýaly syrly dymdy. Men bolsa hemmesine düşündim. Onuň ýere sereden intizar gözlerine diňe yşk derdini çeken düşünip biler. Gözler eýýäm onuň ýüz sözde hem düşündirip bilmejek zadyny ýekeje garaýşynda düşündürdi. 
Onuň derdini mundan artyk ölçermek islemedim. Ýene-de gürrüňmiziň hörpüni üýtgetdim. Öz kärim, gazetde işleýänligim barada aýtdym. Selbi:
– Sizem bir ýerlerik dynç alşa barýaňyzmy? – diýip, goşlarma seretdi.
– Ýok, men on günlük iş sapar bilen Awaza barýan. Siziň otlyňyzdan soň meniňki gelýär…
– Gazetde işleýän bolsaňyz, sizem goşgy ýazýaňyzmy?!
– Hawwa, käte ylhamyň üstümden ýol salan wagty, ýazan bolýan…
– Edil şu – ol telefonyna tarap ümledi – aýdymdaky ýaly ýazyp bilýäňizmi?
Ýylgyrdym:
– Hatda şu aýdymyň näme ýetmeziniň bardygynam aýdyp biljek!..
Beýle ynamly gürlemegim Selbinem gyzyklandyran bolsa gerek. Ol ýylgyryp:
– Aý, goý-a – diýenini hem duýman galdy. Meniň aýdan sözlerim – ony gussalar dünýäsinden alyp çykmaga eden synanşygymdy. Şonuň üçinem aramyzda dörän ýeňiljek şowhunyň badyny ýatyrmak islemedim. Garagol çaganyň gyzykmasy bilen jogap berdim:
– Ýok, goýjak däl. Seret, ine, şu ýerde şahyr: «Arzuwlamda arzuw seniň barlygyň» diýipdir. 
– Hawwa, ana, şol ýerinem ýaman gowy görýän.
– Ýöne şahyr şo ýerini: «Bu dünýäde arzuw seniň barlygyň» ýa-da «arzuw seniň bu dünýede barlygyň» diýen bolsa, hasam gowy bolardy. Sebäbi şeýle eden bolsa, öňündäki setir bilen baglanyşygy güýçlenerdi, hemem goşgyň umumy akymyna goşulardy. Ýogsa bu görnüşde ýekeje setir sebäpli, tutuş goşgy dagynyk görünýär!..
Selbiniň meniň aýdan zatlaryma düşünmedik bolmagam ahmal, şonuň üçin ol:
– Men-ä şo durşuna goýmalymyka diýýän – diýdi-de, gürrüňe gyzyk berýän manyda güldi. – Göwnümemi, ýa, Siz birhili bu goşga beter daraşýaňyzmy?..
– Aý, ýok-la, men ýöne, umuman, pikirimi aýtdym-a. Bu aýdymy menem gowy görýän. Ýöne her bir goşgam ilki pursatda kämil bolup döränokmyka diýýän. Her täze ýazan goşgyňy, «dünýäň iň kämil goşgusyny döretdim-ow» diýdirýän göwnihoşlugyň sowaşandan soň täzeden üstünde işlemeli bolýar. Onsoň käbir goşgularyňy köp ýyldan soň görseňem, wah, pylan ýerini şeýle eden bolsam gowy boljak ekeni diýeniňem duýman galýaň.
– Siz ýaňky pikiriňizi şu aýdymy ýazan şahyra aýdan bolsaňyz, olam sizi goldamagy mümkin.
Men ýeňiljek güldüm:
– Hawwa. Eger düşbüje bolsa goldardy. Ýa-da men ýaşlaň iň gowy görýän aýdymyny ýazdym, diýmek seňki däl-de, meňki dogry diýmegem ahmal.
Selbi ýene çaga kanagatlanmasy bilen ýylgyrdy:
– Eger-de bir gün şu aýdymy ýazan şahyra gabat gelsem, siziň pikiriňiz barada hökman oňa aýdaryn. Siziň goşgyňyzdan närazy bolan bar diýerin.
Men ony şadyýan goldadym:
– Hökman aýdyň, hökman…
– Ýöne men-ä öňki pikirimde galýandyryn. Aýdymyň şu durşy gowy.
– Hawwa, barybir muny indi üýtgedip bolmaz!
– Neme, goşgy hakda şeýle inçelik bilen gürleýäňiz welin, sizem gowy ýazýansyňyz?!..
Men ýylgyryp durşuma, aýdymy henizem pessaý ses bilen gaýtalaýan telefona tarap ümleýän:
– Edil şu aýdymça ýazmasamam, şuň bäri ýanyça-ha ýazýan…
– Gowudygyny, onda maňa-da okap beräýiň-dä…
Selbä elimdäki gazedi uzadyp, «siz-den, sen-e» geçip jogap berdim:
– Ine, şu gazetde soňky goşgulam bar. Şuny saňa berýän… Özüň boş wagtyň okaýsana, men goşgyny gowy okap bilemok…
Selbi gyzyklanma bilen gazede seredip, toplumyň adyny okady: «Uzakdaky ýakynym». Soňra: «Munça goşgy bagyşlanan gyz bagtly bolsa gerek» diýip, köpmanyly ýylgyrdy. Men hiç zat diýmän, diňe ýasama ýylgyryş bilen oňdum.
Selbi gazede söýgi bilen seredip:
– Sag bol, nesip bolsa, ýolda arkaýynlykda okaryn – diýdi.
Biz ýene-de ondan-mundan gürrüň edýäs. Selbi, owadan bolşy ýaly, örän mylaýym hem-de edepli ekeni. Göwni açyk. Öňden tanyş ýaly, ýüregindäki dilinde. Gussasyny ýalan ýylgyryş bilen basmaga çyr-çytyr. Özgäni birahatlandyrmazlyk üçin öz gussasyny gizläp bilýän ynsana näçe hormat goýsaňam az ahyryn. 
Az wagtdan hem Mara ugraýan otla münmäge çagyryldy. Ep-eslije wagt wokzalda oturmaly bolaryn-ow, diýip öňünden hopurganyp gelýän wagtymam edil göz açyp ýumasy salymda geçip gitdi. Elbetde, ýüregiňe, pikiriňe ýakyn bolan adamlaryň ýanynda wagtyň gysga bolýandygyny her kimem bilýändir. Şonuň üçinem beýle tiz otla münmäge çagyrylmagyny geňläp hem durmadym. 
Men Selbiniň goşlaryny göterişip, otla çenli ugratdym. Ol elindäki düýrlengi gazetini sähel galdyryp, «goşgularyň üçin sag bol – diýip, soňra bolsa ýylgyrdy-da, – men siziň eden bellikleriňizem şol şahyra hökman aýdaryn» diýip, şol owadan ýylgyryşlar bilen hem aňymda berçinlenip, gözümden ýitip gitdi.
Gulagymda bolsa şol aýdym maňa, näme üçindir, sähelçe pursatda ýakyn, dertdeş görünen Selbiniň gussasy deýin henizem ýaňlanyp durdy.
«Dünýäm, senden göwnüm galdy, bilýämiň?…»
Belki, yzymyza ýene-de Aşgabada dolanyp gelenimizde, Selbi bilen sataşsam, soňky günler meşhur bolan bu aýdymyň sözleriniň özümiňkidigini aýdaryn…

Serhetabat, 2016-njy ýyl.

Allanur ÇARYÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 465 | Добавил: Нawеran | Теги: Allanur Çaryýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Syzgyrlyk / hekaýat - 08.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 07.01.2023
Ýolaýyrt / hekaýa - 05.03.2023
Ahmet Mele / hekaýa - 25.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Tost - 20.01.2023
Meledor / hekaýa - 08.01.2023
Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023
Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa - 06.01.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Mergenowna  
28
Göwün....

0
2 Елена_Прекрасная  
462
.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]