13:43 Hötde gel | |
HÖTDE GEL
Bil, ezizim, durmuş mydam bahar däl, Kynçylyk bar, sen olara hötde gel. Dözüm edip, gaharyma gahar däl, Güler ýüzli synagymdan öt-de gel. Bir ädim ät, men ädeýin ikini, Kürsäp giräý, kakyp durma gapyny, Daş etmegin, eger-eger ýakyny, Alys bolsa, sen barybir ýet-de gel. Söýgi ýoly syratdanam inçesi, Bir mähir däl, şatlyk, bagtyň... ençesi, Gülläýse-de, gaharymyň gunçasy, Aý-ýyllyk däl, birje minut git-de gel. Şeklim siňsin umman kimin päk göze, Başyňy galdyrma her dürli söze, Mahmal saçly, ak gar kimin Aý ýüze, Gyz bolup däl, gelin ýaşmak çek-de gel. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |