08:31

Kirpijik / hekaýa

KIRPLIJIK

Ýylgynly ýaýlasynyň ilersinde Täzeguýy obasy ýerleşýär. Obalylar haşar edip, oýtaga ýagyş suwyny tutý arlar. Mes toprakly meýdanda kemala gelen düme ekinleri bitginli we datly bolýar.     
Şenbe güni agtygym Yslam bilen ekinçilige gidenimde ýolda goýun kirpisine sataşdyk. Janawar bizi görenden gaçmak bilen boldy. Kirpiniň aýajyklary kelte bolsa-da ýyndamlygy hiç neneň däl ekeni. Ýöne  bizden gaçyp ujyz gutulmajakdygyna göz ýetiren janawar ýumaga öwrülip ýatyberdi. Ony berk matadan dikilen ýantorbasyna salanda agtygymyň hereketlerini ýazgaryp durmadym. Yslam ýýiň bir çetinde kirpijik üçin kinniwanja ketek gurdy. Telperje gaba  süýt guýup goýdy.  Kirpijik aýakgap gutusyndan bina bolan “öýünden” hereketimizi hüşgärlik bilen synlaýardy. Soň bir gün, belki, kirpijik bizden hiç-hili howpuň abanmaýandygyna göz ýetirendir, garaz gorkudan doly möle gözlerini bize dikanlap, süýt içdi, miwedir ir-iýmişlerden ýürekse edinip “ otagyna” sümüldi. Şeýdip, birnäçe gün içinde ol  biz bilen ysnyşdy.  Indi işigimizi açyp goýsak-da öýden gitmek islänok. Käte kirpijik daş çykyp gezim edýär-de “ otagyna” gaýdyp gelýär.   

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 474 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]