10:30 Maña kömek et | |
MAÑA KÖMEK ET
Täzeden doguldym. Ýeriñ ýüzüni Täzeden göreýin. Mümkinmi görmek? Adamlary, tebigaty hem sözi Tanamaga maña kömek et, kömek. Her göwne, buluda, daşa, jeññele; Bu gün maña esetmäge kömek et. Rowaýatdan gelýär bir ses-zenzele, Maña ony eşitmäge kömek et. Anyway ylham goş, ylham goş hökman, Bu durmuşyñ gözbaşyny duýaýyn. Akmaýanyñ süýdi hem ähli ykbal Nämeden ybarat, bilip goýaýyn. Ganyñ syrlaryny, "gudratly" sanyñ Manysyny añşyrmaga kömek et. Düşündir, sözünde her bir ynsanyñ Nädip beýik işler gurýarlar ketek? Dörediñ dünýäniñ sen nämesinden? Nirelere aýak basdyñ sen ilki? Uçup barýan durnalaryñ sesinden Enaýy sesinden döränsiñ, belki. Geçeýin bu belent depelerden men, Böwetleri böwsüp, gel maña ýol et. Şol nurana otly gözleriñ bilen Şübhe tümlügini ýagtylt-da ýok et. Pawel BOSU. Rusçadan terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |