08:24

Mukgy çopanyñ mekirligi

MUKGY  ÇOPANYŇ  MEKIRLIGI       

Obanyň dowarlaryny bakýan Mukgy çopana kömek bolsun diýlip ýardama iberilen oglan bir aý çemesi wagt bolansoň oba geldi. Ol horlanypdy.        
Bu ýagdaý birinji gezek däldi. Kömek üçin çöle giden oglanlaryň şeýle halda dolanyp gelmekleri oba adamlaryny alada göýdy. Ýogsam bolmanda Mukgynyň hüý-häsiýetinden zeýrenýän adam ýokdy. Ýoldaşy ýanynda bolmasa bir döwüm çöregi  iýmezdi.
Çopana kömekçi bolsun diýilip nobatdaky iberilen oglan bu ýerde gizlin bir syryň saklanýandygyny bilipdir. Ol çopanyň hereketlerini assyrynlyk bilen öwrenipdir.
Günleriň birinde ähli zat aýan bolupdyr.
Çopan çorbasy taýýarlananda Mukgy aga dogralan çöregi naharly jamyň çoluk oturan tarapyna guýup göýberýär eken.  Şonda çörekler çişip, etleri çopanyň öňüne getirýär eken.       
Wakanyň anygyna ýeten ýeser ýigdekçe:      
- Obamyzyň adamlary-ha çorbany şeýdip iýýärler, çopan aga! – diýip çemçesi bilen jamy bulap goýberipdir.      
Şondan soň syrynyň açylandygyny bilen Mukgy çopan:      
- Häý, peläket... Mukgy çopanyň özünden mekir çykdyň-ow! – diýip, çörekli çorbany  kaýyllyk bilen çemçeläberipdir.      

Şahymerdan SARYOGLY.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 531 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]