08:38

Myş-myşly parasatlar

MYŞ-MYŞLY PARASATLAR
 
- Gympaý keýtigiň üstünden gülermiş.
- Pişik murtuna, tilki guýrugyna guwanarmyş.
- Gurt gören itler birleşermiş.
- Sürüden galan goýny möjek iýermiş.
- Adam teşne bolsa ädigi bilen suw içermiş.
- Daglynyň gözi daşda, görgüliniň gözi ýaşda bolarmyş.
- Ýigidi burnundan, aty erninden tanap bolýarmyş.
- Gahrymanyň gymmatyny halk bilermiş
- Ýalňyz at ýaryşda ýeňiji bolarmyş..
- Ýüpek düwün berk bolarmyş
- Gämidaki ýolagçylaryň arzuwy bir bolarmyş.
- Guş ahmal bolsa duzaga düşermiş.
- Gorkagyň gözi dört bolarmyş.
- Gorkagy öwseň batyr bolarmyş
- Gelinler agzybir bolsa, maşgalanyň yrsgaly artarmyş.
- Jüýjesini naharlan guş aç galarmyş.
- Sart aýal özini şa zenan hasaplarmyş.
- Çagaly öýe perişde,çagasyz öýe jenjel gelermiş.
- Dogan käýesede kemsitmez.
- Ojagyň tüsseçykary egri bolsa-da, tüssesi dik çykarmyş.
- Adamyň görki saçynda, bagyň görki ýapragyndamyş
- Aty gamçy, ynsany namys öldirmiş.
- Külbede ýaşaýan külbesini öwermiş.
- Görmegeýe gyz köne köýnekde hem gözel görünermiş.
- Tikin bilmez iňňäni günäkärlärmiş.
- Eşek ýadanyny aýal garranyny bilmezmiş
- Myhmanyny sylan onuň itine süňk oklarmyş.
- Doýan myhman ýola gararmyş.
- Bergidaryň gapysyndan algydary gelermiş.
- Adamy dosty, geçini şahy bezärmiş.
- Gije tümlik bolsa, ýyldyzlar hem şöhle saçarmyş.
- Är garrasa sakçy bolarmyş
- Atyň agnan ýerinde tüýi galarmyş.
- At ýüwrügini it halamazmyş.
- Hassasy kemelse, tebip kesellärmiş.

Şahymerdan SARY OGLY.
Категория: Sözler | Просмотров: 552 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]