RUHDAN AÝDYMY
Derýalar akýar, dälidir, sygmaz hanasyna. Hiç bir güýje saklatmajak ýalydyr. Ony görüp derýa bolasyñ geler, joşa gelesiň geler. Çyrpynyp, kenaryňy igledip, okgunly akasyň geler. Kenardan garanlar däl, badyňdan goýnuňda balyklar howsala düşer.
Sillerden ýygnanan derýasyň. Teşneler ganar senden. Seniň suwuň bol bolsa, iliň berekedi artar.
Ah, ömrüňi derýa bolup geçirseň, aksaň köllere guýulsaň!
Ine-de köl! Köňlüm yzyna dön, dön derýalygyňa. Derýa-da köle ýetse intizaryna gowşan kalp kimin köşeşer. Tolkun tolkuna dolaşar. Guşlar oňa ses goşar.
Bir uly söýgüden galan armanmy?! Ýa-da bir pir kyssasy?!
Asman bulut bolup ýüzüne dökülen saçlaryny köle bakyp daraýar! Geçdim ähli zatdan, köl bolsam diýdim.
Muňa heniz diýerler! Deňiz diýerler! Gomlary daglara atýandyr haýbat, birdenem şeýle parahat. Aýagyndan ogşar beýik şahyryň. Ony şahyr edenem ýene özüdir. Gündiz Gün ýüzer ýüzünde, gijelerne Aý!
Al meni, bolmanda bir pursatlyk özüňe alaý. Güýjüňden demiň tutulsyn. Ýataýyn Ýunus kimin bir balygyň goýnunda.
Birdenem deňziň ýüzündäki ak ýelkenlije gaýyga gözüm düşdi. Köňlüm telwas etdi şol ak ýelkenli gaýyga! Tolkunlaryň täjine meňzäp, çarlaklaryň sazyna eda bilen çaýkanyp ýüzüp ýör, Lermontowyň ýalňyzlygy! Asmanyň buludy ýaly.
Men oňa münüp bilerin, emma ýok, ýok! Goý, maňa münsün ýalňyzlar! Ak ýelkenli men bolaýyn. Ýelkenim ganatlarym mysaly gözýetime çenli götersin meni...
Birdenem gözýetimdenem ses geldi. Sen nämä telwas edýäň, nämä telwas edýäň? Sen nämeleri elýetmez bilýärsiň, eý, ynsan?
Men berlipdirin ahyry saňa! Meniň ýanymda o gaýyk käsä gaçan çigidiň gabygyça-da ýokdur.
Arman, gaýygy gördüň, gaýyga gerlen ak ýelkeniň tolkunlara täçdigini gördüň, meni görmediň. Ýogsa gaýyga ýelken dakanam mendim, ony deňze iteklänem mendim, ony tolkunlaryň depesine çykaranam mendim.
Görmäniň hiç, görmedim diýip gynanaman. Görmedik görüp biler. Emma, görübem, gaýykça-da görmeseň... Bulutlar tüýdüm-tüýdüm tüýdülmez, mendirin tüýdüljek. Çakan ýyldyrym däldir, mendirin. Üzülen hünji kimin, ýagyşlar ýagmaz, mendirin gökden dökülýän. Höwes eden gaýygyň içi gözýaşlarymdan dolar, serpe-serpe tüketmersiň. Ýene-de mendirin, çöküp barýan gaýygyňy gerşime göterip kenara çykarjak. Ýene-de mendirin ezilen saçlaryňy sypap, umyt bolup ýüregiňde parlajak. Mensiz gören guşlaryň üýşmek ýelekdir, perdir. Mensiz bakan baglaryň guran agaçdyr. Mensiz gören ýyldyzlaryň, mysaly bir syçrantgy. Bägüller durşuna tikendir, gül ýapragyn görmersiň, görmeseň nakgaşyny.
Men diýmesem mendigimi bilmediň, men diýdirdiň maňa, Allaha ynanyp maňa baglanan ynsan.
Çar ýanyny dört diwar kimin gurşan paýhasyň, umydyň, gaýratyň, söýgiň mensiz kör bolan çeşme mysalydyr. Mensiz söýgiň garaňkydyr, paýhasyň boşluk, ýolukdyr umydyň. Gaýratyň ejizlikdir mensiz.
Sen meni men-menlikde aýyplama! Men badyhowalyk däldirin. Men howanyň badydyryn. Miweleriň dadydyryn. Gülleriň ysy.
Seniň bolsa, eý, ynsan, Ruhuňdyryn.
Ylýas AMANGELDI.