08:46

Sere gelen setirler

SERE GELEN SETIRLER

- Adamlar  siziň deriňizi düşek edinýärler, biziňkiden bolsa  telpek tikinýärler – diýip, goýun-a öwünýärmiş,  geçi hem bu gyjyda kemsinýärmiş.

- Gaplaňyň suratyny ilkiji gezek  gören  pişik:
- Göwräm kiçi diýäýmeseň,  gaplaňa gaty meňzeşdirin, hemmämiz bir kowumdan-da – diýip,  mähnet ýuwaş köpegiň ýanynda öwünmäni çykardy.

- Näme üçin şahyrlar biz hakynda goşgy ýazanokkalar? -- diýip,  eşegiň meýdana zyňlan läşini çekeläp  oturan  garga  dazzarkelden  sorady.

- Gargalaryň söhbetinde owaz eden bilbiliň  çykyşy ol ýerde şowsuz hasaplanyp,  saýramagy öwrenmegi üçin  bir gargany oňa  halypa belläpdirler.

- Towukhana çal tilki müdir bellenensoň, ol hojalygyň tabşyrýan ýelegi-hä  gaty  köpelenmiş.

- “Ýylanyň ýigreneni-gaçgyny men boldum” diýip, başga şepe gözlemäge başlan narpyz näçe jan etse-de, kirpi bilenem, ýylan bilenem ysnyşyp bilmän, öňki ýalňyzlygyna galdy.

- Täjir ýigit söýen gülüne,gyz bolsa  onuň puluna aşykdy.

- Syrdam we owadan mahabat gurjaklarynyň  egnindäki ýaraşykly eşikler özüne-de gelşer öýdüp   ýörenler gaty kändir.

- Zenan halky akylly diýleninden owadan diýleniňi gowy görýändir.

- Kürsi ýetse nadana, azar berer adama.

Sahymerdan Sary Ogly.
Категория: Sözler | Просмотров: 508 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]