ŞEÝTEL
Özgelere berşi ýaly kürümläp,
Pany bermese-de bagtdan paýym.
Aldap-ogşap,
Awlap garyp göwnümi
Görsün diýip öz najatyn,
hara:ýyn
Gysymyma dinar gysdyran ýaly
Hernä, seni maña beripdir aklyk.
Ýogsa, meniñ duzy göge göterlip,
Ýyl geldikçe gurap barýan Araly
Ýada salyp duran gury hanama
Mähriñ guýulmazdy Jeýhun mysaly.
Eýse, meniñ kyrk ýamaly synama
Töweregmi gurşap duran ýeterlik
gyz-gelinleñ haýsy bolardy dowa?
Ýap-ýañy gursakda boý alan Wysal
Abşarylyp atasynyñ dulunda
Är üçin etse-de dynuwsyz doga,
Negözel ner ýigitlere at dakyp,
Garrap galşy ýaly bir ulugyzyñ,
Çüýräp galmalymy şo-ol öñki ýerde...
Beýtsek göýdülmezmi pelekde, ýerde
goýman seni apalaýan duýgulam...
Öýdülmezmi näme,
illeñ göwnüne
Ýumruklap dünýämiñ penjiresini
Gapysyny depeleýän gaýgylañ
Atuw permanyny eşidip gara
kysmatyna nälet okap oturan
Bendini südürläp güllä düzensoñ,
Läşin çaýkellere şam edilen deý...
Anyk bu!
Oýlanyp tapylan zat däl,
Öñ ýaşan bolsamam seni tanaman
Häzir ýoklugyñda oñup bilmen teý.
Çünki sen kalbymda dikilen heýkel.
Tagzym,
saña tagzym soñky deme çen
Eý, garyp göwnüme berilen şeýtel!..
Has TÜRKMEN.
|