17:05 Tebigat | |
TEBIGAT
Goşgular
![]() Sen şeýlebir täsin, şeýle owadan, Hakdan inen deñsiz soñlanmaz gudrat. Gözýetime sygmaz juda ullakan, Gözelligiñ gözbaşy sen tebigat. Ine, görýäs seniñ bütin barlygyñ, Daglaryñ, derýalañ, deñiz-kölleriñ, Owaz edip akar çeşme-çaýlaryñ, Bar sende gudratly çöller tebigat. Baharyñ, tomusyñ, güýzüñ hem gyşyñ, Şu dört pasyllaryñ hersi bir täsin. Bezegisiñ bütin älem, durmuşyñ, Jana şypa berer suwuñ tebigat. Säher saba turup seni synlasam, Maýsaly meýdanda gülleriñ tirsam, Seniñ gözelligñe ýürekden joşsam, Tutuş durkuña men aşyk tebigat. Taýsyz gözelligi äleme ýaýýañ, Asmanyñ nuruny zemine çaýýañ, Eziz gujagyñda mähriñi duýýan, Men seni ýürekden söýýän tebigat. Merjen BATYROWA. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |