11:33

Türkmen folkloryny gözleýjiler

TÜRKMEN FOLKLORYNY GÖZLEÝJILER

„Halkymyzy täze galkynyşlara, belent özgertmelere ruhlandyrmakda, nesillerimizi Watana, il-güne wepalylyk ruhunda terbiýelemekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek, dünýä ýaýmak, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak döwletimiziň baş aladalarynyň biridir“. 

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda nusgawy şahyrlaryň, beýik akyldarlaryň, halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmekligi, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy-barlaglary alyp barmaklyga öňde duran möhüm wezipeleriň birihökmünde garap golýazmalary, edebi mirasymyzy aýawly saklap, hem öwrenip olaryň geljekki nesillere ýetirmegi öz ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplady, hem onuň talaba laýyk ýola goýulmagy üçin uly alada edýär. 
Sebäbi ýurdumyzda ýokary düşünjeli jemgyýeti kemala getirmek, Berkarar döwletiň ýeten belentliklerine akyl ýetirmek üçin geçmişimizi bilmek zerurdyr. Şonuň üçin hem Milli Liderimiziň çykyşlarynyň birinde „Biziň dilimiz däp-dessurlarymyz, sungatymyz we folklorymyz buýsanjymyzdyr. Ata-babalarymyzdan bize galan bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy ösdürmek hem-de aýap saklamak üçin zerur zatlaryň ählisini ederis“ diýipdi. 
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynda türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna, folkloryna, diline degişli gadymy golýazmalaryň müňlerçesi halka öz syryny açman ýatyr. Elbetde, ol çeşmeleriň arasynda halka ýetenleri-de bar. Emma olar hem doly däl. Şol çeşmeler welin türkmen edebiýatyny, folkloryny, dilini, taryhyny aýry-aýry şahyrlaryň, şahslaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma. 
Köpasyrlyk taryhymyzda köklerini uzak geçmişden alyp gaýdýan taryhy wakalar, taryhda uly yz galdyran şahsyýetler, türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini, durmuşyny milli gylyk-häsiýetlerini, pähim-parasatyny şöhlelendiren taryhy we edebi gymmatlyklar hazynatoplaýjylaryň kömegi bilen şu günki günlere gelip ýetipdir. Olary öwrenmek halkymyzyň uzak taryhy geçmişini öwrenmekdir. 
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasy agtarylanda, hazyna toplaýjylaryň onlarçasynyň atlarynyň üstünden barylýar. Olaryň arasynda Dowly Kulyýew, Hojaly molla Myratberdi ogly, Mollapüri Abam ogly, Muhammetmyrat Nepesli, Penji Agaly, Muhammet Ataşow, Ata Çepow, Çary Garabekow, Hally Şahberdiýew, Kerim Osmanow, Ahmet Ahundow Gürgenli, Nazar Kürräýew, Alty Kulyýew, Ogulgerek eje, Hojaguly Nyýazguly ogly we beýlekiler bar.
Wagtyň geçmegi bilen mirasgärleriň atlary, bitiren işleri has artyp gitdi. Olar – T.Kasymow, B.Garryýew, A.Taýymow, B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, H.Derýaýew, M.Hamzaýew, M.Öwezgeldiýew, G.Nazarow, Ş.Halmuhammedow, S.Ataýew, S.Atanyýazow, S.Orazgulyýew, A.Nurýagdyýew, M.Çaryýew, M.Annamuhammedow, S.Durdyýew, A.Mülkamanow, D.Nuralyýew, A.Myradow, A.Aşyrow, G.Ylýasowa, R.Ilmämmedow, O.Mämmetjumaýew, A.Annadurdyýew, R.Kürenow, Ç.Muhammetjuma, we başgalar.
Işde halk hazynasyny ýygnamakda, olary halka ýetirmekde uly hem aýratyn hyzmatlary bolan mirasgärleriň terjimehalyny, hyzmatlaryny giňişleýin öwrenmeklik maksat edinildi. Hakykatyň hatyrasyna bir zady aýratyn nygtamakçy. Ýokarda TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyndaky edebi baýlyklara esaslanyp ençeme mirasgärleriň atlaryny tutduk. Ýöne şol hazynadaky egsilmez baýlyga göz gezdireniňde, edebiýat bilen-de, folklor bilen-de az wagtlyk bolsa-da iş salyşan adamlaryň ol baýlygy azda-kände toplamadygy ýok. Galyberse-de,ol gymmatly hazynany diňe aýdyjy bagşylar, gürrüň berijiler däl, şol gürrüňleri edebiýata ýa türkmen folkloryna dahylsyz adamlaram, şol sanda obada mekdep mugallymlary-da, mekdep okuwçylary hem ýygnapdyr.Ine, şol ýygnaýjylaryň käbiriniň atlary: Türkmenistanda belli dilçi alym Sapar Altaýew, Öwlüýäguly Ylýasow, Kakajan Ataýew edebiýatçy alym, Aşyrguly Borjakow dilçi alym Şabanaly Jumaýew (pedagog), filologiýa ylymlaryň doktory, Kaýum Jumaýew, Ata Atajanow şahyr, Gylyç Kulyýew ýazyjy, Hojaberdi Hanow folklorçy, Gurban Ataýew dilçi, Meretguly Garryýew edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Seýit Garryýew, Allaberdi Haýydow şahyr, alym,edebiýatçy alym, Lebaply Şahan Tekäýew, Ata Nyýazow şahyr, žurnalistN.EsenmyradowÝ.Nurlyýew (filosof),Berdi Kerbabaýew ýazyjy,Ata Salyh (şahyr) we ş.m. 
Işde geçen asyryň başlarynda hem 20-30-njy ýyllarda dürli maksatlar bilen syýahat edip, ykdysady,söwda bähbitleri bilen bagly Türkmenistana gelen, türkmen obalaryndan folklora degişli ertekileri, milli mirasymyzy toplan ýewropaly alymlar bilen baglyhem olaryň toplan çap etdiren mirasy hakynda ýüzugra gysgajyk pikir ýörediler. Şol pikirler häzirki zamana geçmek üçin köpri bolup hyzmat eder. Gysgajyk diýýänimiziň sebäbi türkmen folklorynyň irki hem soňky döwürleri barada ýaş alym Nurmet Seýidowyň „Türkmen halk döredijiliginiň öwreniş taryhyndan“ (2010, golýazma) diýen düýpli işinde giňişleýin durlup geçilýär. Gepiň gysgasy, ýaş alym işde, umuman, türkmen folklormirasyny öwrenişiň özbaşdak ylym hökmünde emele gelşini esaslandyrmaklygy, onuň medeniýetiň we ylymlaryň ulgamyndaky ornuny kesgitlemekligi bu ylmyň emele geliş çeşmelerini, gözbaşlaryny ýüze çykarmaklygy maksat edinipdir. Ýaş alym folklor ylmynyň döreýşi, ösüş taryhyny yzarlaýanözbaşdak ýörelgeleri, usullary bilen bagly türkmen halk döredijiligi öwreniş ylmynyň taryhy boýunça özbaşdak giň möçberde hronologiýa jähtden yzygiderli işiň ýokdugyny, onuň juda zerurlygyny dogry belleýär.
Şol iş köp maglumatlardan, rus we Ýewropa alymlarynyň, syýahatçylaryň, türkmen alymlarynyň işlerinden peýdalanylyp ýerine ýetirilipdir. Iş şu ugurdan edilen ulgamlaýyn ýeke-täkgymmatly iş. Türkmen folkloristikasyny öwrenmeküçin her taraplaýyn goşant. Şeýlelikde, ýaş alym „Türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş taryhyndan“ diýen işinde türkmen folkloryna degişli edilen işleriň ilkinji ädimlerinden başlap tä soňky günlere çenli edilen işler barada kä ýerde seljerip, kä ýerde bolsa olaryň gysgajyk mazmunyny berip, kä ýerde diňe agzap, türkmen folkloryny öwrenmekde halka ýetirmekde, edilen işleriň agramly bölegini ýatlap geçipdir. Olaryň folklory ösdürmekdäki, baýlaşdyrmakdaky hyzmatlaryny belläp,sanlyja ýylyň üçinde, iňňän baý maglumatlary toplap, seljerip uly iş edipdir. Ol türkmen folklorynyň öwrenilmeginiň gözbaşlaryny, halk döredijiligine bolan ilkinji garaýyşlary, XIXasyrdagündogary öwrenijileriň buugurdanedenişleri, şolsandaXXasyryň başlarynda türkmen folklorynyň toplanyşy we öwrenilişi, I.A.Belýaýewiň, A.N.Samoýlowiçiň türkmen folkloryny öwrenmekdäki hyzmatlary, ylmy-barlag işleri – bu meseleleri her taraplaýyn öwrenip, gymmatly pikirleri ýöredipdir. Gepiň gysgasy, türkmen folklorynyň döreýiş we ösüş taryhyny seljeripdir. Ol bu işi ýazmakda gymmatly maglumatlardan peýdalanyp, ylmy netijeler çykarypdyr. Şeýlelik bilen,N.Seýidowyň „Türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş taryhyndan“ diýen işi türkmen folklorynyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlanan soňky döwürde ýazylan iň gymmatly düýpli işdir. Ýaş alym XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda türkmen folklorynyň öwreniliş derejesi barada giňişleýin pikir ýöretse-de, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň we ondan soňky tä 1991-nji ýyla çenli aralyk, Garaşsyzlyk ýyllarynyň we XXIasyryň birinjion ýyllygyndabumeseläniň öwrenilişiwe çapedilişibaradagysga, diňe ýüzugradiýlen ýaly ýatlapgeçipdir. Elbetde,gysga wagtyň içinde uzak möhleti öz içine alýan bu meseläni düýpli hem yzygiderli seljermek mümkin hem däl.
„Türkmen folkloryny gözleýjiler“atly işde mirasgärligiň taryhy kökleri diňe ýatlanylyp geçilip, XXasyrda, onuň birinji ýarymynda(1920-1930)weondansoň, tä, şugünlere çenliedilen işler, toplaýjylarweolaryň öňi bilen türkmenfolkloryny toplamakda, öwrenmekde,baýlaşdyrmakda, ýaýratmakda bitirenişleribaradapikir ýörediler. Nury Seýidow A.Baýmyradowyň „Ertekihäsiýetsiz folklor prozasynyň ilkinjibasgançagyhalkyň aň-düşünjesine laýyklykda mifik mazmundan ybarat“  diýen pikirine, D.Nuralyýewiň „Çeper mazmunyň differensirleýiş prosesi“ diýen işinden mysal getirip, folklor maglumatlarynyň – mazmunynyň, ýaşynyň türkmen halkynyň öz ýaşyndan köpdügini nygtap, şoňa görä-de, folkloryň gözbaşyny ähli gündogar halklaryna ortalyk bolan irki ýazuw ýadygärliklerinden gözlemeli“ diýen netijä gelipdir. „Öň aňda we dilde üzlem-saplam dowam edip, ýaşap gelýän folklor ýordumlary ýazuw ýadygärliklerinde belli bir derejede jemlenýär we olar geljekki ösüşinde ýene-de şolardan gözbaş alyp gaýdýar. Şeýlelikde, ýazuw ýadygärlikleri folkloryň geljekki ösüşinde hereketlendiriji güýç bolup durýar  – diýip nygtaýar.
Ýaş alym özünden öň edilen işlere salgylanyp,Nusaýda döredilen eserleriň: „Hurma agajy we geçi“, „Wis-Ramin“, „Rüstem hakynda hekaýat“, „Tumarly“, „Syrak“, „Zarina we Stgandiýa“, „Dondamis bilen Alsyzagyň dostlugy“, „Zaridar we Odatida“ ýaly gahrymançylyk durmuş we yşky häsiýetli gadymy edebiýatyň we folkloryň nusgalary bolup durýandygyny nygtaýar we olaryň käbiriniň ideýa-mazmuny hakynda pikir ýöredýär. Ol Hytaýdan tapylan „Ürk-bitik“ eseriniň türkmen folkloryna degişlidigini, mysallar arkaly subut edýär. Soň awtor folklor nusgalary bolan oguz-orhon ýazgylary „Oguznama“, „Gorkut ata“ ýaly folklora dahylly eserleri seljerýär. Mahmyt Kaşgarynyň „Türki dilleriň sözlük diwany“ („Diwany lugat et-türk) atly eserini seljerip bu ajaýyp dilçini türkmen folkloryny toplaýjy we öwreniji alym hökmünde derňeýär.Işde XI-XII asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň „Ýagşyzadalaryň bahary“, gadymy nakyllary öz içine alýan „Nakyllary derňeýji“, („El-musdakga-fil-emsäl“) „Nakyllaryň bilezigi“ („Sewäirul-emsäl“) we ençeme hekaýatdyr şygyrlar girizilen. „Meşhurlaryň sözleri“ („Newabigul-kelim“) kitaplaryna türkmen folklorynyň siňdirilişi, olaryň ähmiýeti hakda gürrüň edilýär. Awtor çeşmelere salgylanyp, XVI asyrda ýaşap geçen Muhammet Alynyň „Oguznama“ nakyllar ýygyndysy hem türkmen folklorynyň toplanyşyndan ýazuwa geçirişinden maglumat berýän köne türkmen dilindäki golýazmadygyny subut edýär hem-de häzirki ulanylýannakyllarymyza meňzeş bir topar mysallar getirýär, deňeşdirip seljerýär. Ol Gündogaryň beýik söz ussatlary Abulkasym Firdöwsiniň, Nyzamy Genjewiniň, Sagady Şirazynyň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň eserleriniň esasynda oguz-türkmen kyssalarynyň ýatandygyny nygtapdyr, seljeripdir. Şol sanda Ýusup Hasrajyp Balasagunlynyň „Bagta besleýän bilim“, Ahmet Ýognakynyň „Hakykatyň gapysy“ kitaplaryna nakyllaryň, pähim parasatlaryň siňendigini belläp geçýär. Nasyreddin Rabguzynyň „KyssaýyRabguzy“ eserinde dini rowaýatlardan peýdalanandygyny Patşa Hojanyň „Gülzar“ eserinde özbaşdak sýužetli 40-dan gowrak hekaýatyň ýatandygyny türkmen folklorynyň gözbaşlary hökmünde belleýär.
Awtor XVIII asyr nusgawy edebiýatynyň wekili Döwletmämmet Azadynyň „Wagzy-Azat“ poemasynda ündelýän pikirlerini rowaýatlaryň üsti bilen düşündiripdir. Andalybyň „Ýusup-Züleýha“, „Leýli-Mežnun“, „Babaröwşen“ dessanlary folklor sýužetleri esasynda döredilipdir. Magrupynyň „Seýpelmelek Methaljemal“, Mollanepesiň „Zöhre-Tahyr“ dessanlarynyň esasynda erteki ýatandyr diýen pikirleri öňe sürende juda mamladyr.
N.Seýidow„XIXasyrdagündogary öwrenjileriň türkmenfolklorynagyzyklanmalary” atly, bölüminde ýewropalywerusalymlarynyň,syýahatçylarynyň: I.Murawewiň “Şasenem-Garyp” dessanynybütin Ýewropaýaýratmagyndakyhyzmatyna,A.Bornsyň “Buharasyýahat” kitabyndaky (olrusiňlisdillerineterjimeedilýär) türkmenhalkdöredijiligibaradakymaglumatlaraweolardannusgalara ünsi çekipdir.
Şol sanda ol N.P.Arhipowyň, I.A.Bereziniň „Görogly“ eposyndan ýazyp alan aýdymlaryna, N.P. Ostroumowyň, türkmen nakyllaryny toplamakdaky, neşir etdirmekdäki hyzmatyna, A.G.Tumaýskiniň „Gorkut ata“ eposyny öwrenmekdäki, halka ýetirmekdäki hyzmatyna türkmen folklorynyň toplamakda, öwrenmekde edilen gymmatly işler hökmünde baha berýär. 
N.Seýidow I.A.Belýaýewi A.N. Samoýlowiçi öz seljermelerinde türkmen folkloryny diňe birtoplaýjy hökmünde däl, olary ylmy-barlag işlerini geçirmekde türkmen folklory öwreniş ylmynyň ilkinji kerpijini goýujylar hökmünde bir giden mysallaryň üsti bilen häsiýetlendirýär. Bu gymmatly işinde „folklor“ adalgasy barada möhüm ähmiýeti bar maglumaty-da beripdir. Ol „folklor“ adalgasynyň özi 1846-njy ýylda iňlis alymy Uilýam Tomos tarapyndan ylma girizilmek bilen, ol 1891-nji ýylda bolup geçen halkara folklor kongresinde ýörite ylmyň ady hökmünde resmi taýdan kabul edilýär“ diýip ýazýar. Ýaş alym türkmen folklorynyň öwrenilişiniňtaryhyny yzarlanda stawropol türkmenleriniňfolklory bilen baglanyşykly A.Wolodiniň weS.W.Farforowskiniň, R.Karutsyň stawropolly türkmenleriniň folkloryna degişli pikirlerini, olardan getirilen nusgalary seljeripdir. W.N. Gartawaldyň „Ürgün çägeleriň we çapylan kelleleriň arasynda“ atly kitabynda gabat gelýän türkmen folkloryna degişli käbir („Naragajy“ „Dosmämmet we Bibi“, „Gulmämmet“, „Gul Seýdah“, „Garyp-Şasenem“, „Aýjemal“) nusgalar hakynda pikir ýöredipdir. Galyberse-de, XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda türkmen folkloryny öwrenijiler, ýygnaýjylar hakynda gyzykly maglumatlary getiripdir. A.Belýaýewiň türkmen folkloryny öwrenmekdäki hyzmatlaryna onuň sözlüginde, okuw kitaplarynda türkmen folklory, onuň ýaremezanlar hakdaky işleri alymyň türkmen halk döredijiligi boýunça ylmy-barlag işleri,şol sanda A.N.Samoýlowiçiň türkmen matallaryny, ertekilerini toplamakdaky, öwrenmekdäki bu ylyma goşan goşandy,türkmen folkloryny toplamakda, seljermekde öň köp iş bitiren alym hökmünde makalalara daýanyp düýpli pikirleri orta atypdyr.
1925-nji ýylda türkmen neşirýatynyň açylmagy bilen kitaplar neşir edilip başlanýar. Aşgabatda çykyp ugran „Turkmenskaýa iskra“ (1924), „Ýaş kommunist“ (1925) gazetleri, „Tokmak“ (1925), „Bolşewik“ (1925), „Pioner“ (1926), „Türkmenowedeniýe“ (1927), „Türkmen medeniýeti“ žurnallarynyň sahypalarynda türkmen folkloryny ýygnamakda, öwrenmekde uly iş eden A.Gulmuhammedow, M.Geldiýew, B.Kerbabaýew, P.W.Uspenskiý, W.Belýaýew, A.N.Samoýlowiç, G.I.Karpow, K.Börüýew, A.R.Poseluýewskiý ýaly şahsyýetleriň makalalary çap edilýär. Ýaş alym hazyna toplaýjylaryň bu hyzmatlary barada gysgajyk pikir ýöredipdir. 
Ylmy edaralaryň döredilmegi bilen 1924-nji ýylda halk magaryf komissiýalaryň ýanynda Döwlet alymlar geňeşi we Döwlet muzeýiniň ýanynda ülkäni öwreniş jemgyýeti döredilýär. Döwlet alymlar Geňeşi guramanyň işgärlerini etraplara saparlar gurap folklora, sungata degişli maglumatlary toplamaga ýollapdyr. 
20-30-njy ýyllarda halkyň arasyndan edebi-çeper eserleriň üznüksiz ýygnalandygyny belläpdik. Meselem, N.K.Dmitriýewiň ýoldaşçylygynda Mary welaýatyndan A.G.Poseluýewskiniň ýoldaşçylygynda beýleki etraplardan ep-esli halk hazynasy toplanypdyr. Ata Çepow Tagtadan Pälwan bagşynyň dilinden „Görogly“ şadessanynyň käbir nusgalaryny ýazyp alypdyr. Ýogsam, XX asyryň 30-njy ýyllarynda stalinçilik yzarlanmalar bilen bagly türkmen halkynyň gymmatly mirasy (golýazmalary) guma gömülýär. N.Seýidow XXasyryň 20-30-njy ýyllaryny türkmenfolkloryny öwreniş ylmynyň ylymhökmünde, dolyemelegelmeginiň başlangyç etaby hökmünde nygtapdyr. Soňky onýyllyklardaky gazanylan üstünlikler bolsa onuň aýratyn ylym hökmünde emele gelendigini görkezýär“ diýen jaýdar pikiri orta atypdyr. Golýazmalar institutynyň binýadyny tutan toplaýjylaryň arasynda ýurdumyzda belli şahsyýetler: Hally Şahberdiýew, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Ahmet Ahundow Gürgenli, Hojamyrat Baýlyýew, Berdi Kerbabaýew, Garaşhan Ýomudskiý, Abdylhekim Gulmuhammedow, Azan Taýymow, Penje Agalyýew, Muhammet Ataşow, Çary Garabekow, Kerim Osmanow we beýlekiler bolupdyr. 
Hatda Hally Şahberdiýew gyzyny joralarynyň ýanyna iberip, onuň üsti bilen gyzlaryň dilinden läleleri toplapdyr.. Halk mirasyna teşne, olaryň ähmiýetine jyda içgin göz ýetiren H.Şahberdiýew 1945-nji ýylda B.Garryýewe ýazan hatynda horezmli Afzal şahyryň kitabyny tapandygyny we Beýik watançylyk urşy hakynda 6 bent läle iberýändigini ýazypdyr. 
Boýnumdaky ak manat,
Ak manadym amanat,
Uçup barýan samolýot,
Agam jana salam aýt.
Şeýlelik bilen, halk mirasy ilki binýady tutulyp, soňra dama-dama köl bolupdyr. Bir nesil özünden öňki eşiden folklor nusgalaryny soňky nesile aýdyp beripdir. Ol gymmatly hazynaýazuwyň döremegi bilen hata geçipdir, şeýdip halk folklory ösdüripdir, kämilleşdiripdir. 
Hally Şahberdiýew folkloryň tebigatyna, toplamagyň düzgünlerine aýratyn üns beripdir. Ol nakyldyratalar sözüni, halk aýdymlaryna ýomaklaryna, dessanlaryna ülkä, sepilen merjenler hökmünde baha beripdir. Ýokarky hatda Hally Şahberdiýew B.Ataliýewiç Garryýewe „Elime näme düşse, iberýärin“ diýip ýazypdyr.
Muhammet Geldiýewiň 1925-nji ýylda halkyň arasyndan ýygnan nakyllardyr matallaryny „Türkmenistan“ neşirýaty „Matallar we nakyllar“ ady bilen aýratyn kitap edip çykarýar. 1931-nji ýylda A.Gulmuhammedowyň „Orta Aziýa edebi ýadygärlikler boýunça materiallar“ diýen kitaby neşir edilýär. Şol sanda M.A.Sakaliniň „Sowet Türkmenistanyň halk döredijiligi“ („Sowet edebiýaty“ 1939, № 11, häzirki Garagum“) A.Ahundow-Gürgenli bilen D.Alyýewiň „Türkmen folklory we onuň hilleri“ diýen makalasy („Türkmenistan şura edebiýaty“, 1935, № 5) çap edilýär. Şol döwürde A.Ahundow-Gürgenli „Bir bar eken..“ atly 37 sany türkmen ertekilerini öz içine alýan ýygyndysyny çap etdirýär. N.K.Dmitriýewiň ýoldaşçylynda halkyň edebi çeper mirasyny toplamak üçin ýörite ekspedisiýa guralýar. Ol ekspedisiýa türkmen folkloryna degişli gymmatly maglumatlary, çeper eserleri toplaýar. Belli folklorçy Ata Çepowy „Görogly“ şadessanyny ýazyp gelmek üçin Daşoguza sapara ýollanylýar. Ol Tagtadan (häzirki Görogly etraby) Pälwan bagşydan Göroglynyň birnäçe şahasyny ýazyp alýar. Şol döwürde türkmen folkloryna degişli O.Abdalowyň, P.Agalyýewiň, B.Garryýewiň, Hojaýewiň işleri ýygy-ýygydan neşir edilip başlanýar. 
Şu ýerde hakykatyň hatyrasyna bir zady nygtamakçy. 1928-nji ýylda Türkmenistanyň halk komissarlar sowetiniň ýanynda türkmen medeniýet institutynyň döredilmegi bilen G.S.Atabaýewiň tagallasy esasynda ýurdumyzyň dürli-dürli ýerlerine iş saparlary gurlup başlanýar. 1929-njy ýylda iş topary döredilýär. Oňa A.N.Samoýlowiç ýolbaşçylyk edýär. W.W.Bartold A.Ý.Ýakubowskiý maglumatlary, folklora degişli eserleri toplamakda, seljermekde ençeme işleri alyp barýar. N.K.Dmitrewiň ýolbaşçylygynda Mary welaýatyndan ýüzläp milli mirasyň nusgatlary ýygnalýar.
Şeýlelikde, türkmen medeniýeti instituty (Türkmenkult) ýeke-täk merkeze öwrülýär, türkmen folkloristikasyny, edebiýat öwreniş ylmyny aýak üstüne galdyrýar. 
Halkymyzyň taryhyny, durmuşyny iň ajaýyp sypatlaryny, milli häsiýetlerini, däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň akyl-parasatyny, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, gelejege bolan ynançlaryny, isleg-arzuwlaryny özünde jemlemek bilen milli mirasymyz kalba ýakynlygy, täsir edijilik hem terbiýeleýjilik güýji bilen ençeme nesilleri yzyna düşürip, özüne bendi edip gelipdir. Ynsan öz balasyny ene mähribilen eýlenen, ýürek ýylysy siňen hüwdüler, süýji-süýji gyzykly ertekiler aýdyp berip, meýmiredip ukladypdyr. Ol gymmatlyklar bilen watançylygy, ynsaperwerligi, mertligi, gaýratlylygy, halallygy, dogruçyllygy, ata-enä, ini-aga, dost-ýara, sarpa goýmagy öwredipdirler. Ana, şol mirasy onuň gadryny bilýän hazyna toplaýjylar uzak ýyllaryň dowamynda, dürli-dürli ýerlerden, dürli ýaşdaky adamlaryň dillerinden ýazyp alypdyrlar arman-irmän ýygnapdyrlar. Ussat ýazyjy N.Saryhanowyň „Kitap“ hekaýasynda şeýle ajaýyp setirler bar. „Meniň işim oba gezmek boldy. Garagumuň içleri bilen gezdim. Halk çeper edebiýatyny ýygnaýardym. Gezip ýörkäm, gumuň bir goluny dolduryp oturan obanyň üstünden bardym. Özüňiz bilýärsiňiz – oba adamlary soranjaň bolýar. Men özümiň nä kär bilen meşgul bolup ýörenimi myhman ýerime aýtdym. Onda öý eýesi maňa:
– Ilerki hatarda, bir garry adamda, siziň soraýanyňyzdan bolup çykaýsa gerek, bir kitap bar. Belki, ol size ýararly bolup çyksa-da çykar. Ony görenler gowy diýýärler. Meniň özüm hem diňläp gördüm – kitap dagy däl, durşuna altyna gaplaýmaly – diýip aýtdy-da:
– Ýöne weli, ony ol garrydan aňsatlar alyp bor öýdemok. „Kitap – şu kitapdyr“ diýip, yranyp oturandyr... – diýdi.
Dogry, kitabyň gadryny hemme kişi bilýär. Men muny göre-göre gelýärin. Hatda hat bilmeýänler-de, kitabyň içinde näme barlygyny aňmaýanlar-da:“özim okap bilmesem-de, pylan jan ulalyp, hat öwrenenden soň okap berer“ diýip we ýene şunuň ýaly dürli bahanalar tapyp oturýarlar“ .
Bu mysaly öňi bilen türkmen halkynyň söz sungatyna, kitaba juda uly sarpa goýýandygyny tekrarlamak, şonuň üçin hem halkymyzyň ata-babalaryndan, geçmişden gelýän hazynasyna juda aýawly garandygyny, uzak geçmişden bäri gorap saklandygyny ýaňzytmak, şeýle hem edebi ýadygärliklerimiz halkyň arasyndan toplamakda ony ýygnaýjylar üçin köp päsgelçilikleriň ýüze çykandygyny nygtamak üçin getirdik. Meselem, edebi ýadygärliklerimizi düşünişmezlikden ony halka ýetirmek isleýän adamlara bermän, olary mukaddes ojaklaryndan daşlaşdyrmak islemeýän, Welmyrat aga ýaly bagyrlaryna basyp oturan adamlar şol hazynany ýygnap, halka ýetirmekde kynçylyk döredipdirler. Bolsa-da, bu ajaýyp gymmatlygyňgadyryny bilýän edebiýatçy alymlar,folklorçylar we islendik kärdäki adamlar päsgelçilikleri ýeňip geçip, edebi ýadygärliklerimizi irmän-arman ýygnadyrlar. Mirasgärlere halk hazynasyny ýygnamakda ýene bir kynçylyk döreden zat, türkmen halkynyň müňläp-ýüzläp golýazmalarynyň, kitaplarynyň, aýratyn hem, sowet häkimýetiniň ilkinji ýyllarynda totalitar düzgüniň yzarlamalaryndan gorkup öwlüýälerde, adam jaýlan ýaly edip çuwallara salyp gömmekleridir. Köne harabaçylyklarda gizlemekleridir. Hatda täze ýerler açylanda, olaryň hojalyk gurallaryna çolaşyp çykanlary-da bolupdyr. Emma olaryň köpüsi ýagyş ýagmyrda zaýalanypdyr. 
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda Molla Töre (Töremyrat) ahunyň möhüri basylan kitaplaryň we Ahun ata hakynda ençeme rowaýatlaryň 700-e golaýy saklanýar. Aslynda welin alymyň Buharadan alyp gaýdan we ömrüniň ahyryna çenli üsti doldurylan kitaplardan, rowaýatlardan emele gelen baý kitaphanasy oňa beletleriň berýän maglumatlaryna görä, 5-6 müňe ser urýar eken. Ol şonça elýetmez baýlygy haýyr-sahawat kitaphanasy hökmünde okyjylara goýup gidýär. Ýöne kitaplaryň köpüsi näbelli sebäplere görä ýitirim edilýär. Şu ýerde gepiň gerdişine görä aýtsak, türkmen halkynyň söz sungatyna, söz baýlygynakitaba nähili uly ähmiýet berenliginiň bir mysaly hökmünde halkyň juda uly sarpa goýan, mertebelän ogly molla Töre ahun barada bir hakykaty ýüzugra bellemegi makul bildik. Halkyň arasyndan uzak ýyllar Töremyrat Rahmanguly ogly hakyndaky, maglumatlary, rowaýatlary toplan žurnalist Durdy Hajymyradowyň ahun hakyndaky salgylanmakçy. Ol ýatlama türkmen halkynyň zehinli ogly Molla Töre ahunyň öz halkyna ähmiýetini hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajak sowgady, dananyň öz ene topragyna bolan söýgüsi bilen bagly. Molla Töre ahun 18 ýyl töweregi Buharada okandan soň, 7-8 düýä kitap ýükläp, ýola düşende ony ýurduň emirine ýamanlaýarlar. Emir töwella baran Garamyrada (ahunyň dosty) „Hormatly kazymyzyň güwä geçmegine görä, siziň şol Molla Töre ahunyňyz kitaphanalary boşadyp, ähli ylmy öz ýurduna aşyrmakçy bolýarmyş“ diýeninde Gara şeýtan emire iňňän jaýdar jogap beripdir: „Hormatly hökümdar,gürrüň haýsy ylym hakynda barýarka? Eger sandyk-sandyk kitaplaryň gürrüňi edilýän bolsa-ha, ol ahunyň hususy zady, her kitapda onuň möhüri bar. Siziň kitaplaryňyzdan ýekejesi-de alnyp gidilenok. Men muňa kepil. Eger-de ahunyň kellesinde toplan ylmy barada agzaýan bolsalar, onda ol kelle türkmene örän zerur. Uly il oňa garaşýar. Biz ol kellä mätäç...” Emir arasy bolan soň Gara şeýtanyň (Garamyradyň) sözüni ýykmandyr. 
Adamzadyň akyl-parasadyny, iň kämil ýol-ýörelgelerini, gylyk häsiýetlerini özünde jemleýän edebi çeper-eserlerimiz-kitaplar, golýazmalar dünýämiz, egsilmez, mizemez ruhy baýlygymyz, geçmişimizi şu güne, şu günümizi ertire ýetirýän, hakydany hakyda birleşdirýän çeper gymmatlyklardyr. Uly alym eziz ata-Watanyna diňe bir ylymdan ýüküni tutup gelmän, ýüzläp müňläp ynsan paýhasyndan türkmene, adamzada degişli 18 ýyllap bazarlardan satyn alyp ýygnan hem dost-ýarlarynyň beren sowgatlary,ruhy gymmatlyklary-da alyp gelipdir. Şeýlelikde, ol sowgatlar bilen türkmen halkyna bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmajak baýlyk getiripdir. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynda 2204e belgili bukjada bu uly alyma, onuň adamkärçiligine degişli dost-ýarlary tarapyndan ýazylyp alnan rowaýatlar-da gürrüňler-de bar. Biz olaryň türkmen halkyna bolan söýgüsiniň şaýady hökmünde iki sanysyny mysal getirýäris. Sebäbi Molla Töre ahun öz göreldesi, adamkärçiligi, akyl-paýhasy, ugurtapyjylygy bilen-de tapawutlanypdyr. Ol bir döwüm çöregini-de adamlar bilen paýlaşyp iýipdir. Sebäbi onuň ykbaly, durmuşy, maksady-da onuň kalbynyň soltany bolan adamlaryň, ykbaly bilen bagly bolupdyr. Ol söýüpdir, söýlüpdir. Alymyň sarpasyny belent tutup, oňa ynanypdyrlar. Bir gezek bir barly adam haja gitmek üçin ahun atadan ak pata almaga gelipdir. Molla Töre ahun oňa şeýle maslahat beripdir.„Mekgä gitmek üçin etjek harajadyňyzy şu ýerde il bähbidine ulansaňyz hem hajyňyz kabul bolardy” diýipdir. Allanazar Batman diýilýän ahunyň wesýetine eýeripdir. Ol öz hasabyna ilaty gazy gazmaga çekipdir. Halk täze ýabyň suwundan hezil edip, peýdalanyp hasyl alypdyr.
Türkmen folklorynyň toplamagyň we öwrenmegiň meselelerineçuňňur gaýra goýulmasyz mesele hökmünde garap Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow: „Türkmenhalkynyň taryhynda Azady, Magtymguly, Andalyp, Kemine ýaly çuňňur pelsepä ýiti pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri peşgeş beren söz ussatlary, akyldar-danalar az däl. Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir“  diýip aýratyn nygtaýar.
Şu zerurlykdan ugur alyp, işimizde öňi bilen baş maksadymyz türkmen folkloryny toplaýjylaryň toplan mirasyny seljermekdir. Sebäbi geçen asyryň 20-30-njy ýyllaryndan tä 50-nji ýyllaryna çenli türkmen folklory ürç edilip ýygnaldy. Şol ýygnanan edebi-çeper mirasyň iňňän kämil nusgalaryny toplap, olary öwrenmän, ýa öwrenip ýetişmän, neşir etdirmän hazynamyza tabşyran M.Ataşow, Ç.Garabekowýaly mirasgärler ýeterlik. Olaryň şol toplan mirasyny olaryň many-mazmunynyň beýleki hazyna ýygnaýjylaryň ýygnan mirasyny we olaryň biri-birinden tapawudyny,göwrümini ýüze çykarmak, eger tapylsa, mirasgärleriň terjime hallary hakynda maglumat bermekligi maksat edindik.
Türkmen halkynyň juda baý,kökleri juda uzakdan gaýdýan edebi çeper mirasynyň, öwrenilişiniň, toplanylyşynyň gözbaşlary barada gürrüň etmek biziň etmeli işimize girýänem bolsa, şu ugurdan ýörite taýýarlanan ylmy-derňew işi bolansoň, bu meseleden sowlup geçip, onuň kökleri bilen gyzyklanýanlara TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri N.Seýidowyň işini salgy bermek bilen çäklenmekçi.
N.Seýidowyň 2010-njy ýylda bu ugurdan ýazan işinde irki döwürlerde folklor mirasyna nähiliräk ýagdaýda çemeleşendigini işiň meýilnamasysubut edýär. Şu günki günlere çenli türkmen folkloryny toplamak, öwrenmek hem neşir etmek boýunça dürli-dürli mirasgärler, alymlar tarapyndan ençeme işler edildi. Şol sanda türkmen folkloryny öwreniş ylmynda aýry-aýry alymlar tarapyndan, bu ugurdan edilen işlere baha berildi. N.Seýidowyň „Halk döredijiligini öwrenilişiniň taryhyndan“ atly işinde türkmen folklorynyň öwrenilişiniň gözbaşlary, türkmen folkloryna bolan irki garaýyşlar, XIX asyrda gündogary öwrenijileriň türkmen folkloryny öwrenmekdäki hyzmatlary hakynda pikir ýöredilýär hem türkmen folkloristikasyna kesgitleme berilýär. 
1967-nji ýylda „Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerkler“ at bilen ýygyndy neşir edilýär. Bu iş halk döredijiligi babatda ilkinji ýazylan bütewi iş hökmünde häsiýetlendirilýär. Işde türkmen halk döredijiligine degişli ähli žanrlar döwürleýin derňelýär. Ol derňew 1917-1929, 1930-1940, 1941-1945, 1946-1960 ýyllary öz içine alýar. Bu gymmatly işiň çeşmeleri hakynda başda şeýle maglumat berilýär. „Oçerki“ ýazmakda uzak ýyllar dowamynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar hazynasynda toplanan baý folklor maglumatlardan şol maglumatlaryň esasynda aýry-aýry ýyllarda çap edilen türkmen halk dessanlaryndan, ýygyndylardan türkmen halk döredijiligine bagyşlanan monografik işlerden, makalalardan peýdalanyldygyny nygtalanypdyr.
Halk döredijiligi döwürleýin öwrenilen bu oçerkler dürli-dürli awtorlar tarapyndan ýerine ýetirilip, žanrlar boýunça ýazylypdyr, seljerilipdir. 
„Oçerkiň” „Girişini“ Halyk Güseýinowiç Görogly bilen hem žanrlar boýunça läleleri, toý aýdymlaryny, yrymlardyr, sanawaçlary, ýomaklary, ýaňlytmaçlary, agylary, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň (1941-1945) türkmen folkloryny belli folklorçy Sähragül Annanurowa, ertekileri, şorta sözleri, rowaýatlary, nakyllardyr atalar sözüni, “edebi mirasy ýaýradyjylar“ diýen bölümleri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kakaly Berkeliýew, „Görogly“ şadessanyny M.Ahundow, dessanlary uly alym filologiýa ylymlarynyň doktory Halyk Guseýinowiç Görogly, hüwdülerdir monjugatdylary, türkmen halk döredijiliginiň irki döwrüni (1917-1929), uruşdan soňky ýyllaryň folkloryny (1946-1960), Nazar Kürräýew, otuzynjy ýyllary (1930-1940) Kakabaý Seýitmyradow, Türkmen matallaryny Sarygyz Ataýewa ýazypdyr. Görşümiz ýaly, bu ýerde Türkmen folkloryna žanrlar boýunça hem-de döwürleýin baha berlipdir. Elbetde, halk döredijilik eserlerini, olaryň-da durmuş bilen bagly ösýändigine garamazdan, edil ýazuwly edebiýat ýaly, ondaky wakalaryň pylan döwürde beýan edilipdir,gahrymanlary „pylan“ döwrüň adamlary diýip, çürt-kesik aýtmak kyn. Uruş döwrüniň edebiýaty hakynda muny aýtmak bolmaýar. Şonda-da dürli-dürli asyrlarda döredilen folklor eserleri, olarda taryhy, durmuşy wakalaryň beýan edilşi, keşpleri olaryň haýsy döwre degişlidigini, kyn hem bolsa, kesgitlemek mümkin. Ýöne, folklor ýyldan ýyla kämilleşip hem üsti ýetirilip gelen halky eserler. Hatda bu ýagdaýa „Hatam Taý“ dessany „Görogly“ şadessany bilen bagly wakalaryň beýan edilşinde, häsiýetleriň açylyşynda şol sanda ertekileriň mazmunyndaky özgerişlerde duş gelinýär. Şu ýagdaý belli-belli şahsalar bilen bagly rowaýatlarda-da şeýledir.Toý aýdymlarynda, lälelerde-de ýagdaý başgaça,aýratyn hem, toý aýdymlarynda dowam edip duran durmuşa görä, täze-täze bentler döräpdir. Hüwdülerdenem gözleseň, käbir özgerişliklere olaryň-da döwre görä “tüýleriniň täzelenendigine” göz ýetirmek bolýar. Elbetde, oçerkde bu meseleler bilen bagly pikir ýöredilenok. Oçerkiň başky bölümlerinde golýazmalar hazynasyndan az peýdalanylypdyr, köplenç neşirlere ýüzlenilipdir. Ýöne derňewlerde türkmen folklorynyň, beýleki goňşy halklaryň folklory bilen deňeşdirilmegi has göwne makul. Sebäbi diňe bir goňşy halklarda hem gündogar edebiýatynda däl, käbir folklor sýužetleri ol halkdan beýleki halklara göçüp-gonup, soňunda ornaşan ýeriniň „topragyndan“ iýmitlenipmillileşip gidipdir. Meselem, körpe gyzyna gül sowgat getirýän „Üç gyzly“ atly ertekidäki aždarha bilen bagly ýordum“Alenki swetoçek“ atly rus ertekisinde-de gaýtalanýar. Beýle mysallary „Müň bir gije“ atly arap ertekileriniň ýordumlarynyň ýaýrawy bilen bagly-da aýtmak bolar. 
„Parslar, täjikler, owganlar, hindiler hem araplar bilen bolan aragatnaşyk türkmen halk döredijiliginde, aýratyn hem, ertekilerde, dessanlarda nakyllarda açyk yz galdyrypdyr.  Türkmen halk döredijiligine ençeme ertekileriň şorta sözleriň, efsanalaryň gös-göni ýokarky halklaryň folklorynyň, hindileriň „Pançatantry“, „Hidopadaşa“, „Betaliniň 25 hekaýasy“, „Kalila we Damna“ ýaly ýygyndylaryň üsti bilen geçendigi çaklanylýar. Galyberse-de, ol halkdan beýleki halka sýužetleriň geçip ýörmekleri halklaryň birmeňzeş ýaşaýyş-durmuş şertleri, ykballary, özara söwda gatnaşyklary bilen-de bagly bolupdyr. Ýurdumyzdan uly söwda ýolunyň – Beýik Ýüpek ýoluň geçmegi-de halklary ýakynlaşdyrypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda belli-belli nokatlarda söwdagärleriň goş ýazdyrmagy, düşlemegi türkmen halkynyň ruhy iýmitine-de şäriklik etmegine sebäp bolandyr. 
Ertekiler, rowaýatlar diňlenilendir. Golýazmalar ele salnandyr. Şu ýol bilenem olar beýleki halklaryň arasyna ýaýrapdyr.Meselem, Azerbaýjan folkloryndan alnan aşakdaky bent bilen türkmen folklorynda duş gelýän monjugatdy mazmun taýdan hem, gurluşy taýdan hem biri-birine juda ýakyn.
Bazara bar injir al,
Sagadyňa zynjyr al,
Uzak ýerden geleňde,
Gir, goýnumda dynjyňy al! 

Ket bazara injir al,
Saatyna zinçir al,
Uzak ýoldan kälib san,
Kir goýnuma dinçin al! 
Alymlar şeýle ýakynlygy iki halkyň hem beýleki halklaryň dessanlaryny hem deňeşdirip subut edipdirler. Hatda türkmen dessanlarynyň wakalary Azerbaýjanyň we Ermenistanyň, şol sanda beýleki ýurtlaryň çäklerinde-de bolup geçýär. Meselem, B.Garryýew halklaryň folkloryny deňeşdirip öwrenen wengeralymy I.Kunoşyň „Şasenem-Garyp“ dessany bilen baglanyşykly 1863-nji ýylda aýdan aşakdaky gymmatly pikirine salgylanyp, öz garaýyşlaryny berkidipdir. „Bu halk eserleri [„Görogly“, „Şasenem-Garyp“ we ş.m. –Ş.G.] aslynda türkmenleriň, gahrymançylykly eposydyr. Eýrana ýa-da türki ilatly ýurtlara aralaşmak bilen, olar sünnüleriň ýa-da Şaýylaryň täsirine düşüpdir. Şeýlelik bilen, hem türkmen halk romanlary azerbaýjanlara hem anatali türkmenlerine düşýär.“  Aslynda, aýratyn hem, goňşy ýaşan halklaryň edebiýatyny-da, folkloryny-da biri-birinden üzňe öwrenmeklik garaşylan netijeleri bermejegi,hakykat. Sebäbi dürli halklaryň edebi mirasy, aýry-aýrylykda öwrenilende-de olaryň kökleri bir bolansoň, düýpli öwrenmek mümkin däl. Bu ýagdaý dünýä alymlary tarapyndan ykrar edilen hakykat. M.Sakali „Türkmen erteki eposy“ atly işinde türkmen ertekilerini rus ertekileri bilen deňeşdirip öwrenipdir. Biziň döwrümizde bu ýakynlyk, has-da ýygjamlaşdy. Beýle ýagdaýy hormatly Ýurtbaştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele bilen bagly çykyşlarynda ýörite belleýär. 

(Dowamy bar)...

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 747 | Добавил: Нawеran | Теги: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]