10:55

Yşkyñ jepasy

YŞKYŇ JEPASY

Sen gidiber,
Indi gözlem görmesin.
Bir pursatlyk düýşleriňden gözleme, 
Geçer ýyllar, geler ahmyr aýlanyp. 
Ýüzüň öwrüp, ötünç sorap sözleme, 
Hasrat baglan gözleriňi gizleme
Goý, çözmese çözülmesin düwünler,
Geçmişiňden meni gözläp ýaýdanma. 
Ýyllar hyýalyma agram berse-de, 
Ynanamok: «Unut» diýip aýdanňa.

Salgyma ugradyp yşkyň yzasyn, 
Oň jebirini ýüreklerde göterdik. 
Gözýetime bakyp, uzak oýlanyp, 
Nowjuwan bahary, gyşy ötürdik. 
Ine, şeýdip, söýgimizi ýitirdik.

Ötünç sorap, ertirimi güýmeme, 
Ýürek çekdi yşkyň pynhan derdini.
Gabanypdym ýetilmedik yhlasym, 
Durmuş saýlar eken söýgiň merdini,
Aýtmasam-da, ejizligiň gördüňmi?!

Bagtly günler ýatlamada galypdyr, 
Boşap galdy, bagtdan doly dükanym. 
Dünýä aýdym bolup, saz bolup gelen, 
Bir mahal diňipdir bagt mukamym,
Ýalňyzlykmy indi baky mekanym?!

■ ÝEKE SÖZ

Sen özüňi asman saýyp depelän 
Duýgularňa göz dikýärler özgeler. 
Umytlarmy söndüräýse keç ykbal, 
Şonda meniň duýgularym özgerer.

Meniň üçin geň-taň bolup görünen 
Agras keşbiň öz görküni ýitirer. 
Agaçlar gol bulap, asmanam aglap, 
Saňa diýjek sözlerimi ýetirer.

«Bagt» diýip, hasrat beren mähriban,
Ahmyrlary niçik maňa dözýärsiň? 
Ýyllar geçer, geler hasap aýlanyp, 
Ýiten ýodalardan meni gözlärsiň.

Bagtyň üçin saňa beren bagtymy, 
Indi meniň gözlerimden gözleme. 
Boldy, besdir, ýadapdyryn ýalandan, 
Adym tutup, ýeke sözem sözleme.

Gunça ORAZOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 437 | Добавил: Нawеran | Теги: Gunça Orazowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Волшебные слова любви и упоенья…» / Goşgular - 05.02.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023
Бог / Goşgular - 31.01.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
«В ушах два свиста: шёлка и метели!..» / Goşgular - 27.01.2023
«Ослепительная снежность…» / Goşgular - 10.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
На серебряную свадьбу Е.П.Щукиной / Goşgular - 04.02.2023
На дне преисподней / Goşgular - 12.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]