* * *
Şahyr diýip salamlaşýar bir kişi,
Ýasdamy, toýdamy parhy ýok nirde,
Jan ýaşulym sen-ä görjek-le işi,
Şol ýeke sözüň-de at salýar serde.
Seniň bilýänlerňi bilemok heniz,
Seniň görenlerňi göremok ahyr,
Meniň arzuwlarym däl ýaly tämiz,
Bolan däl bolmaýyn men heniz şahyr.
Seýtanym böwrümde hol yklap otyr,
Nebsim ynsap bilen mydam söweşde,
Serim serhoş ýaly hol uklap ýatyr,
Paýhas bilen oturanok geňeşde.
Heniz meniň doýmaz-dolmaz gowzum bar,
Kenary ýok, çuňlugy-da ölçegsiz,
Atam beýle kesbi edäýmäýin har,
Belki-de, ýagşy bor bolsam idegsiz.
Goşgular