11:00 Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy | |
10. «Oglum düşegine buşugýar diýip, molla okatdym, ertesi ol ýatan ýerine meýdan edäýdi» Halk ynanjy. Alla bendesine beren dertleriniň müň sany dermanyny itburuna salandyr» Halk ynanjy. «Ajöze, bir bulgur suwa iküç nahar çemçesi ary balyny garyp içseňiz, ýüregiňi ýaş ýigidiňki ýaly juwanlaşdyrar» Halk lukmançylygyndan. «Ýatjak bolanyňyzda bir bulgur suwa bir nahar çençesi ary balyny garyp içseň, gowy ýatarsyň. Halk lukmançylygyndan. Aradan indi üç ýyla golaý wagt geçipdi. Dawut obalaryndaky 13-nji doly däl orta mekdebi tamamlap, Ak galadaky 8-nji orta mekdebe gatnap, onuňam bir ýylyny tamalap barýardy. Onuň üçin bu geçen ýyllar beýle bir aladaly bolmasa-da, ýaş oglan köne jaýlarynyň içini-daşyny gyryp, suwap, üstüni açyp täzeden basyryp, otaglaryna pol kakdy, täze jaýlarynyň ähli otagyny pollap, üstüni şiferledi diýmeseň, iki adamyň sarmasy bilen bendiň gapdaljygynda bäş müň kerpiç guýup, iki müň manat gazandy diýmeseň, başga bir bolan ullakan zat ýokdy. Ol Orazaly mugallym bilen has ysnyşdy. Olaryň mugallym-okuwçy gatnaşygy indi çyn dostluga baryp ýetdi. Orazaly mugallym Dawut 13-nji doly däl orta mekdebi tamamlan badyna 8-nji orta mekdebe fizika mugallym bolup geçdi. Sebäbi ol Dawudyň «açan» teoretik taglymatlaryny görüp, edil bir kakynlan ýaly boldy. – Daw jan, bulardan bilýäňmi, Nobel baýragynyň ysy gelýär. Sen bularyň ýekejesini, tutuş ömrüň boýuna açsaňam bolany. Adamzat paýhasy, , dünýä ylymy üçin ajaýyp goşant goşdugyň bolýar, düşdüňmi?! Dawut mugallymynyň bu öwgüsine eselenogamdy, peselenogamdy. Ýöne, ýaş oglanyň mekdep direktory Şyhberdi aganyň teýeneli käýinjine gahary gelýärdi. – Sen doňuz ogly, meniň janym sag bolup dursa, itiň art aýagyndan suw içersiň. Sen meni oýnaýandyryn diýýänsiň welin, sen meni tanaňok. Men seniň mäşiregiňi çaşyraryn.... Şuny ýadyňdan çykarmagyn. – Mugallym, meniň näme günäm bar beýle zulum ediler ýaly – diýip, Dawut oňa ýalbaryp diýen ýaly sorady. – Sen haramzada. Sen çöp düýbi. Sen tilki! Ine seniň bar günäň. Seniň bu häsiýetleriň tutuş türkmen halky üçin aýyp zat. Şonuň üçin kim seni çaltyrak ýok etse, şonuň jaýy jennet bolar. – Ýaşuly mugallym, Dawudyň golaýyna geldi-de, «tüf-u» edip, onuň ýüzüne maçjyldadyp tüýkürip goýberdi. Muny görüp duran Orazaly mugallym: – Ýaşulynyň gaty gahary gelipdir-äý, näme boldy, aýtsan-a! – diýdi. Dawut dostnyň ýüzüne gözlerini tegeläp seretdi. –Walla, özümem düşünemok. – Bir zat bolandyr ahyry. Dawut oňa mugallymyň etrap bilim bölümüniň müdiri bilen «Gargyly gysa» baryp aýdan zatlaryny, soň ýanyna birnäçe gezek barandygyny gürrüň berdi. Oňa öz beren jogabyny aýtdy. Orazaly mugallym hezil edip güldi. – Eý, dos jan, ony mundan beter öldürjekmi? Şyhberdi diýilen adam okuwçylardan teňňe ýygnap alyp, şoňa hoş bolup ýören adam-a, Ol bermeli teňňesini bermedik okuwçyny synpynda galdyryp bilýar-ä. Munuň ýaly uly awy elinden giderip, ät galan bolsa, dat seniň günüňe. Olar bu gürrüňi gülüşmek bilen goýan bolsa-da, Şyhberdi aga bu gürrüňi goýaýanokdy. 13-nji orta mekdebiň direktory Eke Baýrammyradow onuň hem synpdaş dosty, hem guda garyndaşy eken. Dawut 8-nji orta mekdebe geçeninden sähel wagt geçenden soň, mekdebiň direktory Dawudyň okaýan klasyna birküç gaýta girip, eger Dawut sapagy aýdaýsa, oňa ýok soraglary berip, ony okuwçylaryň arasynda ynjydýardy. – Näme, Amanof, näme meniň başyma, köpbilmişsireýäň. Hany, şu sowaly aýdyp ber – diýip, bolgusyz sowaly berýärdi. – Mugallym, siziň ýaly akyllynyň sowalyna jogap berere ýagdaýym ýok! – diýip, ol Orazaly mugallymyň bişirip beren jogabyny aýdýardy. Ol synpdan çykyp gidensoňam, mugallymlaryň arasynda Dawudyň ýakymsyz gürrüňini edýän eken. Bir sapar Orazaly mugallym halys çydaman: – Mugallym, bir okuwçynyň gürrüňini mugallymlaryň arasynda beýle wejera ýagdaýda edip oturmag-a ýagşy däl – diýipdir. Beýle sözi hiç haçan eşitmedik Eke mugallym, Orazaly mugallymyň üstüne gygyrmak gygyryp: – Şol seniň sapagyňy alyp şeýle bolgusyz bolup ýetişýär. Bu ýerde sen ähli belanyň körügi. Biz ony beýle goýmarys. Seni tertibe çagyrjaklar bardyr.... – diýipdi. Şondan kän gün geçmänkä, etrabyň howpsuzlyk bölüminiň bir işgäri mekdebe gelip, Orazaly mugallym bilen gürrüňdeş boldy. Soň ol Dawudy bir boş otaga çagyrdy. – Adyň näme? – Dawut Amanow! – Sen şu golaýdaky serhediň ýollaryna gaty belet diýýärler-le. – Aý, ýok-la. Men-ä serhediň niredediginem bilemok. – Onda näme, synpdaşlaryňa men serhediň islendik ýerinden aňry geçip bilerin – diýip öwünipsiň-ä. Ýa başga biri şeý diýip öwündimi? – Aý, ýok, biziň mekdebimizde serhet, del ýurt barada gürrüň etmegem gadagan. Her kim bir obadan gelýär. Zordan sapaga ýetişýäs. – Onda näme, sen mugallymlaryňyz bilen awa gidenmişiň. Şonda edil serhediň golaýyna baranmyşyň. Serhet galalarynyň birinde gowy tanyşyň barmyş. – Aý, ýok-la. Mugallym, meniň özümem, atamam, kakamam, ejem, jigilerimem inçekeselli. Bize agyr ýollara gitmegem, nätanyş adamlar bilen gatnaşykda bolmagam bolanok. Şonuň üçin men serhede gidibem bilmen, beýle gürrüňi edäýsemem, ony ýanymda oturyp, diňlejek adam bolmaz. Menden keseli ýokuşar öýdüp, tutuş mekdep çekinýär. Men iň ahyrky partada, ile goşulman oturýan. Şonuň üçin sizem menden çetiräjikde bolsaňyz, özüňize peýdaly bolarmyka diýýän.... – Orazaly mugallym bilen gatnaşygyň barmy? – Ol meniň obadaşym, goňşym, mugallymym. Gaýdanda, käwagt «şul oglan bir näsag, ýanyragynda bolaýyn» diýip, soňam, gorkaýmasyn diýip, meni alyp gidýär.... Dawudyň bu gürrüňleri netije bermänsoň, Eke mugallym mekdebe merkezi keselhanadan rentgen maşyn getirdip, uly synp okuwçylaryny ýekän-ýekän barlatdyrdy. Onda-da, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Dawutdan olaryň diýýän keseli çykmady. Şonda-da Eke mugallym Dawudy sypdyrmady. Mekdepde onuň adyny öwgüli sözler bilen tutmak gadagan edildi, çärýekden çärýege geçilende, Dawuda ýokary baha goýmak gadagan edildi. Mugallymlaryň arasynda diňe Orazaly mugallym gyrlyşyp, dawalaşyp diýen ýaly Dawuda fizika, algebra, geometriýa derslerinden bäşlik baha goýdy. Mugallymlaryň köpüsi Akgalaly bolup, olar Eke mugallymyň garyndaş-doganlary, ýa-da, gara gadyr edip işe alan mugallymlardy. Olar Eke mugallym biriniň saçyny al diýse, olar kellesini aljak bolup durdylar. Olar Orazaly mugallymyň ýanynda oňa eşitdirip: – Pormusy dagy nähili nejis-äý, onyň.... Içi inçekesel, ýüzi edil arwah ýaly, gorseň ýüregiň bulanýar – diýip, gürrüň edýän ekenler. Eke mugallymyň şular ýaly gürrüňi eşitse, göhi gelýärdi. – Onuň beýle ölüp-öçmesiniň sebäpjigi Dawut bilen bir synpda onuň ogly Kakajanyň, ýegeni Goçynyň okamagy bolaýmasa – diýip, Orazaly mugallym Eke mugallymyň beýle bolşunyň sebäbiniň çözgüdini gözleýärdi. – Eke Baýrammyradowyçyň gowy häsiýetlerem kän – diýip, şol gün öýe gaýdyp barýarkalar Orazaly mugallym Dawuda göwünlik berip aýtdy. – Ol juda guramaçy adam. Görýäň-ä, mekdebiň her çäresi kolhoz başlyksyz, goňşy mekdepleriň müdirleriňiz, serhetçileriň wekillerisiz geçenog-a. Ikinjiden bolsa, ol mekdebiň görlüp-eşidilmedik bagyny döretdi. Beýle bag etrapda hiç mekdepde-de ýokdur. Özem her ýyl tomsyna ol bagyň ir-iýmişini her okuwça paýlap otyr. Iň esasanam, ol indi on-on iki ýyl bäri mekdebiň her okuwçysyna bir bulgur gyzgyn süýt berýär. Bu zatlar etrap bilim bölüminde-de, welaýat bilim bölüminde-de gowy iş hökmünde hasaba alynýandyr. Il üçin şeýle gowy işler edýän adamy, onda-da mugallym adamy sähelçejik gödekligi üçin bagyşlap bolar. Dawut mugallymyna düşündi. Öňdenem ol bir göwnüne öýke-kine alyp ýören adam däldi. Onuň bar aladasy ejesi, kakasy, jigileri, atasy. Olaryň derdi Dawudyň egnini çökerip barýardy. Annajemalyň bir böwregi dertli çykdy. Ony kesmeli diýýärdiler. Kakasynyň bir öýkenini aýyrmaly diýip, howanyň birneme salkynlaryna garaşýardylar. Jigileriniň öýkeninden başga ýene bir keselini ejesi oglundan ýaşyrýardy. Atasynyň derdi barysyndan artykdy. Ahyry, şu tomusda sürini Dawuda goýup, Aman agany etrap merkezine eltip, ony barlagdan geçirdiler. Netije, gussaly bolup çykdy. – Ýaşulynyň derdi gowy däl – diýip, iç keseller lukmany Ataly aga Dawuda dogrusyny aýtdy. – Süýji keseli iň ýokary derejä ýetip, ondanam inçekesele ýazypdyr. Basym bu dert ýaşulynyň bir ýerinden urup çykmaly. Dawut gynanjyny gizläp bilmän, lukmanyň ýüzüne naýynjar seretdi. – Ony bejerip bolanokmy? Lukmanyň ýüzüne gussa indi. – Wah, bu dertleriň ikisinem bejermäge heniz-ä medisina güýçsüz. Bar, ýok diýip biljek däl. Aşgabatda ýörite inçekesel instituty, keselhanasy bar. Bejerýärler. Juda uzak wagt gerek. Onuň üstesine, süýji keselem beterläp dur, ol kesel inçekeseliň dermanlaryny göterip bilmeýär. Şonuň üçin bu keselleri aýry-aýrylykda bejermeli. Oňa-da wagt gerek. Siziň ýaşulyňyz onça ýaşajakmy, ýaşamajakmy, bu-da näbelli. Lukman keselhananyň koridorynda, beýleki lukmanlaryň, kesellileriň gelip-geçip duran ýerinde, ýumruk ýaly, okuwçy oglanjyk bilen beýdip, derdinişip durmagy uslyp görmedimi, nämemi, gapdallaryna aladaly seretdi-de, gepini jemledi. – Bolýar, jigi, soň kepleşeris. Sag bol! Şol gürrüňden soň-a Dawudyň derdi hasam artdy. Bu ýylyň tomsy jöwzaly bolany üçin ol işikdäki mellege eken ekinlerinem guratmajak bolup dert-azar bolup, gijeler ýatman, aşakky bentden mellekdäki ekine suw daşap çykýardy. Onuň üstüne her gün bir, iki sagatlap fizikadan teoremalaryň üstünde işleýärdi. Sapaklaryna berk taýýarlanýardy.... Ine, şu ýagdaýda, ol ýüreginde nädip öýke, kine saklasyn. Onda-da, mugallymyndan, şu töwereklerde iň sylagly adamdan. Ol Orazaly mugallymynyň ýüzüne aladaly seretdi. – Ýok-la, mugallym. Mende öýke-de, kine-de ýok. Ol maňa birki gaýta şarpyk çalaýanda-da, men ony bagyşlap bilerin. – Berekella! Ine, şeýt, ýüregiňi bolar-bolgusyz zatlardan arassa sakla. Ylham aňa däl-de, ýürege berilýändir. Ýürekde ýagşy ornan yhlas soň aňa geçip, paýhas-parasada öwrülýändir. Dawut baş atdy. – Düşdiň?! – Düşündim! Orazaly mugallym Dawut bilen hoşlaşyp, öýüne sowuldy. Şondan birnäçe gün geçipdi. Dawut synpynda özüni edil bir ýag bilen ýüpegiň işilmesi ýaly mylaýym, ýakymly alyp barýardy. Ol algebra, himiýa derslerindäki barlag işlerinde mysallary ilkinji işläp, birini özi alyp, ikinjisini ýoldaşlaryna geçirip goýberdi. Synpyň okuwçylary bu dilsiz, agyzsyz, betnyşandan, kirrebeli görünýän oglanjykdan razydylar. Indi oňa okuwçylardan hiç kim azar bermeýärdi. Dawudyň özem mekdepde galkynyp ýaşaýardy. Ol uly arakesmede öýden alyp gaýdanja çöregini jübüsine salyp, oglanlaryň yzyna düşüp, süýt içmäge ugrady. Ol her günem öýlerinden edil iki barmak ýaljak çörek alyp gaýdyp, onam uly arakesmede klasdaşlary bilen baryp, süýt alyp, hurş edinip, iýip gaýdýardy. Süýt mugallymlar otagynyň böwründe goýlan stolyň üstünde bulgurlara guýlup goýulýardy. Oňa mekdebiň tam süpürijisi Kümüş han diýen aýal göz-gulak bolýardy. Ol aýal gapdalda durup, süýt alýan okuwçylaryň hersini edil hüwiniňki ýaly, gözleriniň hoňkaryp ýatan çukuryndan juda hatyrjemlik bilen gözleýän ýaşyl gözleriniň ýakymsyz nazary bilen pugta synlaýardy. Sähelçejik tertipsizlik bolaýdygy: – Ha-aý, yşarat, ýaşy kesilen, çyk jaýdan – diýip, aýylganç gygyrýardy. Onuň bu bolşuna tutuş mekdep boýundy. Dawut göwnüne hiç zat alman, süýtli bulgurlaryň birini aljak boldy. Oňa çenli ýokary synpyň oglanlary bosuşyp geldiler-de, Dawudy stola bakan itip goýberdiler, Dawut eline alan bulguryndaky süýt döküläýmesin diýip, ony stoluň üstünde goýdy-da, ýykylman zordan saklandy. Beýleki oglanlar bulgurlaryny alyp gidensoňlar, ýene baryp, öz bulguryny aljak boldy. Edil şol pursadam Kümüş han daýza jynssyz gygyrdy: – Haýt, naýynsap oglan, aýryl, güm bol. Sen ýaňam aldyň. Näme ýene sokulýaň. Çyk, ýok bol. – Ol aýal gygyrany bilenem kanagatlanman, baryp Dawudy silterläp gyra çykardy. Özem şerraý ses bilen, «mekdebiň ýolbaşçylarynyň biri eşidäýmezmikä?» diýýän ýaly gygyryp, gargap başlady. Mekdebiň müdiriniň otagy mugallymlar otagynyň töründe ýerleşensoň, mekdep müdiri atylyp işige çykdy. – Kim? Näme? Kümüş han daýza meçewlenip: – Ine, şu ýer çeken edrenç, yşarat. Beýlekilere ýol bermän, iki paý aljak bolup, ölüp-öçüp dur. Kowsamam gidenok, ýer çeken! Edil ölüp-öçüp barýar-eý.... Ýok bol diýdim, men saňa.... Eke mugallym Kümüş hanyň elinden sypjak bolup dyzanyp duran Dawudy gördi-de, pikirem etmän, süýt içmäge gelen bir topar okuwçylaryň, şol wagt sapagyndan çykan mugallymlaryň arasy bilen gazaply, eňterilip gaýdyp, gelip ýaş çaganyň ýaňagyna şarpyk çaldy. – Güm bol! Ol müýnürgäp duran Dawudyň beýleki ýaňagyna doňdurmak üçinem elini galdyrandan, Dawut özüne geldi. Ol: – Aýryl-sanaý, näme urýaň! – diýip, Eke mugallymyň özüne bakan uzap gelýän elini yzyna batly itip goýberdi. Beýle garşylyga garaşmadyk Eke mugallym görlüp-eşidilmedik bu urga bir yzyna tesdi-de, arkanlygyna serpilip, beton poluň üstüne şarpyldap gaýtdy. Kellesi beton pola jalkyldap degdi. Mugallymlar otagynda üýşüp duran okuwçylar, mugallymlar, tam süpürýän aýallar «waý-da-waý» bolşup, diwara tarap serpildiler. Boldy bir başagaýlyk. Eke mugallymyň elini galdyrjak bolýan kim, kellesni göterjek bolýan kim. – Suw alyň, Suw alyň! – diýip gygyrýany kim. Emma iş suwuň, eli, kelläni galdyranyň bilen biter ýaly däl-di. Ol demsiz-düýtsüz şalkyldap ýatyrdy. – Jaýy boşadyň, jaýda howa ýog-a. Okuwçylar, synpyňyza baryň, mugallymlar sapagyňyza baryň – diýip, müdiriň orunbasary Sopy mugallym joňk-joňk edip, iki baka ýorgalap, işjeňsireýärdi . Oňa çenli kimdir biri: – Medpunkta, Orazdurda ylgaň. Felşiri çagyryp geliň. Goý, «Tiz kömegi « çagyrsyn! – diýip gygyrdy. Dawut bu başagaýlykda näme etjeginem bilmedi-de, klasyna baryp, ýerine geçip oturdy. Şol arada tutuş mekdeniň gyzlary Dawudyň oturan synpyna gelip, işikden: – A gyz, Eke mugallymy şol oglan urupdyr-da! – diýişip, oňa seredip-seredip gitdiler. Käbiri bolsa: «Oňaraýypdyr!» diýip begenýärdem. Jaň kakyldy. Klasa Sopy mugallym joňk-joňk edip girdi-de Dawuda garap: – Sen, eýt, çyk klasdan, bar öýüňe gaýdyber. Sen indi okap bolduň! – diýdi. Dawut onuň diýenini etmedi. – Näme üçin, heniz okuw gutaranog-a. Sopy mugallym joňk-joňk edip, klasyň ortasyna geldi. – Seniň üçin okuw gutardy. Sen indi başga okuwa, – Ol barmaklarynyyň arasyny açyp, biri-biriniň üstüne goýup, gözenek edip, ýokary galdyrdy-da – Şol okuwa gitmeli bolarsyň – diýdi. Emma Dawut onuň abaý-syýasaty bilen klasdan çykmady. Mugallym gidensoň, Dawudyň ýanyna Eke mugallymyň ogly Kakajan bilen ýegeni Goçy, ýene-de birki oglan sürünişip geldiler. – Eý, sen, hany, erkek bolsaň çyk klasdan! Dawut olardan çekinip durmady. – Çykanda näderin öýdýäň? – Nätjegimi daşarda bilersiň. Dawut Kakajanyň elinden tutdy. – Eý, sen gaýratyň bolsa, gel meni urup öldür. Kakaň-a urjak, öldürjek bolup, şo güne düşdi. – Ony sen etdiň. Dawut asmana elini uzatdy. – Hana, Alla seredip dur. Meniň jinnik ýaly günäm bolsa, janymy alaýsyn. Metjik bilen Aýlyşka ara düşdi. – Ol günäkär däl-ow! Kakajan syçyrap gygyrdy. – Eý, pesler, demiňizi almaň. Edil bajyňyzy dula bakdyraryn. – Bar-aýt, senden gorkup oturan ýok! Şol wagt ýol bilen «Tiz kömek» maşyny geçdi-de, mekdebiň gündogary bilen geçip, mugallymlar otagyna bakan aýlandy. Klas boşap galdy. Bir Dawut gözlerini tegeläp otyrdy. Okuw gutaran badyna Orazaly mugallym Dawudyň yzyndan geldi. Ol ýolboýy: – Dawjan, seniň hiç hili günäň ýokdur. Ynsabyňy horlap, ýüregiňe agram salaýmagyn.... – diýe-diýe, öýlerine eltip gaýtdy. Oňa hyrçyny dişleşip ýören oglanlar hem Orazaly mugallym bolany üçin, Dawudyň golaýyna gelip bilmediler. Şol günüň ertesi «8-nji orta mekdepde bir okuwçy mekdep müdirini urup, ölüm halyna getirende, onuň elinden alypdyrlar» diýen şum habar tutuş etraba ýaýrap gitdi. Emma Dawut ol gepleri myzaýyk bilip durmady. Öz işleri bilen boldy. Ol ähli ünsüni teromalara jemledi. Olary gaýtadan, telim-telim öwrüp, çöwrüp, deňeşdirip, çuňňur pikirlenip, işläp çykdy. Sekizinji, dokuzunjy, onunjy klaslar üçin, algebra, himiýa, fizika, biologiýa, edebiýat, taryh kitaplaryny ýene-de birki sapar okap çykdy. Dawut, özünde gahar, gazap, kine dörese, aňynyň juda çuňňur işleýändigine göz ýetirdi. Onuň edil şu iki günde okap, okap düşünen, aňyna alan bilimi, pikir-paýhasy tutuş geçen ýedi-sekiz ýylyňkydanam artyk bolupdy. Ol mekdebiň, mugallymyň, synpdaşlarynyň arasynda namysa galmaly däldi. Özüniň tebigy ýetmezligini, bigörklügini, keselbentligini, boýunuň girdeneligini, ullakan gözleriniň betnyşan bolup, içine girip ýatmasyny, ýüzüniň derisiniň kertik-kertik gap-gara zolaklaryny, durmuşdaky bişowlugyny diňe, gowy okap, bilimde, edeplilikde beýlekilerden rüstemligi bilen ýapar ýaly okamalydy. Hepdäniň birinji güni irden Dawudy kakasy bilen Ak gala, mekdebe çagyrdylar. Toýly öküz mekdebe çagyrylmagyna hondan bärsiräp, motosikledini münüp, budur gitdi. Ol ogluna: – Men kantura degip geçjek, özüň baryber. – diýdi. Dawut geýinip, bu günki sapaklarynda gerek bolaýjak kitaplaryny, okuw esbaplaryny alyp ýola düşdi. Ol baranda mekdepde başlangyç synplaryň okuwy gidýärdi. Ol kakasynyň motorynyň mugallymlar otagynyň işiginde durandygyny görüp, şoňa bakan ýöneldi. Ony müdiriň otagyna eltdiler. Ol ýerde, etrap içeri işler bölüminden bir milisioner, ony arada burça gabajak bolup, her hilije töhmetleri atan etrap howpsyzlyp bölüminden bir işgär, etrap bilim bölüminiň müdiri, Sopy mugallym garşyladylar. Toýly öküz olaryň öňünde gara dere batyp oturan eken. – Hany, onda bu oglanyň özi bilenem bir kepleşip göreýli – diýip, howpsyzlyk bölüminden gelen adam Dawudyň ýüzüne awulyja nazar bilen garady. – Sen, Amanow, mekdep müdiri bilen araňyzda näme waka boldy. Dawut bolan wakany bolşy ýaly aýtdy. Milisioner Toýly öküziň ýüzüne garady. – Gördüň dälmi, seniň bu ogluň şeýle bir köpbilmiş. Bir zat aýtsaň, ýadyňa-oýuňa dýşmeýän zatlary aýdyp, gaýta, özüňi günäkär edip goýýar. – Toýly öküz bitaý gözlerini gazap bilen ogluna dikdi. – Gapylyp otur-eýt! Sopy mugallym ara goşuldy. – Walla, şunuň derdinden, biz-ä obadan gaçyp gidibermeli bolduk. Bu bir okuwçy bolmady. Daşary ýurt razwetkasynyň agenti ýaly, bu gün serhetden geçjekmişin, ertir okuwçyny öldürjekmiş, ýene bir gün mekdebi otlajakmyş, ine, indem, okuwçylaryň, mugallymyň gözüniň alynda mekjdebiň müdirini urup ýykyp, maýyp edip taşlady. – Ol birhili gorky bilen Dawudyň närazy ýüzüne garap:– Gör, onuň jikgeräýşini, onuň gözi ýanýa, gözi. Ol düzeljege meňzänog-a. – diýip, birhilije ýan berip ýerinde oturdy. Dawut bu oturanlaryň arasynda özüni gorajagyň ýokdugyny bilip durşuna: – Mugallym, akyllyja gürle, «dil bela, diş gala» diýipdirler. Kynçylyk geçer, emma onuň masgaraçylygy galar. Sen bu aýdan sözüň üçin bütin ömrüňe utanyp gezmeli bolaýma! – diýdi. Sopy mugallymyň ýüzi dym-gyzyl bolsada, gözlerini jikgerdip, Dawudyň ýüzüne garap: – Ine-de, ine-de, gördüňiz dälmi, men aýtmanymda-da, özje gözüňiz bilen gördüňiz, gulagyňyz bilen eşitdiňiz, muňa bir zat aýtsaň, gaýta, özüňi utandyrjak bolýar. Muny mekdepden ýok etmeli-läý. Başga çäresi ýok-laý munuň. – diýdi. Toýly öküz oglyna : – Gapylyp otur-eýt diýmedimmi! – diýip azgyryldy. Dawut gepläp başlady. – Meniň çigit ýaljak günäm bolsa, meni hol ýola çykaryň-da ataýyň. Bolmasa, ömürlik gazamada salyň. Ýöne men günäkär däldirin. Howpsuzlyk bölüminiň wekili Toýly öküze ýüzlendi. – Toýly Amanow, ogluň bilen özüň bir kepleşip gör. Bu oglan şeýle terbiýe bilen össe, geljekde özüne kyn bolar. Biz kimiň günäkärdigini barlarys, anyklarys. Kim günäkär bolsa, – Ol gapdalyndaky milisoner eşikli adamy görkezdi. – Ine, organ işgärleri bar, çäre görerler. Toýly öküz zarp bilen ýerinden turup, bitaý gözlerini elek-çelek edip, töweregine garady. – Ýoldaş mugallymlar. Siz meni sylap, çagyrypsyňyz, men bu oglanyň çäresini gatam görerin. Ony maňa zamunyna bir beriň. Ony, edişime serediň, ýoldaş mugallymlar. – Ol yzyna öwrüldi-de, agyr ýumrugyny ogly taýdan aýlap goýberdi. Onuň bilenem kanagatlanman ýerinden turup, ogluny ýagşy ýençdi. Geň ýeri, oňa «edeniň däl» diýen bolmady. | |
|
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |