22:19 Ak guwlary atmaň / roman | |
AK GUWLARY ATMAŇ
Romanlar
1. Ýanwaryň süňňünden baharyň ysy bark urýardy. Günbatardan, durşuna gury şaha bolup ýatan baglary aralap, öwüsýän şemal, bir ýerlerden gül-gunçalaryň ysyny getirýän ýalydy. Munuň göwnüňe bolmagam mümkindi. Dogup, indi ep-esli ýokary galan ýanwar gününe bakan köneje tigrini haýdadyp, sürüp barýan şilliň uzyn ýigit gaty bir möhüm habar alyp barýan çapar ýaly, töwerek daşy bilen işi ýokdy. Ol gyşyň ortaky aýynda öwüsýän şemal bilen bark urýan ýaz ysyny-da, ho-ol ilerde, garyny güjeňläp, ýatan daglara hem, ýoldan salam berişip, eginlerine pillerini atyp barýan adamlar hem görnenokdy. Onuň ýalaňaç başynda selpildäp, gidýän uzyn saçy kä ýüzüne, kä ýeňsesine bakan galgap gidýärdi. Arkasyna atynan, agzyndan gazetleriň ujy çykyp duran gaýyş sumkasy bir döşüne, birem bykynyna gütüläp degýärdi. Emma bu tigirli pyýada onam duýmaýana meňzeýärdi. Tigir obanyň ortasyndaky göni köçä düşensoň, ol şilliň pyýadanyň uzyn aýaklary aşak-ýokary has çalt-çaltdan inip, galyp başlady. Tigiriň şakyrdysynyň, ýukajyk tozan turuzmasynyň üstesine, uzyn pyýada sag eliniň kirli barmaklary bilen tigriň sag şahyndaky jaňjagazynam bar güýji bilen jyňňyrdadýardy. – Aý-uw, näme habar bar? – diýip, kaşaň jaýyň işiginde köne düşek serip duran tanyş aýal, ýola bakan gygyrdy. – Näme bolduka gyz, beýle, yzyndan ýagy kowalap gelýän ýaly bolup gelere. Emma jaňly tigir hiç zat eşidenokdam, duýanokdam... Ol şol başky bady bilen, eýesini eltmeli ýerine eltip, köneje tamyň işiginde sakga saklandy-da, tigirini köne diwar tarapa itip goýberip, içeri baka zowladyp, gygyryp başlady. – Dit-ja-a-n aý, Dit!.. – Ol sesinem tamamlaman, işige bakan haýdady. Otuzynjy ýyllarda, bu hojalyk ýaňy açylan gabatlary, bu ýere işlemäge gelenler üçin çig kerpiçden umumy ýaşaýyş diýlip, salnansoň, ellinji ýyllarda hersi iki otag edilen bu bolgusyz jaýyň açyk işiginden başy börükli, ýüzi derdiň ejirinden ýaňa eňşäp duran kiçijik, garry aýal ýüzüni görkezdi. Soň başyny yzyna çekip: – Myrry jan, yzyňdan ýagy kowalaýarmy?! Ýuwaşrak sürseň bolmaýarmy, obanyň, iliň içinde – diýip, ynjyly igendi. Myrry bu aýalyň aýdanyna ünsem bermän, başyny ep-esli egip, işikden içeri ätledi. – Ýok, Eçjan (Ene jan diýen manyda bolsa gerek) häzir bolmaýar! – Turuz Ditjany (Dide jan diýen manyda bolsa gerek), gyssagly buşluk habary bar. Ol aýal elindäki syrçalyja pitjigi elindäki çit ýaglyk bilen howlukman süpürip durşuna, Myrrynyň ýüzüne mylaýymja seretdi. Ol Myrra belet bolara çemeli, onuň howsalasyna kän bir ünsem bermedi. – Ditjanyň irden, heniz sagat altam bolmanka, iş diýip turup gidişi. – Ol Myrrynyň ýüzüne tamakin garady. – Sen daň bilen Ditjany näme etjek? – diýip, ol birneme howsala gatyşyklyja ses bilen sorady. Myrry şemala seçelenip-seçelenip, indem maňlaýyna toplanaşyp, gözlerini ýapyp duran saçlaryny başyny endikli silkeläp, ýeňsesine tarap agdardy. Ol derläp duran gap-gara, tozan siňen ýüzüni, gazetden doly sumkasyna sokaýjak bolup, ahyry gözleýän zadyny tapdy. – Eçjan, men gaty gowy habar getirdim – diýip, merkezi gazetleriň täzeräk sanlarynyň birini alyp, asmanda bulaýlap, dabara bilen yglan etdi. – Ine, şu gazetde, täze okuwyň açylandagy aýdylýar. Özem, agronomçylyk! Özem, gaýybana okuw, tüýs Ditjana gerek okuw, tüýs!.. Kiçijik aýal birwagt bişen süýdüni pitijige guýman, şunça duranyna degmeýän bu habary gulagynyň duşundan geçirip goýberip, öz işi bilen gümra boldy. 2. Bu owadan jülgäniň Garaböwür obasyna baharyň ilkinji şypaly demini duýýan ýalňyz adam bara meňzeýärdi. Ol hem Garypdy. Ýöne onuň öz aldadasy, azaplary bu şirin pursady siňdirýäne meňzemeýärdi. Bu jülgede badam agaçlary kändi. Badam agajynyň bir täsin häsiýeti bardy. Bu agaçlar näzikden duýgurdy. Badam agajy ýanwaryň ony bilen ýigirmisi aralygynda, dünýäniň süňňüne ýylylyk berýän günlerinde, ak patrak bolup gülleýärdiler. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysam gylyksyz» diýenleri. Badam agaçlar-a ýanwaryň maýyl günlerine aldanyp, ak-patrak bolup, ýanwaryň ahyrynda kükräp-kükräp gülleýärdiler. Onsoň, gyş olary aýaza tutar, ýekeje aýazly gijede, olaryň baryny sowuk alar... – Ýene şeýle-dä! Ah, badam gülleri! Aldanmaň, güllemäň!.. Bu maýyl günlere aldanmaň!... – Garyp ýanwaryň ýap-ýaşyl asmanynda göm-gök syrça bolup asylyp ýatan asmanyna aksowult bulutlaryň arasyndan lowurdap şöhle saçyp duran Güne garap pyşyrdady. – Aldanmaň, badam gülleri! Gülleriň umydyny talamaň! Ýogsa, aýaz ýogam däl-ä. Düýnki suw tutulan kölçeleriň ýüzi, duran tagta-tagta buz. Emma sähel ýyla ymsynan badam agaçlaryny indi saklap boljak däldi. Olar indi özlerini saklap bilmeýärdi. – Indi, bu ýylam bu badam agaçlaryndan iýmiş tamakin bolup oturmaly däl... Garyp özüniň garry kempir ýaly bolup, zeýrenjiräp duranyny duýdy-da, başyny ýaýkady. Onuň töwerek daşyndaky agaçlar durşuna, ak güle basyrnyp ýatyrdy. Töwerege kükeýän badam gülleriniň goýras, ter ysy gaňşylowygyňy tütedip barýardy. – Eý, Allam, bu güller, bu jenneti ys indi weýran bolaýmalymy! Garybyň hor süňňi orta boýy yranyp giden ýaly boldy. Ýöne, şo-ol toprak tutmaýan böwet ýadyna düşende, bu ynjy onuň ýadyndan çykdy. ...Bu meýdan bir wagtlar belent pasgadan bina edilen kerwensaraý bolanmyş. Wagtyň geçmegi bilen, kerwensaraý weýran bolup, bir giden gum üýşmegine öwrülen. On-on bäş ýyllykda şol gum depeleri ugursyzja düzlenip, bu ýerlere badam agaçlary ekilipdir. Indi, bu gün şol badam agaçlary öý ýaly bolup otyr. Bagçylyk hojalygyna bu badam meýdany üçin planam berýärdiler. Emma bagban her ýyl boş çykýardy. Birwagtlar juda işjanly bir ýolbaşçy bolan. Şol ýolbaşçy aýazly günler bu badam bagynyň içinde ot-çöpden ýörite tüsselediji enjam ýakyp, hasyly halas eder eken. Ol ýolbaşçynam başga bir etraba işe geçirdiler. «Ol bu baglaryň badamynyň hasylynam özi bilen alyp gitdi» – hojalygyň janköýerräk adamlary ony ýagşylykda ýatlaýardylar. Indi hojalyga Şyhym aga diýen biri kethudalyk edýärdi. Onuň asly käri gurluşykçydy. – Men bu obany gurjak ýaly ederin! – diýip, obada täze köçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutýardy. Bu bagçylyk hojalygynda güýçli gurluşyk brigadasynyň ikisi döredildi. Bagda işleýän tejribeli, daýaw ýigitler hem şol brigadalara işe alyndy. Ol ýeriň aýlyk-günlügem bagdaka garanyňda ganymadrakdy. Bagada ýaş gelinler, ýaşuly adamlar, birlän-ikilän okuwa girip bilmedik ýaş-ýeleň galypdy. Il içinde: «Basym, şu badam baglary çapyljakmyş!» – diýen ýaramaz habaram galman gelýärdi. Olam iliň elini bu meselä edil, eliň-aýagyň bilen ýapyşybermäge derek, eliňi işden sowşdyrýardy. Ýaramaz ýeri, başda bu ýeriň tekizlenilişi meniňki bolsun diýer ýaly däl eken. Şonuň üçin bu ulgamyň baglary eňaşaklygyna ekilipdir. Bu bolsa baglary her sapar suwaranyňda «burnuňdan gara gan getirýär-e» barýardy. Şonuň üçin bu meýdany suwarmagy Garyp ýaly, tejribesiz, «bu ýer pylan hili» diýip, brigadir bilen dikleşip durmajak gögele oglanlara berýärdiler. Tejribesi ýetikler bu ýere gelmeýärdi. Mudan ep-esli wagt ozal gazylan suw çykarýan skwažinasynyň suwam ujypsyzdy. Onam bisarpa tutmajak bolup, Garyp bu meýdana ir gelip, gijäniň birwagty öýe gaýdýary. Suw tutmaga geýýän ädigi ýyrtyk bolany üçin, şüdügäri owranmadyk meýdanyň ylgap-ylgap halys bolýany üçin, agşam öýe baranda aýagynyň aşagynyň patlak-patlak bolanyny görüp, ejesiniň gözleri patlara gelýärdi. Uly böwet skwažinadan gelýän suwuň edil eňaşak gaýdýan ýerinde basylypdy. Ýöne bu böwet, suwy saklap bilmeýärdi. Sebäbi bu ýeriň topragy boşlagdy. Böwede her näçe toprak bassaň-da, suw ony şobada eredip, üýtgedip, möwjäp duran suw böwedi öz ugryna alyp gidip durdy. Şenbe-de şeýle boldy. Suw suwçynyň isleýän ugruna däl-de, eňaşaklygyna eňterilip gitdi. Böwedi täzeden basmalydy. Içiňi ýakaýyn, diýen ýaly, bu ýakynlarda ýandakdyr selme-de ýokdy. Şonuň üçin, Garyp, yzgar alan topragy, böwediň ýerine gyssanmaç taşlaşdyryp başlady. Ol ysgyndan düşýänçä, yzgar toprak zyňdy. Böwet kaddyna gelen badyna-da, onuň üstüne çykyp, depeledi. Ädigi, halys derege ýaramansoň, işe ýekeje köwşüni geýip geýdypdy. Bu depgä-de şol köwşüniňem, apgyrdy ýirilip, gitdi. Onda-da ädiginden el haldy. Aýagyňa öl, gaty kesekler urup duranokdy. Garyp böwedi ýagşy berkledi. Indi suw öň düzlen ugruna, agaçlaryň düýbüne bakan akyp başlady. Şol agaçlar hem eňaşakda bolany üçin, suwdan dolan tabaklary aýagujyndan ýapyp başlamalydy. Suw iň ahyrky tabagy dolduransoň, ýokarlygyndan baglap gaýtmalydy. Iň ahyrky agajyň tabagy doldumy, oňa gidýän suwy ýapyp, ondan ýokarky tabagy dolduryp, ýene ýokarka suw içirmelidi. Iş ýeňil däldi. Ylgap, daljygyp, ýetişip bildigiň berekellady. – Wah, böwet bir ýarylmasady. – diýip, hyklap, ysgyndan halys gaçan, pel açyp, soň ýapyp ýörşüne, Garyp, gynançly zeýrendi. – Suwuň gelş-ä gowy. Häzir-ä böwet dur öýdýän?! Ol Gün dogup, guşluga galýança, ol, ep-esli meýdany suwarmaga ýetişdi. Indi öňde gaty kyn hatarlaryň ikisi bardy. Olaryň kynlygy, agaçlaryň düýbüniň tabagy ýüzleýdi. Toprak zynç ýaly gaty bolansoň, zymdyrylyp barýan suwy saklamak kyndy. Ol agyr aýlawda çapyljak at ýaly bolup, galkyjaklap, suw açmaly hataryny synlady – güýjüni tijedi. – Böwede berlemeli, böwedi... soň suw bilen çapyşaryn. Günorta gutararyn. Onsoň-a aňsat ýeri başlanýar. Gaty aňsat! Onuň böwedi barlany gowy bolupdy. Böwet tas ýarylan eken. Garyp, ýene-de suw bilen çapyşyp başlady. O çil yzyna zil azyp, dolan tabaklary ýapyşdyryp başlady. Aldygyna-da, gara der bolan hor, kirli görünýän ýüzüni, hoňkarup ýatan aýtymjyga çümen gözlerini, egrelip duran bolşyndan uly görünýän burnuny her minutda diýen ýaly, güpbüsiniň kesmek baglan ýeňine çalyp ýetişýärdi. Ol munça deriň bedeniniň niresinden çykýandygyna düşünip bilenokdy. Durşuna suwa çümüp çykan ýaly bolupdy. Öňem onuň arryk, bedroý, görmeksiz mysalasy gyzlaryň myrryhyny tutdyrýardy, welin, olar Garyby häzir göräýseler, näme diýjekleri belli däldi. Bu der onuň ähli güýjünem alyp ezilen arryk towga dönderipdi. Mekdepde okan mahallary, klasdaş oglanlary ol barada gülküli şorta sözler düzüp, gyzlary gülüşdirýärdiler. ...Bir gün Garyp etrap merkezine baryp, dükana nobata durupdyr. Şol wagtam bir ýaş, juda owadan onuň ýanyna gelip,ony öz ýanyna çagyrypdyr. Aý, oglan, adyň näme? – diýipdir. Ol hem «Meniň adym – Garyp!» diýipdir. – Garyp jan, men seni öýüme myhman çagyrýan. Ýöri, gideli. – diýipdir. Garybam gelniň sözüni eşidip: «Aý, waý, bagtym geld-ow!» diýip, ol geniň yzyna düşüberipdir. Barsalar, ol gelniň gelniň öýünde garry ermeni kümüş şaýy oturan eken. – Anton daýy, ine, alyp geldim. Meniň gülýakama şunuň suratyny çekäýiň – diýip, Garyby görkezipdir. Ol gelin gaty owadan bolany üçin, «gözden, dilden gorasyn» – diýip, gyzyl gülýakasyna arwahyň suratyny çekdireýin diýip, ussa çagyrdan eken. Ussa-da maňa şoňa meňzeşräk nusga tap diýipdir. Garybam şoňa şaplaşyp duranmyş... Garyp dilsiz, agyzsyz diýýänlerdendi. Onuň gep-gürrüň bilen hiç wagtam işi bolmandy. Oňa derek ol oýlanýardy. Oňa şol oýundan açylmak kyn düşýärdi. Oňa oýlananda azar bermeseler, ol şol oýlara batyp ýaşaýardy, şonda bagtly bolýardy. Ejesem: – Hudaý bagtyňy şor edeni bilen oňman, görküňem garyp edipdir-dä – diýip, gara çyny bilen gynanyp aýdýardy. Ýöne Garyp öz ejesiniň gözüne, dünýädäki ähli baladan iň owadany, iň ezizidigini bilenokdy. «Öňem bir garga «Şu etraplardaky iň akja, iň owadan çagany alyp gel» diýenmişler. Ol garga-da aýlanyp, aýlanyp, özüniň çagajygyny alyp gelenmiş. – Bu näm-ow, diýip geň galyp soranlara: – «Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy!» diýenmişin. Suw bilen çapyşyp ýörşüne bulary aňynda oýlan Garyp: – Bolsun, bolubersin, eje janym, görk näme, ýürek owadan bolsun, zehin owadan bolsun. Esasysy, iň esasysy ýürek, soň zehin! Galanynyň bir zady bolar. Iň esasy zat geljegiň, bakylygyň ruhunyň süýji pyşyrdysyny eşitjek bolmaly. Bu adamzady döreden Alla onuň ruhuny näumyt goýmaly däl. Men şony eşitjek bolmaly... Häzir iň esasy zat – Böwet ýarylmasa bolýar. Indi, has aýgytly hatara, ikinji hatara geçmeli. Ikinji hatara... – Böwet bir ýarylmasady, böwet bir ýarylmasady! – diýip bir dikeldi-de, bilini ýazdy-da ýüzüniň derini güpbüsiniň ýeňine çalyp goýberdi. Ol baryp suwly böwedi barlady-da, suwy ikinji hatardan eňaşaklygyny goýberdi. Bu hataryň hupbaty, öňkiň çaky däldi. Öleň bilen baýyrlygyň sepgidinde, tekizlenmän, beýleki edilmän, ekilen başly-baratly agaçlara suw tutmak üçin, ganyňy garaldyp azap çekmelidi. – Wah, bolmady, böwet ýaryld-y-y! Peljagaz bilen suw gelmesi kesildi. – Böwet! Böwet! Wa-ah!... Garyp ysgyndan gaçan bedenini, zerzaw bolan bilini, zordan göterýän aýaklary bilen kä büdüräp, käte typyp, böwede bakan ylgady. Geň ýeri, böwet öz ýerinde böwsülmän durdy. Ýöne suw gelenokdy. Dünýe, nämüçindir, gum-guklukdy. «Onda, aňyrda bir ýerlerde suw sowulan bolmaly» diýip, gyssanmaç pikir eden Garyp has-has edip, öňe ylgady. Soň nämäniň nämedigine düşünip: – Skwažina ýatypdyr! – diýip oýlandy. Oňa çenli – Tok kesilipdir! – diýip kimdir biri aýdyp goýberdi. Ol bu sese başyny galdyrdy. Onuň gözi bir eli bilen tigiriniň şahyndan, bir eli bilenem, nämedir bir zady galgadyp gelýän Myrra düşdi. – Ditjan! Buşluk! Ditjan, buşluk! Garyp Myrry dostunyň özüne nähili habary buşlap biljegini aklyna getirip bilmedi. Adatça, ýaş ýigdekçä, jigiň dogulsa, özem, oglanjyk bolsa, doganyň goşun gullugyny tamamlap gelende, kakaň uzak ýoldan gelennde, hiç bolmanda sygryň guzlanda buşlanylýar. Emma Garypda beýle buşluga mynasyp bolar ýaly, ne kaka bar, ne dogan, ne-de aga. Sygyrlaram biriniňki, olam mundan dört-bäş aý öň guzlan... – Ditjan, buşluk! Myrry gele-gelmän, tigrini gaty ýere taşlady-da, garşysynda halys haýy gaçan, sulba bolup duran galana tarap topuldy. Gelip ony göterdi-de, zarp bilen pyrlady. Özem «bu göterip pyrlaýanym adammy ýa-da ýelekmi?» – diýen geň howsala bilen Garybyň ýüzüne garady. Garyp Myrrynyň atagzy ýaly ellerinden sypyp, ýere düşensoň ysgynsyz göwresini saklap bilmän, entirekläp gidi-de, gaty kesekleriň üstüne özüni şalkyldadyp goýberdi. – Ine, al, oka! Ahyry, bagtyň açyldy! Myrry Garyba seretmän, Garybyň gözlerine tutdy. Garyp özüni tutup bilmän ýatyşyna, ysgynsyz mydyrdady. – Onda näme ýazylypdyr? Aýdaýsan-a!.. Myrry ertir bilen Garybyň ejesine okap beren habaryny, indi, onuň ogluna-da okap berdi. – Işşalasa, ertir agranom bolarsyň. Beýdip, gara der bolup, suwam tutmarsyň. Menem galdyrarsyň. Menem seniň sowhozyňa işe geljek. Garyp özüni ele alyp, tirsegine daýandy. – Ejem näme diýdi? – Ol gazeti eline aldy. Myrrynyň gözleri gülläp, bark urup, kükräp duran badam agaçlaryna düşdi. – Eý, Ditjan, seret-eý, gülläpdir-ä! Seret, şeýle gerek... Garyp gazetden gözlerini aýryp bilmän durşuna, oňa: – Ejem, näme diýdi? – diýip, ýuwaşja sorady. Myrry durşuna gül bolup duran badamlary görüp, juda tolgunýardy. Ol heniz özüni dürsäp bilenokdy. – Bäh, Ditjan, Bu ýylyň agaçlarynam görkezdi, Alla jan! Bu uly bagt ahyrym. Bu gülleri görmäge ýetişmän, ölüp gidenem kändir, hä, diý Ditjan! Myrrynyň bu gepi Myrra-da täsir etdi. Olam hoşamaýja ýylgyryp, gülläp, bark urýan baglara garady. Suwdan ganan agçlaryň güli öňküdenem kändi. – Wah, haýyp. Ýöne arasynda bu ýanwar aýynyň ýalan maýlyna, sepini açman oturan agaçlar hem bardy. Olarda ýeke gül-ä däl, ýekeje gunça-da görnenokdy. – Ine, myradyna şolar ýeter! – Indi sen, haçan ugrajak? – diýip, Myrry giň aýalaryny onuň hor eginlerine goýup, usullyk bilen sorady. Garyp oýa batdy. Ol okuwyndanam, ekzamendenem gorkup duranokdy. Mekdep ýyllarynda okan kitaplary, aňynda ýalkym saçyp durdy. Ol indi birwagtky Garybam däldi. Durmuş, bu agyr iş, obanyň özboluşly durmuşy ony çynlakaý taplapdy. Ol şu döwürde bir zada pugta düşünipdi. Ol bu agyr, jebirli işse bu çepiksije durky bilen uzak galyp biljek däldi. Ol özüniň piliň gulagyna münüp, çörek iýmeli adam däldigine düşünipdi. Hiç bolmanda, dosty Myrry ýaly, öýme-öý aýlanyp gazet daşap, ýarym salkym dynç almaly iş tapmalydy! Ilki bilen özüni bir dürsemelidi, güýjüne gelmelidi. Ol munuň üçin etrap keselhanasyny göz öňünde tutýardy. – «Ýykylýançam, gidişeýin, ýykylanymdan soň, keselhana düşüp, on-onki gün ýatyp dynjymy alaryn. Keselhanada günde üç wagtyna nahar hem berýärmişler!» Garyp şu agyr işlerde surnugyp ýörşüne, özüniň geljeginem, geljegindäki röwşenli günlerem görmeýärdi. Asyl, beýle günler bolaram öýdüp pikirem etmeýärdi. Ol özüniň ruhunyňam, duýgularynyňam garaňky boşluklygyny görüp durdy. Öňde höwes eder ýaly hiç zat ýokdy. Onuň ugry ertirki ýaşaýyşa umydy, höwese düýpli ýitiripdi. Onuň üçin bary boş salgymdy. Onuň şol boş, aldawçy salgyma gitmek höwesem ýokdy. Ol häzir daşy gaba, içi boş agaç çelek ýaly bolup ýaşap ýördi. Ýöne on ýyllyk mekdebi gowy gutaranlygy dogrudy. Onam, mugallymlary, synpdaşlary aýdýardylar. Garybyň öz-ä beýle bir üýtgeşik zadyň özünde barlygyny duýup baranokdy. Synpdaşlary ony görksüz, görmeksiz, garyp, betbagt, ýetim diýip, kemsitselerem «erbet okaýar» diýip bilmeýärdiler. Diňe okuwa gezek gelende, Garyp olardan rüstemdi. Diňe şol, başga bir artyk ýeri ýokdy. – Ýöne, bilim näme, olam geçen alty aýda pytrap giden bolsa, näbilýäň?! – Garyp Myrra gamgyn seretdi. – Haçan ugrajak! Myrrynyň bu sowalyna indi jogap beriberseň boljakdy. Ol özüni ýagşy dürsäpdi. – Ejem bilen gowja geňeşeýin, entejik. Men indi diňe şoňa görä bolmaly. Ol ejem ahyry, dostum! Myrry Garybyň arkasyna dözümli kakdy. – Eçjanym bilen özüm gürleşdim, Ditjan! Eçjan razy. Sen hökman agranom bolaýmaly. Bizde başga ýol ýok. Garyp Myrrynyň ýüzüne garady. – Raz-y-y? Ejemmi! Mümkin däl!.. – Hawwa, Eçjanymy men razy etdim. Bolmasa, Sen Aşgabada gidip gelýänçäň, özüm ýanyna göçüp gelerin. Sygyrynam sagaryn, pejinem ýakyp, çaýyny demläp, naharynam bişirip bererin... Garyp Myrrynyň öz ejesini razy edip bilişine gaty geň galdy. – Heý, ejemem bir razy bolarmy?! Garyp oturan ýerinden uçup diýen ýaly turdy. – Näçe gün galdy? Ekzamenler haçan başlanýar? – Otuzja gün galdy, howlukmaly! Sen entek taýýarlanmalam bolarsyň-a. – Ol hiç-le. Başga, has möhümräk işler bar. Has möhümräk... Myrry tigrine ýapyşdyda, ony ýerden garbap alyp, şakyrdadyp sürüp barşyna: – Çaýa çykara wagtyň bolandyr-a! Sen sagat altyda işe gaýdypsyň-a. Ýöri, öýe gideli. Barybir, bu gün skwažina işlemez. Togy on birde öçürip, elektrik stansiýany bejerýärler öýdýän. Ýolda şol ýerde işleýän oglanlar aýtdy. Garyp elini gözüne kölegeledip, süýr depä çykan güne garady. – Ýöri!.. 3. Ogulsona daýza Myrrynyň getiren bu habaryny, ilki bir, parhsyzrak kabul etse-de, soň, Myrry çykyp gidensoň, körüň eline büre düşen ýaly edip, aňynda ýagşy aýlady. – Wah, kimiň öz çagasyna ýamanlygy bar. Ýeke balam okuwly bolsa, abraýly adam bolsa, men, näme, oňa gynanjakmy?! Ýöne, halys ýagdaýym ýog-a. Ýalançynyň ýüzünde, bar mydarym şol oglan-a meniň. Şol ýapda akyp ýatan bol suwdan öýe ýeke bedre suw getirip bilmesem, gapyda duran sygyry agşam-ertir sagmaga halym bolmasa, çaýymy demläp bilmesem, men, wah... Ýöne Ogulsona daýza Myrrynyň Miçurin, ýene birleri barada aýdanlaryny hem gulagynyň duşundan geçirip goýberibermedi. Ol «Giden getirer, oturan nyrh sorar» diýlen gepi gowy bilýärdi. Obanyň oglanlar, gyzlary sähel wagt gidip, soň gelip, başlyksyrap ýör-ä. Şola kürsüsinden ýykylypdyr-a diýlip eşdilenok. Ýöne, galanlar galybam otyr, gidip gelenleriň minnetini çekip. Bu hökümet okan-a gowy görýär. Özüniň diýenini edip git diýen ýerine gidenleri, gelensoňlar, boş-a goýanok. Hiç bolmanda kanturda oturýan ýerinen çot kakýan-a belleýär. Han-a Näzligül dagy iki sözüň başyny çatyp bilmeýän halyna, iki benke mürepbäni, on-on bäş kilo nary arkasyna daňyp, Aşgabada birküç gaýta gidip gelip, ine, allanäme, çagalar bakjasynyň başlygy bolup ýörmänmi? Üç-dört heleý, çagajyklaryň ata-enesi, indi oňa ýaranyp bilse armanlar ýok. Ogulsona daýzanyň özem otuzynjy ýyllarda lipgez okapdy. Şonda bir topar gyzy tatar gyzy okadypdy. Çärýek jemlenende gowy okanlary sylaglardylar. Şonda mugallymlarynyň Ogulsona Orry gyzy, bir jor-ra-ap! – diýeni henizem ýadyndady. Şonda Ogulsonany Şagadam diýen ýere «okamaga bile gideli» diýip gelen gyzlaram bolupdy. Emma Ogulsona gitmedi, garaňky gördi. Şonda okuwa gidenler sähel salymdan okuwlaryny tamamlap gelip, allanäme işleşdiler ýördüler. Ogulsona galyberipdi. Okuwa giden gyzlar: «Şonda oňarmadyň-da. Giden bolsaň, bu wagta pelşir bolup ýörmel-ä sen» diýerdiler. – Men ýeke balamy, öz elim bilen ýakmaýyn. Goý, gitsin, belki ertir Hudaý tanapyndan çekip, abraýly adam bolsun. Menem «Hyk» ederin, «Çok» ederin, bir günümi görerin. Garyp öýde gybyrdyklap ýören ejesini görüp begendi. – Eje janym, ýagdaýlaryň ýagşymy? Arkaýynja otur, häzirjik, çaýy özüm goýaryn. Myrry tigirini tama söýedi. * * * Şol günüň ertesi tutuş Garaböwür obasyna Ogulsona daýzanyň şol kerri oglunyň ýarawsyz ejesini taşlap, Aşgabada okuwa gitmäniň kül-külüne düşendiginiň şum habary ýaýrady. 4. – Eje jan her zadyň bir alajy boljak welin, şu köwşümiň weji ýok-da. – diýip, Garyp gynançly dillendi. – Edil, häzir köwüş satyn alaýara-da ýagdaý ýok. – Geýip ýören köwşiň nämesi bolanok? – diýip, Ogulsona eje ýerinden turup, oglunyň işigiň agzynda gözgyny bolup ýatan köwüşleri elne alyp, ýekän-ýekän sypap-sermäp, aýtdy. – Bolmasa, gidibererler şonuň bilen mugallymlaryň gaty garyp eken – diýip, gaýta, okuwa girmäge kömek bererler. – Wah, eje jan, itiň açlygyny gurt bilmese gowy-da! – Onda deň-duş oglanlaryň birinden karzyna soraý, ine gelersiň, getirersiň-dä. Şu pikir hyýal garybyň pikirinde-de bardy. Ýöne, bir kişä, «Köwşüm ýok, Aşgabada gidip gelýänçäm, aýagyňdaky köwşüňi ber» diýmekden agyr iş ýok. Bolsa-da, olaryň syrgynynda ýaşaýan Durdy bu meseläni oňaýly çözdi. Ol agşamara işden gelýän Garybyň yzyndan ýetdi. – Ýör-ow, baý, Aşgabada okuwa gitmekçi bolýaňmy? – diýip, ýylgyryp sorady. Sebäbi, onuň özi öňki ýyl, orta mekdebi tamamlap, şu döwürde-de,oba hojalyk institutyň mehanizasiýa fakultetine dört sapar synanyşyp geçip bilmedikleriň birdi. – Okuwa giräýsem, kontrol işlerime kömek edersiň – diýip-diýip, olam, şert goýupdy. Dogrusy, kontrol, işi näme, beýleki näme, bilenokdy. Şonda-da razy boldy. Mazaly hojalygyň başlygy Şyhym aga Garybyň bagçylyk hojalygynda işlemegine garşy bolup durmady. – Şeýdiň-ä, öz obaňyza özüňiz görüň-ä, biziň ýaly gurluşykçylary başga ýerden süýräp getirip, ýörler. – Ol agyr göwresini kreslonyň üstüne çalaja gobsundy. – Indi, sen aýt, saňa menden näme kömek gerek?! Garyp hor, ejiz egnini gysdy. – Bir-ä rugsat berseňiz, birem, azajyk pul. Şyhym aga baş atdy. – Bize agronom juda zerur – diýip, raýondan hatam alyp bereýin. Ertir ugrajak günüň ýanyma gel. Oňa çaý getirdiler. Onsoň ýanynda başga bir gürrüňdeşem tapylmansoň, Garyby ýanyndan goýberesi gelmedi. – Hany, otur. – Ol çaýyny gaýtaryp, bir käsäni dolduryp, Garyba uzatdy. – Garyp Garaböwür obasyna... «Şyhy başlyk Garyp okuwa gitmänkä, Garyp bilen çaý içipdir» diýen gürrüň ýaýrar... – Seniň bu Garyp adyň nireden? – diýip ol ýylgyryp sorady. – Men-ä bilmedim. – Meniň diýjek bolýanym, garry atam pahyr «Çaga öz yrsgalyny tapar ýaly dogumlyja bir at dakmaly. Gaýrat, dogum ada görä berilermiş.» – diýerdi. Meniň adym hem ol ýok wagty dakylypdyr. Gelip, üýtgetjek bolupdyr. «Şyhberdidenem bir at bolarmy»? At daksaň, Arslan, Gurt, Merdan, ýaly at dakyň. Hiç bolmanda, Böri bolsun, Iner bolsun, Ýolbars bolsun. Gowşak-gowşak at dakyp, nesli ownadyp barýaňyz» – diýipdir. – Atamyň diýeni dogry. Kimiň ady Arslan, Gurt bolsa, dogumyndan bellidir. Öýi öý ýaly, içersi içeri ýalydyr. Emma Şyhym diýdi, Öwez diýdi, Garyp diýdi gowşakdyr. Berseň alar, ursaňam ýüzüni tutup durandyr. Hany, Arslan atly oglany bir urup gör. Depäňi deşäýer... Şyhym aga çaý degdi. Ol jübüsinden ýygrymy bäşlik çykardy-da, Garyba uzatdy. – Me, şunam al. Meni öz agaň ýaly gör. Ýarawsyz ejeňi saklapjyk otyrsyň. Men seni gowy görýän. Basym, hasapçylyga alaýyn, diýip ýördüm, bolşuň gowy, edepli, asylly. Ýöne, näme, kynçylygam barda. Belki, bagtyň açylsyn. Garyp özüne uzadylan puly almady. – Şu sözüň şu hoşamaýlygyň maňa, bir küýze altyndanam gymmatly, Şyhym aga. Men henize çenli beýle hoşamaý sözi hiç kimden eşidip göremok. Sag boluň!.. – Hany, dur, hany. Al, Garyp jan, beýtme... Garyp barybir puly almady. Ol: Pul näme, bu adamyň hoşamaýlygy, meni öz derejesine götermegi puldan gymmat dälmi... – diýip oýlandy. 5. Aşgabada gitmeli günem gelip ýetdi. Indi Durdylara baryp, ondan köwşüni alsaň, gerek boljak hat-petek işleri ýerbe-ýerdi. Şyhym aga bir bukja elli manat pul, soňam etrap oba hojalyk uprawleniýesiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň rektorynyň adyna «Bize agronomyň juda gerekligi Baradaky resmi haty salyp, kimdir birinden elin iberipdir. – Al, oglum, Şyhymyň eli bilen, Alla berýändir! Enşalla, gaýtararsyň! Agşamara Myrry geldi. – Ditjan, sen Bibigüli görgün. Ine, şu haty oňa elinje gowşur! Senden uly towakga. Bibigül bu obanyň iň owadan gyzy. Özem, Garybyň synpdaşy. Tomus oba hojalyk institutynyň ýüpekçilik bölümine okuwa giripdi. Myrry şol diýip ölüp ýatyrdy. Asyl, ol Garyba ýalbaryp, oňa birki bent goşgam ýazdyrypdy. Ýogsa, Garyp nire? Goşgy goşma nire?! – Ditjan, özüňem oňa aýyt, Men ony ýaman gaty söýýän. Hatyma hökman jogap bersin. – Ol utana-utana jübüsinden bir düwünçegi çykardy. – Ol alarmyka? Oňa bir on bäşje manat bilen, ejemiň gadym enemden galan bir kümüş ýüzüginem iberäýjekdim. – Garyp başyny ýaýkady. – Bilmedim-dä, dost jan! Beräý, eltip bererin. Näme diýse, görübermeli bolar-da. Emma Garybyň bu jogaby Myrryny kanagatlandyrmady. Bu jogap Myrry üçin juda sowuklaçdy. Myrra onuň öz söýgüsi ýaly, ýanyp duran jogap gerekdi. – Sen ýöne berme. Sen oňa men bolup ber, Ditjanym. Ol maňa «Bolýar, men Myratgulyny söýýän. Onuň iberen sowgatlaryna başym gurban bolsun» diýip jogap berer ýaly et. Garyp güldi. – Sen meni sawçylyga iberjek bolýaňmy, dost. Aslynda şo perizada öz söýýänligiňi bir ýekeje sapar dagy aýtdyňmy? Myrrynyň ýanyp duran göreçleriniň şöhlesi öçen ýaly boldy. – Wah, onam bir aýdyp bilerinmi? Onda-da, Bibigül ýaly gyza. Ony aýtmak üçin, Ditjanym, daş ýürek bolma-a. dözüp duran ýürek. Meniň ýüregimi, sen näme, bileňokmy? Men özümi oňa dözemok, dözemok, Ditjan! – Hany, onda, şol baýaky goşgylar! Bermediňmi, olary!.. Duşuşyga gel ezizim, birigün! Mähribanym, şirin janym Bibigül! – Näme. Ol goşgular berilmejek bolsa, onda näme üçin ýazyldy. Özem, iki goşg-a. Myrrynyň başy egildi. Onuň bu meselede nalajedeýinliginiň üsti açylyp, ähli syry paş boldy. – Bagşyla, Ditjan, berip bilmedim. Men, men özümi ondan gaty pes görýän. Ýöne ýürek, ýürek diňe şol diýip aglap dursa, men özüme ne alaç edeýin. Ýürek sen diýp aglaýar, Derdimi diňle, janym. Didäm sen diýp zarlaýar, Göwnüm sen diýp aglaýar, Saňa umyt baglaýan, Ah, Bibigülüm, hanym, Ah, Bibigül, dermanym! Myrry bu bendi aýtmady-da jowranyp, jowranyp agyr ýuwdundy. Soňam bir salym horkuldap aglady. – Ditjan, halys ýüregime düşýär. Indi düşündiň-m-mi maňa!? Garyp hiç zada düşünmedi. – Bolýar, dost, edil aýdyşyň ýaly ederin. Şol gyz hökman seniňki bolar. Özüm «Egri oturyp, dogry gürleşerin». Myrry Garyby gujaklady. – Şeýt, şeýt, Ditjam. Özüm gadryňy bilerin. Myrry giç agşam gaýtdy. – Oglum, nätdi? Ogulsona eje oglunyň kemi düzelendir öýtdi. Ol gije ýatman, çyranyň ýagtysyna, oglunyň köwşüniň apgyrdyny çatdy. Soň oňa gatyk çalyşdyrdy. Köwüş ozalkydan ýagşyrakdy. – Men Durdydan köwüş diläýin, eje. – diýip, Garyp ertir çaýynam içmän, goňşy jaýa bakan gitdi. Baryp: – Durdy! Durdy – diýip gygyrdy. Olaryň işigini Durdynyň ejesi Honçagül açdy. – Nädersiň Durdyny? – diýip, Honçagül yzgytsyz äheň bilen sorady. Garyp ýuwdyndy. – Durdydan bäş-alty günlük köwşüni sorapdym. «Bolýa» diýpdi. Honçagül içeri girdi, soň birsalymdan ýüzüni petek ýaly edip daş çykyp: – Köwüş özüm gerek – diýýär. – Etraba saçymy syrdyrmaga gitjek – diýýär. Ol aýal geçip barýan Garybyň yzyndan seredip: «Köwşüň bolmasa, Aşgabatda görüň gazylypmy, gapy-gapy tentiräp, dilegçilik edip geçen. Biz-ä köwüş diläp ýören görmändik, utançsyz – diýip ýigrenç bilen aýtdy. Garyp bu sözleri ýuwutdy. Şonuň üçin ol sözler, telim günläp, onuň ýüregini bulady durdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, awtobusa basa-bas bolnyp münülende, gelip-gelip, Garybyň köwşüniň apgyrdyna basdylar-da, Ogulsona ejäniň tutuş gijeläp, çeken azabyny tary-mar etdiler. Dowamy bar >> | |
|
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |