16:41 Ýerini gaýdyp alan ilkinji adam | |
ÝERINI GAÝDYP ALAN ILKINJI ADAM
Publisistika
Häzir "Hamasyñ" uruşyñ ykbalynda eden üýtgeşmesiniñ gürrüñini edýänleriñ birem "Umumy Palestina ofisi" ady bilen köne seçeklik we muzeýlik ýagdaýa gelenden soñ dawany halkara arenasynda täzeden durmuşa dolap getiren adamyñ adyny tutanok. Ýaser Arafat / Fotosurat: AA Nebil Amr Palestinany Azat-ediē guramasynyñ (PAEG) Beýrutdaky soñky günlerini iki gahrymana baglanyşdyryp gürrün berýär: Ýaser Arafat we liwan halky. Ysraýyl okkupasiýasyna garşy söweşmekden ýadan, ýöne dowam etmek üçin öñe dyzaýan lider bilen bombalamalardan we gabawlardan ýaña tapdan düşen liwanlylar. Ebu Ammar halky ruhlandyrmak üçin şäherde aýlanýar we öñünden çykan beýrutlylar hakykaty aýtmaga milt edip bilenoklar, "senden şäherimizden çykmagy talap etmäge mejbur bolýandygymyz üçin özümizi ýigrenýäris, emma indi dowam etdirerlik güýjümiz galmady. Bize merhemet et". Ebu Ammar Beýrutdan çykansoñ Gresiýa, yzyndan Sudana, yzyndan Tunise, onuñam yzyndan Oslo, iñ soñunda-da Ramallahdaky Palestin hökümetiniñ ştab-kwartirasyna gitdi. Ol geçen ýollarynyñ bütin dowamynda durmuşa dolap getiren dawasyny arkasynda göterip gezdi. Palestina gelende ysraýyllylar onuñ bilen gepleşik geçirmek üçin Ariel Şarony ugratdylar. Araplaram ony masgaralajak bolup üstüne pomidor zyñdylar. Ol bolsa gülümsiräp oñýardy we ýeñiş yşaratyny edýärdi. Öýsüz migrant şonuñ öñküsi günem milli harby penjeginde Ak tamdady, Bill Klinton bilen gujaklaşyp, Izak Rabin bilen el gysyşýardy. Öñünde-de urlup-ýenjilmeden ýaña çamalagy çaşan, emma ýok bolup gitmejek bolup göreşýän maýyp tigirçegindäki Palestinany itip barýardy. Gujaklaşmalar, gülüşmeler, uruşlar, yza ädim ätmeler we çydamlylyk bilen bedýan çöllerde öýsüz entäp ýören adam Palestinanyñ üstüne çadyr däl-de öý dikip biljek ýer parçasyny edindi. "Bosgun" sözüni aýyryp, ýerine "ýeri elinden alynanlar" sözüni girizdi. Palestina döwletiniñ ýolbaşçysy "synçy agza" bolup däl-de, özbaşdak döwletiñ baştutany hökmünde dünýäniñ patyşalarynyñ we prezidentleriniñ ýanynda oturdy. Palestinanyñ özbaşdak karar kabul etme mehanizmini täzeden düzgünleşdirdi. Häzir premýer-ministr Fuad Sinýora palestin dawasynyñ paýtagty Ierusalim bolmaly döwletini täzeden gurmazdan öñ arap aýratynlygyny täzeden gazanmagyñ gerekdigini aýdýar. Palestin fronty Beýrutda, Ammanda ýa-da Tunisde däl-de, Palestinada ilkinji bolup durka, Ýaser Arafatyñ we onuñ eden işleriniñ ýatlanmazlygy geñ. Häzir "Hamasyñ" uruşyñ ykbalynda eden üýtgeşmesiniñ gürrüñini edýänleriñ birem "Umumy Palestina ofisi" ady bilen köne seçeklik we muzeýlik ýagdaýa gelenden soñ dawany halkara arenasynda täzeden durmuşa dolap getiren adamyñ adyny tutanok. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 03.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |