08:57 Abulkasym Firdöwsi | |
ABULKASYM FIRDÖWSI
Edebi makalalar
(940 – 1030 ý.) Firdöwsi – häli-häzire çenli pars dilinde eser döreden iň beýik şahyr hasaplanylýar. Şeýle kesgitlemede beýikligiň ähli ölçegleri göz öňünde tutulýar. Şol ölçegleriň biri hem, elbetde, eseriniň çeperçilik bilen utgaşyklylykda hasaba alynýan göwrüm ululygydyr. Firdöwsiniň «Şanama» eseri häzire çenli dünýä edebiýatynyň taryhynda bir adam tarapyndan döredilen iň uly şahyrana eposdyr. Göwrümi boýunça ondan uly diňe hindileriň «Mahabharatasy» bar, ýöne hindi eposy bir däl-de, birnäçe adamyň döreden zadydyr. «Şanama» altmyş müň beýtden, ýagny 120 müň setirden ybarat. Deňeşdirip aýtsak, Gomeriň «Iliadasy» 18 müň setirden, «Odisseýasy» 12 müň setirden, Dantäniň «Ylahy komediýasy» 15 müň setirden, Puşkiniň «Ýewgeniý Onegini» bolsa diňe 5 müň setirden ybaratdyr. «Üýtgeşik eser döretmek üçin näme gerek?» diýen sowal çeper edebiýaty söýýänler, beýikligiň, üýtgeşikligiň hem şöhratyň sebäpleri bilen gyzyklanýanlar üçin – hem dörediji awtorlar, hem dörediji däl okyjylar üçin iň bir imrindiriji zatlardan biridir. Men bu irnik sowala ählumumy kanagatlandyryjy jogap berip biljek däl, beýle jogap, megerem, mümkin hem däldir. Ýöne «Şanamanyň» döreýşiniň syry barada Firdöwsiniň terjimehaly bilen baglanyşyklylykda iki sany meseläni özüçe aýdyňlaşdyryjy zady görkezmek manyly bolardy. Birinjiden, şahyr bu beýik eposyny kyrk ýaşyndan soň ýazyp başlapdyr. Bu maglumatda Firdöwsiniň talantynyň syry görünýär. Giň ýaýran düşünjä görä, hyjuwly, ýagny hakyky poeziýa juwanlygyň paýy bolup, ol diňe kyrka çenli ömürde döredilýär, kyrkdan aşyp, duýgynyň ornuna akyl gelensoň, çürpe hem janly poeziýany döretmek mümkin däl diýýärler. «Şanamanyň» döreýiş taryhy bu pikiri ýalana çykarýar. Has dogrusy, ýalana çykaranok-da, düzediji anyklyk girizýär: kyrkdan soňam çyn poeziýa mümkin, eger ýüregiňde juwanlyk hyjuwy we gyzgyny köşeşmän, sowaşman ýaşaýan bolsa! Dogrudanam, hakyky sungatyň, diri poeziýanyň bir syry, ömürbaky şahyrlygyň bir şerti şahyr ýüregiň beden ölinçä neresse çagalygyny hem päk juwanlygyny saklap galmagyndadyr. Ýüregiň ulaldygy, ýagny garradygy – şahyryň gytardygydyr! «Ýürek garramaýar» diýleni, belki, hakykydyr, emma biziň aglaba köpimiziň, şol sanda şahyr köpçüliginiňem ýaşadykça, ýüreginiň ulalyşýandygy-da hakykatdyr. Beýik şahyrlaryň, adatça, ýaş ölýändiginiň mistikasy-da şunda bolaýmasyn?! Olar şahyr bolman uzak ýaşandan, şahyr bolup ir ölmegi aňasty isleýärlermikä?! Bilmedim, bir zady bilýän: Firdöwsi şeýle kanundan çykan şahyr. Ikinjiden, «Şanama» tutuş otuz ýylyň dowamynda ýazylypdyr. Bu äpet epopeýasyny ýazmak üçin kyrkyna çenli material ýygnap gezen Firdöwsä ony ýazyp tamamlamak üçinem otuz ýyl gerek bolupdyr! Baý-bow! Hakykatdanam, ömür kitaby – ömürboýy ýazylan kitap bolýar-da! Şahyr gün görüp ýaşamandyr, «Şanamany» ýazyp ýaşapdyr. Ol ömür bile ýaşamandyr, «Şanama» bile ýaşapdyr. Bu kitap onuň ýaşaýşa gatnaşygynyň usuly. Firdöwsi ýaşamandyram, ol «Şanamany» ýazypdyr. Bu kesgitleme – pikiriň hakykatdygyna onuň tutuş terjimehaly şaýatlyk edýär: ol öz ömrüni ýaşamandyr, özüne berlen ömrüň çäginde Eýran halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhyny gaýtadan ýaşap geçipdir. Ýazmak diýilýän iş ýaşamak hadysasyna öwrülende, beýik eserler döreýär. * * * Biziň Abulkasym Firdöwsi diýip tanaýan adamymyz – Mansur Hasan ogly 940-njy ýylda Tusuň Baj obasynda eneden bolupdyr. Asly daýhanlardan eken. Araplar gelensoňam, özleriniň öňki baýlygyny hem abraýdyr täsirini saklap bilen asylzada ýer eýelerine daýhanlar diýipdirler. «Firdöws» behiştiň bir öýüniň adydyr. Şahyryň doglan mekanynda «Firdöws» adyny alan üýtgeşik bag bolup, kakasy şol ýerde bagbançylyk edipdir. «Abul Kasym» lakamynyň terjimesi bolsa «Kasymyň kakasy» diýmekdir, şahyryň özünden öň – otuz ýedi ýaşynda aradan çykan oglunyň ady Kasym eken. Meşhur tezkireçi Aruzy Samarkandynyň sözlerine görä, Firdöwsi gurply ýaşapdyr. Mülkünden alýan girdejileri ony birine elgarama bolmaklykdan halas edipdir. «Şanama» epopeýasy 995-nji ýylda ýazylyp gutarylypdyr. Munuň özi eseriň ilkinji nusgasy eken. Soň eser onlarça ýyllaryň dowamynda gaýtadan işlenipdir hem barha kämil derejä eýe bolupdyr. Emma «Şanama» duýgular hem pikirler, obrazlar hem owazlar, sýužetler hem gahrymanlar bilen baýlaşdygyça, şahyryň özi barha garyp düşüpdir. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýleni-dä. Ilkibaşky howandarlaryň hem hemaýatkärleriň hatary-da gitdikçe seýrekleşip, ahyram Firdöwsi öz eseri, garyp güzerany we ýekeligi bilen ýüzbe-ýüz galypdyr. Dogry-da, bir ýyl däl, iki ýyl, bäş ýyl däl, tutuş otuz ýyllyk döredijilik zähmetiň çykdaýjysyny kim çekişsin?! Garyp galan şahyr ahyry özüçe çykalga tapypdyr! Ol eserini ilkibaşda samanylara bagyşlan eken. Emma 999-njy ýylda bu eýran-täjik hanedany synýar, onuň deregine gaýy türkmenlerinden çykan Mahmyt täze döwleti – Gaznaly döwletini gurupdyr. Şahyr «Şanamasyny» döwrüň hem sebitiň iň uly patyşasyna bagyş etmegi ýüregine düwýär. Ýigrimi ýedi ýaşynda Gaznada tagty ele alyp, Horasana we Mawerannahra patyşalyk eden, Hindistany boýun egdiren Mahmyt Firdöwsiniň gözüne «Şanama» mynasyp patyşa bolup görnüpdir. Onsoň şahyr Mahmydyň adyny getirip, «Şanamanyň» käbir ýerlerini täzeden işleýär. Bu waka, takmynan, 1010-njy ýylda bolup geçipdir. Mahmyt Gaznala ýüzlenilmegi, köpleriň pikir edişiniň tersine, ýöne bir edilen çykdaýjylaryň öwezini dolmak sebäpli däldir. Maksat Firdöwsiniň beýik şahyr hökmünde ykrar edilmeginde, onuň eseriniň giňden ýaýramagyna köşk derejesinde ejaza berilmeginde eken. Çünki sowatly hem özi-de şygyr ýazýan patyşanyň pitiwasy entek tanalmaýan eseriň şöhratyna giň ýol açyp biljekdi. Munuň özi Gündogarda adaty bir zat bolupdyr. Abulkasym Firdöwsi öz peşgeşini – adamzat taryhynda bir adam tarapyndan döredilen epopeýasyny eline alyp, Gazna şäherine gelipdir. Ony soltanyň köşk şahyrlary Unsury, Atjaly we Farruhy garşy alypdyr. Olar Firdöwsini öň tanamaýan ekenler. Şeýle bolansoň, «Şanamanyň» awtory köşk şahyrlaryna özüniň bihal däldigini subut etmeli bolupdyr. Şonuň üçinem «Şanamadan» bölekleri okap beripdir. Onuň okan setirleri köşk şahyrlarynda ýakymly täsir galdyran bolsa-da, olar nätanyş şahyry doly ykrar etmändirler. Ony azmaýyş eýlemek makul bilnipdir. Olar Firdöwsä özboluşly azmaýyş-synag gurapdyrlar: bularyň hersi rubagynyň bir setirini aýtmaly, eger Firdöwsi dördünji setiri göwnejaý tapyp bilse, ony soltanyň köşgüne eltmeli. Garasaý, her şahyr bir setir aýdypdyr, rubagy ýazylypdyr: Unsury: Seň ýanyňda Aý şuglasy hiç zatdyr, Asjady: Seň ýaňagyň ýanynda gyzyl bägül hiç zatdyr, Farruhy: Kirpikleriň Giwan okumy, paralaýar duşmany, Firdöwsi: Seň yşkyňa perwanalaň jesedi tutdy Zemin birle Asmany. (Sözme-söz terjime). Firdöwsiniň tapan setiri olary aňk edýär, şeýdip şahyr soltanyň gaşynda peýda bolýar. Özüne bagyşlanan bölekleri diňläp, soltan monça bolupdyr. Ol köşk şahyrlaryna Firdöwsiniň sylagynyň möçberi hakda sala salanda, olar: «Şanamanyň» bahasy 50 müň dirhem kümüş pul birligi bolar. Şol hem köp, çünki Firdöwsi mülhidlerden» diýip jogap beripdirler. Bu maglumat soltany dergazap edipdir, sebäbi Mahmyt Soltan din-mezhep meselesinde gaty fanatyk eken. Ol şaýylary ýek-ýigrenýän eken. Bu bir. Ikinjiden, Mahmyt Soltan – türkmen. «Şanamada» bolsa eýranlylaryň taryhy wasp edilip, arşa göterilýär. Mahmyt Gaznaly Rüstem Zalyň waspyny ýazan Firdöwsä «Meniň goşunymda Rüstem ýaly esgerleriň sany müňlerçedir» diýip aýdypdyr. Muňa şahyryň gahary gelýär we ol şeýle jogap beripdir: «Seniň goşunyňda näçe Rüstem ýalynyň bardygyny bilemok, ýöne Allatagalanyň Rüsteme deň hiç bir pälwany ýaratmandygyny bilýän!» Mahmyt Soltan Firdöwsä 20 müň dirhem beripdir. Şahyr muny az görüpdir, gahar edip, ol pullary çapara, hammamça hem-de meýhanaça paýlapdyr. Şol ýerde Mahmydy masgaralaýan şygyr düzüpdir. Soltanyň gazabyndan gorkup, şahyr gije Gaznadan çykyp gidýär. Ol alty aýlap soltandan gizlenip gezipdir. Diňe şondan soň ol öz dogduk mekanyna gaýdyp barypdyr. Tusdan Tabarystana – Şähriýar şanyň huzuryna gelen şahyry ol ýerde uly hormat bile garşy alypdyrlar. Ömrüniň soňky ýyllarynda şahyr «Şanamany» täzeden işlemek bile meşgullanypdyr. Şahyr öz işi bilen bolubersin, habary ýene Mahmyt Soltandan alaly. Hindistana eden ýörişleriniň birinde soltanyň goşuny dag geçelgesini saklap oturan galanyň üstünden barýar. Mahmyt gan dökmejek bolup, galanyň emirine parahatlyk bile boýun egmegi teklip edip hat ýazýar. Jogaba garaşyp otyrkalar, soltan weziri Ahmet Hasan Meýmendä: «Garaşýan jogabym gelmese, näme ederis?» diýýär. Wezir bu soraga goşgy setiri bilen jogap beripdir: Eger isleýän jogabym gelmese, Elim gürzüli bor, söweş meýdany hem Afrasiýap bolar! Soltan bu şygyr setirleriniň kimiňkidigini soraýar. Wezir Ahmet Hasan Meýmendi bu sözleriň Firdöwsä degişlidigini aýdýar. Soltan şonda şahyryň göwnüne degendigine puşman edenmiş. Şol ýeriň özünde-de Firdöwsä 60 müň dinar – «Şanamanyň» her beýdine bir dinar – gyzyl pul ibermegi buýrupmyş. Emma iberilen sylag wagtyndan juda giç galyp ýetipdir. Soltanyň iberen serpaýly düýeleri Tus şäheriniň Rudbar derwezesine giren mahaly şäheriň beýleki bir derwezesinden – Razan derwezesinden Firdöwsiniň jesedini alyp barýan ekenler. Beýik Firdöwsiniň terjimehalynda rowaýatlar bilen taryhy maglumatlar şeýle bir garym-gatym bolup gidipdir, indi bularyň haýsy hakykat, haýsy rowaýat, biler ýaly hem däl. Ýöne Gündogar düşünjesinde şahyrlyk bile häkimligiň, sungat bilen häkimiýetiň özara dartgynly gatnaşygynyň özboluşly bir kanunalaýyklygy weli belli: şahyrlar şolarda galan aryny ölensoňlar-a alýarlar. Muňa Firdöwsiniň Soltan Mahmyt bilen gatnaşyklaryny beýan edýän rowaýatlaryň pafosy şaýatlyk edýär. Olar soltan ýerliksiz-u-ýerlikli näletlemek pafosyna ýugrulandyr. Eýsem soltan Mahmyt Gaznalynyň Firdöwsiniň öňündäki ýazygy nämeden ybarat?! Galamhakyny az tölänliginden!.. * * * «Şanama» eseriniň monumentallygy, ägirtligi barada şeýle diýip bolar: ony okanyňda, okyjy özüni ummanyň girdabyna düşen ýaly duýýar, wakalaryň bimöçberliginden, pikirleriň çuňlugyndan, eseriň estetiki jadylaýjylygyndan ýaňa ol hopugyp gidýär. «Şanama» bir adamyň ýazandygyna ynanmak kyn diýilýän eserleriň hilindendir. Muny ýazmagyň hötdesinden gelmek üçin hakyky milli şahyr, onda-da adamzat, dünýä taryhynda uly orun eýelän, uly halkyň milli şahyry bolmak gerek. Milli şahyr diýmek bolsa, degişli milletiň bütin ruhy hem estetiki energetikasyny bir ömürde, bir göwrede jemläp bilen şahyr diýmekdir. Firdöwsi Eýran milletiniň beýik hem şöhratly geçmişini, taryhy hakydasyny bütin giňliginde hem çuňlugynda «Şanama» arkaly aman saklap galmak bilen bu milletiň soňky geljegini-de ruhy esasda üpjün etdi. «Şanama» janly durmuşa gatnaşygy taýyndan gaýdyp gelmejek şöhratly geçmiş baradaky süýji ýatlama däldir. Düşündirip bolmaýan gudratyň täsiri bilen okyjy hemişe eseriň wakalaryny häzir hem dowam edip duran proses hökmünde kabul edýär. Hemme beýik çeper eserlere mahsus bolşy ýaly, ol diňe häzirkizaman şekilindäki beýandyr. «Şanamanyň» geniallyk alamatlary, Firdöwsiniň genilik sypatlary köpdür hem jedelsizdir. Bu pikiri tassyklamak üçin eseri okap çykmagyň, özem tutuşlygyna-da däl, bölekleýin okap çykmagyň özem ýeterlikdir. Ýöne geniniň kimdigini, geniallygyň nämedigini akyl esasynda düşündirjek bolmagyň hatarly töwekgellikdigini ýeterlik okumyş adamlar oňat bilýändir. Şonuň üçinem bu meseläni biderek ýere jikme-jikleşdirmezden bir zady aýdyp bolar: geniallyk okyjynyň erkini doly ele alyp, oňa magiki täsir etmek ukybydyr. Şeýle bolanda, okyjy şahyryň aýdýan her bir sözüniň doly ýesiri bolýar, eser oňa çuňňurlygyň, beýikligiň mümkin bolan aňrybaş derejesi hökmünde duýulýar, onda hiç kim hiç mahal şundan beýik zady döredip bilmez diýen duýgy döreýär. «Şanama» aýry-aýry onlarça dessanlardan ybaratdyr. Bir tarapdan, olaryň hersi aýratyn wakaly, mazmun taýdan kesgitli, gutarnykly eser. Beýleki tarapdan bolsa, bularyň baryny birleşdirýän, barynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän umumy görşüň, bitewi bir manynyň hem-de ruhuň barlygy jedelsizdir. Beýle umumylyk hem bitewülik gaýtalanmak däldir. Her bir dessan okyjynyň öňünde täze hem ter ýaşaýyş beýanyny açýar. Şonuň üçinem şeýle uly göwrümliligine garamazdan, beýan edişiň terligi hem dartgynlylygy eseriň soňuna çenli elden giderilmeýär. Şu nukdaýnazardan, genilik – munuň özi haýran galdyryjy köp zady özüňe sygdyrmak ukybydyr. Sagdyn ýürek näçe ýaşasa-da, ýaşaýyşdan, dirilikden gabyz bolmak diýen zady bilmeýär, sagdynlykda ýaşaýyş manydan hem hözirden mahrum bolmaýar. «Şanamanyň» epiki monumentallygy arkaly Firdöwsi adamzat ýaşaýşynyň bütin tutumlylygyny hem eşretli we gözel gabaralylygyny dolap alypdyr. Ol ýaşaýşyň külli tutumly mazmunyny öz içine sygdyryp bilýän monumental formany tapyp bilipdir. «Şanama» ägirt giň hem uzak taryhy wagtyň beýany bolup durýar. Onda Eýranyň iň gadymy döwürlerden başlap yslam döwrüne çenli taryhy çeper beýan edilipdir. Munuň özi eseriň geçmiş taryhyň çeper teswiri görnüşinde ýazylandygyny aňladýar. Ol özboluşly manyda taryhy kitapdyr. Gadymkylar, umumanam, taryhy dokumental däl-de, çeper formalarda ýazypdyrlar. Şonuň üçinem biz Firdöwsiniň öz çeper fantaziýasyny asla-da ulanmandygyna, hiç hili awtorlyk toslamalaryna ýol bermändigine arkaýyn ynanyp bileris. Munda pikirlenmäniň çeper, poetiki usuly taryhy hakykatyň alternatiwasy hem däldir, çeperçilik munda taryhy üýtgetmegiň hiç hili usuly hem däldir, ol taryhy hakykaty gyzykly hem özüne çekiji beýan etmegiň ussatlyk bilen ulanylan serişdesidir. Şonuň üçinem «Şanama» taryhy eser hökmünde garamak bütinleý ýerlikli hem esasly zatdyr. Taryhy üýtgetmezden, özünden öňkülerden gelip ýetişi ýaly edip çeper forma salmak iň beýik şahyrlaryň elinden gelýän zat. Munuň üçin taryhyň özüne barabar giňlik hem gabaralylyk zerurdyr. Geçmişden many çykarmak, has dogrusy, ondaky bar manylary ýüze çykarmak dünýäsi darajyk, görşi çäkli ownujak adamyň başarjak işi däl. Taryha ýüzlenýän ýazyjylar ýalaň öz bir çümmüjek dünýäsiniň maýdaçyllygyny, hususylygyny hem-de tötänlik bilen utgaşyp gidýän üzlem-saplamlygyny taryhyň özi hökmünde görkezjek bolup gözgyny ýagdaýa düşýärler. Ýazyjy hökmünde gabaraň uly, zandyň iri bolmasa, taryhy tema ýüzlenmegiň juda hatarly zatdygyny belläsim gelýär. Bu işde hemişe taryhyň çeper beýanyny däl-de, bary-ýogy taryhyň surrogatyny, hatda karikaturasyny döretmek howpy bar. Bu tema, edebi işiň bu ugry ruhy-intellektual girdenekleri, karlikleri däl-de, ýasawy boýunça läheňleri talap edýär. Bu işde «Şanama» müdimilik nusgadyr. Bu işde zehin hanaň Firdöwsiniňki ýaly juda giň hem-de aşa çuň bolmaly. Şu nukdaýnazardan sözüň juda anyk manysynda «Şanama» hakyky ummandyr. «Şanama» edil umman ýaly wakalara hem olardan gelip çykýan manylara baýdyr. Iň esasy bellemeli zat hem, awtor janly, umman ýaly çyrpynyp ýatan taryhy mana getirjek bolanok, ol manylary tebigy suratda şol ýoýulmadyk taryhy wakalaryň içinden getirip çykarýar. Wakalary many girisine saljak bolman, tersine, wagtyň özi kimin akyp barýan taryhy wakalaryň yzyna düşüp gidip otyr, onsoň şol wakalardan manylaryň özi öz-özünden döräp gidip barýar. Şuny göreniňde F.Dostoýewskiniň ussatlyk sapagy ýadyňa düşýär: «Siz özüňizden üýtgeşik, geň-taň, täsin wakalary oýlap tapjak bolup, azara galyp oturmaň, durmuşyň özi siziň fantaziýaňyzdan müň esse baýdyr hem täsindir». * * * Öwrenijiler, adatça, «Şanamany» şertli suratda üç bölege bölýärler: mifiki ýa-da legendar bölek, gahrymançylykly bölek hem-de taryhy bölek. Şeýle bölüniş eseriň janly strukturasyny biraz üýtgedýän, ýagny ýoýýan hem bolsa, eseriň mazmunyny göz öňüne getirmek üçin amatly bir usuldyr. Eýran döwletliliginiň çeper taryhy görnüşinde ýazylan «Şanamanyň» birinji bölegi mifiki patyşalaryň ömür beýanydyr. Onda iň gadymy hanedan – nişdadylar hanedanynyň on sany şasynyň taryhy berilýär. Bular Kaýumars, Huşang, Tehmuras, Zahhak, Feridun, Manuçihr, Jemşit, Nouzor, Zutahmasp we Gerşasp. Ikinji bölekde keýanylaryň taryhy beýan edilýär, munuň baş gahrymany Rüstemdir. Üçünji bölekde bolsa sasanylaryň taryhy suratlandyrylypdyr. Eser paýhasyň waspyndan başlanýar. Paýhas adamzat ýaşaýşynyň hem dünýäniň guralyşynyň ilkinji, baş prinsipi hökmünde teswirlenilýär. Munuň özi adaty, güzeran akylyndan düýbünden başga barlykdyr. Ilkinji prinsip hökmündäki paýhas Biribaryň barlygy ýaradyş we gurnaýyş prinsipidir. Ol ýaşaýşyň özenidir, şol sebäpli-de barlyk paýhasalaýyk zatdyr. Ýaşaýyş diňe şol prinsip mynasybetli mümkin bolupdyr. Şonuň üçin hem barlykda hiç hili tötänlik hem, ýalňyşlyk hem, bikemallyk hem, adalatsyzlyk hem ýokdur. Paýhas metafiziki prinsipdir. Şu hil prinsipden dünýäniň mukdar ýaşaýşy, materiýanyň reallygy gelip çykýar. Külli ýaşaýşyň ugur alyş nokady adamzatdyr, onuň özeni-de adamdyr, onuň iň ahyrky kämillik maksady-da adamdyr. Adamzat durmuşynyň derejesinde alanyňda, paýhas Biribaryň erkine we niýetine laýyklykda ýaşamakdyr. Diňe paýhasa laýyk gurnalanda, adamzat ruhy substansiýa hökmünde öňe çykýar, adamzat jemgyýeti bolsa kosmiki manyly we ähmiýetli hadysa bolup durýar. Paýhas durmuşyň önümi, netijesi däl, wagtyň serişdesi däl, ol metafizika – ýagny, durmuşyň, ýaşaýşyň ruhy taslamasy, ol metafiziki ölçeg. Paýhas ähli janly-jandar görküdir, Ýaşaýyşyň özenidir – durkudyr. Paýhas öňbaşçyňdyr, ganyňda gezer, Ýere düş, göge uç – ýanyňda gezer. Gussany, lezzeti bildirýän hem şol, Adamy peseldýän, galdyrýan hem şol. Bilseň, paýhas kalbyň gözi bolýandyr, Göz bolsa älemi görüp bilýändir. Bar zatdan öň dörän akyldyr akyl, Ýüregiň penasy – goragydyr ol. Ýürek duýar haýyr-şeri, belany, Gözleriň, gulagyň, diliň biläni. Mundan paýhasyň abstrakt pikirlenme ukyby bolan intellekt bilen bir zat däldigi görünýär. Ol adamyň substansional tebigatyny emele getirýär, onuň ruhy potensiýalarynyň çeşmesi bolup durýar. Paýhas bolmasa, barlyk mümkin bolmazdy. Kosmos paýhas mynasybetli ýokdan bar bolupdyr. Şeýlelikde, paýhasda akyl hem, ahlak hem, gözellik hem, adalat hem, haýyr hem, garaz, ýaşaýşy düzýän hemme zatlar bar. Ol Biribaryň haýyr guraly. Fiziki barlyk paýhas potensiýalarynyň amala aşmagynyň usulydyr. Şol sanda adamyň maddy, jemgyýetçilik we hatda beden ýaşaýşynyň esasynda paýhas prinsipi ýatýar. Ýaşaýyş göreşinde paýhas haýryň baş guralydyr. Haýryň paýhasdan başga esasy diregi ýokdur. Paýhasa garşy gelýän ähli zatlar şerdendir. Dogrudanam, haýyr bilen şeriň göreşi, ideýasy «Şanamanyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär. Aňyýet, dünýägaraýyş esasy tarapdan alanyňda, «Şanama» Zerduşt pygamberiň yglan eden dini bolan otparazlygyň düşünjelerine daýanýar. Elbetde, bu özboluşly suratda yslamlaşan otparazlykdyr. Firdöwsi geçmişden miras galan otparazlyk düşünjelerini we miflerini yslamyň nukdaýnazaryndan täzeden aň eleginden geçiripdir. Ol geçmiş gymmatlyklaryny ýele sowurmazdan, ýitirmezden, olary heminzamanyň durmuşa ukyply faktoryna öwren akyldardyr. Şoňa laýyklykda «Şanamada» gadymy otparazlyk mifologiýasy arap-musulman mifiki formalar bilen utgaşyp gidýär. Muny «Şanamanyň» giňden belli dessany bolan «Ýylan şekilli Zahhak şa hakynda hekaýatynda» aýdyň görüp bolýar. «Zahhak» sözüni gadymy ajy-dhaka – aždarha sözünden gelip çykan hasaplaýarlar. Aždarha, döw, peri – eýran mifologiýasynyň gahrymanlarydyr. Zahhaga duşýan Iblis bolsa arap-semit mifologiýasyndandyr. Iblis – melgun sözüň hakyky manysyndaky mifologiki obraz, çünki ol real ýaşaýşyň kanunlarynyň çäginden daşa çykyp, öwrülip-dönüp duran metamorfoza häsýetli gahryman. Ýeri hem pursady geleni üçin, mifologiýanyň nämedigini bir sözde aýdyp geçeliň. Mifologiýa – adamzat aňynyň pany ýaşaýşy bakylyk görnüşlerine salyş usulydyr. Ylymda mifologiýanyň adamzat aňynyň iň irki, gadymy görnüşi hökmünde teswirlenýändigine garamazdan, ol hemişelikdir, mifologiýadan, gynansagam ýa-da begensegem, gutulma ýokdur. Çünki ol özge aň görnüşlerinden rüstemdir. Ol bakylygyň dilidir, mifologiýanyň kömegi bilen adamzat taryhynyň süýdi aýrylyp, gaýmagy alnyp galynýar. Ýüzlerçe, müňlerçe, hatda ýüz müňlerçe gezek bolup geçýän anyklyklar bary-ýogy onlarça mifologemanyň içine sygdyrylýar. Mifologiýanyň simwoliki tebigaty bar, simwol bolsa ýüz manyny bir sözde, bir obrazda, bir sýužetde jemlemek diýmekdir. Mif simwolikasy bilen güýçli. Din mifologiýasy bilen güýçlüdir, mifologiýadan daşdaky, mif gatanjy bolmadyk sungat ejizdir, ylym bolsa mifologiýanyň syryny aýan ederden ejizdir. Diňe filosofiýa mifologiýanyň intellektual deňeçerligi bolup biler. Mifologiýa geçmiş däl, ol hemişe bar. Biziň döwrümiziň, has dogrusy, döwürlerimiziň anyklyklary hem wagt geçip, mifologiýanyň dili bilen umumylaşdyrylar. Adam ömri gysga, akyly çäkli, heňňam bolsa uzyn hem çäksiz. Onsoň ol gysgalyga hem çäklilige sygmaýan durmuş, taryh, eýýam mifologiýada umumylaşdyrmasyny tapýar. Iň esasy zadam – mifologiýa irrasional tebigata eýedir. Ol edil düýş ýaly zat. Şonuň üçinem ony adamzadyň aňasty refleksiýasy hökmünde häsiýetlendirip bolar. Şeýlelikde, mifologiýa hakykatyň ýoýulmagy, hakykat dällige öwrülmegi däl-de, eýse onuň çugdamlanmagydyr, suwuk hakykatyň goýaldylmagydyr, ýönekeý hakykatyň çylşyrymlylyk prosesine geçmegidir. Biziň «göçme manylar» diýýänimiz manynyň azmagy däl-de, içki manylaryň daşa çykarylmagy, esasy, özeni manylaryň aňladylmagydyr. Iblis Zahhagyň ýanyna üç gezek gelýär. Ilkibaşda ol görmegeý ýigit sypatyna girip, Zahhagyň ýanyna baryp, ony kakasyny öldürmäge yrýar, häkimlige ýetirýär. Ikinji gezek ol patyşanyň gaşyna ökde aşpez bolup barýar. Mal etinden, soňra guş etinden her hili tagamlar bişirip, Zahhagyň göwnünden turýar. Firdöwsi şondan ozal etiň iýmit hökmünde ulanylmandygyny ýazypdyr. Bu gaty täsin maglumat. Etiň iýlip başlanmagy Zahhakda iýijilik, ýyrtyjylyk sypatlarynyň peýda bolmagyna getirýär. Munuň özi adamzat häkimiýetiniň tebigatynda bolup geçen şum transformasiýany aňladýan simwolika. Aşpeziň gowy hyzmatyndan göwnühoş bolan Zahhak oňa öz iki egninden ogşamaga rugsat berýär. Iblisiň ogşan ýerinden iki sany ýylan çykýar, olar Zahhaga azar berip, uly hossa öwrülýär. Hiç bir tebip bu apata çäre tapyp bilenok. Ine, şonda-da Iblis üçünji gezek tebip sypatynda patyşanyň gaşynda peýda bolýar. Tebip ýylanlary öldürmek üçin olara adam beýnisini berip görmegi teklip edýär. Şeýdibem, müň ýyllyk zulmy adamzadyň başyna atýar. Zahhagyň ýylanlaryny eklemek üçin günde iki adamyň beýnisi gerek. Söz ýok, güýçli simwolika. Firdöwside simwolikanyň esasy iki görnüşi bar: biri obraz simwolikasy, beýlekisi sýužet simwolikasy. Birinjisi mifologik personažlar arkaly kemala getirilýär. Zahhagyň obrazy munuň aýdyň mysalydyr. «Şanamadaky» simwol gaýmagyndan bir hakykaty – eýran milletiniň müňlerçe ýyllyk döwletlilik taryhyny okap bilýäris. Eserde häkimlik diýilýän zadyň oňyn-u-ýaramaz sapaklary görünýär, diňe juda uzak hem baý döwlet tejribesi bolan milletde «Şanama» ýaly beýik epos döräp biler. Zahhak mifologiýasyndan ýylan simwolikasy kemala gelýär, öz gezeginde bu simwoldanam «ýylan ýaranlary», «ýylan şa», «ýylan agtygy», «ýylan leşgeri» ýaly köpsanly troplar peýda bolýar. Firdöwside çeper pikirlenmäniň dialektiki köpdürlüligi, obrazlylygyň baý filosofiki podtekstliligi şunuň ýalydyr. «Şanama» taryhy wagt baradaky eposdyr. Şonuň üçinem ýüz ýigrimi müň setirlik eseriň özeninde durýan, munda başdan-aýak hereket edýän obraz – Wagtyň obrazydyr. Ol – Pelekdir, ýazgytdyr, ykbaldyr. Eseriň «Zol we Rudabe» atly dessanyna ýüzleneliň. Zoly synagdan geçirmek üçin pirleriň gaşyna eltýärler, olar ýaş ýigide sorag berýärler, biri: «On iki agaç, hersiniň otuz şahasy bar, bu näme?» diýse, ikinjisi: «Otuz atly bar, olar kimler?» diýen soragy berýär. Üsünji garry: «Iki at çapýarlar, biri gara, beýlekisi ak», dördünjisi: «Bir äpet orakçy bar, ähli gury, öl otlary orup barýar», bäşinji «Iki serwi ösüp otyr, biri gök öwüsýär, beýlekisi hemişe ýasda» diýip soraýar. Bu soraglaryň bary juda ýeňil görünýär, tapmaçalary çözmek üçin üýtgeşik akyl gerek däl diýip pikir etmek ýalňyşlyga alyp barýar. Many tapmaçalaryň özünde däl-de, şahyryň olaryň töwereginde döredýän kontekstindedir. Bularyň bary – Wagtyň obrazy – Pelekdir. Tagt, häkimlik berilýän Zol bir zady bilmeli – hiç bir zat, onda-da häkimlik baky däldir. Şuňa düşünmek, şuny boýun almak, şundan ugur alyp işlemek häkimiýetiň üýtgeşik bir görnüşini ýüze çykarýar. Ol häkimiýeti anyk bir syýasy-ahlak ýörelgäniň saýlawyna iterýär. Adam ömri ýaly, häkimlik hem panydyr, wagtlaýyndyr, ahlak-ruhy taýdan miweli bolmagy üçin häkimiýetiň şuny sapak edinmegi gerek. Ýaşaýyş, şol sanda, döwlet-syýasy ýaşaýyş hem bimany we tükeniksiz üznüksizlik däldir, ol sebäpli-netijeli baglanyşygyň dowamatydyr. Şonuň üçinem netijäniň oňyn bolmagyny isleseň, degişli syýasy-ahlak düşünjelerine laýyklykda ýaşamaly we işlemeli. «Şanamada» münetjimleriň, gurrandazlaryň ornunyň uludygyny görüp, muny otparazlykda magiýanyň ornunyň uly bolandygy bilen düşündirmek bärden gaýdardy. Eger takdyr, ýazgyt hakykatdanam bar bolsa, onda olary öňünden bilmeklik hem bardyr. Ýel ýaly ösüp dur ykbal depeden, Ondan gutularmy gaýgy köp eden. Ol ýel össe, durmuş daragty solar, Ýürekleriň nury öçer, ýok bolar. Biz ýaly şalary köp gördi älem, Köp-köp hökümdary görer ol hälem… Takdyra ten berjek bolmagyn hergiz, Bil sen, ykbal üýtgäp durýandyr tiz-tiz. Zahhak şa adalaty talap edýän demirçi Käwäniň ogluny ölümden boşadýar, ýöne muňa derek ol Käweden patyşanyň adyllygyny taryplap, wagyz etmegi, onuň adyldygy baradaky nama gol çekmegini talap edýär. Zahhagyň bitewi obrazyndan Magtymgulynyň: Magtymguly, aýbyn ýapar, Iş, kylyjy til biläni – diýen paýhasy gelip çykýar. Ýaramaz häkimiýet ömrüni uzaltmak üçin şu üç serişdäni ýerlikli ulanmaga çalyşýar. Emma Zahhagyň gören düýşi takdyryň duýduryşy bolup eşidilýär. «Şanamada» sýužet guramagyň esasy ugurlarynyň biri düýşdür. Düýş dünýäaňyrsy alyslykdan gelýän habar. Zahhak özi üçin şum habary ýalana çykarjak bolup, öňkülerindenem elhenç jenaýatlara baş urýar. Emma ykbaly üýtgedip bolmaýar, ýazylany bozup bolmaýar, düýş huşuň, ýaşaýşyň özünden has hökmürowan gelýär. Ykbal – ýagşy üçinem, ýaman üçinem niýetiňe görä bolmazlykdyr. Zahhak hem öz düýşünde görnen Feridunyň elinden heläk bolup, Demawent dagynda ömürbaky zynjyrlanyp galmaly bolýar. Beýik Firdöwsiniň çeper-estetiki pikirlenmesiniň köpusullydygyny bellemek gerek. Onda simwolika realizm bilen, simwolizm psihologizm bilen utgaşyp gelýär. Zahhagyň öz aýagy bilen öz heläkçiliginiň üstünden barşy haýran galdyryjy durmuşy psihologizmi bilen tapawutlanýar. Duşmanyndan gaçyp giden Zahhak öz öňki gyrnaklarynyň biriniň Feridunyň gaşynda özüni ýamanlap, oňa hoşamaýlyk edip duranyny görýär. Onda gabanjaňlyk duýgusy tutaşýar. Gelip Feriduny öldürjek bolubam, özi ele düşýär. Psihologik taýdan nähili ynandyryjy kartina! Şony görüp bir sosiologyň gabanjaňlyk instinkti erkekleriň jynsy işjeňligine getirýär, şeýdip adamzat nesli dowam edýär diýen original pikiri ýadyňa düşýär. Eýse, Firdöwsä gulak salsaň, gabanjaňlyk, umuman, duýgy diýilýän zat häkimiýetiň ýaşaýşynda-da oňyn-u-tersin ägirt rol oýnaýan eken-dä! Tagt, häkimlik hem onuň adam ykbalyna täsiri «Şanamanyň» esasy meseleleriniň biridir. Firdöwsi bu meseläniň dürli taraplaryny açyp görkezen şahyrdyr. «Zal we Rudabe» dessanynda Zal Rudabä aşyk bolýar. Olaryň söýgüsine iki tarapyňam patyşasy garşy bolýar. Zalyň kakasy Samyň patyşasy Manuçihr eger iki juwan biri-birine gowuşsa, onda Zahhagyň neslinden bolan Mährabyň öz tagtyna, patyşalygyna dalaş eder öýdüp gorka düşýär. Her zat etmeli weli, munuň başa barmazlygyny gazanmaly. Öz gezeginde Rudabäniň tarapy-da bu söýgä garşy. Zabulsestanyň şasy Mährap bu barada şeýle diýýär: Bu ýagdaýa neneň çydaýyn eýsem, Maý bermediň çapyp taşlaýyn diýsem. Sam bilen şa sürüp leşgerniň baryn, Gelse, alar ýurduň bar ygtyýaryn. Käbil ýeri durşy bilen gan bolar, Meýdan gurar, baglar wes-weýran bolar. Syýas bähbit hemme zatdan, şol sanda iki juwanyň söýgüsindenem ilerde goýulýar. Emma ahyrsoňy söýgüliler bir-birine gowuşýar. Ýöne bu çözgüt kontekstde goýulýan meseläniň barlyşyksyzlyk tebigatyny üýtgedip bilmeýär. Gep anyk, hususy halatyň şowly tamamlanýandygynda däl-de, häkimlik meselesinde şeýle tebigatyň barlygyndadyr. Ol bolsa gutulgysyzlykdyr. Şeýle ählumumy kanunylaýyklyga görä, başga hususy halatlarda mesele ýokarky ýaly şowly çözülip hem durmaýar. «Rüstem we Suhrap» dessanynda Rüstem bilmezden öz ogluny agyr ýaralaýar. Diňe soňra ol öz eden işine göz ýetirýär. Ýöne ogluny halas etmek mümkinçiligi bar: Suhrabyň derdini bejerjek melheme ýurduň şasy Kabus eýe. Rüstem şol melhemi sorap, şaha ýüz tutýar. Kabus weli, öz tagtyna Rüstemiň arkasyndan ýetenligine garamazdan, melhem bermekden ýüz dönderýär. Sebäbi ol Suhrap diri galsa, Turan güýçlenip, öz häkimligine zeper ýeter öýdüp gorkýar. Şeýdibem, Suhrap wepat bolýar. Görnüşi ýaly, Rüstemiň ogly atasynyň ýaragyndan ölenok, bu ölüme Kabusyň häkimlik ambisiýasy sebäp bolýar. Ýigit şonuň gurbany bolýar. Men Firdöwsi sýužetiň şahyry diýenimde ýokarky ýaly sýužetleýin çözgütleri göz öňünde tutýaryn. Şahyr reallygy subýektiw suratda kommentirlänok. Many sýužet çözgüdiniň özünden gelip çykýar. Şu manyda Firdöwsi ýüz görmezek, bassyr-ýussur etmezek, öz hususy bahasynyň hatyrasyna ýuwmarlamazak, reallygy ýönekeýleşdirmezek realistdir. Häsiýetler awtoryň subýektiw garaýyş tekizliginde ýatýan gapdallaýyn kesgitlemelerinde däl-de, öz hereketlerinde we wakalaryň mizemez logikasynda açylýar. Awtora öz eserinden gaçyp gutulma ýokdur. Şu ajap hem ýowuz kanunalaýyklykda, awtoryň terjimehalynyň ýetmez hem boş ýerleri onuň eseriniň many barlygy bilen üsti ýetirilýär. Bu, megerem, Firdöwsi babatda-da şeýle bolandyr. Şahyryň soltan Mahmyt bilen dartgynly gatnaşyklary baradaky rowaýatlaryň özeni, megerem, onuň beýik eserinde häkimlik hem durmuş konfliktiniň beýanyndan uç alandyr. Umumanam, Firdöwsiniň ömür wakalary we «Şanamanyň» sýužet çözgütleri Gündogar edebiýatynda häkimlik we sungat diýen konflikte esas bolupdyr. Şu konfliktiň asly şondan gaýdýar we ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda nesilden nesle geçip gelýär. Firdöwsi mifologiki realizmiň düýbüni tutujydyr. Mifologiýa durmuş hakykatyny total we düýpleýin açmaga hyzmat edýär. Onuň mifologiýasynyň gymmaty şundadyr. Onuň realizmi bolsa awtoryň hiç bir zady paş etmeýändiginde hem ýuwmarlamaýandygynda, inkär hem, ykrar hem etmeýänligindedir. Ol durmuşy, has dogrusy, taryhy bolşy-bolşy ýaly görkezýär. Şonuň üçinem Firdöwsiniň döredijilik stili babatda položitel hem otrisatel gahrymanlar diýilýän bölünişigiň işlemeýändigine gaty öň göz ýetiripdirler. Firdöwside adamlar ýa häsiýetler däl-de, ideýalar çaknyşýar. Bu ideýalar bolsa gadymy otparazlyk dünýägaraýşyndan gözbaş alyp gaýdýar. Otparazlyk ýa-da zoroastrizm dualistik dindir. Onuň özeninde iki sany kosmiki başlangyjyň – ýagtylyk bile tümlügiň arasyndaky göreş ideýasy ýatýar. Bu çaknyşyk adamzat jemgyýetinde haýyr bile şeriň göreşi, adamyň içki dünýäsinde bolsa nebis bile akylyň gapma-garşylygy görnüşinde aňlanylýar. Zoroastrizm dünýä taryhyny üç sany uly eýýama bölýär: 1. Wujud – ýaradylyş. 2. Garym-gatymlyk. 3. Aýrylyşyk. Birinji eýýamda hemme zat oňat bolupdyr. Şeriň, tümüň hudaýy Ahrymanyň işjeňligi bilen ikinji eýýam başlanypdyr. Bu kosmiki eýýamyň düýp aýratynlygy munda haýyr bile şeriň tanap bolmaz derejede garym-gatym bolanlygyndadyr. Emma şonda-da olaryň arasynda göreş gidýär, bu göreş diňe üçünji eýýamda bes ediler, şonda iki kosmiki güýç biri-birinden aýrylyşar, bar zat aýyl-saýyl bolar. Zaratuştra pygamber iki başlangyç ideýasyny ilkinji tapan pygamberdir. Umuman, otparazlyk ilkinji wahý dinidir, ýagny Hudaý tarapyn iberilen pygamberiň dinidir. Haýryň hudaýy Ahuramazda dünýäni ilki ruhy, ýagny maddy däl görnüşde ýaradypdyr. Diňe soň oňa maddylyk beripdir. Maddylyk has kämillik bolupdyr, çünki diňe şonda barlyk bitewülige we gözedolulyga, ýagny hakyky reallyga eýe bolýar. Maddylyk haýyr bile şeriň göreşiniň başlanmagyna sebäp bolýar, çünki maddy dünýä şeriň öňünde ejizdir. Şeriň hudaýy Ahryman asmanyň aşaky sferasyna urup girýär, ol suwdan ýüzüp çykypdyr. Şo wagta çenli diňe süýji bolan suwuň Ahrymanyň galtaşan ýerleri şor suwa öwrülýär. Onuň aýak basan ýerleri çöle dönüpdir. Şondan ozal tüssesiz ýanýan ot, ol galtaşanda tüsseläp başlapdyr. Hudaý – häkim diýmekdir. Görnüşi ýaly, otparazlyk häkimligiň haýyr hem, şer hem bolup bilýändigini tekrarlaýar. Zaratuştra ahyrzamanyň boljagyny ilki aýdan pygamberdir. Otparazlygyň mukaddes kitaby «Awesta» bäş kitap görnüşinde biziň döwrümize gelip ýetipdir: 1. Ýasna. Bu «doga okamak» manysyny berýär. Ýetmiş iki bapdan ybarat bolup, dürli dogalary öz içine alýar. 2. Gatlar. On ýedi bapdan ybarat bu dini aýdymlar «Awestanyň» iň gadymy bölegidir. Olar hut Zaratuştra pygamberiň agzyndan çykan sözlerdir. 3. Wisyred. «Hudaýyň nazar salan zatlarynyň iň mukaddesi», 24 bapdan ybarat aýatlar we dogalar. 4. Ýaşt. Hudaýa öwgüler. 5. Bidewdat. Döwlere garşy okalýan dogalar. Elbetde, Firdöwsä otparaz diýmek gülkünç bolardy. Emma onuň diňe bir aýry-aýry ideýalaryny däl, eýse gahrymanlarynyň hem otparazlyk döwrüniň taryhyndan alnandygyny ylmy barlaglar doly subut etdi. Firdöwsi öz «Şanamasy» üçin otparazlygyň «farr» ideýasyny – häkimligiň diňe nesilden-nesle geçende kanuny bolandygy baradaky ideýany alypdyr. Eýranyň geçmişi babatda iň guwanarlykly zat – beýik döwletliligiň bolanlygyndadyr. Bu pikir bir gündogarşynasyň «Eýranda ähli liriki poeziýa dine, ähli epiki poeziýa bolsa millilige ýugrulandyr» diýen sözlerini ýada getirýär. Häkimligiň esasy wezipesi jemgyýeti tertibe, sazlaşyga salmakdyr. Şu sazlaşygyň bozulmagy zulumdyr. Zahhak öz janyndan gorkusyna ummasyz goşun toplaýar. Ahuramazdanyň kosmiki kanunyna görä adamlaryň bir topary daýhan, ýene bir topary maldar, üçünji bir topary alymlar we ş.m. bolmaly. Zahhak bu kanuny bozup, bularyň barynyň esgere öwrülmegine sebäp bolýar. Şu hem zulumdyr. Zulum tümlük hökmünde teswirlenilýär. Ýagtylyk bolsa tümlügiň antipodydyr. Ýagtylyk nur arkaly barlygy aýdyňlaşdyrýar. «Şanamanyň» çeper dilinde Gün, Kuýaş, röwşen bile baglanyşykly metaforalar köp bolup, bularyň bary otparazlyk ideýalarynyň esasynda dörändir. Şeýle estetika O. Şpengleriň «Adam – ýagtylyk jandary» diýen pähimini ýada salýar. Dogrudanam, adam ýagtylygy, nury gözelligiň we diriligiň iň esasy ýüze çykmasy hasaplaýar. Firdöwsidäki dür, göwher, lagl ýaly öz-özünden ýagtylyk saçýan daşlaryň estetiki we ontologiki orny-da ýokarky ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Ýagtylygyň iň güýçlüsi nurdur, nuruň iň güýçlüsi bolsa akyldyr. Akyl öýi dindir. Ugur al her işde kanundan, dinden. Seniň aklyň çykar ýuwhanam hinden… Akly, güýji döredenden heder et, Nur saç diýip ýaradandan heder et. Adamzat ähli erbetlikleri nuruň gapma-garşylygy bolan tümlük simwoly arkaly aňlatmaga endik edipdir. Şer hem tümlük, nadanlyk hem tümlük, ölüm hem tümlük. Tümlük – ýokluk, nur – barlykdyr. Öz döwründe Ý.E.Bertels yslamyň käbir gymmatlyklarynyň kemala gelmegine otparazlyk düşünjeleriniň esas bolandygyny ýazypdy. Zaratuştra pygamber syrat köprüsi, jähennem we jennet, hüýrler barada ilkinji bolup wagyz eden pygamber. «Şanamany» şeýle dünýägaraýyş – pelsepe esasyny göz öňünde tutup okanyňda, bu eser ýöne bir gahrymançylyk ýa taryhy eser bolman, eýsem çuňňur pelsepewi kitap bolup okalýar. * * * Firdöwsi diýr – meniň sözüm – Iki älemde owazym. Şeýle setirleri ýöne genial däl, eýse iň genial şahyr ýazyp biler. Beýikleriň içinde öz sözi bilen şu dünýäni eýeländigini göwnüýetijilik bile aýdýanyna, seýregem bolsa, duş gelýäris. Emma öz Sözüniň iki dünýä-de dolandygyny buýsanç bile aýdan şahyr diýip özüm-ä diňe Firdöwsini tanaýaryn. Beýle pikiri diňe wagt – giňişlik, mukdar – hil ölçegleri boýunça daşky äleme barabar öz dünýäsini döredip bilen şahyr aýdar. Ýüzlerçe wakalary, ýüzlerçe gahrymanlary öz içine alýan «Şanama» aýratyn dünýä, ol indi tas müň ýyl bäri daşky dünýä garaşsyzlykda ýaşap gelýär. «Şanamany» başdan-aýak çynlakaý, düşünip okap çykmak üçin är ömri gerek. Ony ýakyndan öwrenmek, beýan giňişliklerinde sährany gezen ýaly ýaýrap-ýazylyp gezmek, many çuňluklarynda ummanda ýüzen ýaly gulaçlap gezmek, forma baýlyklaryny älem jisimlerini açan ýaly açmak üçin bolsa tutuş nesiller gerek. «Şanamanyň» many hem tefsir tükeniksizligi wagtyň hem giňişligiň içki tükeniksizligini ýada salýar. Eseriň ýokardaky, üç bölege bölünişigi gorizontal bölünişdir. Munuň özi onuň bary-ýogy daşky, zahyr, ýaraglanmadyk göze görünýän mazmunydyr. Emma onuň sak syzgy, gamhor ýürek hem içgin paýhasa görünýän başga bir mazmuny hem bar. «Şanamanyň» syrlaryna ýetmek işinde esasy bölünişik eseri wertikal ugur boýunça «kesmekdir». Şonda onuň biri-biri bilen baglanyşykly – edil aň bilen aňastynyň baglanyşyklylygy ýaly – ýöne şol bir wagtda-da başga-başga ýaşaýyş tekizligi bolup durýan iki sany gatlakdan ybaratdygy görner! Ýüzleý – ýüzdäki gatlak hem-de çuňlukdaky gatlak. Birinjisinde adamzat köplüginiň – jemendäniň, mähelläniň kabul edişindäki durmuş reallygy bar. «Şanama» ýaly eserleriň diňe döredijilik, intellektual elita däl, halk köpçüligi tarapyndan hakykatdanam söýlüp okalýandygy, ýokary, hakyky sungat hökmünde kabul edilýändigi birinji ýaşaýyş gatlagynyň gudraty, netijesidir. Şu tarapdan eser hakyky, çynlakaý, wagtyň odundan geçip toplanyp, dogrudanam, kämil bolan halk döredijiligi diýilýän edebiýatyň hiline degişlidir. Özüm-ä muňa milli döredijilik edebiýaty diýerdim. Beýle edebiýatda subýektiw başlangyç tas ýok diýerliklidir, çünki awtoryň ýa liriki gahrymanyň ornunda adamyň däl, milletiň şahsyýeti çykyş edýär. Adamzat ýaşaýşynyň hakykatlaryny şu nazardan görüşe ortaça görüş diýip bolardy. Sebäbi ol köpçüligiň aam diýip kesgitlenýän ýöntemlik ipostasy bilen intellektual – döredijilik azlygyň arasyndaky, ortasyndaky nukdaýnazardyr. «Şanamanyň» ikinji, çuňlukdaky many tekizligi, eseri genial esere öwürýän zatdyr. Firdöwsiniň adamzat ýaşaýşyna hususy garaýşy hut şu gatlakda gizlenip ýatýar. Bu garaýyş bolsa, megerem, köpçüligiň goldanmajak, hatda düşünmejek zady bolup, munda hemişe kinaýa bilen hasrat gatyşykly ahmyr gezekleşip gelýär. Firdöwsi ähli dessanyny diýen ýaly ykbal, ýazgyt baradaky gussaly oýlanmalar bilen başlaýaram, tamamlaýaram. Munuň özi ýöne bir dünýäniň ötegçiliginden zeýrenme däl. Bu adamzat ýaşaýşynyň öz düýp mazmuny boýunça tragizmdigini tekrarlamakdyr. Şu tarapdan Firdöwsi gadymyýetiň beýik ýunan tragikleri bilen egin deňleşdiriberýär. Adamzat ýaşaýşynyň tragizmi jemgyýetde adalatsyzlygyň hökmürowanlygy ýa bolmasa hiç hili logikanyň, matlabyň ýoklugynda däl, ýok, Firdöwsi adamy dünýä bilen barabarlykdaky närse hökmünde görýär we onuň dünýäden asgyndygyna agyryly akyl ýetirýär. Nägehan hem jansyz dünýä barlygy bilen deňeşdireniňde, adamzat barlygy ejizdir, ujypsyzdyr hem nalaçdyr. Ähli genial kişilere mahsus bolşy ýaly, Firdöwsiniň dünýä gatnaşygyna-da, patyşalara gatnaşygyna-da, hereketlerine-de tekiz logika sygdyryp bolmaýan ikileýinlik bar: öz-ä patyşalary öwýän ýaly, emma iş, hereket, sýužet tarapdan seretseň, patyşalara öwgüden olara igenç hem kinaýa has köp, artyk gelýän ýaly bolup dur. Bir zat belli – Firdöwsi Eýranyň yslamdan öňki beýikligini «Şanama» arkaly ýok bolmakdan halas etdi. Yslam fanatikleri onuň bu işini bagyşlamandyrlar. Firdöwsini mazarystanlykda jaýlamagy gadagan edipdirler. Bu ahwalat otparazlaryň öliniň jesedini jaýlaman goýmak däbine meňzeş bir zat bolupdyr. Ýöne otparazlyk däbiniň daşky görnüşi bilen beýik şahyryň başyna düşen bu ömürden soňky ýowuzlygyň manysy proporsional gapma-garşy: otparazlar Ýeriň mukaddesligini haraplamajak bolýarlar, yslam fanatikleri bolsa butuň «mukaddesligini» ykrar etjek bolupdyrlar. Olar düşünjeleriň hem garaýyşlaryň, ynanjyň hem lebziň daşky formallygyny ilerde goýupdyrlar. Islendik daşky görnüşe pisint etmeklik hem sežde etmeklik bolsa butparazlykdan nyşandyr. Çünki butuň özi daşky – maddy obýektdir. Her bir ynanjyň içki manysy ýitensoň, eda bolandan soň, aňlatmalar we düşünjeler buta öwrülýärler. Olar ýaşaýşy içinden täzeläp duran janly akyl-ruhy generator bolmagyny bes edip, içinden jany gidensoň, ölüp galýarlar hem-de doňdurylan buta öwrülýärler. Onsoň adamzada öň öz peýdalanan, ulanan düşünjelerinden hem akylyndan başyny gutarmak görgä öwrülýär. Kössege öwrülýän zatlary ret etmek üçin wagtal-wagtal Firdöwsi ýaly geniler döreýär. Biz Firdöwsi Eýranyň beýik geçmişini hakydasyzlyk belasynyň elinden alyp galdy diýýäris. Dogry. Ýöne «Şanama» geçmişe däl-de, hemişe geljege degişlidir. Çünki hemme genial zatlar geljek zamanda, has dogrusy, bakylyk zamanda aňladylýar. * * * Bir adamyň tutuş älemdenem giň, tutuş Wagtdanam uzak hem uly zat bolup biljekdigini Firdöwsi öz ömri bilen subut etdi. Adam, islese, millete barabarlyk bolup biler, islese, äleme – dünýä-de barabarlyk bolup biler. Sebäbi, syry adamyň içki ruhy substansiýasyndadyr. Adamyň içine hemme zat sygýar: onuň gözüne görünýän zatlaryň bary adamyň içine sygýar! Hatda gözüne görnerden aşa uly hem aşa kiçi närselerem onuň içine sygýar. Firdöwsi bilen baglanyşyklylykda bolsa, şeýle şahsyýete tutuş millet, onuň geçmişi sygýar diýip aýdyp bolar. Indem «Şanamadan», edil gözbagçynyň şlýapanyň içinden dynuwsyzlykda ýüp çykaryp gidip oturşy ýaly, biz Eýranyň geçmişiniň ähli wakalaryny hem hakykatlaryny sogrup alyp oturmaly. Eýse, Eýnşteýndäki ýaly giňişligiň gyşaryp, wagty öz içine «ýuwutmagy» ýaly bir gudrat dälmi bu?! Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||