10:50 Açyş / hekaýa | |
AÇYŞ
Hekaýalar
Köpden bäri «işim bar, öýden sypyp bolanok» ýaly bahanalar bilen doganymlara-da gezmäge gidip bilemok. Lenji çykan bahanadan soňky döwür özümem irip, baýramçylyk beýleki bolsa aýlanaýyn diýip otyrdym. Ine-de, hoş habar geldi, agamyň durmuşa çykaranja gyzynyň ilkinji ogul perzendi dünýä inipdir. Agam — baba, ýeňňem hem mama boldy, tüweleme. Hemmelere Hudaý ýetirsin! Bu habary eşidip öňden gelýän arzyly däbi ýerine ýeti-resim geldi, buşluk paýyny telefon arkaly däl-de, öýlerine baryp bermeli. Jaň aýladym, görsem, olar özümdenem beter işli. Örän gowy, agşamlyk baraýaryn. Giç agşama çenli oturyp doganjygym bilen könäni ýatlarys, geljegiň meýilnamasy hakynda (olar hem, biz hem, Hudaýa şükür, ogul öýeribermeli ene-atalar bolduk ahbetin) pikir alşa-rys. Ine-de, agşamam ýetip geldi. Ýanym halat-serpaýly durun doganymlaryň gapysynda. Gapyny körpeje ogly Eziz açdy. Ondan bir ýaş uly Ogulnar jigimem gapdaljygynda. Ikisem ýylgyryp öýe saldylar. Tüweleme, çagalary sähel görmeseň ers-mers ulalanlarynam duýjak däl biz. Ikijiginiňem boýjagazlary ep-esli ösüpdir. Meni boş jaýla-ryň birine salan Ogulnar jigim çaý goýmak üçin aşhana tarap ýöneldi. Öňüme düşüp bökejekläp barýan Eziz jigim bolsa gadyr bilen çagalarymy birinbirin sorap barşyna, süňňüýeňillik bilen dulda duran oturgyjyň üstünde joňka-rypjyk ornaşdy — Kakaň dagy henizem gelmändirlerow, bala?! — Ýoldadyrlar, Keýik eje. «Barýas» diýip jaň edenlerine 10-15 minut bolandyr. — Be, günde bu wagta çenli eglenseler-ä, gaty ýadaýandyr olar. — Hawa, ýadaýarlar. Menem äkidiň, dynç alyşdakam kömekleşeýin diýsem: «Sen heniz kiçijik, ulalaňsoň äkideris» diýip, her gün goýup gidýärler meni — Dözýän däldirler saňa. Ynha, nesip bolsa, ulalarsyň, onsoň sen olaryň öňlerine-de düşüp gitmeli bolarsyň. Ýaňy başlan gürrüňimiz gysga boldy-da, derrew togtady. Ýa-ha Eziz özüniň çaga hyýalynda ulalyp, kaka-synyň öňüne düşüp işe gidip barşyny göz öňüne getirdi, ýa-da meniň çürt-kesik jogabymyň yzyny dowam edip bilmedi, umuman, bir zatlar bolup geçdi. Biziň ikimizem ýüzümizi aşak salyp dymdyk. Heý, muňa näme diýjek, doganym-a gelenok, menem onuň körpeje ogly bilen ikiçäk oturyşyma näme gür-rüň tapjagymy bilemok. Işim sapak okatmak bolsa-da, işden başga ýere düşdügim edere gürrüň tapman, «dymma-dymma» oýnamagy çykardym soňky ýyllarda. Diýsem, diýenim ýalňyş bolaýjak ýaly. Munuň üçin gelinler bilen üýşen halatymda bellik alan ýerim hem bolupdy. Gezek bermän gaýyndyr eltiniň, ýanýoldaşdyr goňşynyň üstün-den düşüp gürrüň edýän joralarymyň biri şeýle gezekleriň birinde meniň düýrmegim bilen diňleýjä öwrülenime üns beripdir. Başda duýdansyz edilen bellige näme jogap berjegimi bilmän seňrigimi ýygyrdym, soňra hem: — Özüňiziň gezek bermeýäniňiz barada-da oýlanyp gördüňizmi, bü-ýä birinjiden, ikinjiden bolsa günümden zeýrenenimde güzeranymy aýlaşjagyňyz barmy?! — diýipdim. Emma häzirki ýagdaý olaryň hemmesinden-de jogapkärli. Men deň-duşum dälde, bary-ýogy 9 ýaşlaryndaky oglan jigim bilen ýüzbe-ýüz otyrdym. Käte gapa seredýän, käte-de Ezize. Garaşylýanlar welin gelenok. Dymyşly-gy ýene Eziz bozdy: — Keýik eje, sizde planetalaryň döreýşi, Ýer planetasyna adamlaryň gelşi, Zeminde ýaşap başlan ilkinji jan-darlar, gadymky dinozawrlar barada okar ýaly kitap ýokmaý. Şolar barada okap göresim gelýär-dä. Ine, saňa garaşylmadyk täzelik. Men öňümde oturan täze nesliň — XXI asyryň täzeçe pikirlenýän nesliniň talabyna laýyk jogaby tapmaly. Jigim sözüni dowam etdi: — Umuman, özüm birhili zoologiýany, fizikany, geografiýany gowy öwrensemem, planetanyň döreýşini, Zeminde ýaşaýşyň başlaýşyny tomus dynç alyş döwrümde okap göresim geldi-dä. Şeýtsem köp zat bilerin diýip pikir edýän. Begendim. Aýratyn-da, fizika, zoologiýa, geografiýa ýaly düýpli ylymlar bilen bagly pikir ýöretmä gelen ki-çijik oglanjygyň bu zatlar barada agraslyk bilen söz açyşyna buýsanyp gitdim. Oňa sorag berdim: — A sen kitap okamagy hem gowy görýäňmi? Umuman, bu zatlara bolan gyzyklanma sende nireden döre-di? Ol ünsümiň doly özünde jemlenendigini duýdy-da, höwes bilen gürrüň berip başlady: — Atamlara barýarkam onuň elmydama kitap okaýandygyny görýärdim. Öýde kakamyň işden ir-giç geleri-ne garamazdan, agşam ýatanda kitaby başujynda goýup, okap uklap galýanyna üns berdim. Galyberse-de, size gezmäge baranymda hatar-hatar tekjelere örüp goýan kitaplaryňyzy görüp, şolaryň ählisini «okap çykan» adamla-ryň hemme zady bilýändigine ynanasym geldi. Onsoňam, şonda atamyň okap oturan kitaplarynyň birinde Ýer planetasy, asman giňişligi, ýyldyzlar, Gün, Aý we fizikanyň kanunlary diýen ýaly sözleriň ýazgylaryny okap ýa-dymda sakladym. Indem olar barada has içgin bilesim gelýär. Siziň sebäp barada nämelere ynanýanyňyzy, nämelere-de ynanmaýanyňyz-a bilemok, hormatly okyjym, me-niň welin fizikanyň kanunlaryny çagalaryň dilinde sadalyk bilen düşündiren kakamyň aýdyp berşi ýaly: «Dünýä-niň o çetinde bir kebelejigiň ganatlaryny galgatmagynyň netijesinde dünýäniň bu çetinde uly bir tüweleýiň turma-gyna sebäp bolup biljekdigine» ynamym gaty uly. Diýmek, heniz kiçijikkä gözüniň öňünde atasynyň, kakasynyň, doganlarynyň, mugallymynyň kitap okap oturandygyna üns beren çaganyň geljekde olardan-da köp okaýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli ynsan bolup ýetişjekdigine ynam bildirip bolar ahyryn. Esasy zat, şeýle ynsanlaryň belent adamkärçilikli bolup ýetişmeklerini gazanmak Jigim Eziz bilen ýene we ýene kitap baradaky gyzykly söhbedimiz dowam etmelidi. Şol wagt öýüň eýeleri-niň gapydan girmegi bilen özara maşgala, saglyk-amanlyk soraşylmaga geçilip gidildi. Ilkinji agtygyň dünýä inme-giniň şatlygy, ýaş enäniň saglygy, oba-gara barada aýdyşyldy. Çagalar hem ulularyň «uludan-ula» geçýän gürrüň-lerine päsgel bermezlik üçin otagdan çykyşyp gitdiler. Agşamyň täsiri, 9 ýaşlyja Eziziň içki dünýäsi, pikirleniş örüsiniň giňligi, okamaga höwes bildiren kitaplary, ýiti ünslüligi, umuman, bular barada pikirim meni olardan hoşlaşyp gaýdanymdan soň hem öz erkime goýmady. Indiki dynç gününe ýetenimden «şahsy kitaphanamyň» kitap tekjelerini saýhallamak maksady bilen (o-da bir ba-hana, esasy wezipe Eziz üçin gerekli kitaplary saýlap almak) olary birin-birin elime alyp, açyşdyryp başladym. Işe gümra bolup durşuma içimdenem pikir ýöredýärin: «Eger gerekli kitaplar ýok bolsa, kitap satylýan dükanlara aýla-nyp görmeli. Çagalyk gyzyklanmasy geljekde onuň uly alym bolup ýetişjekdiginiň başlangyjy bolup biler. Soran kitaplaryny tapyp, olaryň manysyny açmaga ýardam etmeli». Şeýle hem etdim. Tekjelerden kitap baryny düşürip (azyndan 10-12 sany boldy), goşhalta ýerleşdirdim. Soňra Ezizlere jaň edip, aýdan kitaplaryndan tapanlarymy agşam eltip gaýtjakdygymy duýdurdym. Eziz örän be-gendi. Sagbolsun aýtdy. Hoşlaşyp telefony öçürdim. Soňra saýhallan kitaplarymyň arasyndan özüme täsir edenle-rini hem stolumyň üstüne üýşürdim. Eziziň atasy, kakasy ýaly, iň bolmanda, ýatmazdan öň okamagy täzeden ýola goýmagy maksat edindim. Eziz kimin özboluşly pikirlenýän çagalar bilen söhbede girmeli bolanda taýýarlykly bolmagyň aladasyna garyldym. Ogulkeýik NURBERDIÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |