15:00 Kysasyl enbiýa -13: Adam ata-How enäniň biri-birinden jyda düşmekleriniň beýany | |
ON BIRINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI ADAM WE HEZRETI HOWANYŇ BIRI-BIRINDEN JYDA DÜŞMEKLERINIŇ WE ÝENE OLARYŇ TANYŞMAKLARYNYŇ BEÝANY Hezreti Adam Allatagaladan ylham tapdy. «Çünki ol Allatagaladan birnäçe sözi tälim aldy. Ol şol sözleri aýdandan soňra, Adamyň tobasyny kabul etdi. Elbetde, Allatagala tobany kabul ediji we çäksiz rehimdardyr». Aly (goý, Allatagala onuň ýüzüni hormatly etsin!): «Bir kişi bu sözleri okasa, Hudaýtagala ol kişiniň günäsini geçip, ony öz didaryna gowşurar» diýdi. Aýat: «Fetalakka Adämu mir rabbihi kelimätin fetäbe aleýhi innehu huwet-tewwäbur rahim». Şeýle rowaýat edipdirler: Hudaýtagala bir ak ýakut iberdi. Ol: «Ony alyp keramatly Mekgäniň ýerine eltip goýuň» diýdi. Ony getirip goýdular. Ol daş Käbe boldy. Ol öýüň içinde iki çyra bardy. Olaryň biri öýüň gündogar tarapynda, beýlekisi bolsa günbatar tarapyndady. Ol çyra nurdan hem yssydy. Beýtul-magmur diýilýän öý şoldur. Allatagaladan: «Eý, Adam! Arşyň dogrusynda bir öý bardyr. Onuň ady Beýtil-magmurdyr. Perişdeler ol öýe togap edýärler. Ol ýer ýüzünde Käbedir. Her kim ol öýe girse, onuň uly-kiçi günälerini geçerin. Eý, Adam! Sen hem rehmet dileseň, Mekgäniň ýerine bar. Ol öýi togap edip, namaz okap, toba et. Onsoň seniň günäleriňi geçerin» diýen owaz geldi. Hezreti Adam: «Men ol ýeriň nirededigini bilmeýärin» diýdi. Hudaýtagala gargany oňa ýolbelet etdi. Ol garganyň yzyna düşüp, Mekgä bardy. Perişdeler Adam ata togap etmegi öwretdiler. Ol togap etdi. Adam alaýhyssalamyň aýagynyň degen ýeri abadanlyk boldy. Onuň aýagy degmedik ýeri çöl-beýewan boldy. Hezreti Adamyň aýaklarynyň arasy üç gije-gündizlik ýoldy. Ýene şeýle rowaýat edipdirler: Hezreti Adam Mekgeýi-mugazzama gelip, Käbäni togap etdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Adam! Indi sen dileg et. Hudaýtagala seniň dilegiňi kabul eder. Ol saňa Howany tapyp berer» diýdi. Hezreti Adam dileg etdi. Hezreti Howa Jiddeden Mekgeýi-mugazzama geldi. Olar biri-birini tanamadylar. Ol ikisi öň ýaş hem nurana juwandylar. Olaryň görki aý bilen günden hem zyýadady. Olar ak hem semiz ýaşlardy. Olar başlaryna açlyk, ýalaňaçlyk, gam-gussa, nala-zary düşüp, ejizläp galypdylar. Bu sebäpli olar biri-birini tanamadylar. Olary Jebraýyl alaýhyssalam biri-biri bilen tanyşdyrdy. Olar täzeden biri-biri bilen tapyşyp, biri-biriniň hal-ýagdaýlaryny soraşyp, görüşdiler. Olaryň şunça ýyl çeken azaplarynyň hemmesi göge uçdy. Olar agyr günlerini unutdylar. Gaýgy-gamdan halas boldular. Olaryň çeken azap-külpetleri rahatlyga, parahatlyga, aýşy-eşrete öwrüldi. Olaryň tapyşan dagynyň adyna Arafa diýdiler. Olar hoşwagt bolup, aýşy-eşrete meşgul boldular. Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Hezreti Adam bilen hezreti Howa tapyşanlarynda bedenleriniň garasy bardy. Olar: «Eý, Taňrymyz! Biziň bedenimiz garadyr. Biz ony nähili aýrarys?» diýip, Allatagala arz etdiler. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip aýtdy: «Bu gün aýyň on üçüdir. Siz üç gün oraza tutuň. Ondan soň iki rekagat şükürana namazyny okaň. Şonda siziň bedeniňiziň garalygy aýrylar». Hezreti Adam we hezreti Howa oraza tutdular. Olaryň bedenleri ak boldy. Her aýyň on üçi, on dördi, on bäşi günlerinde oraza tutmak Adam alaýhyssalamyň ko¬wumyna parz boldy. Elkyssa, bular biri-birleri bilen tapyşanlaryna şady-horram boldular. Nazm Horram ol lahza ki, muntak nigärin tapsa, Aýşu-rahatda güler ýagdaýyn tapsa. Ýar wasly bile hoşal bolar jan-u-köňül, Aýrylyp gitgen, oşol şahy söwherin tapsa. Ne ajap aşyk erer, yzlasalar sydky bile, Gülşen içre giriban, gözi humaryn tapsa. Eý, hoş ol bady-saba gunça görüp sebze era, Gunçaýy köňlün açar bilbili zaryn tapsa. Elkyssa, bu iki ýar jany muhabbet bilen tapyşyp ölen köňüllerini täze janlary bilen hasyl edip, ikisi Mina dagyna geldiler. Olaryň biri-birine hetden daşgary muhabbeti bardy. Perişdeler olardan: «Siziň arzuwlaryňyz barmy?» diýip soradylar. Hezreti Adam we hezreti Howa ikisi: «Biziň arzuwymyz Allatagalanyň rehmeti we magryfetidir. Onuň biziň günälerimizi ötendigine hoşaldyrys» diýip aýtdylar. Ol daga Mina diýip at goýdular. Olar bu ýerde ebedi döwlet we baky bagta ulaşyp, Serendibe bardylar. Çünki hezreti Adamyň öýi şu ýerdedi. Olar galan ömürlerini ýagşylyk bilen ötürdiler. Ol şeýle ätiýaçlyk ederdi. Allatagalanyň emri nähili güýçli hem bolsa, hergiz hetden aşmazdy. Ol şerigatdan daşary bir gadam hem goýmazdy. Olaryň älemde bu ikisinden başga hiç perzentleri ýokdy. Biz Beýtul-Magmuryň we Käbäniň beýanyny öz ýerinde ederis, inşaalla. Elbetde, päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |