06:51 Adam bolmak añsatmy / hekaýa | |
ADAM BOLMAK AŇSATMY
Hekaýalar
(hekaýa) Olar öňem biri-birine näýetik däldi. Toýdan soň-a hasam ysnyşdylar. Birki ýylyň nädip geçeninem bilmediler. Soň welin maşgalada birhili biynjalyklylygyň ýüze çykýandygy duýlup ugrady. Aýratynam tutuş gününi öýde geçirýän Selbi üçin. Oraz Selbiniň keýpsizräkdigini aňsa-da, öz ýanyndan ony ýaramajak bolýandyr öýtdi. Bir günem: «Selbi, saňa näm bolýä, soňky günler birhili ugruň ýok ýaly-la?» diýdi. Selbi oňa jogap bermedi. Ýöne başyny Orazyň döşüne goýdy-da, aýal ejizligini etdi. Şumjardy. Oraz hasam beter howsala düşüp ugrady. «Al-aý, janlarym, muňa ne döw çaldykar-aý. Men-ä düşünýän däldirin» diýip, kalbyna aralaşan howsalasyny nädip daşyna çykarjagyny bilmän, çuň oýa batdy. Uzak wagt geçmänem Selbiniň özi uýala-uýala dillendi: — Oraz, meňňem eje bolasym gelýär. Iki ýyldan gowrak wagt geçip barýa, ýa dugtora zada görnäýsemmikäm?! Oraz jakgyldap gülüp goýberdi. «Muň gaýgy edýän zadyny. Bolubiýrd-ä häli, nä garrap barýasmy?» diýse-de diýdi welin, öz ýanyndan birhili özüni garrap barýan ýaly duýdy. Bu sowal Orazam oýlandyrman durmady. Bolsa-da syr bermedi. Günler bolsa geçip durdy. Bir günem Oraz işden gelende, öýde bir üýtgeşikligiň bardygyny gapydan giren dessine aňdy. Öýüň aşa tämizligine, gelniniň gülüp duran gözlerine seretdi-de, öz ýanyndan: «Hä-ä, bir myhmana gelipdir öýdýän» diýdi. Ýöne myhman-mediwan-a ýok eken. Bolsa-da, Selbiniň şatlygy onuň howalasyny göterdi. Ertesi işden soň welin tersine boldy. Gelse, Selbiniň gözleri gyzaryp dur. Oraz birhili boldy. Aglapdyr. Ýöne nämüçin aglapdyr?! Selbiniň bir gün ýylgyrjaklap, bir gün şumjaryp ýörmesi ony kesgitli sorag goýmaga mejbur etdi: — Selbi, hany bärik gel! Saňa näm bolar-aý soňky günler?! Selbiniň sesi näzli çykdy: — Bil-dä. — Bilýän bolsam, sorajakmy diýsene ony men. — Utanýan. — Al-aýt, şu wagta çenli utanman, gel-gel şu gün utanaýşyňy seň. Nädýäň-aý, aýt-da how anyk bir zat! — Oraz, meň gawun iýesim gelýä. Ýanwaryň orruk ortasynda seni azara goýasym gelenok-da ýöne meň. — Ony kimiň iýesi gelmeýä — diýip Oraz ýüzugra jogap berip goýberdi. Soňundanam biri böwrüne dürten ýaly, oturan ýerinden zöwwe turdy-da: — Nätdiň-aý, Selbi, çynyňmy?! Çyndanam şeýlemi, aýtsana-how bahymrak! Selbi sesini çykarmady. Oňa derek çapady ýaly gyzaran ýüzüni gizlemek üçin başyny Orazyň döşüne goýdy. — Boldy. Bar zat düşnükli... — diýişdirip, näme samraýanyna özem doly düşünmeýän Oraz birdenem: «Men, häzir» diýdi-de, köwşünem çykarman gelşi ýaly yzyna öwrüldi. Gapydan seredip duran Selbi Orazyň ylgaşlap barşyny görüp, begenjinden hem-de özünde bolup geçýän özgerişleriň talabyna görä, gözüne ýaş aýlady. Aňyrsy ýarym sagatdan Oraz dolanyp geldi. Onuň hallaslap gelşini görüp, Selbi çyny bilen güldi. Gülmez ýalymy asyl, ol bir gawuny hiç zada salman, şo durşuna goltugyna alyp gaýdyberen bolsa nätjek. Orazyň aýagy ýer tutanokdy. Bir ýerde durubam, oturybam karary ýetenok. — Nätdiň-aý Selbi, çyndanam, ogulmykar-aý, ýa gyzmyka?! Selbem eginlerini gysyp ýylgyraýýa. — Weý, men näbileýin, bu oglany. Öýüň howasy üýtgedi. Orazyň Selbini şeýlebir aýasy gelýädi. Onuň biş-düşüne çenli kömekleşip barýardy. Eger il diýen zatdan çekinmese dagy onuň bir özüni goýmaga dözmän, ýany bilen işe alyp gitmäge-de taýyndy. *** Oraz bilen Selbiniň başlarynyň çatylanyna indi dört ýyldanam gowrak wagt boluberipdir. Durmuşlarynda kem zatlary ýok. Dogry, arzuw kän, arzuwlaryň gutarmaýandygyna düşünýändikleri üçinem, bary bilen bazar eýläp, öz günlerine şükür edip ýaşamagy başarýarlar. Hudaýa şükür, ogullary Myratjygyňam dünýä inenine geçen hepde ýyl ýarym bolupdyr. Oraz işe giden wagty ogly Selbiniň içini gysdyranok. Oýa wagty birde gülüp beren bolýa, birde-de aglaýa. Aglaýsa dagy ony diňdirjek bolup Selbi garabaşynagaýdyr. Uklaýsa-da onuň arlyklaryny ýuwup, öýüň aňyrsyny-bärsini timarlap ýetişse, zor boldugy. Orazam işden geldigi ony eline alar. Alkymyny gyjyklap, «kişşik-kişşik» eder, garaz, ýadawlygyny nädip unudanyny özem bilmez. Oňa çenli Selbiniň taýýarlan çaý-nahary orta geler. Garas-aý, şu günlerinden olaryň nadyl ýeri ýok... Bu maşgala şeýle uly şatlyk getireninden Myratjygyň asla habaram ýok. Ol ony bilenogam. Onuň bar bilýän zady emmesi. Ol indi ejänem saýgarýar, kakanam. Söýülýäniňi duýmak üçin uly adam bolmak hökmanam däl bor-a çemeli. Çagajyk olaryň ikisiniňem özüni gowy görýändigini bilýar. Ýöne, ynha, soňky bolup geçýän zatlara welin ol asla düşünenok. Öňler haçan islese, gijemi ýa gündiz, tapawudy ýok, sermenekläp, memmesini tapardy. Tapmasa-da, aglardy. Onsoň oňa ejesi kömege ýetişerdi. Olam agzyny oňa basardy-da, gözüni süzüp, uka giderdi. Kän aglagam däldi. Emmesini tapmakda ýakyn kömekçisi bolany üçin ejesi onuň gözüne hasam yssy görünýärdi. Ol hemişe-de şeýle bolmalydyr öýdýärdi. Dogry, häzirem ejesem, kakasam ony gowy görýän ýaly. Çaga ony duýmak kyn däl. Ýöne welin, şü «emmeli» meselä ol hiç düşünip bilenok. Bir gün agzyna salanam şol welin, derrew agzyny emmesinden aýyrmaga mejbur boldy. Ol şeýle bir ajydy welin, çydap dagy eder ýaly däldi. Şonda Myratjyk çyny bilen aglady. Ýöne barybir ol süýjemedi. Oňa burç çalnany Myratjyk nireden bilsin diýsene. Ol entek dünýäde beýle ajylygyň bardygyny bir bilýämidi asyl. Oňa garnyny doýrar ýaly her hili ýumşajyk zatlardanam dadyrdylar. Ol welin barybir emmesini küýseýärdi. Ýogsam soňky günler emmesinden kän bir doýubam baranokdy. Barha we ýygy-ýygydan emmeli bolýardy. Bir gezegem ol ejesiniň gözlerinde-de özüniň emmesini küsän pursatlaryndaky ýaly ýaş gördi. Emma ejesi özi ýaly çyrlanokdy. Ol onuň öz halyna gyýylýanyna düşünenokdy. Ine, şeýdibem Myratjyk ilkinji gezek ajyny dadyp gördi. Ol dagy alaç bolmansoň, özüne berilýän zatlardan kem-kem iýip başlady. Emma şonda-da ol gijeleine uky arasynda, endigine görä, töweregini sermeleýärdi. Niçiksi eli emmesine degäýdigem «ziňk edip» oýanýardy. Agzyna salmaga welin ýüregi etmeýärdi. Sebäbi, ol onuň ajylygyny az dadyp görmedi. Onsoň emmesinden göwni galan Myratjyk bir gün gije ejesiniň gujagyndan togalanyp, kakasynyň gujagyna geçdi. Bu bolsa onuň «öz emmesinden» hemişelik tamasyny üzendiginiň alamatydy. Ertesi irden Myratjygy öz gujagynda gören Oraz yralap, Selbini oýardy. Ýylgyryşdylar. Soňundanam, Oraz uludan demini aldy. Ol oguljygyny synaga salan ahwal barada pikir öwürýärdi. Hawa, Myratjyga öz gowy görýän zadynyň «ajydygyny» ynandyrdylar. Süýtden aýrylan Myratjyga welin heniz dünýäde kän zada uýgunlaşmak garaşýardy. Ol heniz köp ajyny we süýjüni dadyp görmeli bolar. Sebäbi, oňa ýene sanlyja aýdan öýde özündenem başga gowy görülýän bir çagajygyň peýda bolanyny görmek garaşýardy. Ilkibaşda ol ony aňyna siňdirip bilmez. Zyýany ýok. Ol onuň bilenem öwrenişmeli bolar. Çünki bu durmuşyň kanuny we talaby şeýle. Soň-soň ol jigisi bilenem öwrenişer. Bu zatlar hiç-le diýip, Oraz içini hümletdi: «Ýok, ol asla hiç däldir. Onuň «hiç» bolmaga haky ýokdur. Olar seni taplar, oglum. Kämilleşdirer. Soň-soňlaram il içinde badyň alynaýsa dagy gaty görüp ýa ejizläp ýörmeli bolmarsyň. Şonuň üçinem, adam çagalyk döwründen oňa uýgunlaşdyrylýan ekeni-dä asyl. Ýogsam, sähel zatdan gaty görüp ýörseň, ýaşamagam kyn bolar. Ynha, bu gün bäbeklikden çagalyga gadam basdyň. Şeýdip, şü ýaşdan öwrenişiber, oglum, bu zatlar bilen. Adam bolaýmagam aňsat iş däldir. Senem, oglum, kaka bolansoň düşünersiň-dä bu zatlara». Myratjyk ähli zatlara düşünip, ylalaşýan ýaly, birenaýyja ýylgyryp goýberdi. Seretse, Selbem ýylgyryp otyr. Onsoň Orazyň özem ýylgyranyny duýman galdy. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |