19:57 Adam nädip döräpdir? / hekaýa | |
ADAM NÄHILI DÖRÄPDIR?!
Hekaýalar
Ýer ýüzinde "Adam" diýilýän jandar bar. Senem tanaýan bolsaň gerek?! Tanamaýan bolsaňam, aýnaň öňüne bar-da seret. Ana, şol saňa seredip duran adam-da! Düýn, biologiýa sapagynda, edil size we maňa meňzeş: iki aýakly, iki elli ýöne saçy gowy seýrekleşen biologiýa mugallymymyz, sapagy diňlemän, irkilip oturanymy bildimi, nämemi, birden maňa seretdi-de: - Allaberdiýew, hany sen aýt, adam nähili döräpdir?-diýdi. Duýdansyz berilen bu soragdan maňlaýyma birden sowuk der geldi. Şol wagtam kelläme üýtgeşik pikir geldi: - Mugallym, adam eje-kakasyndan döräpdir-diýdim. Synpdaşlarymyň hemmesi maňa haýran galmak bilen seretdiler. Mugallymam maňa çalaja ýylgyryp seretdide: - Bolýa. Eje-kaka nähili döräpdir onda?- diýdi. Mugallymymyzyňam aňy gaçypdyr öýdýän. Eje-kakada, öz eje-kakalaryndan dörändir-dä, ýagny atamyz bilen enemizden. Pikirimi jemledim-de, ynam bilen: - Eje-kaka-da, öz eje-kakasyndan döräpdir-diýdim. Diýsememä diýdim welin, tutuş synpymyz gülkiden ýaňa ýarylara geldi. Synpdaşlaryma gaharym geldi. Men dogry zady aýtdym ahyryn. Meselem men öz eje-kakamdan döränimi bilýän. Olaryňam eje-kakasyny bilýädim. Birki ýyllykda ýogaldy neresseler. Ejem bilen kakam, atam-enemden, babam-mamamdan dörän. Olaram öz ene-atasyndan dörän bolmaly. Olaryň atlarynam bilýädim welin ýadymda galmandyr. Mugallym "Ýuwaş! Ýuwaş!" diýip synpdakylaryň gülkisini goýdurdyda ýene maňa seredip: - Tüweleme, Allaberdiýew sen-ä täze açyş etjek bolýaň öýdýän. Saňa öý iş: Indiki sapaga çenli adamyň nädip döränini bilip gel-diýdi. Hiç zat diýmän ýerime oturdym. Okuw gutaransoň Hudaýberdi kakamlaryň öýüne tarap ugradym. Ol biziň ýedi arkamyzyň kimlerden dörändigini bilýän bolmaly. Hemmesini anyklap ýazyp alaýyn. Başga adamlara bilemok, özümiň kimlerden dörändigimi mugallyma subut edesim geldi. Bir görsem öňüräkden synpdaşym Dursunaý gidip barýar. Ylgap yzyndan ýetip: -Dursunaý öýe barýaňmy?-diýdim. -Okuw gutaransoň başga nirä baraýyn? Soragyň dagy nähili?-diýip, Dursunaý ýüzüni keseräk sowdy. -Bolýa, bolýa gaharyň gelmesin. Neme diýjekdim... Ýaňy näme üçin güldiňizaý maňa? Dursunaý çalaja gülüp: -Gülmez ýalymy? Näme üçin mugallyma beýdip jogap berdiň?-diýdi. -Ýok, meň aýdanlarym dogry ahyryn.Ýöne siz meniň pikirlerime düşüneňizok. - Şirhan,sen bu soragyň jogabyny maşgalaňdan däl-de, adamzat taryhyndan, dünýä taryhyndan gözleseň gowy bolar. Ýöne bu barada dini ynançlarda bir zat diýilýär,ylmy kitaplarda başga zat diýilýär. Şeýle seretseň ikisem dogry ýaly ýöne... Öýleriniň deňine barýançak Dursunaý başgada bir topar zatlar diýip maňa "leksiýa" okady. Ýöne barybir düşünen zadym bolmady. Sebäbi meni adamyň nähili dörändigi baradaky düşündirişler däl-de, ýanymdaky owadanja gyzyň meň üçin jan ýandyryp baryşy gyzyklydy, ýakymlydy. Dursunaý öýlerine sowuldy. Hudaýberdi kakamam öýünde ýok eken. Garaz sorag jogapsyz galdy... xxx V-VI-asyrlar. Gije. Kakasy we ogly oduň başynda gürleşip otyrlar. -Kaka, adam nädip döräpdir? -Uly atadan döräpdir. -Uly ata nädip dörädikä? -Ony Hudaýlar bilýändir. -Hudaýlar köpmi? Olar nirede? Kakasy ýanyp duran oda tarap ümledi-de, "ýuwaş bol!" diýen yşarady etdi. XIII-XIV-asyrlar. Kakasy we ogly weýran edilen obada, ýykylan öýüniň ornunda küme gazyp ýörler. -Kaka adam nädip döräpdir? -Toprakdan döräpdir. -Topragy kim döredipdir. -Hudaý. -Hudaý kim? -Şek ýetirip bolmajak güýçli zat. -Mongollardanam güýçlimi? - Mongollardanam güýçli, hemmeden güýçli. XVII-XVIII-asyrlar. Kakasy we ogly obadaky baýyň ýerinde bugdaý orup ýörler. -Kaka,vadam nädip döräpdir? -Taňry Adam ata bilen How enäni ýaradypdyr. Şolardanam adam nesli döräpdir. - Baýam şolaryň neslindenmi? -Hawa. -Kaka onda sen baý bilen aga-ini ekeniňdä? -Gürrüňi goýda işiň bilen bol! XIX-XX-asyrlar. Kakasy we ogly bir çüýşe aragy orta alyp, gürrüňleşip otyrlar. - Kaka,badam nädip döräpdir? -Adam maýmyndan döräpdir. Darwini näçe gezek okatdym saňa? -Garry enemä "Adamy Hudaý ýaradypdyr" diýýä. -Şol garram bir gün ikimiziňem başymyza ýeter. Diňleme şony. Materiýa, matematika, astronimiýa... ýaly ylymlar barka Hudaý diýlen hyýaly zada ynanmak bolarmy? -Ýöne kaka... -Goý şu gürrüňi! Guý, bokurdagym gurap gitdi. XXI-asyr. Bu ýere näme ýazmalydygy barada belki siz aýdarsyňyz? © Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||